17:05 Uly iliñ Poşalagy | |
ULY ILIŇ POŞALAGY
Teatr we kino sungaty
Gurbannazar Atakgaýew il adamsydy. Ýomakdan ýüküni taýlan, gülküden ýüňüni ýetiren bu adam diýarymyzyň uludan-kiçisine tanyşdyr. Garasyny gördükleri gülmäge taýýar boluberýärdiler. Maňa bolsa Poşalak hakynda gazete ýazmagy tabşyrdylar, haýyş etdiler. Bile işleşip ýörsüň, beletsiň, ýaz diýdiler, “Onuň kimdigini, eden işlerini köpçülige aýan et” diýip, Topulak – Juma Ýazmyradow zynhar sargady. Meniň wezipäm kyn. Sebäbi il oňa menden belet ahyry. “Poşalak ili güldürýä” diýsem-ä iliň özi meniň üstümden güljek. Sebäbi märekäniň özi öňden gülüp ýör. Radioda, telewizorda, teatrda çykyş edýär, keşpleri oýnar diýenim bilenem meniň hil bir täzelik buşladygym däl. Iliň belet adamsyna iliň bilýäninden artyk goşubiljek zadyň ýok. Meselem, Magtymguly Pyragy barada eserler ýazyldy, drama döredildi, kinofilmler edildi, emma şonda-da köpçülik Magtymgulyny şol eserlerden tapanok. Gurbannazar hakda-da şonuň ýaly. Adam her näçe zehinli bolsa-da, sahnada, ekranda ile özüni her näçe tanatsa-da, öz ýaşaýşy bolýar. Belki, Poşalagyň şol tarapyny hemme bilýän däldir. Men şoňa belet. Gurbannazar 1934-nji ýylda Bäherden etrabynyň Durun obasynda dünýä indi. Şonuň üçindir-dä, bu ynsanyň ýakymly çykyşlary Durunyň şypakerdem suwy ýaly iliň göwnüni açýar. Durun – Mämmet Seýidi, Şamyrat Gurbannepesi, jan şypa mineral suwy, Japbaklary, Poşalagy bilen meşhurdyr. 1950-nji ýylda oba mekdebini tamamlan posalajyk Gurbannazar (käbir adam oňa posalagam diýýär) öňki Krasnowodsk, häzir Türkmenbaşy şäherindäki mugallymçylyk mekdebe okuwa girýär. Okuwyň daşyndan çeper höwesjeňler gurnagyna gatnaşýar. Bagşy Dörtguly Durdyýew, aýdymçy Myrat Artyk dagy bu ýaş zehine ýakyndan goldaw berýärler. - 1954-nji ýylda okuwymy gutaryp, Aşgabada geldim. Gämi obasyndaky “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň başlygynyň medeniýet baradaky orunbasary Aýjemal gözden geçiriş üçin oýun goýýan ekeni: Güseýin Muhtarowyň “Çopan ogly” sahna eserini. Muňa-da Oraz baýyň keşbine adam tapmandyr. Ilkinji keşbim şol. Gurbannazar Atakgaýewiň Oraz baý keşbi gözden geçirilişde eminlere ýarapdyr. Iň gowy ýerine ýetiriji hökmünde oňa kiçijik bilýard sylag beripdirler. Şu çykyş meşhur artist Aman Gulmämmedowa-da ýarapdyr. Ol: “Han ogul, seni Daşkende teatr okuwyna ibereýin” diýýär. Emma ýagdaý, güzeran mümkinçilik bermeýär. Garry daýysynyň maslahaty: “Ýegen, okuwy bes et. Kakaň uruşdan gelmedi. Ýeke ejeňe güzeran kyn bolýar. Özüňizem, tüweleme, gol doly maşgala”. Poşalak durmuş ýoluna ymykly düşýär, zähmete gümra bolýar. Sazçylyk mekdebi, opera we balet teatry, dünýewi mekdepde mugallymçylyk. Soňam telestudiýa. Gurbannazar Atakgaýew 1962-nji ýylda telestudiýada ses režissýory bolup işe geldi. Onuň bu ýere gelmegine belli telerežissýor, artist Orazdurdy Hojaýew sebäp boldy. Aýnabat Amanlyýewa oňa ýakyndan kömek etdi. Gurbannazar telestudiýa üçin keşp oýnamaga häli-şindi gerekdi. Düşbi, nadaralygy ýok, uly hak-heşdek dawasyny edenok. Iýmçi tokly ýaly aralaşyp gidiberdi. Ynanmarsyňyz bir hakykaty aýtsam, ol 1-nji, 2-nji synplar üçin aýdymlar kitabynyňam awtory. Ol kitap 1972-nji ýylda “Magaryf” neşirýatynda çap edildi. Şindem aýdym mugallymlary şol kitabyň gözleginde. Gurbannazar ýokary bilim almaga erjellik bilen ýapyşdy. Ol ozalky Leningrad, häzir Sanky-Peterburg şäherindäki döwlet teatr, saz, kinematografiýa institutynyň telewideniýe režissýorlygy bölümini tamamlady. Ilki baran ýyly ony giriş synagyndan Woýtenko diýen prorektor ýykyp goýberdi. - Sizde, türkmende beýik, akyldarlardan kimler bar? – diýip, Woýtenko sowal berdi. Magtymguly, Mollanepes, Kemine... - Olar näme döretdiler? Men bilemog-a?! - Terjime edilmese, okamasaňyz bilmersiňiz-dä. - Aý, şolaň döreden zady bardyr öýdemok. Bu söze Gurbannazaryň geldi gahary, ahyry ýaryldy. - Jamy, Ferdöwsi, Nowaýy, Magtymguly ajaýyp nusgalary döredýärkäler, sen balalaýkaňy tiňňirdedip ýördüň – diýdi. Soňkusy ýyl ol Woýtenko görünmän, instituta okuwa girdi. Onuň Poşalak bolşuny aýtsam, bu Magtymguly Myşyýewden başlanýar. Myşyýewiň “Myhman” diýen gülküli sahnasynda Poşalak diýen bir ýürege düşgünç adam bardy. Ana şony Gurbannazar oýnapdy. Ile-de ýarady. Poşalak, Poşalak boldy ötägitdi. Şonuň bilenem degişmesi açyldy. Juma Ýazmyrat gülüp diýýär: “Gurbannazar ýaşka gaty garagol ekeni. Daňyp goýýarmyşlar. Şonda-da boşanýamyş. Boşanak, boşanak, soňam Poşalak bolupdyr”. Poşalak barada gürrüň edilende Annam birgädi – Tagan Saryýewi, Ene kütüni – Nurtäç Toýgulyýewany, Pökgi Walany – Akmyrat Bäşimi ýatlaman geçmek bolmaz. Bular öz döwründe köpüň söýgüsini gazanyp bilen, doga zehin artistler. Bir gezek telewizorda meniň “Ene küti we Suhan gaty” ady bilen gysgançlar hakynda degişmeli sahnam berlipdi. Şonda Gurbannazar Atakgaýew bilen Nurtäç Toýgulyýewa oýnapdy. Ene küti ady şondan soň rowaç boldy. Suhan gaty ýöremedi. Çünki Poşalak keşbiniň gysyklygy Suhan gatynyňkydan galady. Diňe bir gülküli keşpler däl, eýsem Gurbannazar salyhatly keşpleriňem ussadydy. Gaýtam, ol peşeneli ýaşuly keşplerine gelişýär. Meselem, “Dünýä belli adam” spektaklynda ol diýseň şowly çykyş etdi. Bazar Öweziň “Ökünç”, Kerim Gurbannepesowyň “Ata we ogul” spektakllarynda onuň nähili ýatda galyjy keşpleri döredenligini aýtmasam-da, il menden gowy bilýändir. Hamzanyň “Baý we batragynda” Baýyň, A.Atajanowyň “Guşgy galasynda” ýaşulynyň, L.Woýniçiň “Gögeýininde” Arturyň kakasynyň keşpleri göreniň göz öňünde gitmese gerek. Meşhur “Gelin” filmindäki türkmen ýaşulusy maňzyňa batyjy, saýhally