00:06 Ünssüz bolmañ! | |
ÜNSSÜZ BOLMAÑ!
Publisistika
Aýasofýa meselesi näme üçin soñky günleriñ baş temasyna öwrüldi? Sorag häzirlikçe şu duran ýerinde dursun, jogabyna soñrak dolanyp geleris... Arhitektura taryhymyzy “Fossati doganlar” bolmazdan göz öñüne getirmek mümkin däl. Gaspare Fossati (1809-1883) bilen Žuzeppe Fossati (1822-1891) şweýsariýaly doganlar. Gaspare Fossati 1833-nji Russiýa gitdi, üç ýyldan soñ Peterburgda köşk arkitektory adyna eýe boldy. Rus patyşasy Gaspare Fossatini Stambuldaky rus ilçihanasynyñ ýerine uly we haýbatly bina gurmaklygy tabşyryp, Stambula ýollady. Gaspare ýanyna çagyran Žuzeppe Fossati bilen bile 1838-nji ýylda ilçihana binasynyñ gurluşygyna başlady. Binanyñ dabaraly açylyşy 1845-nji ýylda bolup geçdi. Ilçihananyñ gurluşygy dowam edip durka, 1847-nji ýylda Soltan Abdylmejit Fossati doganlary köşge çagyrdy we olary Aýsofýanyñ restawrasiýa işlerini ynandy… Şol döwür... Kawalaly Mämmet Aly paşa topalañynda Osmanly döwletine ýardam eden Russiýa bilen gatnaşyklarymyz Balkan ýurtlary sebäpli juda ýaramazlaşypdy. Diplomatik gatnaşyklary göwnejaý ýöredýändigi bilen tanalan Abdylmejit Russiýanyñ ilçihanasyny guran Fossato doganlara Aýasofýanyñ restawrasiýasyny “yumşama syýasaty” sebäpli tabşyrypdy. Aýasofýa Russiýanyñ prawoslawlary üçin mukaddes saýylýan ýerdi. Bu taryhy maglumaty-da bir gapdala goýalyñ, häzir muña-da dolanyp geleris... Düýn "Hürriyet" gazetiniñ baş sahypasynda şeýle makala çykdy: “Baş ýepiskop hetdini aşdy!” Afinanyñ baş ýepiskopy Ýeronimus Aýasofýanyñ metjide öwrülme talabyna: “Bu bir oýun. Türkiýäniñ muña het edip bilmejegine ynanýaryn” diýipdi. Sözler degnaña degijidi. Ýazgymyñ üstüne goşjaklarym entek gutaranok: ■ ABŞ NIREDEN PEÝDA BOLDY? Iýun aýynda yzly-yzyna täsin çykyşlar boldy. Biri Prezidentiñ kömekçisi Fuat Oktaýa degişli... Ýene biri Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluna. Olar şeýle diýdi: “ - Türkiýe we ABŞ - Liwiýa meselesinde bilelikde hereket etmegi meýilleşdirýär. Ýoldaş Trampam muny oñaýlady we biziñ derejämizde, ýagny Daşary işler, Goranmak ministrleriniñ derejesinde, howpsuzlyk gulluklarynyñ derejesinde bilelikde iş alyp barmak barada görkezme aldyk. Häzir tehniki işgärlerimiz gepleşikleri alyp barýar. Bärde bilelikde hereket etmegimiz sebitiñ asudalygy we Liwiýanyñ gelejegi üçinem möhümdir…” Çykyşlary diñlänimde şeýle diýdim: “Liwiýa meselesini Russiýa bilen gepleşik geçirip çözüp durkalar, şü ikiarada ABŞ bilen näme üçin bilelikde hereket edip başladykka?” Siriýada bolşy ýaly Liwiýada-da Russiýa bilen hyzmatdaşlyk edemzokmydyk? CIA-nyñ ýarak iti Haftere garşy Liwiýada urşamzokmydyk? Şu ýylyñ başynda Moskwada parahatçylygy üpjün etmek boýunça gepleşiklere başlamanmydyk? Russiýanyñ Hafterli meseläni harby ýol arkaly çözüp bilmejegini we başlanan parahatçylyk gepleşiklerini böwetländigini eşitmänmidik? Şindi birdenkä ABŞ nirden peýda boldy? Şeýle-de, Goranmak ministri Hulusi Akar bilen rus kärdeşi Sergeý Şoygunyñ arasynda Liwiýa boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek gepleşikleri dowam edip ýörkä, ministr Akaryñ ele geçirlen rus markaly hüjüm ediji wertolýotyñ öñünde BBC-ä interwu bermesine nähili düşünmeli? Gürrüñsiz, Türkiýe Liwiýa babatda köpugurly daşary syýasat ýöredip biler, ýöretmelidirem. Meniñ ünsümi çeken zat - Russiýa bilen aramyza çöp atmak üçin kimdir birileriniñ düwmä basyp-basmandygy... Munuñ bilen baglanşyklylykda FETÖ eli bilen düşürlen rus uçaryny-da ýatlatmak isleýärin... Ortada ýeterlik esasly sebäpler ýokka, bugünki gün birdenkä Aýasofýa çekişmesi hut şu sebäpli merkezimize oklandymyka? Hawa, maksat Russiýa bilen gatnaşyklarymyzy gaýtadan bozmakmy? Kim ol “barmak?” Galyberse-de, Russiýanyñ Prawoslaw buthanasynyñ Ukraina meselesi sebäpli bize “sary kart” görkezendine we ABŞ-nyñ gysajynda hasaplanýan grek baş ýepiskoplarynyñ degnaña degiji çykyşlaryna hut şu nukdaýnazardan baha bermeli dälmi? Türkiýäni Russiýa garşy kimler gylawlandyrýarka? ■ FETIHIÑ SIMWOLY Hemişe diýen ýaly gazediñ meñ paýyma berýän burçunda "(wakalary) okap bilme (analizleme, seljerme) ýumagynyñ ujuny" görkezýärin: Deñeşdirmeli taryh! Aýasofýanyñ 1935-nji ýylda muzeýe öwrülme karary barada çekişmä girjek bolsañyz, onda hökman şol ýyllaryñ Türkiýesiniñ Günbatar we SSSR bilen syýasy gatnaşyklaryny doly bilmek gerek. Biz Türkiýe respublikasyny 1923-nji ýylda gurduk. Emma, Günbataryñ gözi bize şonda-da Osmanly hökmünde garaýardy we olar üçin baş maksadtmyz gaýtadan Osmanly imperiýasyny gurmakdy! Olar bize özlerine abanan howp hökmünde garamaklaryny bes edenokdylar... Buthanany metjide ýa-da metjidi buthana öwürmek fetih syýasatynyñ simwolydyr. Biz şol döwür Rumyniýa, Gresiýa, Ýugoslawiýa bilen Balkan ylalaşygyny baglaşdyk. SSSR bilen diñe dostluk däl, ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny etmek baradaky ylalaşygy-da baglaşypdyk. Ynha... Şol wagtdan başlap, fetih meýlimiziñ ýokdugyny ýer ýüzüne görkezmek üçin Aýasofýany muzeýe öwrüpdik. (Özem hut şü psihologik propoganda arkaly Hataýy çäklerimize goşduk.) Häzir… Liwiýa meselesinde iñ dogry syýasat ýöredip durkak, fetihçi görünmek üçin Aýasofýany metjide öwürjek bolýarysmyka? Heý, bular ýalam bir daşary syýasat ýöredilermi? Özem... Russiýany garşymyza dikjek bu howply syýasatyñ Türkiýä berjek ýeke peýdasyny görkezip biljek barmy? Ýatladýaryn: Russiýa bilen bozulan gatnaşyklary düzeltmek islän Soltan Abdylmejit özüni birdenkä iñlisler-fransuzlar bilen bile Russiýa garşy turzulan Krym urşunyñ ortasyndan tapdy oturyberdi! Ünssüz bolmaweriñ!.. Soner ÝALÇYN. "SÕZCÜ" gazeti, 08.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |