18:07 Umytly ojagyñ ody / hekaýa | |
UMYTLY OJAGYÑ ODY
Hekaýalar
Ýagşy günler köp bolsa-da az görner, ýa-man günler az hem bolsa ötmez hiç. Magtymguly Pyragy. Men bu hekaýamy watan goragyna giden şehitleriň ojagyny ýapman, ömürlerini bagş eden, hususanda biziň obamyzda beýemçilikdir terbiýeçi bolup ömrüni hümmetli hyzmata bagş eden aýal doganlarmyza bagyşlaýaryn. Küşül çatmanyň göwher gelni (Umytly ojagyň ody) Biziň obamyza Sugty obasy diýilýär. Mülkaman obasyny ýakalap geçýän ene ýaba-da Garahmet ýap diýilýär. Ol ýap hem gözbaşyny Topaz ýaby ikä bölüp goýberýän Garawul kartyň gatlasyndan alyp gaýdýar. Bu gatlanyň ýakasy gökdir bakja ekinlerni ekmäge suwa amatly, boz toprakly ýer bolansoň, oba adamlary bu ýere ir gözinden göçüp gelip, gamyşdan örülen dört ganat çatmasyny çatyp,tä güýzüň-ahyryna, ekin üstünde güzeranny geçirerdiler. Urşun gutaranyna esli ýyl geçenem bolsa,adamlaryň,,-“Uruş,,sözünde galan ýürek otlary öçenokdy. Şol çatmalygyň iki-üç kilometr gaýrasyndan geçýän Guşgy demir ýolunyň guguldysy eşidilenden umytly gözleri ýollarynda galan enelerdir gelinler, taryha “Ak depe”- ady bilen giren ýüz metrlik beýik depäniň üstüne säginmän çykýarlarda, otlyň garasy ýitinçä umytly gözleri bilen gidenleň ýoluna garap,soňam çaltlyk bilen çykan depelerinden seresaplyk bilen gorka-gorka düşerdiler. Şol umytly ýyllarda Gurbangeldi aganyň oglanlary Anna-dyr Sapar, özleriniň adamsy uruşdan gelmedik aýal doganlary Kamary hem ýanlaryna alyp göçüp gelipdiler. Kamaryň doganlarynyň ýanyna gelmeginiňem sebäbi bardy. Adamsynsyň göz-gulak bolaýjak degerli hossarlary bolmansoň, her kesiň eli-dili etäýmesin diýip, kakasy Gurbangeldi aga wagtlaýynça öz ýanyna alyp gelipdi. Göçüp gelen oba adamlary Köne hendegiň uzaboýuna, çatmalarnyň aralaryny ses ýetim açygrak edip düzülipdiler. Kamar öýde çaý nahar bilen gümürdenip ýörse, Annadyr Sapar gawun joýalaryny gazmak hem-de beýleki gök ekinleri EKMEK üçin işleşip ýördüler. Doganlaryna jazly unaş bişirip bermegi ýüregine düwen Kamar, çatmanyň gap dulunda asylgy duran, bu çaklarda içine süýt sagylman gatap galan könegiň içinden, geçen güýzden süýşürip goýan gurtlarynyň dört-bäş sanysyny aldy-da, agaç okaranyň içinde ezip goýdy. Gazany ataryp suw guýdy-da, ot ýakdy. Çatmanyň gap dulunda dolangy duran urbaly kendirigini açyp, urbalyk undan hamyr etdi. Üç-dört zowala aşlyk kesişdirdi-de öz-özüne: -Unymyza-ma baýapdyr, urbalyga-da ýene Allajan etirsindä hernä-diýip, öz göwnüne teselli etdi. Urbalyk una gaty zerurlyk bolaýmasa degilmezdi. Bişiklige çenli az wagt galanam bolsa oňňut edäýmeseň. dagy näme edersiň. Soňra, ekilmekden ötüşip galan gawun çigitli haltany aldy-da, tä talhan bolynça sokuda döwdi. Gaýnap duran suwly gazana atyp bulaşdyrdy. Gazanyň gaýnagy birbada synan ýaly etdi-de, atylan talhan aşlyk suwuň ýüzüne ýukajyk ýag bolup çaýyldy. ýa-zyň galyndysy gyşa aş gatyk diýleni. Eden işi nusgalyk, sözlän sözi güwälik ata-babalarmyzyň pugtamal ýarnaçylygy aşymyzy aýadyp aşa, donumyzy aýap toýa etirdi. Seýregrägem bolsa, ekiniň bol bolan ýyllary gawun-dyr kädi-den kak dilinip, goýulsa indiki bişikçilige çenli iýmäge bolýardy. Kamar hem şol pugtamallariň biridi. Heniz başy bogulmadyk gyz-ka. ejesiniň tutanerliligi bilen edep terbiýesi etirlen maşgalady. Gyz maşgala mahsus bolan edepdir el işlerini onuň her ädiminde syntgalap oturan Ogulsabyr eje, gyzynyň sähel bir haýyrsyz zada güýmenip duranyny göräýse: - - Haý ýüzi gara, näme ýüňsüz öýün gyzy ýaly dikilgazyk bolup dursuň, taňla gün başyň boglansoň eneň baryp işiňi eder öýtýärmiň,utançsyz-diýip janyna deger ýaly igenerdi. Kamar ejesiniň bu sypata erliksiz ýöňkemeýänini bilse-de, käbir düşünmedik sözünin manysyny pursat tapyp: -Eje, ýaňky ýüňsüz öýüň gyzy diýýäniň kimä?- diýip sorar. Ejesi hem salymny bermän:- -Öýünde ýüň egrilip sapak işilmedik ýeriň çagasy, kimde näme gep barka diýip gapy-gapy entäp ýörmekden başga nämäni başarsyn. -Başy boglansoňam iýeni igenç göreni görgi hapysa bolar, bilip goý şuny- diýip, oýunlyga ýazdyrman käýinjini etirip aňyna guýardy. Ogulsabyr eje käýinse-de, söýünse-de aýtýan sözleri durky bilen nakyldy. Kä mahal töwereginde çagalaryna eşidiler ýaly edip öz-özi bilenem gürleşip, içki dünýäsiniň hasratyny mälim edişine -Wah, enemisiň ýanamysyň diýleni-dä. Atalarynyň-a göwni bir ýaly. Seň bolsa mydama çöpüň köze degip durmaly. Bulara käýinip zat düşündirenimden tarsa turup özüm ediberjek welin, bu işleri kim etjek. Aýal öýden çykar, öýlänligi yzyndan diýleni. Ejem pahyr,- Ene mazy- ata kazy- diýip, otursa –tursa terbiýäni kakamdan talap ederdi. Nädip mazy bolýan bolsaň bol bakaly, mydam aňryň bärik gelip durmaly. Elbetde, zamanasyna görä bü-de bolmalysydyr-da, menä düşünemok-diýip çagalarnyň aňyna salardy. Hawa, eliň işli bolandan bagtyň güýçli bolsunla-diýip, bu zatlary akyl eleginden geçiren Kamar, kak edilen kädiniň bir gysymyny alyp, haýaljak gaýnap duran talhanly gazana atyşyna ojagyň odyny sazlady. Birden,-“güsürr”- edip çatma giren serçeleriň güsürdüsine bialaç seretmeli bolan Kamaryň, çatmaň kölegesinde ezip goýan gurtly çanagyna gözi düşdi. Görse, goçak ýabany pişik,edil özüne iýäý diýip berlen ýaly gypynç etmän ezilgi duran gurtlary iýip dur. Kamar,- -Wah, belany iýen, piş ýok bol-diýip gygyrşyna, ojakda ýarysy tutaşyp ýanyp duran ýylgyn kesindini pişikden aýlap saldy. Otly kesindi pişige, gyltyzrak degip geçdi-de çatmany; gamşyna dürtülip durdy. Ýabany pişigem çatma kürsäp girdi, Kamar pursady elden bermän, ilki gözüne ilmedik saldamly kes0ewüsini alyp, mazaly ýençmek pikri bilen çatma girenem şoldy... Bar zat göz açyp ýumasy salymda bolup geçdi. Dar ýerde gabalan ýabany bişik,Kamaryň ýüzüni persala edip gaçyp gitdi. Gorkysyna,-Waý eje- diýip gygyrmana etişen Kamar çiň arkan serpilip özünden gitdi Garawsyz galan otly kesindi hem öz işi bilen bolyberdi. Kamaryň sesini eşiden goňşulary diňşirgenip daş töwerege garasalaram hiç zat aňmadylar. Sary gidip, küşüle (könelen gamyşa küşül diýilýär) öwrülip giden örme gamyş ahmyrly oduň demine düşensoň çäresi näme, ýanyp başlady. Şatyrdap ýanyp başlan oduň ýalnyna özüne gelen Kamar:- -Haý ýeteweriň, kömek ediň! Aýuw Anna,Sapar çalt geliň!-diýip,ýanýan oda gum peşäp, suw sepmäge durdy. Töwerekde bir gopgunyň barlygyny aňjak bolup duran Annadyr Sapar ýanýan çatma gözleri düşüp kömege ylgadylar. Gelşine Kamaryň diriligine gözi düşen Anna, akyly üýtgän ýaly, kömege gelip etişen adamlara bakyp: -Duruň how adamlar!-diýip, çasly gygyrdy-da, --Men bu kembagallykdan, garyplykdan halys basyldym. Söndürmäň! Goý şu küşül çatmam bilen garyplygymyz ýansyn adamlar. Sapar! getir senem şol teniňi persala eden çöpür balagyňy, at oda. Apgyrdy sypan dar köwşüňem getir. Uruşdan öldi habary bilen gelen üç burç hatlaň ýüreklerde ýakan odam ýeterlik. Heniz agysyny aglap etişmedik agylarmyň ýanynda çatma nämemiş,-diýip, başbogusy başyndan sypyp,başagaý bolup, hünibirýan aglap duran dogany Kamary gujaklap köşeşdirmäge durdy. Içi kädi kakdyr talhan atylan gazana üç zowala kesilen aşa derek ýanan çatmanyň gara gurumlary, göýä eli susakly Kamaryň garyplygyň iň soňkyja aşyny paýlap, guýup bermegine garaşyp duran ýalydy. Ýöne oňa hiç kimiň gözi düşmedi. Hiç kimde-de artyk süýşik goş ýokdy. Ýöne weli, Annanyň bu günki goňşulary ony ýeke goýjak adamlardan däldiler. Olaryň ulydan kiçä hemmesiniň aňynda goňşuçylyk hakda aýdylan we eşiden dana sözler at salýardy. Keçe satsaň ilki goňşyňa sat,taňla gün goňşyňa baraňda ýene özüň oturarsyň. Sygyr satsaňam goňşy okaraň süýtli geler. Goňşy-goňşyň bazary. Satyn almaga gurbuň çatmasa goňşyňdan al-da bolaňsoň beräý-diýlen pähimi adat edinen adamlardy. Olar Annanyň bu oturan erinden yrym edip ýokarrak, edil Ak depäni alkymlap oturan pessejik alaňyň üstünden täzeräk dokalan gamyşdan çatma gurap ýörkäler, bu wakadan bihabar Annanyň kakasy Gurbangeldi aga hem geldi. Ozalam ýarym göwün Kamar kakasyny görüp aglap başlady. -Goýaweri gyzym, başa geleniň sowuldygy bolsun!-diýip, gyzyny köşeşdirmäge durdy. Kamar hamsygyp:- -Aýdanyňyz bolsunda kaka.-”Ozalama ýyndam atdy welin, ýene gamçam degäýdi”-diýleni bolaýdy-da kaka. Anna janyň ýarawsyzlygyny ünji edip oturan halyma muňky näme diýsene-diýip bolan wakany gürrüň berdi. Kamaryň bu başagaýlygyna Gurbangeldi aga hezil edip güldi-de, -Garaz Annany garyplykdan çykarypsyňda gyzym-diýenden,çynlakaý bir görnüşe girdi-de sözüni dowam etdi. -Annam! Garyplygy oda-da ýakyp bilmersiň, suwa akdyryp-da bilmersiň. Ol ynsanlary bir-birine ýakynlaşdyrýan garyplykdyr. Seniň şol arzuw eden baýlygyňa ee bolan baýlaryň, iki süri mallarynyň bähbidi üçin watanyny terk edenleriň ahy-nalasyny eşiden bolsadyň,säher turup azana derek watan diýip uwlardyň. Käşki eter-etmezlik bir seniň başyňda bolsady. Malsyz garyp däldir, watansyz garypdyr, jan ogul. Saňa kömek diýip berlen öý goş-golamlaňam-a bary özüň ýaly dözmezleriň öý goşy? Olaram ýakjakmy?! Öz topragyňda garyş ere duwlanyp bilseler kyrk sürüsini bagş etjek biçäreler - --Müsürde şa bolandan öz iliňde geda bol- diýip ötmedilermi näme? Sen bolsa garyplygy ýakyp baýajak bolýarsyň. Dünýä malyny doga-dileg bilen gazanyp, garyplygy ýakyp baýlyga etilýän bolsady, baýlyk ynsanyň elinde bolardy, han ogul. Dilden gelen elden gelse, Bil, gedaý soltan bolar- -diýdi-de, bäş-alty ýyllykda bolan bir waka ýadyna düşüp, gelejege pent bolar maksady bilen şol wakany gürrüň bermäge başlady. Anna çatma gurmaga kömege gelen goňşularam gulak asyp durdylar. -O ýyl, obamyzyň çekene goýun sürüsiniň ýaz gyrkymyna kömekleşmäge gitdim. Bir süri goýnuň gyrkymyny dynyp, hasap-hesip edişip beýleki sürä hyýal edenimizem şoldy welin, bir topbajyk bulut geldi-de ýagyp başlady. Häli goýar, şindi goýar-diýp garaşdyk. Asyl ertire çenli goýaýsa nädersiň. Uzak gije gyrkylan mallary köne ýataga sürüp äkitjek bolup tas özümiz buýupdyk. Gün dogansoň mallary görüp barymyz bilimize urlan ýaly çöküp galdyk. Bir süride dört-bäş ýüze golaý goýundan, dogry otuz sany abat goýun galypdyr, Allanyň gudraty bilen şol abat goýularyň barysy bir adamyňky bolup çykdy. Ýanky adam gözlerine ynanman ene barlady. Ahyry öz goýunlarynyň hiç zat bolman abat galanyna gözi ýetensoň sürüniň daşyna çykdy-da uly sesi bilen aglap:-- Eý bar hudaýa! Ilime gelen belany näme üçin maňa bermediň. ÝA maňa başga beterrägini bermekçimiň, Alla-a!!! –diýip tä ýadaýança biziň haý küşümize garaman hudaýa nalyş etmäge durdy. Şol güniň ertesi şol adam, abat galan mallaryny alyp gaýdyp barsyny mätäç adamlara sadaka paýlap çykypdyr. Bu zatlardan ybrat almalysyňyz balalar. Malyň kemligi garyplyk däl-de ruhuň ejizligi garyplykdyr. Bela-beteriň sabyrdan gaýry dogasy bolmaz. Başyna iş düşende il gününden, goňşusyndan goldaw tapan adamdan baý adamy tapmarsyň, Annabaý! –diýdi-de sözüni soňlady. Biraz salymdan soň Gurbangeldi aga etmeli işlerini oglanlaryna tabşyryp,kömege gelen adamlara-da alkyş aýdyp eşegine mündi-de –Men sadagasy boldugym Ojarly baba zyýarata gitmek üçin ýola çykypdym, baryp gaýdaýyn –diýip, ýola düşdi. Anna kakasyny ugradyp, ýerine geçip ýatsa-da gözüne çiş kakylan ýalydy. Onuň gözüniň öňünde lowlap ýanyp duran kümüş ýalpyldyly küşül çatmasynyň içinde ellerini asmana serip duran şol mal eýesi peýda bolýarda:- --Eý Alla-,näme üçin-ilime gelen belany maňa bermediň allam, ýa maňa başga bir ýowuz saljakmydyň, Allaa Alla –diýip naýynjar ses edip durdy. Ol birdenem özüne gelip eden işine ökünýän ýaly başyny ýaýkap uludan demini alyp pikire batýardy. Anna daňa golaý uka gitdi. Kamar bolsa ýüzüniň dyrnalyp eti serpilen ýarasyny aýna serdip bitiräýjek bolýardy. Gaýyn öýümden bir adam gelmäbilseýdir, diýip içini gepledip ýatyrdy. Onuň bu halda hiç kime görnesi gelenokdy. ýa-n ýoldaşy Baýramdan hat habar ýokdy. Üç-dört aýdan soň Kamar ene-de umytly ojagyna dolandy. Adamsynyň ýakyn garyndaşlaryndan, uruşdan sag-aman gelen agalary oňa hossar çykdylar. Olar Kamaryň ömrüni baglap oturan bolaýmaly, diýip öz ýüregini bilmek maksady bilen,onuň ýanyna gelip:- -Kamaržan, oýunçy utulanyny bilse ýagşy. Ömrüňi baglap oturma! Wah, Allajan bir perzent beräýen bolsady. Birim bar müňüm bar diýip otursaňam bolaýjak ekeni. Elbetde ýazgyt şeýleräk ýazylandyrda- diýip oňa rugsadyny hem beripdiler. Wah, käşkä onuň öldi habary gelen bolsady. Iň beteride...... -Şol gije- nika gyýlandan soň ýoldaşy onuň diňe ýüzüni görüp etişipdi. Batly kakylan gapy ony daş çykmaga mežbur edipdi. Harby eşikli gelen adamlar oňa: -Siz gyssagly woýen-koma barmaly diýip, ony bar hyjuwydyr arzuwy bilen alyp gidipdiler. Ýakasy açylman galan Kamar bu syry hiç kime aýdyp biljek däldi. Onuň gulagynda mähriban ejesiniň:- -Balam sabyr etgin. Äre giden bilen göre giden dolanmasa ýagşydyr- diýen sözleri, şol ýaňlanyp durdy. Ol käwagt juwanlyk joşgununyň tolkunyna gark bolan arzuwlaryny kenaryndan çykaryp çalajadan özi eşider ýaly edip : Şir ölse awy galar, Deresi, zawy galar, Çözülmedik saçlarmyň, Gotazly bagy galar. Ol, bilbil, zar içinde, Bir gül men, nar içinde, Daglarda bir gül gördü Solmandyr gar içinde- Diýip. heň çekip, iş tikip oturan erinde hiňlener-de,-toba estagpurulla, meň aýtýanym nämä? Çykmadyk janda umyt bar ahyry diýip umytly gözlerin uzaklara dikip oýa batardy. Bir gün goňşysy Bahargül eje Kamaryňka oturmana geldi. Hal ahwal soraşylan soň, Bahargül eje: -Kamarjan, düýn gelnimiz Mähri, ejemden habar tutup geläýeýin diensoň özüm alyp gitdim. Kamar: -Tüweleme, bolaýypdyr, hemme sag-gurgun ekenmi, biziňkiler-ä duşan dälsiniz?- diýip, asyl Bahargül ejäň sözüni soňlamana-da goýmady. Bahargül eje: -Sorana köp salam aýtdylar, oňat ekenler. Bir hoş habaram eşitdim, saňa-da hudaýjan etirsin-dä- dienden, Kamar, Bahargül ejäň boýnuna bökäýmäň bäri ýany bolup has golaýna süýşüp: -Aýtsaňyzla jan eje, o nä hoş habar-diýip lükgesi bilen gulaga öwrüldi. Bahargül eje sözüni gysgaltmasa bolmajagna göz etirensoň- --Siziň golaý goňşyňyz Ogultäjiň adamsyndan uç tapylypdyr. Ol Reseýiň uly keselhanasynda-myş. Edil golaýynda bomba ýarylyp esli ýyl bäri kimligi tanalman ýatanmyş. Indi özüne gelipdir-de tananmyşlar. Agasynyň ogly Nazar işany, alyp gelmek üçin harjyny berip yzyndan ugradypdyrlar. Ýoluna garap.... ... Ondan soňky sözler Kamaryň gulagyna eşidilmedi. Ol eýýäm nirdesiň Reseý diýip,hut ýoldaşy Baýramyň habaryny eşiden ýaly hyýalynda ýola düşüpdi. Kamaryň bolup oturşuny halamadyk Bahargül eje: -Wah çagam, ýürejigňi üzäýdim-dä-diýip, bosagada duran suwly setilden bir käse suw alyp Kamara içirdi-de-Sabyr et! Kamarjan, bu gün bolmasa erte saňa-da hoş habar eter- diýip sözüne jemläp turmakçy boldy. Birneme özüni dürsän Kamar tarsa erinden turup bukjasynyn içinden sünnäläp bejerilen geýimi aldy-da: ---Alyň, Bahargül ejesi, hoş habaryňyzy serpaýsyz goýup bilmen-ä, alyň-alyň-diýip onuň garşylygna-da garaman eline tutdurdy. Dilegde bolaweriň, alla ýalkasyn, meni gaty begendirdiňiz-diýip hoşallyk bilen ugratdy-da, bu wakany hut öz gulagy bilen eşitmegi ýüregine düwdi. ýa-radanyň güni darydan köp diýlişi ýaly, her güne bir täzeligi tirkäp, ýagşu-ýaman günler kerwen gurap geçdi durdy. Şol günüň ertesi gaýynlary bilen geňeşen Kamar atasy öýüne gaýtdy. ýa-raly esgeri hem alyp gelipdirler. Sorag-ideg edişdiler. Baýramdan gördüm-bildim habar bolmansoň, Kamar öz ojagna dolanyp geldi. Her nämä-de bolsa, Ogultäjiň adamsynyň tapylmagy, Baýramyň diriligne bolan umydy Kamara täzeden bir ömür beripdi. Ol adamsyndan galan egin eşiklerni alyp, ozalam telim ýuwup goýlanyna-da garaman täzeden ýuwup,üstüne-de umyt bilen tiken tahýasyny goýup synlap otyrşyna ýüwrük hyýaly ony alyslara alyp gitdi.... Külbesi köşeje, köňli köşükde, Hüwdülenip ulalanlar beşikde, ýa-ryn urşa ýollap, boşan düşekde, Ysgalmadyk ýaňak näz ýatyr munda. Ine-de biziň hekaýatymyz tamam boldy. Küşülje çatmamyzyňa garyplygy bir ýanyp täzelenäýdi welin, göwherdende gymmat gyzymyz Kamar ölýänçä adamsynyn umytly ojagnyñ howurly oduny öçürmän o dünýä özi bilen alyp gitdi. Aşyr Salyh ogly, 08.07.2015. | |
|
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||