19:14 Ümlük | |
ÜMLÜK
Goşgular
Ümlük! Seniň bütin göwräň ýekeje çümmük, Juda düşnükli sen ähli dilde-de, Juda düşnükli sen ähli millete, Milýard sözi oýlap tapan adamzat, Duýgusyn, gaýgysyn, şatlyk-begenjin Milýard sözi bilen gizläp bilmese, sözläp bilmese, Ynsanyň dadyna ýetişýän sensiň! GÖWHERIM Göwher... Göwher... Göwherim! Gör, men seni näçe ýyllap gözledim, Didäm ýaşlap, jiger-bagrym çäk edip, Aýlanyp Diýaryň şäher-kendini, Hem Geçmişe, Hem-de Geljege gidip! Gijelerne düýşlerimden gözledim, Gündiz hyýal-huşlarymdan gözledim, Köl boýuna gonup hüýre öwrülýän Ertekileň guşlaryndan gözledim. Perimi sen, peýkermi sen, hüýrmi sen?! Dünýäň yklymlaryn, ýurtlaryn söküp, Sen ýaly näzenin gyzy görmedim! Nije ýyllap ahy-zaryňy çekip, Seni tapyp bilmedim men Göwherim! Gör, sen nirde gezip ýören ekeniň! Sen bir ahu gözli jeren ekeniň! Eý, Allam! Maňa niçik bagty bereniň ekeniň, Kerem ekeniň-ow, kerem ekeniň! Eý-ho, arşy aglaň Humaýymy sen, Ýa-da yşk-heseriň Hudaýymy sen? Kerem-keramatmyň, gudratmyň Göwher, Her bakaňda endam-janym jigleýär! Her bakaňda sämäp aýlanýar kelläm! Asmanda sergezdan kometa ýaly, Hem ýanyp, Hem ýakyp-ýandyryp gelýän. Sen melekmiň, melikemiň, hüýrmüň sen, Ataşmyň, çyragmyň, baky nurmuň sen?! Sen ýanymda durmanmydyň ýaňja-da, Eýýäm nädip ýüregime girdiň sen? Dar hanasna sygman çyrpynýan çaý deý Gursagymda ýyldyrymlap dursuň sen!... Nobatguly REJEBOW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |