12:03 Ukypsyzlyk | |
UKYPSYZLYK
Publisistika
Ýakyn taryhymyzyñ belli-başly jedelli temalarynyñ birem halyflykdyr. Halyflygyñ nämüçin ýatyrylandygy barada müñ bir dürli çaklama, gipoteza öñe sürüldi we häzirem sürlüp gelinýär! Elbetde, onuñ ýatyrylmagynyñ dürli-dürli sebäpleri bar. Megerem bularyñ biriniñ üstünde onçakly duran bolmady. Özem bu sebäp-netije baglanşygy diñe bizde däl, Günbatarda-da bolup geçdi. Şular ýaly: Elli million adamyñ ýok edilen XX asyryñ başyna çenli adamzat taryhynyñ iñ uly uruşlarynyñ biri bolan Birinji jahan urşunhñ döreden trawmasy ynançlara (we demokratiýa, kapitalizme) ep-esli möçberde ýiti täsirini ýetirdi. Käbir gatlaklarda Hudaýyñ bardygyna şübhelenilip başlandy. "Hudaý muña nädip ýol berdikä?" diýildi. Uruşdan soñ edil Türkiýede bolup geçmese-de; Günbatarda dini mekanlara zeper ýetirme ýaly urdumşalyklar - antiklerikalizm döredi, giñden ýaýrady. Özümize dolanar bolsak: Soltanlygyñ we halyflygyñ ýatyrylmagynra 1912-nji ýylyñ Balkan urşundan başlap, 1922-nji ýylda Azat-edijilik urşy bilen gutaran müddetde alynan agyr fiziki we ruhy ýaralaryñ nädereje täsiri boldy? Gan bilen därä eýlenen uruşlar musulman geografiýasynfa halyf hökümdarlygynyñ mundan beýläk derege ýaramaýandygyny, pitiwa edilmeýändigini ýüze çykardy. Albanlaryñ, araplaryñ we beýlekileriñ osmanlynyñ arkasyndan sünjen ganly "yslam" hanjarynyñ milli göreş kadrlarymyzyñ dine bolan garaýşyna täsirini ýetirmezligi mümkin däldi! Türkiýede Renessans - Täzeden döreýiş prosesi bolup geçdi. Şahsy taýdan alanda, halyf hernäçe şekillendiriş sungatynyñ nýu žanrynda ýalañaç suratlary çekerlik derejede zamanabaplaşmaga ýakynam bolsa, halyflyk düzgüniniñ bu täzelenişde ýeri ýokdy. Halkyñ we diniñ bitewiligine tapawutly garaýyş girizildi - dünýewilik... • DÜŞÜNJEWI ÖWRÜLIŞIK Respublika maksatnamasynyñ düşünjewi çeşmeleri nämelerdi? Başta Emil Dýurkgeým, Leon Dýugi, Şarl Senýobos ýaly awtorlaryñ sosiologiýa, hukuk, taryh kitaplary respublikanyñ taganaýaklaryny düzdi (özem bu kitaplary "Meclis" neşirýaty türk diline geçirip, neşir etdi). Osmanly döwründe agyz dolduryp aýdar ýaly türk ylmy jemgyýetçiligi ýokdy, onuñ barlygy agzanyña-da derejede nebisagyryjylykly ýagdaýdady... Respublika gelensiñ akyl-paýhas agalyk etdi. (Abdylhamyt II döwründe konferensiýalary geçirmek mümkin däldi. Ylmy konferensiýalary geçirmek respublikanyñ getiren miwesi boldy we ş.m.) Atatürküñ ylma bolan höwesi uçursyzdy. Şu ýerde bir paragraf açaýyn: Atatürk keseliniñ iñ ötüşen halynda dünýäniñ añry ujundaky maýa ýazgylary bilen gyzyklandy. Werner Wolffyñ ýazan “Dechiffrement de L'ecriture Maya” atly kitabyñ Parižden getirilmegini haýyş etdi. Emma kitap şol wagt ýañy çap edilip ýördi. Gynansak-da, kitap zordan 1938-nji ýylyñ dekabr aýynda doly çap etmäge ýetişildi. Respublikanyñ düşünjewi çeşmeleri diñe pikir derejesi bilen çäklenmedi, elipbiý çalşygy bolup geçdi. Şeýlelikde, gul şahsyýet statusyna beýgelip, konstitusion raýatlyk hukugyny gazandy. Şahsyñ terbiýesi, bilim almagy üçjn 1924-nji ýylda "Tewhid-Tedrisat" kanuny arkaly medrese-mekdep aradan aýryldy. Çünki Türkiýe ukyply-işbaşarjañ kadrlara zerurlyk duýýardy… Atatürkden soñ 60-njy ýyllara çenli menzeş çeşmelere Maks Weber ýalylaram goşuldy. 80-nji ýyllardan bäri neoliberal-postmodernizm akymy başlady. "Yslamçylygam" muña goşuldy. Yslamçy taglymlaryñ çeşmeleri ilki-ilkiler nurjylyk, süleýmançylyk, yşykçylyk ýaly jemagatçylardy, soñ-soñlar bularyñ ümzügi Seýit Kutuplara, Mewdudilere - syýasy yslamçylyga tarap gönükdi! Bu düşünjäniñ häkimiýete gelmegi bilen okuw-bilim sekulýarlykdan uzaklaşdym Ýeri, bulardan ukyply kadrlar çykdymy? • DÖWLERI PES GELDI Mynasyplyk ýa-da laýyklyk (liyakat) diýip, belli bir işi añryýany bilen göwnejaý ýerine ýetirjek, oñarjak kişä ynanylmagyna aýdylýar. Alymlaryñ, ýolbaşçylaryñ öñe saýlanmagynyñ ýeke-täk şerti mynasyplykdyr. Soñky günlerde üns merkezi jemgyýetçilik işgärlerini saýlap-seçip alma (Kamu Personeli Seçme Sınavı) synagynda ýa-da gysgaça aýdanda KPSS masgaraçylygynda! Jemgyýetçilik işlerine işe girmek hökman bir partiýa ýa-da dini jemagatlara nähili ýeñillikleri döretdi? Özem synaglarda işe dahylly bolmadyk şunça dini soraglaryñ berilýändigine garamazdan! Aýlanyp-dolanyp geldik adamdan öndürijilik gazanyp bilmedik osmanlynyñ batan döwrüne! Diñe şu ýyl däl, FETÖ bilen başlanan ençeme ýyl bäri her dürli merkezi synagda galplyk edilýändigi gizlin syr däl. Ne hajat bar muña? Çünki "ýetişdirilen" täze nesilleriñ döwi pes gelýär. Olaryñ düşünje çeşmeleri dünýä akyl ýetirip bilenok. Şonuñ üçinem: Anadolyny bütinleý täze döwlet bilen täçlendiren nesilden kopiýalanan ukypsyz kadrlara giñ mümkinçilikleri açan ýurda öwrüldik! Bu göýdükligiñ iñ uly zyýanyny ýurdumyz çekdi, gymmatlyklar sistemasyny çökerdi. Bolman näme, işe ukypsyz kimseleriñ höküm edýän ýerinde hemmeler lepbeý diýmeli bolýar. KPSS masgaraçylygy diñe derñew edaralarynyñ meselesi däl. Ukypsyzlygyñ öñe saýlanmagynyñ özeninde respublikany aradan aýyrmak operasiýasy ýatyr. Çünki Atatürküñ guran respublikasynyñ hamyrmaýasynda mynasyplyk bardy. Ol "Men mynasyplygy öñe tutýan!" diýipdi. Maksady - adamlara goldanyp, ýurdy we döwleti zamanabaplaşdyrmakdy. A indi? Jemagatlar gullarynyñ ukypsyzlygynyñ üstüni müñ dürli hilegärlikler, pyrryldaklar bilen örtýär. Näme bolsa meniñ eziz ülkäme bolýar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |