20:28 Uruş jenaýatdyr!.. | |
URUŞ JENAÝATDYR!..
Publisistika
Eýýäm birnäçe gün bäri endişe içinde Russiýanyñ Ukrainany basyp alyşyna syn edýäris. Hemmeleriñ kellesinde şol bir soraglar aýlanýar: Deñ däl şertlerde güýji agdyklyk edýän rus goşunynhñ garşysynda Ukraina haçana çenli goranyp bilerkä? Şirin janlaryny orta goýup watan goragyna çykan ukrainalylar rus basybalyjylarynyñ öñüne taýak oklap bilerlermikä? Günbataryñ sanksiýalary Russiýany yza ätdirip, gan akmagyny togtadyp bilermikä? Belorussiýadaky atyşygy bes etmek hakyndaky gepleşiklerden oñyn netije çykarmyka? Uruş hem Russiýa, hem Ukraina bilen ýakyn söwda gatnaşygyny saklaýan ýurdumyzyñ ykdysadyýetine näderejede täsir ederkä? Bu sowallara jogap gözlände, prinsipial we jogapkärçilikli işleýändigini, dogry habar berýändigini bilýän çeşmelerimizi saýlap, demimizi dürsäp, maglumatyna we bitaraplygyna bil baglap boljak gorag-strategik hünärmenleriniñ näme diýjeklerine seredýäris. Gowurdan we ýerliksiz şowhundan uzak habarçylyk nusgasyny görkezýänlere gulak gerýäris. Uruşda birinji zyýan çekýän zadyñ "hakykatdygyny" bilýäris. Çünki uruş sensurany getirýär, hakyky bolan wakalar ýaşyrylyp ýa-da "duşmana" zyýan berip biljek görnüşde ýoýulyp, üýtgedilip bilinýär. * * * Ikinji jahan urşy hakynda ýañy-ýañy öwrenen käbir hakykatlarymyz bize hakykatyñ orta çykmagynyñ käte on ýyllara çekýändigini görkezýär. * * * Birnäçe ýyllap ARENA-da bile işlän gadyrly dostum, abraýly aragatnaşyk hünärmeni, professor Haluk Şahin: "Putiniñ Ukraina girmegi bilen başlan soñky uruşda ýagdaý öñküsindenem bulaşyk. Biz bu uruşa taryhyñ ilkinji "hakykatdan soñky" (post-truth) urşy diýip bileris” diýýär. Sözlerine düşündiriş berende-de şulary aýdýar: "Okkupasiýa günlerinde köp ulanylýan aragatnaşyk torlarynyñ başyny sosial mediýa gorlary çekýär. Facebook, Twitter, Instagram, TikTok we ş.m. we bularyñ bäsdeşleri bilen. Gizlin gulluklar, trollar, aýakçylar, jansyzlar iş başynda. Agalyk sürüji aragatnaşyk serişdeleri uruşlara-da möhürlerini basýar. Aýdýarlar: gülkünç hereketleri we mimikalary bolan Gitler telewizion eýýamynda beýgelip at alyp bilmezdi. Telewideniýe ABŞ-nyñ Wýetnamdaky ýeñlişiniñ sebäplerinden biridir. Göni ýaýlymdan görkezmek bilen Pars aýlagy urşy CNN-iñ urşy boldy. Arap ýurtlaryndaky uly tolgunşyk Twitteriñ üsti bilen gabarypdy… * * * Bu gezek Ukrainada taraplar, ýagny Russiýa bilen ABŞ sanly aragatnaşyk tehnologiýalarynyñ üstünden garpyşýarlar. Bularyñ möhürini uran soñky on ýyly "hakykatdan soñky" (post-truth) döwür hökmünde tanalýar. Hakyky bolan zatlaryñ däl-de, ýaýradylýan zatlaryñ öñe geçen, hakykatlaryñ ussatlarça ýugrulyp-ýasalyp başgaça görnüşe salynýan, ýalanlaryñ, toslamalaryñ köpeldilip, sanly gorlar arkaly ýaýradylýan döwri… * * * Ukrain halky häzir diñe bombanyñ däl, ýalan habarlaryñ hem çabgasynyñ astynda. Ruslaryñ trol zawodlygyny etmäge ökdedigini, bu çozuşda emeli añyñ miwesi bolan aýakçy hasaplaryny-da ulanýandygy mälim. ABŞ bolsa dogrulara däl-de, ýüklemelere ýelmeşen sosial mediýa şereketleriniñ hojaýyny... Urşuñ esasy nyşanasy Kiýewiñ özünde ýaşaýanlaryñam hakykatda nämeleriñ bolup geçýändigine doly düşünmeýändikleri, bilmeýändikleri aýdylýar. Çünki ol ýerde ýarym ýalanlar bilen ýarym dogrylar başa-baş gidişýär..." * * * Geçen gün Odatv-de Ukrainada düşürilen ýaly edilip ýaýradylan onlarça ýazgynyñ aslynda birnäçe ýyl öñ dünýäniñ başga ýerlerinde ýazgy edilendigini subut edýän editorial seljermä tomaşa edenimde "Ýarym hakykatyñ aslynda birkemsiz we birnäçe bombadan has täsirli ýalandygyny" aýtmakdan özümi saklap bilmedim. * * * Mustapa Kemal Atatürküñ “Halkyñ ýaşaýyş-durmuşyna howp ýok ýerden uruşmak jenaýatdyr" diýen sözüniñ näderejede dogrudygyna ýene bir gezek tüýs ýüregimden ynandym. Ýürekden örtenip "Uruşa nälet!" diýip haýkyrdym! Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 02.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||