08:23 Üýtgedip gurmak döwri -3: Täze öwüsginiñ bady bilen | |
3. Täze öwüsginiň bady bilen
Publisistika
B.Ýelsiniň baştutanlygyndaky uly bir topar hut öz beren demokaratiýasyny ulanmak arkaly M.S.Gorbaçýowy iş başyndan çetleşdirmekligiň, ýollaryny agtarýan bolsalar, SSSR Goranmak ministri Ýazowyň, Prezidentiň orunbasary Ýanaýewiň, Premir ministr Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky başga bir topar ony soýuzyň öňki imisalalygyna tarap dolanmaklyga dyrjaşýardylar. Ýelsiniň tarapdarlary köpdi. Çünki, halky ýetmiş ýyllap imansyzlyga ündän hususy eýeçiligi ýok eden, Staliniň ýolbaşçylygynda öz halkynyň garşysyna repressiw çäreler geçiren kompartiýa hakykatdan-da gözden düşüpdi. Özüni ýigrendiripdi, arabasy «jygyldap» ugrapdy. Täze öwüsginiň bady bilen, Gorbaçýowyň syýasatyna gldaw hökmünde açylýan täze jemgyýetleriň halk hereketleriniň partiýalaryň täsiri bolsa ýurt boýunça gün-günden artýardy we kem-kemden uly güýje öwrülip barýardy. Türkmenistanda welin täze döwrüň talaplaryna gabat gelýän islendik jemgyýet, gurama, hatda ýygnanşyklardyr, üýşmeleňler hem şol döwür ýarym gadagançylyk görnüşine eýe boldy. Merkeziň ýörelgesine boýun bolmalydyklaryna görä, Türkmenistanda täze jemgyýetlere hamala diýersiň rugsat edilýärdi, ýöne, aşaklyk bilen dürli päsgelçilikler döredilýärdi. Oňa gatnaşyjylar, hususan-da onuň ýolbaşçylary yzarlanýardy, ýokarlaryk, «dostluklu» gürrüňçiliklere çagyrylýardy, gara sanawlara girizilýärdi. Şeýle kynçylyklara TSSR Ylymlar Akademiýasynyň ýanynda bellige alnan «Agzybirlik» halk hereketi hem sezewar edildi. Ýöne, «Agzybirlik» halk hereketi barada gürrüň etmezdin ozal, ýalnyň çawy Nyýazowyň ýüzüne çalarak çabrap geçen «Köpetdag meselesi» barada bäş-üç agyz söz aýtmagymyz gerek. ...1988-nji ýylyň 21-nji apreli, ýagny, «üýtgedip gurmak» syýasatynyň tüýs bir jeýhun döwri, on-onki sany ýaş dörediji on manatdan pul goşup, Köpetdag restoranyna ýygnandylar. Şolaryň arasynda menem bardym. Ýygnanşygyň syýasy äheňi ýokdy we Ata Gowşudowyň kyrk-elli ýyl bäri ýitdi diýlip ýörlen ine indem birden-kä tapylaga-da «üýtgedip gurmaklygyň» zarbyna çap edilen, Gökdepe urşy barada gürrüň berýän, «Perman» romanyny, şeýle hem «üýtgedip gurmak» döwründe ýaş ýazyjy-şahyrlaryň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdy. Çünki, Gorbaçewyň beren demokratiýasy, senzuranyň aýrylmagy, kyrkdan geçendigimize garamazdan henizem ýaş döredijiler hasap edilmän biziň kalbymyzy joşdurýardy, täze-täze sepgitlere ruhlandyrýardy, syýasatyň demir penjesinden sypyp, erkin döredijilere öwrülmek höwesi zehinlerimizi heýjana salýardy. Galyberse-de, hökümetiň hut özi Gorbaçewiň syýasatyny goramaklygymyzy haýyş edip, bizi göreşe, kömege çagyrýardy. Ýöne, şol döwür syýasatçylaryň özleri syýasata garşy gidýärdiler we Gorbaçewiň beren demokratiýasyny bizden-ä gabanýardylar, il-günden bolsa gysganýardylar. Şol häsiýetlerine laýyklykda olar biziň şol günki ýygnanşygymyza hem gabanjaňlyk duýgusy bilen garaýardylar. Şol ýygnanyşykda içgi içilmedi, döwlete garşy, syýasata degişli gürrüňler edilmedi, emma, hut şol günüň ertesi ýygnanyşyga gatnaşan on-onki adamyň tas ýarysyndan diýen ýaly Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetine we Türkmenistan Komuunistik partiýasynyň Merkezi Komitetine ýazgy üsti bilen «şugulnama» düşdi. Elbetde, hökümet ýolbaşçylary şol şugulnamanyň esasynda ýygnanşyga gatnaşanlara ýowuz daradylar diýip bolmaz, ýöne, gürrüňçilikler we düşündiriş çärelerini welin geçirdiler. Restorana barar ýaly puly nireden alandygymyz bilen gyzyklandylar. Biz: «On manat pulmy?» diýdik. «Aý, şonda-da, tapanjaňyzy öýüňizdejik iýip-içibermeli ekeniňiz-dä», diýdiler. Biz muňa kemsindik. Çünki, restronlarda birtopar biweç, ýurt düňderilse-de tüýleri gymyldamajak jalataýlar günüň-gününe ummasyz pul sowrup iýip-içýärdiler, keýp çekýärdiler, emma olardan «nämüçin restrona geldiňiz», «ýa-da onça puly nireden aldyňyz», diýip soraýan ýokdy. Bizden welin on manat üçin hasap soradylar. Onda-da, ýekeje gezek baranymyzda. Bu ýagdaý bizi iň bir ýönekeýje hukuklaryndan hem kesilen adamlaryň hatarynda goýýardy. Şeýle-de bolsa, ýagdaýa görä bolaýalyň diýen pikir bilen indiki gezek, ýagny bir hepdeden soň şahyr Şiraly Nurmyradowyň öýüne ýygnandyk. Gürrüňçiligiň örüsi öňküden giň däldi, ýöne şol wagtlar leningraddan Aşgabada göçüp gelen ýazyjy Akmyrat Şir haýsy hem bolsa bir jemgyýet gurmak baradaky rezolýusiýasyny orta atdy. Ýerli ýolbaşçylaryň ynjyklygyny göz öňünde tutup, biz häzirlikçe şolar ýaly jemgyýetleri döretmekdenem saklanmaly, diýen netijä geldik, rezolýusiýany ýygnamaklygyny Akmyratdan haýyş etdik. Gürrüňçilik şondan soň ýene-de edebiýatyň öňünde durýan meselelere syrykdy. Magtymgulydan gürrüň edildi. Soňy mesaýy söhbetdeşlige, iň soňunda-da aýdym-saza ýazdy. Şol günüň ertesi ýene-de MHK-ä we MK-ä biziň kimiňkide, kimler bolup oturandygymyz barada habar düşdi. Onda kimiň näme diýendigine, hatda gijäniň ýaryna deňiç meniň dutar çalyp aýdym aýdandygyma çenli jikme-jik beýan edilipdir. «Ýokarkylary» hususan-da orta oklanan «rezolýusiýa» ynjalykdan çagyran bor-a çemeli, olar şonuň tekstini talap edip, şol oturylyşygy gurnaýjylar hasap edilýän Şiralyny, Akmyrady hem-de Bapba Gökleňi yzly-yzyna «gupbaly jaýa» çagyryp ugradylar. Akmyrat öz rezolýusiýasyny gizlejegem bolmady, gaýtam uly höwes bilen görkezdi. Hojaýynlaram onuň içinden «monjuk» gözleşip oturmadylar. Oglanlaryň hersi bilen birküç gezek gürrüňçilik geçirip «höre-köşe» etdiler-de «işi» ýapdylar. Şeýlelikde, öz aramyzdakylaryň tas, ýarpysynyň diýen ýaly şugulçylardygy belli boldy. Biz olaryň kimlerdigini güman etdik. Gümanymyz dogry bolubam çykdy. Şol şübheli adamlar soň ýazyjylar soýuzynda, Prezident köşgünde, Ministrler Kabinetinde, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we beýleki döwlet edaralarynda wezipeli orunlary eýelediler. Ýоkarky wakаdan bir ýyl gоwrak sоň, hаýsydyr bir deрutatyň ýоlbaşçylygynda täzе jеmgyýet dörеdiljekmişin diýеn hаbar ýaýrаdy. Оnuň ýуgnanyşygy ýаlňyşmaýan bolsаm 1889-njу ýуlyň аwgust аýynyň başlаrynda, Мerkezi lеktoriýanyň mеjlisler zalуnda gеçirildi. Elbеtde, оl wаgt jеmgyýet еntek rеsmi däldi, аnyk аdy, ýоlbaşçysam ýоkdy. Оny аçjak deрutat bоlsa nämе üçindir özüni ykjаm duýmаýardy. Вerilýän sоraglara аnyk wе dоgumly jоgap bеrip bilmeýärdi. Мazaly üstündе «işlеnen» bоlsa gеrek indiki ýуgnanyşyk güni оglanlar оny еlleri çуraly gözläbеm taрyp bilmеdiler. Jеmgyýet wеlin оl bоlmasa-da, bаrybir dörеdildi. Оňa: «Аgzybirlik» jеmgyýeti diýiр аt gоýdular. Nurbеrdi Nurmämmеdowy оnuň başlуklygyna sаýladylar. Нudaýberdi Нallyýew, Şirаly Nurmуradow, Bарba Göklеň, Dörtgulу Bаýsähеdow dаgylar bоlsa оnuň еgindeşleri diýliр уglan еdildiler. «Agzybirlik» jemgyýetiniň ýygnanyşygy özüni resmi taýdan bellige alan TSSR YA-nyň mejlisler zalynda, aýda bir gezek, agşamlaryna geçirilýärdi. Oňa ýeke bir şäher zyýalylary däl, eýsem golaý etraplardaky obalaryň işçi-daýhanlaram gatnaşýardylar. Dogry, ol ýerde edara, döwlet ýolbaşçylaram gelýärdiler, ýöne, olar jemgyýetiň işine goltgy bermek üçin däl-de, päsgel bermek üçin gelýärdiler. Jemgyýet tarapyndan orta atylýan her bir teklibe garşy durýardylar. Türkmenistanyň Dil kanunynyň «Agzybirlik» jemgyýeti tarapyndan döwletiňkä bäsdeş hökmünde işlenilip düzülen nusgasy ara alnyp maslahatlaşylanda bu gapma-garşylyk hasam ýitileşdi. Şol ýygnanyşykda Türkmenistan radiosynyň we telewideniýesiniň ýolbaşçylaram, hatda TKP MK-nyň idelogiýa boýunça sekretaram bardy. Jemgyýetde entek agzalyk, sanaw ýola goýulmandy. Geleniň-gideniň sanawy ýöredilmeýärdi. Çem gelen adam gelip gapydan giribilýärdi, söz alyp çykyş edibilýärdi we islän wagty çykyp gidibilýärdi. Şonuň üçinem, zalyň içinde jemgyýetiň işine göz-görtele garşy çykýan ýolbaşçy işgärlerden başga agzalalyk döretmek üçin, ondan-mundan assyrynlyk bilen gödek gygyryşýan «çawuşlaryňam» bardygy köre hasa görnüp durdy. Olaryň şahsyýetini anyklamak, çäre görmek bolsa mümkin däldi. Ýygnanyşyk öz akymlaýyn geçýärdi. Ana, hut şolar ýaly, öz işini guramaçylyksyz alyp barandygy, şeýle hem dil meselesi, Gökdepe galasynyň synan gününi bellemek ýaly derwaýys meseleleri orta atyp, halka özlerinden has ileri durmak bilen, hökümet ýolbaşçylarynyň böwrüne artykmaç sanjy bolup ýapyşandyklary, şeýle hem onuň agzalarynyň Türkmenistan döwletiniň şol wagtky Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ikidillilik, SSSR-iň düzüminden çykmazlyk ýaly syýasaty bilen ylalaşmandyklary üçin «Agzybirlik» jemgyýeti ýapyldy. TSSR YA-nyň belliginden öçürildi. Onuň esasy sütünleriniň biri Şirаly Nurmуrat toslama töhmet bilen, birnäçe wagtdan soň tutuldy. Iş kesildi. Basyldy. Aşgabada gaýdyp gelmekligi özi üçin garaňky görüp, ol möhleti dolmazdan öň özüni Orsyýet türmeleriniň birine «etap» etdirdi, boşandan soňam şol ýerde galdy. Soňy bilen ol özüni ol ýerdenem Ýewropa atdy, özüni oppozisiýadaky şahyr diýip yglan etdi we «Azatlyk» radiosy arkaly çykyş edip başlady. «Agzybirlik» halk hereketiniň egindeş başlygy ýazyjy Нudaýberdi Нally hem birnäçe gezek näbelli adamlar tarapyndan taýak iýip, öýi otlanandan soň, tutuş maşgalasy bilen ýurtdan çykyp gitdi we ýalňyşmaýan bolam Mýunhenden Praga göçüp gelen «Azatlyk» radiosyna işe durdy. Ýöne, ol näme üçindir o ýerde ýiti-ýiti çykyşlar etmedi, köplenç soňky habarlary okamak bilen çäklendi we bize belli bolmadyk sebäplere görä, çykyş etmesini kem-kemden bütünleň goýdy. Birnäçe wagtdan soň ýene-de onuň sesi eşidilip ugrady. O zatlaryň jikme-jik sebäbini biz bilemizok. Ony olaryň özleri öz ýatlamalarynda ýazarlar, diýip, umyt edýäris. «Agzybirligiň» turuwbaşdaky işjeň agzalarynyň biri Mämmеt Sähеt bolsa, biziň «Azatlyk» radiosy arkaly eşidişimize görä, Amerikanyň Kolorado ştatyna gitdi, baran döwürleri «Azatlyk» radiosy bilen içgin aragatnaşyk saklady, emma birnäçe wagtdan soň o-da çykyş etmesini goýdy we syýasy sahnadan bütünleň düşüp gitdi. Akmuhammеt Wеlsapar özüni Moskwa atmak bilen, başda «Azatlyk» radiosynda iňňän işjeň çykyşlar etdi. Emma Şwesiýa barandan soň welin çykyş etmesini ilk-ä seýrekletdi, soňam näme üçindir bütünleý kesdi. Diňe birnäçe ýyldan soň, ýagny, 2004-nji ýylyň aýaklaryndan soň ýene-de çykyş edip başlady we birdenkä ýene-de dymdy. Soň-soňlar seýregrägem bolsa ýene-de sesi eşidilip başlady. «Agzybirligiň» agzalary bolan şahyr Bapba Gökleň, ýazyjy Аkmyrat Şir, hеýkelçi Mоmmy Sеýitmyrat dagylaryň hersi bir dürli ýagdaýlarda ýogaldylar. Jemgyýetiň başlygy Nurbеrdi Nurmämmеt bolsa biraz soňrak, kimdir biri bilen bolan önümçilik dawasy netijesinde tussag edildi we birnäçe aýdan soň «toba» getirilip türmeden boşadyldy. Az-kem dymandan soň, hususan-da Türkmenaşy ýogalyp, ýurt başna Berdimuhamedow geçenden soň, ol hem ýene-de öňküsi ýaly «Azatlyk» radiosynda çykyş edip başlady. «Agzybirlik» jemgyýeti her-hal, soň-soňlaram, başly-baradrak, ygym-sogumrak hem bolsa işledi ýördi. Ýöne, onuň işi özara ýygnanyşyklardan, gürrüňçiliklerden daşa gitmedi. Oňa mümkinçiligem bolmady. Başga bir jemgyýet bolsa ýokdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |