13:43

Ünsli bolaweriñ!

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 278 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Narcissus  
1589
Awtorymyz "bilmezlik-öwrenmezlik aýyp" logikasy bilen tankytlap, netije çykarýar, emma özi hem käbir zatlardan bihabar, maňa görä habarly, ýörite bilip "propaganda edýärler" diýip, inçe görnüşde özi hem propaganda edýär.

Ilki bilen, bu ýerde ýazan kişiniň bilmedik (ýa-da bilmedik bolýan) zady, bu meseläniň baýdak bilen baglanyşykly ýeriniň ýokdugy. Mesele baýdak däl, mesele aňyýet, gaty howply bir aňyýet, bir düşünje, dünýägaraýyş. Türkiýe çyndanam soňky ýyllarda kanunsyzlygyň örän uly möwç alan we ahlak taýdan bozgak döwletine öwrüldi, meniň pikirimçe. Adamlary, göze dürtülip duran, ak we garany saýgaryp bilmejek derejede sowatsyz derejä ýetdi, ýa-da mydama hem şeýledi. Mysal üçin, bäbek ganhory bir kişi, erbetdir, emma şuny hem erbet hasaplamajak, hatda bu kişini beýik lider, ybrat alynjak eren adam hökmünde hasaplajak adamlar bar we bularyň sany millionlara ýetýär. Munyňam sebäbi, diňe şol maksady tapawutly bolan, emma usuly deň bolan aňyýetdir. Bu düşünjä eýe bolan adamlaryň aglabasy sowatsyzdyr, meseleleri düşünişmek bilen däl-de, çagşatmak, ýykyp ýumurmak bilen çözmäge meýilli kişilerdir, şop sebäpli aýallary daşlamak, el kesmek, kelle kesmek, tapawutly düşünjeli adamlary öldürmek, aýallary urmak, olary äriniň jynsy islegini kanagatlandyrýan barlyk hökmünde görmek, asmak-kesmekdir bilýän zatlary. We edil şu kişiler, bir dini özlerine galkan, özlerine eýe çykjak ulgam hökmünde görýärler, olam Yslam. Ýagny bu (meniň pikirimçe) Yslam bilen däl-de, adamlaryň häsiýeti, olaryň ýetişdirilişi bilen baglanyşykly zatdyr. Gynansakda munda Yslamyňam bellibir paýy bardyr, emma kän däldir, sebäbi diňe diniň özi logiki taýdan hereketsizdir, ony adamlar herekete geçirip, kellelerine görä uýýarlar, uýýan kişiler hem jahyl bolsa, ana, iň uly mesele hem şol ýerde başlaýar.

Bu ýagdaýam aslynda şeýle. Bu hadysa bolup geçende Twitter-da gaty köp meşhur boldy, Türk habar ulgamynda. Sebäbi Türkiýe (dünýäde-de şeýle) doly ýagdaýda konserwatorlar we dünýewiler (solçylar) bolmak bilen bölünendir. Bu mesele hem edil şonuň bilen dahylly bolansoň, iki uly güýjiň çaknyşygy ýaly bir zat boldy. Türkiýede hem ýokardaky aýdyşym ýaly adamlar, we ol adamlaryň eýe bolan düşünjeleri agdyklyk edýändigi üçin we bularyň aýylganç derejede howply bolandygy üçin, şolar ýaly baýdak açan kişini ýaş ýigidimiz göterip bilmedi we urdy. Baýdak halyfatdyr, ýa-da däldir ony doly bilemok (meniň üçin şoňa degişliräk tarapy bar, sebäbi professorlardan, atly-atly hukukçylardan bikanun zatdygyna degişli teswir geldi, diňe bu Ýalçynymyz bilýän däldir beýle zat bar bolsa), emma bu kişileriň derdi baýdak, ahlak, din däl, bu kişileriň derdi, bary aladasy öz aňyýetleriniň öňe sürýän zatlarynyň amala aşmagy. 12 sany şehit beripsiň, 12 ogluň Watan üçin topraga düşüpdir, emma bu kişiler ölen ogullary üçin kän "ar, ar, ar" diýip gygyrman, ýa-da kän tankytlaman, "şerigat" diýip gygyrýarlar, şu ýerden hem bilip bolýar bu adamlaryň ikiýüzlidigini, ýagny bu adamlar Watansöýer, ahlakly, kämil düşünjeli kişiler däl, göni tersi, asyl mesele hem şol.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]