17:49 Uly ýurtlaram... | |
ULY ÝURTLARAM...
Publisistika
Häzir iñ esasysy - gazalylaryñ gulagynda üç hepde bäri ýañlanýan gorkunç partlamalaryñ sesini bir-iki sagatlygam bolsa sem etmek üçin Gazadaky öldürilişikleriñ we hiçligiñ soñlanmagy ugrunda syýasy tagalla etmekdir Dewid Hýorst çärýek asyra golaý wagtlap "The Guardian" gazetiniñ Ýakyn Gündogar boýunça korrespondenti bolup işledi. Ähli korrespondentler ýaly olam Beýrutyñ sessizliginde ýaşaýardy we ol ýerden Siriýadaky döwlet agdarlyşyklary we Bagdat meýdanlaryndaky ölüm jezalary hakda habar taýýarlaýardy. Soñra Beýrut göreş paýtagtlarynyñ, garşylyk berme we hasaplaşma arenalarynyñ arasyna dahylly edildi we Hýorst Kipre geçdi. Ruma we Türke - iki bölege bölünen adada birnäçe ýylyny geçirenden soñ Liwan hakda bir kitap ýazdy. Gynansak-da, onuñ bu kitabynyñ ady häzir anyk ýadyma düşenok, ýöne, megerem "Kiçijik ýurtlaryñ biçäreligi" ýaly bir zatdy. Şablony dogry. Emma käwagt uly ýurtlaram şu kategoriýa girýär. Meselem, Müsüriñ näme kemçiligi barka, eýsem Gaza bilen Ysraýylyñ arasyndaky çaknyşykda Sinaý dagy üçin aladalanýar? Goñşy doganlyk halklar üçin lagerlere öwrülen we indi has köp adamy almaga güýji ýetmeýän Iordaniýanyñ derejesindäki ýurduñ gorkusyna düşünse bolar. Ýa-da öz ilatynyñ sanyndan has köp bosguny kabul eden döwlet (ýa-da ýarym döwlet) hökmünde Liwanyñ endişesine. Emma Müsüriñ gorkýanlaryñ sanawyna girmegi hakykatdanam geñ galdyrýar. Hakykat şu ki, araplaryñ gorky bilen dogulmasy gerek. Soñra olara kimden we haçan gorkmalydygy aýdylýar. Şonuñ üçinem ýurtlarynda ýagyş ýagsa-da, gurakçylyk bolsa-da, adaja şemal öwüsse-de, bolan ähli ýagdaýlara ýörite gurnalýan pyrryldak, ýagny komplimasiýa hökmünde garalýar. Köplenç bu dogry bolubam çykýar. Tersine bolanda, iordaniýalylar çäklerindäki Yrak protestlerini nähili atlandyrardylar? Gadyrdanlar, uruş Gazada, Ortaýer deñzinde we Iordaniýada - biçäre kiçijik ýurtlarda bolýar. Biz Liwan respublikasynda şindizem ätiýaçda durus. Hemme zatda bolşy ýaly, uruş ýa-da uruşma. Mesele bu däl. Emma uruş bar bolsa, nämüçin bar? Kimiñ başga Gaza geregi bar we mundan kim peýda görer? Bir gün şunça harabany we külleri kim düzeder? Bu ölümler kim üçin we nämäniñ hatyrasyna? Şunça hiçlikden soñ ýeñişe ýer galarmyka? Strategistler bu garahassany we iki million adamyñ nämüçin suwsuz galandygyny düşündirip bilerler. Näme sebäpli aç-açan genoside duçar bolýarkalar? Gözi ganly gassap Ysraýylyñ yzly-yzyna çagalaryñ kepenini ýollamagy nämüçin jümle-jahana hiç zat añladanok? Uly strateg hünärmen nämüçin yrakly gatlaklaryñ iordan serhedinde näme edýändigini düşündirip bilenok? Ýa-da başga biri nämüçin bize Ysraýyl bilen her gutulgysyz çaknyşygyñ araplaryñ arasynda çaknyşyga öwrülendigini düşündirip bilenok?!. Gumanitar, syýasy we döwlet derejesinde ilkibaşdan Gazadaky genosidiñ duruzylmagy üçin işleri geçirmek gerek. Indiden beýläk hakyky gahrymançylyk Fantomyñ öñüne çagalaryñ kükregini galkan etmek däl-de, gazalylary suw we çörek bilen üpjün etmekdir. Uly gyrgynçylygy duruzmak üçin tizara halkara çözgüdi gözlemekdir. Frontlaryñ giñeldilmegi ýaly harby hereket gözleginden öñ ilki has möhüm bolan, gazalylaryñ gulagynda üç hepde bäri ýañlanýan gorkunç partlamalaryñ sesini bir-iki sagatlygam bolsa sem etmek üçin Gazadaky öldürilişikleriñ we hiçligiñ soñlanmagy ugrunda syýasy tagalla etmekdir. "Hamas" "Aksa tupanynyñ" taýýarlygyna iki ýylyny sarp edendigini aýtdy. Bu taýýarlyklaryñ içinde hemmeleriñ gözüniñ alnynda geçirilen söweşjeñ operasiýanyñ soñky tapdyryna degişli nämedir bir zat barmy? Bu ölüm deñizini duruzyp biljek bir zat barmy? Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 29.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |