08:37 Uinston Çerçill | |
Taryhyñ akymyny üýtgedenler
Taryhy şahslar
UINSTON ÇERÇILL Başgalaryñ pikirleri bilen köpçüligi joşduryp bilýänem bolsa, akyldar hökmünde öz pikirlerini ýazmazlygy makul bildi. Şeýtmek bilen ol iñ halaýan zadyny gazandy: iki million dollar Uinston Çerçill bolçulygyñ we suhangöýlügiñ simwolydy. Onuñ barlygy-da uruş ýagdaýyndaky döwlet dolandyryşynda tejribeli bolmagyñ gymmatyny subut edýärdi. Edil Atatürk (Osmanlydan soñky simwol boluşy) ýaly olam Beýik Britaniýanyñ dünýä agalygynyñ soñlanandygyny mälim eden adamdygyna garamazdan Angliýanyñ simwolydy. Aristokrat maşgalada dünýä indi, girdejisi çäklidigine garamazdan "baý durmuşda" ýaşady. Ýakynda Oksford uniwersitetinden bir professor Çerçilliñ uzak wagtlap barjamly jöhitleriñ ýardamy bilen ýaşandygyny aýtdy. Dewid Fromkin "Parahatçylygy soñlandyran parahatçylyk" kitabynda Ysraýylyñ gurulmagynda pikir edilişiniñ tersine Balfuryñ däl-de, Çerçilliñ uly rol oýnandygyny ýazypdy. Fotosuratlarda iri süñkli ýaly bolup görünse-de, örän kelte boýludy. Gyzyl saçly, gök gözli, ýaşynyñam segsendigine garamazdan ýüzi çagañka meñzeýärdi. Bir aýal oña meñzeýän çaga dograndygyny aýdanda, "Hawa, hemme çagalar maña meñzese gerek" diýip jogap beripdi. Okaýan döwri yzagalak okywçydy, talypdy. Emma okamagy, ýazmagy gowy görerdi. Sporty, klassyky ýazgylary, latyn dilini ýigrenerdi. Emma Korollygyñ Sandhurst harby akademiýasyna girende tertip-düzgünliligi bilen tapawutlanypdy. Söweşjeñ sungatyñ muşdagydy, okuwy gutaransoñ "Daily Graphic" gazetiniñ habarçysy bolup Kuba gitdi. Ol ýerde puro içmegi endik etdi. Has soñra Hindistana, Sudana gitdi. Günorta Afrika gidip, iñlislere garşy uruşýan burlaryñ arasyndaky uruşa gatnaşdy, ýesir düşdi, yzyndan gaçdy. Genial syýasatçydy, diñleýjileriniñ gözüne oýlanyşykly adamyñ obrazyny berip bilýärdi, emma sözüni ussatlyk bilen ýerbe-ýer ulanyp başarardy. Başgalaryñ pikirleri bilen köpçüligi joşduryp bilýänem bolsa, akyldar hökmünde öz pikirlerini ýazmazlygy makul bildi. Çerçill Birinji jahan uruşyndaky üstünlikleri bilen iñlis imperiýasynda tapawutlanypdy, emma uruşyñ agramy bilen baglanyşykly käbir meselelere we şowsuzlyklara jogapkär hasaplanandygy üçin soñra öz arzasyny ýazyp Goranmak ministri wezipesinden gidipdi. Ikinji jahan uruşynda bolsa, ýurduñ iñ gerekli şahsyýetine öwrüldi. Aýtmaklaryna görä Harby-howa güýçleriniñ uruşdaky ähmiýetini ilki bolup düşünenem şol bolupdyr, pyýadalary bronly maşynlar bilen çalyşma pikiri-de şona degişli eken. Ikinji jahan uruşynyñ başlanyna birnäçe aý geçenden soñ premýer-ministr bolup häkimiýete dolandy we 1940-njy ýylyñ 10-njy maýynda şu meşhur sözlerini aýdan çykyşyny etdi: "Iñlis halkyna gandan, muşakgatdan, gözýaşdan, derden başga wada berip biljek hiç zadym ýok". Uruş gutarandan soñ Çerçill "Uruşyñ alagarañkylyk döwri", 'Uruşdan uruşa", "Ýeke özümiziñ göreşi", "Tupandan öñinçä", "Ýeñiş we tragediýa" ýaly kitaplaryñ ýazylmagyna ýardam etdi. Şeýtmek bilen ol iñ halaýan zadyny gazandy: iki million dollar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 28.04.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |