07:59 Ullakan sanlar hakda kiçijek poema | |
ULLAKAN SANLAR HAKDA KIÇIJEK POEMA
Poemalar
1. «Elli dört million baş garyldy guma. Ýara düşdi togsan million bedene...» — Azajyk dur, gardaş — diýesiň gelýär bu gün syýasatdan gürrüň edene. Bir, Iki... On... On bäş... Ýöne sanabam O sanlaryň aňyrsyna ýetme ýok Millionlaň parahat ýatany üçin, Bu gün millionlara rahat ýatma ýok. Adamzatdan has ir dörän topraga Bolmandy beýle köp gan siňen ýeri... Birdenem, Şeýle bir galňady taryh, Hem şeýle ýukaldy ömür depderi. Geçmişi, geljegi nyşana alyp, Gopan wagty Ýewropada kyýamat, Şonda kabul edip ilkinji oky, ýykylypdy ýaralanan syýasat. 3 «...Partizanlaň ysy gelýän» obalaň Külüniň asmana galan ýyllary, Gyzlaň heniz el degmedik göwsüni Pyçak dilim-dilim dilen ýyllary, Ýüzläp, müňläp ýewreýleriň kükregin Gülleleň petir deý bezän ýyllary, Oberşturmbanfýurer pistoletini Ýesir çagalara gezän ýyllary... Syýasat o ýyllar asgyndy juda Bu bolýan zatlara garşy çykardan. «Adam başy daşdan gaty» bolsa-da, Ýitgiler agyrdy çydap-çekerden... 4 Gel, iň gowsy goýaly şu gürrüňi, Gowsy başga harmanlary döreli. Eýerläp atlanan sowallar hakda Beýdip, haçana çen dymyp ýöreli? Wagty geler, syýasatly gürrüňe Belki, dolanarys ýene bir gezek (Onsoňam, gül hakda söz açjak bolsaň, Iň bolmanda ysyn almagyň gerek!) Gowsy, gel, ýatlaly ýene bir ýola Her demine müňi ýuwdan ajaly. Müňläp ömri syrtmagyndan geçiren Eşafotlar hakda söhbet açaly. Çyn söze berimsiz ýalanlar hakda, Bozulan şert hakda, bozanlar hakda, Tüsse bolup göge galanlar hakda, Öz gabryny özi gazanlar hakda... Hany, ýeser bolsaň dur-da gürlemän Öwezin dolmajak bergiler hakda, Ýañy göze görnen gunçalarmyzy Penjesine gysan gyrgylar hakda... Häzirlikçe syýasaty goýaly, Oňa dolanarys ýene bir sapar. Ölenleň öňünde ölinçä borçly Diriler, gör, haçan ynjalyk tapar?! Gel, gowsy gürläli muňläp ýüregi Entekler daglaýan azarlar hakda, Gel, gowsy gürläli müňläp ýüregi Ýüreginde gizlän mazarlar hakda. Nirelerde ýatyr ýar gujagynda Ýatmaga ýetişmän giden ýigitler, Soňam ahmyr bilen bulaşyp gana, Atmaga ýetişmän giden ýigitler? Bir çak kükregine ok biten görler, Bir çak töweregne ot biten görler, Gör, nirde ýatyrlar? Olara bolsa Bärde şindi-şindem garaşyp ýörler. Ýyllar gowzudardan ejizräk gelýär Eneleň umytdan doly ýüregni. Bölejik kagyzlar — tutýarmy näme Arslan ýaly pyýadalañ deregni?! Eneleň şindizem gözleri ýolda... Ogullaň şindizem özleri ýolda... Ýol bolsa şeýle bir gidipdir uzap!.. Ah, garaşmak bolsa şeýle bir güzap!.. 6 Pidalara togap edýän diriler Eýsem, bu gün haýsy ýoldan barýalar? Olar şeýle gymmat düşen ýaşaýşyň Sarpasyn tutmagy wada berýäler. Ýöne, syýasatdan söhbet açylsa, Hemme kişi Siserona dönäýýär... Alymlara bil baglaýar adamlar. Önmesiz ýaragam, birden önäýýär... Ylmyň jümmüşine siňýäni üçin Köpler garamatyň alnynda durlar Bäş ýyllap oýlanyp, bir açyş edip, Soň welin on ýyllap sandyrap ýörler. Azmy saňa Nagasakiň nalasy, Hirosimadaky ahyrzamana? Aldyň ahyr almytyňy atomdan, eý, Ynsanýet, gelmezmisen amana?! 7 Adamlaň şeýle bir ýaşasy gelýär, Adamlar şeýle bir iripdir jeňden. Şindi-şindem gije-gündiz rahat ýok. Bir çak Buhenwaldda kakylan jaňdan. Şindi-şindem oýa batýar adamlar: Konslagerler näçe? Näçeräk pida? ... Rawensbrýukda bolsa diwarlar dymýar, Mauthauzenden çykanok seda. Bu gün näletläre döz gelip bilmän Oswensimiň turbalary yranýar... Başynda gara saç galmadyk ene Iner ogluň geljegine ynanýar. Ene ogul ýollap, ogla garaşýar; Ol nätsin ordeni, nätsin medaly?.. Ah, nämüçin gan dökýäler adamlar, Edil bir-birinde kasty bar ýaly?! Bahasy gan bilen ölçelýän bolsa, kime gerek goşa-goşa ordenler? Kime gerek suw deregne gan akýan Wolgalar, Dunaýlar, Reýnler, Oderler?.. 8 Jeňde ölmek üçin gelen ýok dünýä, Atsyz-sorsuz ýitmek üçin dogan ýok. Artykmaç ogul ýok enelermizde, Uýalarda üýşüp ýatan dogan ýok. Her döwlet özüçe akyl ýetirýär Bu gün dünýämiziň dymyp durşuna... Bizde welin üýşüp ýatan ömür ýok — Çalşar ýaly dokuz gram gurşuna!.. 9 ...Millionlaň parahat ýatany üçin, Bu gün millionlara rahat ýatma ýok... Şunça ýyllap damyp duran gözýaşlaň Entek-entek aňyrsyna ýetme ýok... Şiraly NURMYRADOW | |
|
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |