08:14 Üýtgedip gurmak döwri -2: Ýerli demokratiýa | |
2. Ýerli demokratiýa
Publisistika
Bir döwletiň düzüminde durýandyklary sebäpli merkeziň yglan eden aç-açanlygyny şony islemeýän ýerli respublikalaryň ýolbaşçylaram barybir kabul etmeli bolýardylar. Hatda, özbaşdaklyk berlenden soň tankydy tutuş ýurt boýunça, resmi suratda gadagan eden Nyýazow hem şol wagtlar geçirýän şowhunly ýygnaklarynda özüne mahsus bolan ýalan ýylgyryşy bilen döredijilere ýüzlenip: «Sizem bizi tankyt ediberiň...» diýen bolýardy. Bu öňde-de bir däliniň birini kowalap-kowalap, yzyndan ýetensoňam barmagyny döşüne degrip: «Indi sen meni kowala...» diýşine meňzeýärdi. Aslyýetinde welin Nyýazow tankytdanam, demokratiýadanam öler ýaly gorkýärdy. Ol zatlary halka bermekligi ýol berilmesiz bir gorkuly zat hasap edýärdi. Şolar ýaly ýagdaýda göreşmek kyndy. Şeýlede-de bolsa, şol döwür bizem ýerli metbugat serişdelerinde ýurduň iň bir «wawwaly» meselelerini gozgamaga, halky dil, özbaşdaklyk, ýerüsti we ýerasty baýlyklarymyza eýelik etmek baradaky göreşlere çagyrmaga ýetişipdik. Ýöne, Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Nyýazow biziň ähli göreşlerimize iňňän erjellik bilen garşy çykýardy, soýuzdan çykmazlyk, ýurtda ikidillilik syýasatyny girizmek barada gürrüň edýärdi. Merkezde bolýan uly ýygnaklarda özbaşdaklyga ymtylýan respublikalaryň liderleriniň garşysyna terslin-ogrynçaga-da teýeneli sözler aýdylýarsy, SSSR-i saklap galmaklygyň tarapdarlaryny iki eli bilen goldaýardy. Özüniň SSSR döwri çagalar öýünde terbiýe almak bilen özüniň döwlet ýolbaşçysy derejedine çenli ösüp ýetişendigi üçin diňe SSKP-ä, Sowet hökümetine minnetdardygyny uly münberden, uly buýsanç bilen aýdýardy we tä iň soňky demine çenli ony gorajakdygyny, şoňa wepaly bolup galjakdygyny terkarlalaýardy. Demokratiýa welin gelmeli menziline hökman geläýmeli otly ýaly, ol islese-islemese kem-kemden golaýlap gelýärdi. Onuň dabaralanjakdygynyň ikuçsyzdygy, durmuşyň ähli pudaklarynda uly-uly öwrülşikleriň bolup geçjekdigi bildirýärdi. Ýöne, öwrülişik döwrüniň islendiginde bolşy ýaly, üýtgedip gurmak döwrem gansyz, çaknyşyksyz bolmady. Içi iriňläp duran ýaralar dömýärdi, ýarylýardy, nijembir ýyllardan bäri üsti basyrylgy ýatan hyllallaly meseleleri ýüze çykarýardy. Azerbaýjanda, Ermenistanda, Täjigistanda özbek-gyrgyz serhetlerinde ýüze çykan käbir ganly çaknyşyklar biziň ozaldanam ýaýaplap ýören ýerli ýolbaşçylarymyzyň demokratiýa bolan gorkularyny hasam artdyrýardy, gorkuzýardy. Şonuň üçinem olar sähelçe maý tapdyklary halky demokratiýadan daşlaşdyrjak bolýardylar. Ony tire-taýpa dawalarynyň üstünden eltäýmeginiňem ahmaldygyny, Türkmen halkynyň demokratiýa taýýar däldigini diňe özüne mahsus başga bir ýol bilen gitmese, açyk demokratiýanyň türkmen däl milletleri ýurtdan çykarmak meselesiniň orta geläýmeginiň hem mümkindigini aýdyp merkezi ýolbaşçylaryň öňünde ýaýaplaşýardylar. Ýurdy özleriçe dolandyrmaklyga idin soraýardylar. Öz howsalalarynyň ýerliksiz däldigini subut etmek üçin hatda käbir bidüzgünçilikleri guramaçylyklaşdyrmakdan hem gaýtmaýardylar. Mysal üçin, 198... ýylyň maý aýynyň başynda ýaş ýetginjekleriň ýerli ermenilere garşy topalaň turuzjakdyklary baradaky habar halk içine birnäçe gün öňünden ýaýrady. Ýetginjekleriň birbada, göz üçin tutulyp, soň uçdantutma goýberilendigi hem bu iş gurnalandyr diýip pikir etmäge esas döredýär. Demokratiýa döwri dörän topalaňlaryň öňi bilen Türkmenistanda dörändigini merkeziň özünde Nyýazowyň birnäçe gezek dile getirendigini hem nazara alsak, onda şol işiň hakykatdan-da gurnalandygyna hiç hili şek-şübhe galmaýar. Şol işden Nyýazowyň gazanan utugy şeýle: «Görýäňizmi, demokratiýa ýol açdygymyz biziň halkymyz Türkmenistanda ýaşaýan beýleki milletleriň, şol sanda orslaryňam başyna ine, şular ýaly oýunlar salarlar». Çekeleşikler bolsa barha güýçlenýärdi. Soýuzyň düzümindäki respublikalaryň hersi bir tarapa çekýärdi. Gorbaçýowyň respublikalara ykdysady, medeni, ylmy özbaşdaklyk berip, syýasy bütewiligi saklap galmaklygy göz öňüne tutýan «täzelendirilen soýuz» syýasaty bolsa hiç bir jähtden ýol almaýardy. Kompartiýanyň, Soýuzyň üstüne edilýän hüjümleriň aňyrsynda hem edil bolşewikleriňki ýaly häkimlik, kürsi dawalarynyň ýatandygyny entek köpler aňmaýardy. Sarizmiň ýykylyp, «proletar diktaturasynyň» emele gelmegi bilen boljak ýagt y durmuşa garaşyşy ýaly bu gezek hem halk kompartiýa diktaturasynyň ýykylmagy bilen gowulyga tarap uly öwrülişik bolar, ajap eýýama geler öýdýärdi. «Aý, garaz, her niçik hem bolsa şondan-a gowy bolar-da...» – diýen pikire uýýardy. Mahlasy, birtopar aç gurduň öňüne oklanan bir bölek et ýaly çar tarapa çekelenýän demokratiýanyňam, ony halka beren adamyňam haly teňdi. Ýöne, ol her hal yza dönmeýärdi, ony yzyna aljak bolup tutha-tutluklara ýüz urmaýardy, garşydaşlaryny yzarlamaýardy, ejizlemeýärdi, özüni iňňän mert hem dogumly alyp barýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |