UTANJAÑ OGLAN
Törde sarsman oturan ýigidiň böwrüne suňşuryp:
— Nämedir bir zatlar aýtjak bolsaň, aýt-da, çüý ýuwdan ýaly bolup oturma-da. Näme, agzyň ýaşmaklymy — diýip, ejesi pyşyrdap diýen ýaly gepledi. Oglanyň birdenkä ýüzi üç ýuwlan esgä döndi. Gürlemeli bolsa, agzyndan sözüni çekip almaly oglanyň ozalam saly suw üstündedi. Ejesiniň bir tarapdan gyssamasy bolsa, ony otdan alyp, suwa atýardy, suwdan alybam oda. Çig bişen garpyz ýaly ýüzüni dürli hilli öwüsdirip, ejesine baka çalaja egildi:
— Özüň aýdaýsana-aý, eje. Men-ä utanýan.
Gyz häliden bäri näme diýilýändigini aňşyrmasa-da, oglanyň kakylan gazyk ýaly sömelip oturşyny halamady. Şonda-da göwnüne kine getirmän, oňa birgeňsi bakmasyny dowam edýärdi. Gyz seretdigiçe, oglanyň ýüzi hem gyzaryp gidip barýardy. Yraň-daraň atyp oturşyna, turup gidibererli görünýärdi...
— Söýýänligiňi aýt, wessalam! Onsoň biz turaly...
Oglanyň ejesi iň soňky sapar oglunyň böwrüne symsyklanda, oglan ýerinden böküp gitdi. Indi oňa häzir diýseň amatly pursat döräpdi. Ol gyzyň göreçleriniň içine seredip, özünde uly güýç toplap, garaşylýan sözleri diýmäge çalyşdy. Bokurdaga dykylyp gelen sözler aňry hem gidibermän, şol ýerde tegek bolup galdy. Ahyry ejesine tarap boýnuny uzadanyny özi hem duýmady:
— Eje, men-ä utanýan-laý. Bolmasa, özüň aýdyp goýbersene.
... Aşyrgulynyň ejesiniň göwün düwünçegine düwen arzuwlary bolmalysyndaky ýaly amala aşmady. Eneli-ogul gyzy öýlerine çenli ugradyp, yzlaryna – öýe dolandylar. Gyrasy çaýyrly, obanyň gaýrasyny alkymlap gidýän inçejik ýodadan haýdaşyp baryşlaryna, ejesi Aşyrgula käýinýärdi. Onuň käýinmesiniň jany hem ýok däldi. Aşyrguly üçin gyz saýlanyp tutulsa-da, gyz bilen oglany duşurmak oňa iş bolupdy. Onuň ähli sebäbi-de Aşyrgulynyň utanjaňlygy bolupdy. Ol gyz bilen duşuşmakdan kes-kelläm boýun gaçyrdy. Nämemiş, gyz bilen oglanyň duşuşygy köne döwrüň däbimiş.
Aşyrgulyny öýermek barada gürrüň gozgalanda, ene-atasy ilki onuň bilen maslahatlaşmagy ýüreklerine düwüpdi. Onuň işden gelerine garaşyp, gelen dessine, öňlerinde keserdip oturtdylar. Iki ýerden «hüjüme geçildi»:
— Gyz ýaly utanyp ýörmezler. Tutarlar biriniň „ýakasyndan“...
— Öz ýakasyny ýyrtdyrmasa, il ýakasyndan tutasy ýok-la bi.
— Heý, seniň halaýan gyzyň dagy barmy? Ýa biziňki bilen kanagat edip oturjakmy sen?!
— Bardyr-la, halaýan gyzy, adyny aýtmaga-da gaýrat gerek. Ol utanýar ahyry.
Soňsuz gyjalatlaryň astynda mumly ýüplüge dönen ýigidiň ýüzi boz-ýaz boldy. Gabagyny ýerden galdyrman, zordan dodaklaryny müňküldetdi. Bu soragly nazarlara jogap bermese, ene-atasynyň öz gününe goýmajakdygyny magat göz ýetirdi. Ol müýnürgäp oturşyna, ene-atasyna naýynjar garaýşyny dikip, şu güne çenli diline alybilmän ýören sözlerini orta atdy:
— Tirkiş agalaryň gyzy Melikelere baryp görüň!
Hakykatdan-da, Aşyrgulynyň apalap ýören söýgüsi Melikedi. Ol ony heniz mekdep partasyndaka göz astyna alyp ýördi. Haçandyr bir wagt söýgülisiniň kimdigi soralanda-da, ol Melikäniň adyny aýtmagy berk ýüregine düwüpdi.
Melike bilen duşuşmak gezegi gelende, Aşyrgulyny ýene utanjaňlyk basmarlady, onuň bilen duşuşmak islemedi. Hernäçe hötjetlik etse-de, şol gün Aşyrgulynyň ejesi doganlarynyň birine haýyş edip, bir otagda gyz bilen oglany duşurdy. Oglunyň häsiýetine belet bolansoň, özü-de olaryň ýanynda bolmagy ýüregine düwdi. Ýöne oglan ýeke agyz söz gaçyrmasa nädersiň. Hatda söýýänligini hem ejesiniň „dili“ bilen aýdypdy.
Garynja gatnawynyň edilmegi bilen ahyry gudaçylyk meselesi çözüldi. Ähli zatlar çöp döwlen ýaly boldy: Melike toý tutulmagyna razylyk berdi. Toý sähedi-de bellendi. Ýöne bir mesele biynjalyk etdi durdy. Aşyrguly utanjaňlygy zerarly ýeke gezek Melike bilen gürleşmek islemeýärdi. Onuň aşa utanjaňlygy sebäpli, tutuş maşgalanyň aladasy artypdy.
Toý edilmegine sähelçe gün galanda, Aşyrgulynyň ene-atasy onuň daşyna geçdi. Ilki sözi ýaşululyk hormaty bilen ata başlady:
— Oglum, şu ýygralygyňy zyňyp taşlamasaň, kösener ýörersiň. Melikäniň göwnüni göterip, oňa öz söýýänligiňi duýduraýmaly ekeniň. Ejeň dili bilen gürläp, näme, öz diliňe ot bitdimi?! Ol seniň üçin ýat ýeriň maşgalasy däl ahyry. Seniň öz saýlanyň, öz halanyň...
Enesi has-da dözümli gepledi:
— Hawa, özüň Melikeleri salgy berdiň, gör diýdiň. Gördük, taň etdik. Oňa söýýänligiňi aýtmasaň, aýyp bolar ahyry.
— Biz dagy ýaşkak şunuň ýaly sözleri ululara ýetirmezdik. Ökjämizden ot syçrardy.
— Gyz göwni näzikdir. Sähelçe hoşamaý söze göwnüni beriberer. Şu güne çen Melike ýaly gyza söýýänligiňi üç ýola dagy duýduryp ýetişmeli ahyry. Allanäme maşgala.
— Toýdan soň duýdursaň, bolanydyr-da... — diýip, ýigidiň sapalak atjak bolany hem şoldy weli, enesi onuň agzyndan sözüni kakyp aldy:
— Toýdan soňkusy bilen işimiz ýok, häzirkisi has wajyp.
— Melike janyň näme göwni bar. Söýýänligiňi dagy aýtsaň, monça bolar, begener.
Birdenkä ýel berlen şar ýaly çişip, duýdansyz atylyp turan ýigit hüňürdäp, goňşy otaga ýöneldi:
— Aý, meniň özümem sizsiz başymy çararyn-la. Aýtmanyňyzda-da...
Ýeňsesini el ýaly eden oglanyň bu sözlerine ene-atanyň ikisiniň-de haýýatlary göçdi.
... Esli wagtlap Aşyrguly otagyndan çykmansoň, onuň gapysynyň gädiginden jyklajagam bolmadylar. Ýöne birhaýukdan soň, penjegini geýip çykan oglanyň nirä barýandygyny ene-atasam, jigi-doganlaram soramady. Diňe ejesi „Nirä?“ diýende, onuň „hiç ýeri“ diýenini eşidip galdylar.
Şol gün Aşyrguly „hiç ýere“ bahanasy bilen göni Melikelere barypdy. Bir-iki gün öňem bir gysym bolup oturan oglanyň, gel-gel, bu gün dogumly hereketleri gyzy geň galdyrdy. Ýöne bu hereketler gyzyň näzik göwnüni şeýle bir göteripdi weli... Bu oglan üçin kemem ýaramady. Ol hem-ä ene-atasynyň öňünde „ýüzli“ boljakdy, hemem öz göwni aram tapypdy.
... Aşyrgulylaryň köçesinde toý tutulýandygyny eşiden obalylar haýdan-haý toý lybaslaryny geýmek bilen boldular. Hawa, hakykatdanam, Melike bilen durmuş toýuny tutdy. Şeýle toýlaryň özlerinde-de bolmagyny arzuwlan oba gyzlary ol toýuň şagalaňy, gyzgalaňy baradaky gürrüňleri soň-soňlaram agyzlaryndan düşürmediler...
Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Hekaýalar