gepleýändir. Sesem ýakymlydyr. Ana, şol mahmal ses kimiňkidir öýdýäňiz?! Aý, garaz biziň Poşalagymyz özüniň ýaşan ömrüni biderek geçirmedi. Adamlar aglaba artistiň maşgala durmuşy bilen gyzyklanýarlar. Gurbannazaram Adamata bilen Howenäniň däbini ýöredip geldi. Özi bilen des-deň, men diýen pähimli aýaly bardy. Jomartlykda Hatamtaýyň aýaly oňa halypa diýse gerek. Soňky ady Bahar, öňki ady gyzky ady Ogultagan. On barmagyndan ýigrimi hünär gelýän halyçy. Öňki medeni aň-bilim tehnikumyny gutaran, käri boýunça kitaphanaçy. Bäş ogul bilen bir gyzlary ýetişdirdiler. “Bahar ikimiz 120 ýaşadyk” diýip Gurbannazar aýdardy. Bahar daýza-da Agaýunus peri ýaly, dyrnagynda däl-de, ekranda Poşalagy görüp, gülüp otyr. Men Gurbannazara bir sorag berdim: - Keýwanyň Bahar-a Daşoguzyň Tagtasyndan, senem Bäherdeniň Durunyndan. Ara göz gypyşardan-a daşrak. Nädip tanyş bolduňyz? - Bahar Aşgabada tehnikuma okuwa gelen ekeni. Görsem akylhuşy ýerinde, Görki-görmegi allanäme. Gepledip gördüm, ýöredip gördüm, uzagrakdan seredip gördüm, menem, näme ýetim oglan-da 1961-nji ýylda goş birikdiräýdik. Poşalagymyz barada näçe ýazsaň ýazyp oturmaly, eden ýagşy işleri eda bolar ýaly däl. Indi men onuň haýyr-sahawaty, ynsanperwerligi barada birki agyz aýdaýyn. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başynda Gurbannazaryň aýaly Bahar Aşgabadyň haly fabriginde işleýärkä, şol fabrikde Amanşeker daýza diýen hossarsyz bir garry ene tam süpüriji bolup işlärdi. Puşkiniň garry kempiriniňki ýaly, köneje kümesi bardy. Amanşeker eje Gökdepe urşunda on alty ýaşly gelin ekeni. Ömrüniň soňky ýyllarynda garra hossar gerek boldy. Gurbannazar bilen Bahar bu işi hossa görmän öz üstlerine aldylar. Ömrüniň soňky günlerinde bolsa öýüne getirdiler. Garry 116 ýaşap aradan çykdy. Merhumyň hemme kadasyny Gurbannazar bilen Bahar ýüz ýygyrman berjaý etdi. Pikir edip görseň, hemme adam beýdýänem däldir. Annam birgäde siz belet. Ol keşbi döreden Tagan Saryny hem gowy tanaýansyňyz. Tagan neressäniň guburynyň üstüne ýadygärlik oturtmak pikiri Gurbannazarda öňräk döräpdi. Ony iş ýüzüne geçirdi. Oňat edip, aýmança gurdy. Bir gezek Gurbannazaryň kellesine bir pikir geldi: Durunda doglan, önüp-ösen Mämmet Seýit baky ýadygärlik “Durun mukamyny” döretdi. Şamyrat Gurbannepes ölmez-ýitmez sazlary goýup gitdi. Gurbannazar sen näme etmekçi?”. Ine, şundan soň uruşdan gelmän galanlaryň hatyrasyna obada ýadygärlik oturtmak pikiri durmuşa geçip başlady. Daýhan birleşiginiň başlygy Akmyrat rugsat berdi, ýeri bellendi, gazygy kakyldy. Gurluşyga başlandy, diňe öz hasabyna. Görüp otursalar, Durun obasyndan 185 adam uruşdan gelmän eken. Şol sanda Gurbannazar Atakgaýewiň kakasy hem gelmedik. 185 adamyňam ady zer bilen ýazyldy. © Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |