09:40 Utulmakdan öte | |
UTULMAKDAN ÖTE
Sport we turizm
Dünýäniñ iñ populýar sport pudagy bolan futbol segseninji ýyllardan bäri neoliberalizm bilen industrial iş şahasyna öwrüldi. Ligalaryñ we klublaryñ sport, maliýe, ykdysady gurluşlary düýpgöter üýtgedi. Futbol globallaşdy: oýunlar aşa konkurent "erkin bazarda" oýnalýan oýna öwrüldi... Futbol pudagynyñ adatdan daşary maliýe öñegidişliginde neşir, reklama girdejileri we sponsorlyk esasy paýdaş eýesi boldy. Meselem, diñe ýewropa futbolynyñ ykdysady dolanşygy 50 milliard ýewrodan geçdi. Özem ýewropa futbol pirogynyñ 60%-ni iñ güýçli bäş liga - Angliýanyñ Premýer-Ligasy, Ispaniýanyñ La Ligasy, Germaniýanyñ Bundesligasy, Italiýanyñ "Serie A"-sy, Fransiýanyñ 1-nji ligasy (Ligue 1) jemleýär. Ýagny: Futbol diñe üstünlik bilen çäklendirilmeýär. Haýsy üstünlikden näçe girdeji gazanyp biljekdigiñizi göz öñünde tutmaly bolýarsyñyz. Ynha... Industrial futbolyñ maliýe we sport taýdan iñ möhüm ähmiýetli bäsleşigi bolan Çempionlar ligasyndan toparlara düşmek ugrundaky oýunlarda utulyp "ikinji liga" düşen "Galatasaraý" FK-nyñ baş tälimçisi Okan Buruk ikinji liga bolan Ýewropa kubogy ugrundaky ýaryşda öñe saýlanmak üçin tagalla etjekdiklerini" aýtdy. Serediñ: Çempionlar ligasyna gatnaşýan 36 topara jemi 2 milliard 437 million ýewro paýlanýar. "Galatasaraý" utulmadyk bolanlygynda diñe toparlara girendigi üçin 30 million ýewro paý almalydy. A "Ýewropa ligasyna" gatnaşandygyñ üçin bary-ýogy 2.9 million ýewro! Ýene bir gyzykly mysal bereýin: Çempionlar ligasynda ýeñşe berilýän pul sylagy 2.8 million ýewro bolsa, Ýewropa ilagasynda 0.6 million ýewro! Girdeji taýdan alanda tapawudyñ şeýle uludygyna seretseñizläñ! Ýeke söz bilen başdan sowup goýberiljek mesele däl bu utulyş... * * * Biziñ günlerimizde futbol klublary söwda kärhanasyna, janköýerleri-de müşderä öwrüldi. Emma: Ýurdumyzda bu zatlaryñ hasabyny soraýanam ýok, hasabyny berýänem, ýagny "it eýesini, pişik bikesini tananok". Pikir etseñizläñ, klubyñ başlygy we baş tälimçi şeýlekin uly girdeji paýyndan binesip galandygynyñ hasabyny bermän, şowsuzlyklaryny birki agyz lakgy-lukgy bilen başdan sowýarlar. Meseläni diñe "ýeñmek-ýeñilmek" diýip kesgitleýär. Pul ýitgisi, maliýe kynçylygy kimiñ piñine? Köýnekçe-şorti satuwlaryndan biletlere çenli 5-3 teññe üçin janköýeri uzyn-uzyn nobatlarda dikilgazyk edýän klubyñ adminstrasiýasy girdeji ýitgisiniñ hasabyny berenok. Näme üçin bersin, býužetden başga olardan hasap soraýan barmy! Her näme-de bolsa döwletiñ gaznasyndan garynlaryny ýallaýarlar... Bar bilýän zatlary-da "futbolda bular ýaly zat bolýar". Ullakan ýalan, ynanmañ muña. Bu eýýäm näçenki sýurpiz? Soñky bir ýyldaky alty oýun - Daniýanyñ "Kopengageni", Çehiýanyñ "Sparta Pragasy", Şweýsariýanyñ "Ýong Boýsy" bilen bolan oýunlar we birmeñzeş netijeler. Beýle-de bir uly standart gyşarma sýurpiz bolmaz-a... Bu sözde sýurpriz netijelere tertip-düzgünsizligiñ, akylsyzlygyñ, geleñsizligiñ, iş bilmeýänligiñ netijesi diýilýär... Bu oýunlaryñ netijesiniñ düýp sebäbi kemterlik, çig-çarsylykdyr: toparyñ başynda analitiki garaýyş ýok. Bu dolanyşyk diñe Anadoly toparlaryny ýeñse ýeterlik. Topar we klub professional derejede dolandyrylmaýar. Bu köne garaýyşyñ düýbünden üýtgemegi gerek. Otelçi Dursun beý otelini şeýdip dolandyrýarmy? * * * Öz-özümizi aldamalyñ: Dört uly klublar başlyklaýyn Türkiýäniñ futbol toparlarynyñ ýeri - marka gymmaty Ýewropanyñ ikinji ligasy. Nämüçin beýle? Ykdysady guramaçylygyñ pesliginiñ sebäbi nämede? Bular analiz edilmezden futbolda üstünlik gazanyp bolarmy? Düşünseñizläñ, soñuna saýman kel iýip köwser gägirýän tarhandökerlikleriñ yzy üzülmeýär. Girdeji getirýän önüm öndürmek we hyzmat etmek, netijeliligi ýola goýmak ýaly zatlaryñ pikirini edýän ýok... Ýewropada futbol industriýa pudagy bolup biler, bizde häzirem feodal düzgün agalyk sürýär. Ýeke mysal ýeterlik: Klublaryñ adminstrasiýasy amigolykdan aşyp bilenok! Ýolbaşçylyk etmegiñ garaýyşlary rasional däl... Aýratynam dört uly klublar ýurduñ ykdysadyýetine laýyklykda minimum çykdajy bilen maksimum peýda gazanjak bolmagyñ ýerine, oýunçylara edilýän ummasyz çykdajylar ýaly tersine hereket edýär! Janköýeriñ "wepalylyk-ygrarlylyk körlügi" eksplutatirlenýär... "Galatasaraýyñ" utulmagy bir-iki oýundan has añyrdaky bir zat. Futbol söwdanyñ bir pudagyna öwrülen bolsa, olar munuñ hasabynu bermeli bolarlar. Olar diñe utulmady, toparyñ marka gymmatyny-da juda pese gaçyrdylar. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 29.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |