11:46 Uly duzak | |
ULY DUZAK
Publisistika
Rim taryhynyñ gürrüñi gitse ýada düşýän birinji şahslaryñ biri-de Dion Kassiý… Ol 983 ýyly öz içine alýan taryhy döwri ýigrimi ýylyñ dowamynda jemi segsen kitapda beýan etdi. Üstünde durup geçen temalarynyñ birem 115-nji ýylyñ 13-nji dekabrynda bolup geçen we 200 müñden gowrak adamyñ gurban bolan Antakýa ýer titremesi! Ölüleriñ köp bolmagynyñ sebäbi Pers ýörişine çykan rimli esgerleriñ gyşy geçirmek üçin Antakýada düşlemekleridi. Ýer titremeden Siriýa, Ysraýyl, Liwan hem ýetdik paýyny aldy. Dion Kassiý ýer sarsgynynyñ güýçli kükreme sesi bilen başlandygyny, yzyndan ýeriñ aýylganç silkinip başlandygyny, çar tarapa pytran daş-kesek böleklerinden köp sanly adamyñ ölendigini, köp sanly adamyñ kesek astynda galandygyny, şol günden soñky günlerde-de ýer titremeleriniñ dowam edendigini... ýazdy. Şeýle-de: Antakýada 245-nji, 526-njy ýyllarda ýene müñlerçe adamyñ gurban bolan agyr ýitgili ýer sarsgynlary bolup geçdi. (526-njy ýylyñ 20-nji maýynda bolan ýer sarsgynynda Merýem ene baýramçylygyny bellemäge gelen zyýaratçylaryñ bardygy sebäpli ölenleriñ sany 300 müñe golaýlapdy). Antakýanyñ ýer titremeler taryhyny uzaldyp durmaýyn: anyklanan b.e.öñki 148-nji ýyldan 1894-nji ýyla çenli 54 gezek güýçli ýer titredi... Şuny aýdasym gelýär: * * * Antakýa we beýlekileri… Şonça ýykgynçylykly ýer titremä - birinji derejeli seýsmiki zonadygyna garamazdan adamlar nämüçin razlomyñ üstünde ýaşamagyna dowam edýär? Tebigatyñ-razlom halkasynyñ uly duzagy şu soraga jogap berýär: Ýer sarsgynlary bol hasylly oý ýerleriñ, bol suwly çeşmeleriñ mineral suwlaryñ, käbir magdan känleriniñ emele gelmeginde gönüden-göni ýa-da gyýtaklaýyn täsirleri ýetirip, adamlara uly mümkinçilikleri döredýär! Edil Antakýadaky El-Asi derýasy we Türkiýäniñ iñ hasylly Amik pesligi ýaly... Güýçli ýer titremelerine sebäp bolýan Çilidäki Domeýko razlomynyñ dünýäniñ iñ uly mis ýataklaryny ýüze çykaryşy ýaly... Bilýänsiñiz, adamlar oturymly durmuşa geçensoñ ýerasty suwy ýaly tebigaty baý ýerleri saýlap aldy. Anadolynyñ nämüçin ilkinji oturumly ýer bolandygyny bilýäñizmi? Adamlar özüne zyýanly boljagyny bilmezden öwrülişikler etdi. Mysal üçin, El-Asi derýasynyñ deltasynda süýji suwly Amik köli bardy. 1940-njy ýyldan 1974-nji ýyla çenli geçirilen işler netijesinde köl guradylyp, ekin meýdanlary açyldy! Soñra ýeriniñ gowşakdygy bilinip durka, şonça adamyñ beren duýduryşyny diñlemän howa menzili guruldy. Ýer sarsgyny bilen uçuş-gonuş zolagynyñ (взлётно-посадочная полоса) zaýalanmagy tötänlik bolup bilermi? Haýsysyny ýazaýyn, heý-de allýuwiý (намыв) ýere jaý gurularmy? * * * Gürrüñi gidýän ýerlere jaý gurulmasyn, ýaşalmasyn diýjeg-ä bolamok! Razlomdan, ýer sarsgynyndan gaçyp gutulyp bolmaýar... Ýöne serediñ-ä: Demirgazyk Anadoly razlomy 1939-njy ýylda Erzinjany ýer bilen ýegsan etdi - 32 müñ 968 öli. Şol razlom halkasy 1999-njy ýylda Marmarany ýykdy - 18 müñ 373 öli. Şol razlomlaryñ ýene weýrançylyga sebäp bolup biljekdigi ajy hakykat dälmi? Ýagdaý şeýle bolýan bolsa: Ýaşaýşymyzy seýsmiki zolaklara laýyk gelýän formada gurnamaly bolýarys. Ine, oturymly ýeri saýlap almak bularyñ diñe biri... Antakýa uzak ýyllaryñ dowamynda sagdyn ýer gatlagy bolan Habibi Neçjar dagynyñ günbatar ýapgydyna geçirilse, weýrançylyk şolar ýaly güýçli bolmajagy görnüp dur. Dagdaky taryhy galalaryñ diwarlary häzirem şol öñki ýerinde sarsman durlar... Ýazgymyñ dowamynda jaý-gurluşyk ýa-da gurluşyk işlerine gözegçilikden söz açybam durjak däl, ol eýýäm aýry gürrüñiñ temasy... Ýazylmaly, üstünde durulmaly kän-kän gürrüñ bar: Ýaponiýa, ABŞ, Hytaý, pylan-pysmydan diýip oturmagyñ geregi ýok... Uly ýer sarsgynlaryny başdan geçiren Çili indi kämilleşdiren antiseýsmiki tehnologiýa enjamlaryny eksport edýär! Hawa: Müñlerçe ýyl öñ adamlar ýer titremesiniñ sebäbini bilenokdylar. Müñlerçe ýyl öñ adamlar ýer titremeleri bilen ýaşamagy bilenokdylar. A şu günki günümizde? Oñaran ýurtlar nädip oñarýar? Biz nämüçin oñaramzok? Çünki halkymyz ýykgynçylygyñ sistema-häkimiýet problemasydygyna düşünenok. Çünki halkymyz gorkulary we ýalñyşlyklary bilen ýüzleşip bilenok, gaçýar we “takdyra ten berýär”. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |