13:03 Üýtgedip gurmak döwri -4: Ýaşlar geñeşi | |
4. Ýaşlar geňeşi
Publisistika
Täze dörän öwüsginiň bady bilen, Ýazyjylar soýuzynyň ýanynda «Ýaş ýazyjylar geňeşi» diýibem bir guramamy ýa jemgyýetmi, nämedigi belli däl bir zat döredildi. TKP MK-nyň ideologiýa boýunça sekretary, ýazyjy Hudaýberdi Durdyýew ýörite gelip bu barada ýazyjylar bilen gürrüňdeşlik geçirdi, täzelik hökmünde şolar ýaly bir zadyň gerekdigini aýtdy we pikiri goldanandan soň oňa jemgyýetçilik esasyndaa ýolbaşçylyk etmekligi maňa tabşyrdy. Başlygynyň bolşy ýaly onuň sekretary, geňeş topary hem bardy. Umuman, ol gurluşy boýunça öz öňünde duran Ýazyjylar birleşigini gaýtalaýardy. Onuň niýeti gowudy. Ýazyjy-şahyrlara hossarlyk etmelidi, olaryň eserleriniň gazet-žurnallarda çap edilip durulmagyny, iň gowy awtorlaryň ýazyjylar birleşigine kabul edilmeklerini gazanmalydy. Üstesine täze syýasata öz goşantlaryny goşmaklyk, M. S. Gorbaçewiň beren demokratiýasyna daýanyp ýurtdaky düýpli meseleler baradaky ýiti-ýiti makalalary bilen gazet-žurnallaryň sahypalarynda, radioda, telewideniýede çykyş etmeklerem talap edilýärdi. Biz ýazyjy-şahyrlar bilen aýda bir gezek geçirilýän ýygnanşyklarymyzda özbaşdak bolmak, soýuzyň düzüminden çykmak barada gürrüň edýärdik diýsem-ä ýalançy, ýöne, hökümet we partiýa tarapyndan öňümizde goýlan meseleler, edebiýatyň, sungatyň, ylmyň, bilmiň täze syýasata goşmaly goşandy, hususan-da dil meselesi, ýerüsti we ýrasty baýlyklarymyza eýelik etmek barada döwrelaýyk, aç-açan gürrüňçilikler, çekeleşikler geçirýärdik, radiodan, teleýaýlymlardan, gazet-žurnallardan adam çagyrýardyk, olaryň üsti bilen gürrüňçiliklerimiziň mazmunyny ile ýaýýardyk. Ýöne, şol materiallarymyz çap bolandan ýa-da radioda berilenden soň barybir ýokarda erewde-berewlik başlanýardy. Ýa-ha ol ýerden kimdir biri gelip ýazgyly lentany gaýtadan diňleýärdi, teksti okap görýärdi, ýa-da jaň edip, redaksiýalardan, radiokomitetden ýazgyly lentany ýa onuň kagyza ýazylan tekstini MK-1 getirip gitmeklerini haýyş edýärdiler hem-de şol ýerde üýşüp diňleýärdiler ýa okaýardylar we içinde göze görnüp duran zat tapmasalar sessiz-üýnsiz yzyna getirip gidýärdiler. Soň olar biziň çykyşlarymyzy çap bolmazdan ýa efire gitmezinden öň gözden geçirip başladylar we köplenç: «Häzirlikçe saklanmaly» diýen bellik bilen yzyna getirdiler. Bu olaryň sypaýyçylyk bilen gadagançylyk girizdikleridi. Mahlasy, şol wagt merkeziň syýasatyna görä, senzura ýok diýen ýalydy we senzorlaryň etmeli işlerini indi ýolbaşçylaryň özleri ýerine ýetirýärdiler. Hernäçe göreşe çagyrsalar-da, olar aýdylýan täze pikirlerem, täze pikirli adamlaram halamaýardylar, düýpgöter gadagançylyk girizmäge bolsa, Moskwadan çekinýärdiler. Biz welin asyl-ha hiç kimi gyjyklamaýardyk we beýtmekligi asla göz öňüne-de tutmaýardyk. Diňe döwrüň talap edýän meselelerini gozgaýardyk, hususan-da türkmen diline döwlet dili hukugynyň berilmegi meselesine ürç edýärdik. Ýöne, entek-entekler üstüne SSSR-iň abanyp durandygy üçin, şol wagtky ýerli ýolbaşçylar bu meselä-de iňňän gorkuly garaýardylar. Baltika ýakasyndaky döwletleriň ýolbaşçylary ýaly öz hukuklaryny merdi-meýdanalyk bilen talap etmäge, öz halky bilen deň gopmaga bogunlary ysmaýardy. Bu bolsa olaryň hiç birinde-de öz halkyna, diline, taryhyna bolan söýgüniň, mähriň, milli buýsanjyň, duýgunyň ýokdugy, kalplarynda bürküldäp duran gyzgyn ýüregiň., ödüň, ganyň ýokdugy, bar bolaýanda-da ýüze çykaryp bilmeýändikleri bilen baglydy. Halk, ýurt başga birine bakna bolsa bolsun, ýöne, özleri öz kürsülerinden düşmese bolýa. O zatlaryň üstesine şol wagt halkyň syýasy işjeňligem pesdi. Olar öňe çykýan az sanly döredijilik işgärleriniň arkasynda durup bilmeýärdiler, göýä diýersiň ýurtda näme-nämeleriň bolup geçýändigindenem bihabar ýalydylar, şonuň üçinem, döwlet ýolbaşçylary halkyň aladasyny etmekçi bolýan zyýalylaryň hötdesinden aňsatlyk bilen gelýärdiler. Birnäçesiniň bolsa agzyny jaý, maşyn, wezipe ýaly imrindiriji «lukmalar» bilen ýapýardylar , bu barada bir gün Nyýazowyň hut özi telewideniýe boýunça çykyş edip: «Ine, gördüňizmi öňüňize düşüp ýören adamlaryň kimlerdigini? Olar siziň üçin ýa ýurt üçin däl-de, diňe öz bähbitleri üçin göreşýärler, zat berseň lal-jim bolýarlar» diýdi. Gynansak-da, döredijilik işgärleriniň arasynda şolar ýaly adamlaram bir ýa iki däldi. Has düşnükli edip aýtsak, beýleki respublikalaryň ýolbaşçylary-ha öz halkynyň arzuw-isleglerine, hak-hukuklaryna arka durup, imperiýa garşy halk bilen deňine çykyş edýärdiler, azatlyga, erkinlige halk bilen bilelikde ymtylýardylar, bilelikde göreşýärdiler, biziň ýolbaşçylarymyz bolsa öz halkynyň göwün-islegini basmarlamaga, imperiýanyň demir zynjyryndan boşamazlyga, öňki gulçulyklaryny ýitirmezlige dyrjaşýardylar. Imperiýanyň däl-de, milli buýsanjy bolan ogul-gyzlarynyň garşysyna göreşýärdiler, olary aşaklyk bilen yzarlaýardylar. Il içinde işläp ýören nökerjikleri bolsa, olara janlaryny gaýyrman kömek edýärdiler. Şu jähtden bir tymsaljyk aýdaýyn. Üýtgedip gurmak döwrüniň ilkinji ýyllarynda dil meselesine degişli bir hekaýa ýazanym ýadyma düşýär. Üns beriň, makala däl-de hekaýa! Çeper eser. Bütinsoýuz metbugatyň talabyna laýyklykda ol hekaýa gazetde çap edildi. Ana, şol hekaýanyň barypýatan milletçilik duýgy bilen ýazylandygy, iru-giç ýygnajak bolsalar meni ýygnamak üçin amatly pursatyň dörändigi baradaky şugulnama bilen bir ýaş ýazyjy-ha MHK-ä ýüz tutdy, dil-edebiýat ugrundan Uniwersitetde mugallym bolup ýören başga bir alym ýaşuly bolsa ( Ylymlaryň doktory), meniň meselämi Ýazyjylar soýuzynyň nobatdaky plenumynda goýmak üçin, prawleniýä ýazmaça ýüzlendi. Ýöne, prawleniýäniň agzalary onuň ol teklibini ret etdiler we öz aralarynda maslahatlaşyp seminaryň gün tertibininden aýyrdylar. Ýaş ýazyjynyň çakan çawuşy welin boş gitmedi. Meniň şol hekaýamyň üstünde kiçi-girimem däl-de, MHK tarapyndan metbugat öýüne gözegçi goýlan zapasdaky polkownik tutş üç aýlap işledi. Ol redaksiýalaryň, neşirýatlaryň baş redaktorlaryndan, Ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçylaryndan şol hekaýa baradaky pikirlerini sorady, ýeke-ýeke düşündiriş aldy. Emma, olaryň hemmesem oňa şol hekaýanyň döwrüň talabyna görä ýazylandygyny onda hiç hili milletçilik ýokundysynyň ýokdugyny düşündirdiler. Şunuň özem eýýäm döwrüň milletçilik bilen milliligiň garjaşdyrylýan, döredijileriň haku-nähak Sibire sürgün edilýän ýa-da üç adamyň gelen netijesi bilen tama söýelip atylýan döwri däldigini subut edýärdi. Şeýdip, ol gürrüň galdy. Ýöne, onuň bilen bar zat düzelip gidibermedi. Çünki, Gorbaçýowyň «üýtgedip gurmak» syýasatynyň berenlerini biz-ä aljak bolýardyk, ýolbaşçylar bolsa bermejek bolýardylar. Demokratiýa gözümize görnüp durdy, ýöne biz oňa el ýetirip bilmeýärdik. Garşydaşyň öz içiňde bolsa onda-da öňüňe düşmeli adamlaryňdan bolsa, edýän işiň, hereketiň paltany daşa urandan enaýy bolmaýar. Ol akylly-başly ewolýusion hereketi däl-de, rewolýusion göreşleri talap edýär. Halky şoňa itekleýär. Rewolýusin ruh welin taryhyň sapaklaryna ters gelýärdi. Şoňa ylmy taýdan göz ýetirip etmese-de, öz tebigy hüý-häsiýetine görä türkmen halky göreşiň şol usulyndan saklanýardy. Dymýardy. Syýasy taýdan özüni sus alyp barýardy. Çünki, halk özüniň milli kimligi boýunça atarman, çaparman, taryhy mütdetden alanyňda ýap-ýaňy atdan düşürilip, elinden gylyjy alnan türkmen halkynyň aňy entek syýasylaşyp ýetişmändi. Gany doly sowaşmandy. Onuň üçin münbere çykyp takal okamakdan, ýörüşlere çykmakdan ata çykany, gylyç syrany aňsatdy. At welin ýokdy. Gylyjam ýokdy. O zatlar onuň elinden bir wagtlar Gökdepe urşunyň yz ýany Skobelew tarapyndan alnypdy. Şonuň üçinem ol dymýardy. Edil, sowet zamanasynda dymyşy ýaly dymýardy. Erkinligiň nämedigini bilmändigi üçin däl-de, onuň ýollaryny başga zatda görýändigi üçin, oňa bolsa öňem, soňam mümkinçiligi bolmandygy, asyl-ha bolmajakdygy üçin dymýardy. Onuň öňüne düşer ýaly täzeçil pikirlenip bilýän, syýasy taýdan düşünjesi ösen, Baltika ýakasy döwletleriniňki ýaly halk bilen bile gopýan milli duýguly, öňdebaryjy şahsyýetler gerekdi. Ýaşlаr sоweti bаradaky söhbеtimize dоlanyp gelsеk, dаmarlarymyzda türkmеn gаnynyň akýаndygy sеbäpli, bizеm kаnuny tаlaplaryň çägindеn çykуbam bilmеýärdik, оňa hakymуzam ýоkdy. Çünki, biz Ýаzyjylar soýuzуnyň рrawleniýesiniň gаramagynda durýaёаrdyk, özbаşdak kаnuny hukugуmyz, ygtyýаrymyz ýоkdy. Şоnuň üçinеm, biz diňе ylalаşykly ýоllary sаýlap аlýardyk. Аýdýan pikirlеrimizi iňňän sуpaýyçylyk bilеn, çekinjеňlik bilеn аýdýardyk. Аç-açаnlygyň öz öňümizdе goýаn wezipеlerine, bеren mümkinçiliklеrine kаnuny ýоllar аrkaly, akуlly-bаşly çemеleşmekligiň ugurlаryny agtаrýardyk. Ýönе, bвrybir bizi uzаk еljiretmediler. Вir gün öýlänаralar ýуgnanyşyga gеlenimizde «açаr ýitdi» bаhanasy bilеn, bizi Ýаzyjylar soýuzуnyň mеjlisler jаýyna gоýbermediler. Вu ýagdаý ýуgnanyşyga gеlen ýаşlary kеjikdirdi. Olаr Ýаzyjylar birlеşiginiň bаşlygyndan düşündiriş tаlap еtdiler. Еgerde, jаýyň аçary bеrilmese ýуgnanyşygy hоwluda gеçirjekdiklerini аýtdylar. Emma beýtmek bolmaýardy. Onuň şäher häkimligi tarapyndan «sanksiýalaşdyrylmadyk miting» hökmünde kabul edilmegi we köp adamlaryň süýrelmegine sebäp bolaýmagy mümkindi. Onsoňam ýaşlar geňeşiniň öz golastyndaky guramadygyna görä, Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň şo ýygnanyşygy geçirmezlige-de, geçirtmezligede, «ýokary» bilen iki agyz gürleşäge-de, Ylymlar Akademiýasynyň «Agzybirlik» jemgyýetini ýapyşy ýaly böwrüne sanjy bolan artykmaç dert hökmünde ony «tarp-turp» ýapyp oturybermäge-de haky bardy. Soň görüp otursak, bu zatlaryň düýp sebäbi, biziň şol günki gün tertibimizde türkmen diline döwlet dili hukugynyň berilmegini talap edip, Ýaşlar geňeşiniň adyndan TKP MK-ä hat ibermek baradaky meseläniň durandygy ekeni. Muny olara biziň öz içimizden kimdir biri öňünden duýduran bolmaly. Ine, şujagaz tymsalyň özem şol wagt aşaky gatlak bilen ýokarky gatlagyň arzuw islegleriniň juda çapraz gelendiginiň aýdyň subutnamasy bolup biler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |