13:17 Üýtgedip gurmak döwri -5: Oduñ ýanýan ýerinde | |
5. Oduň ýanýan ýerinde
Publisistika
Umuman, ýaşlar geňeşiniň işini döwrebap alyp gitmeklik mümkin däldi. Başgaça bolsa meniň işläsim gelmeýärdi. Şonuň üçinem, men ol işiň jogapkärçligini öz boýnumdan aýryp, öňden ýüregimde besläp ýörşüm ýaly, Moskwa, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň ýanyndaky Edebiýat institutynyň iki ýyllyk Ýokary edebiýat kurslaryna okuwa gitmekligi ýüregime düwdüm. Kurslara başga hünärden ýazyjylyga gelen we SSSR Ýazyjylar soýuzynyň agzasy bolan adalar kabul edilýärdi. Asly kärimiň suratkeşdigi, şeýle hem Ýazyjylar birleşiginiň agzasydygym üçin meniň kanditaturam oňa hemmetaraplaýyn gabat gelýärdi. Şonuň üçinem, girişiň şertlerine görä, käbir hekaýalarymy rus diline terjime etdirip, şol ýere iberdim. 1989-njy ýylyň awgust aýynyň aýaklaryna hem ol ýerden çakylyk aldym. Haýal etmänem ýola düşdüm. Institutyň ýedi gatly umumy ýaşaýyş jaýynyň ikinjiden altynjy gata çenlisi gündizki bölümde okaýan talyplar üçin bolup, ýedinji gaty biziň ýaly iki ýyllyk kurslara gelenler üçin. Birinji gatda hiç kim ýaşamaýar. Ol iki bölek bolup, günbatar tarapy-ha umumy ýatakhananyň işçi otaglaryndan, gelen-giden ata-eneler üçin niýetlenen kiçeňräk myhmanhanadan, ondan sähelçe ulurak kinozaljagazdan we sport zaljagazyndan, komendantyň iş kabinetinden ybarat. Gündogar bölegi bolsa dürli iş bilen Moskwa gelip-gidýän ýazyjylar üçin myhmanhana bolup hyzmat edýär. Ýedinji gatdan biziň herimize otag berdiler. Maňa 707-nji otag düşdi. Şeýle hem biziň pasportlarymyzy şol ýatakhana iki ýyllyk ýazgy etdiler. Ýüz elli manat aýlyk belediler. Soň ony iki ýüze ýetirdiler. Bu elbetde, köp pul däldi, ýöne her niçik hem bolsa şol döwrüň ýagdaýyna görä oňşarlyk bolýardy. Kurslarda poeziýa, proza, dramaturgiýa, şeýle-de ýewreý dilini öwrenýänler üçin «idiş» toparlary işleýärdi. Poeziýa bölümine belli rus şahyry Ýuriý Kuznesow, proza bölümine ýazyjy, «Literaturnaýa Rossiýa» gazetiniň baş redaktory Ernst Iwanowiç Safonow, dramaturgiýa bölümine meşhur sowet dramaturgy Wiktor Rozow ýolbaşçylyk edýärdi. Olar esasan seminar sapaklaryny alyp barýardylar. Beýleki derslerden bolsa dürli-dürli mugallymlar sapak berýärdiler. Okuw erkindi, gyzyklydy. Şonuň üçinem, juda zerur işiň çykaýmasa, ýekeje sagadam sypdyrasyň gelmeýärdi. Çünki, seminar ýolbaşçylarymyzyňam, beýleki sapaklar boýunça okuw geçýän mugallymlarymyzyňam medeni, ylmy, syýasy we ykdysady düşünjeleri ýokarydy, bilimleri güýçlüdi. Ýeke bir biziň eserlerimiz ýa umumy edebiýat barada däl, eýsem syýasaty hem goşmak bilen, islendik tema boýunça öz pikirlerini, garaýyşlaryny çekinmän, arkaýyn aýdyp bilýärdiler. Deputatlaryň öten agşam telewideniýe arkaly eden çykyşlaryny ertesi biziň öňümizde durup, ilik-düwme seljerip berýärdiler. Çykarylýan täze kanunlar, syýasy liderleriň özlerini alyp baryşlary baradaky tükeniksiz sowallarymyza takyk we dogruçyl jogap bermekligi başarýardylar. Şeýle-de, Moskwa täzeçe gaýnap joşýan ägirt uly soýuzyň merkezidi. Çeşmäniň gözbaşydy. Oduň ýanýan ýeridi. «Üýtgedip gurmak» döwrüniň esasy wakalarynyň dünýäni sarsdyrýan syýasy özgerişlikleriň ählisi şol ýerde bolup geçýärdi. Ähli meseleler şol ýerde çözülýärdi. Şol döwür şol ýerde ýekeje aý myhmançylykda bolup gaýtmaklygyň özem kän zat berýärdi. Aşgabatdaky ýaly gytçylyk, kartoçka ulgamy elbetde, ol ýerde-de bardy, ýöne, Moskwa ýazgy edilendigimize görä, Moskwalylaryň kartoçka düzgüninden biz hem doly peýdalanýardyk. Durmuş, syýasat babatda aýdylanda Moskwanyň Aşgabatdan tapawutly eri demokratik güýçleriň durmuşa jemgyýete, syýasata edýän täsiri ähli ýerde, aç-açan duýulýardy. Döw;et düzgüniniň könelişen, poslan we çat açan nurbatjyklarynyň gowşandygyny, halys sandan çykyp barýandygyny demir dyrnaklarynyň uçlary dünýäniň dört burçuna ýaýran, «KOMMINIZM» atly ägirt uly mehanizmiň çagşaýandygy, sistemanyň iň soňky deminde urunýandygy bildirýärdi. Ýeke bir Sowet Soýuzyna girýän sosialistik respublikalaryň däl, eýsem sosialistik lagere girýän beýleki dünýä döwletleriniňem süňňi sarsýardy, süýekleri lerzana gelýärdi. Kremliň esasy otagyndaky baş kürsä göz diken Ýelsin bolsa irim-aram Gorbaçýowyň aýagyny köwýärdi, kompartiýanyň garşysyna aýgytly we batyrgaý çykyş etmek bilen elini bäsdeşiniň ýakasyna barha we barha golaýlaşdyrýardy. Ýelsiniň Gorbaçýow bilen edýän barlyşyksyz tutluşyklary gazetlerde, žurnallarda, radiodyr-teleýaýlymlarda yzygiderli, aç-açan berilýärdi. Ol hakda dokumental filmler döredilýärdi. Men Kurslaryň proza bölümine gatnaýardym we baran günümden basa oturyp işläp başladym. Trolleýbusly instituta gidip gelen ýa çeperçilik sergilerine, muzeýlere hem-de teatrlara baryp gören bolaýmasam esli wagtlap şähere çykmadym diýen ýaly. Hatda meşhur «Arbat» köçesine-de tas, bir ýyldan soň baryp gördüm. Biziň bolýan ýedi gatly ýatakhanamyzda goşalandyrylyp goýlan iki sany lift bardy. Biz okuwa başlan döwrümiz şolaryň ikisem kadaly işleýärdi. Bäş-üç aý geçenden soň şolaryň biri aram-aram döwülmäni çykardy. Bejerseler birnäçe gün işledi-de, ýene-de durdy. Käte bolsa uzak wagtlap bejerilmän ýatdy. Bir özüne kyn düşdümi nämemi, soňabaka beýleki liftiňem «ah-wahy» artyp başlady. Şu gün bejerip gitseler ertesi günortana galman ýene-de ýatdy. Käte üçünji, dördünji gata çenli yraň-daraň edip, tutuş süňňi bilen sandyrap, alaşakyrdy turzup gidýärdi-de, ýa-ha şol ýerde doňup galýardy, ýa-da şaglap yzyna gaýdýardy. Şonda, öz barmaly gatlaryna ýetibilmän yzyna gaýdan pyýadalar ala-goh bolşup liftden çykýardylar-da, ýokarlygyna tarap, basgançakdan-basgançaga ätmerleşip ugraýardylar. Liftiň içi adamlyka durman gidip, ýokarky gatlaryň birinde doňup galýan pursatlaram bolýar. Şonda, tä ussa gelip çykarýança, içinde galanlaryň güpür-tapyrlaryndan, goh-galmagallaryndan ýaňa durar ýaly bolanok. Ussalar gelip bejerdim edip giderler welin, olar öýlerine ýetip-ýetmänkäler lift ýene-de döwler. Ertesi gelip gaýtadan bejererler, birigün barybir hatardan çykar. Ahyry, olaryň ikisinem düýpli bejertdim etdiler. Ýöne, onuň bilenem ýagdaý üýtgemedi. Gaýtam şondan soň liftleriň hersi bir gatda doňup galmany çykardy. Biraz wagtdan soň bolsa olar asla ortaky gatlardan aňry gidibem bilmediler. Biri zoraýakdan dördünji gata dyrmaşsa, beýlekisi çygyla-çygyla ölümiň öýünde üçünji gata çykdy. Iň soňunda ikisem üçünji gatdan yza gaýdyp başladylar. Soň ikisiniňem ahyrky menzilleri ikinji gat boldy. Garry göhert ýaly sandyr-sandyr etdiler-de, şondan aňry gidibilmän duran ýerlerinde oýkanjyraşdylar durdylar. Bejerip ýadadylarmy ýa bejererden geçdimi, baralymyza bir ýyl diýlende olaryň çepkisin-ä düýbünden goýbolsun etdiler, sag tarapkysynyňam işläninden işlemedik güni köp boldy. Işlän günem ýaýkanjyrap zordan üçünji ýa dördünji gata ýetdi-de: halys bizar boldum men sizden, düşüň boýnumdan, diýýän ýaly endam-jany bilen digdenekläp durşuna «şakyr-şukur» gapysyny açdy. Şonda düşüp ýetişseň-ä ýetişeniň, ýetişmeseňem «şaglap» aşak gaýdýar-da göz açyp-ýumasy salymyň içinde birinji gata ýetýär we oturýerini gülçüldedip ýere urýar. Urgy güýçli bolup söýesi egrelýämi, nämemi sag-aman ýere düşäýeninde-de gapysy açylman masgara edýär. Ýaman ýerem käte nokadyny bassaň-basmasaň «wazlap» ýokary gidýär-de, hiç ýerde säginmän göni üçünji gata barýar we säginmän ýene aşak gaýdýar. Şeýdip ýarym günläp dynuwsyz gatnap ýörýän wagtlaram bolýar. Egerde şolar ýalyda kimdir biri ýa-da birnäçe adam liftiň içinde galyp, daşynda galanlardanam kimdir biri olar bilen gürleşmekçi bolsa, onda ol lift ýokary galanda-ha alawagyrdy bolup basgançaklar bilen ýokarlygyna gidýär, lift aşak gaýtdygam basgançaklaryň ikisini-üçüsini birden almak üçin «patanaklap» aşak gaýdýar. Halys ysgyndan gaçan wagtam aralykda bir ýerde buz ýaly beton basgançagyň üstüne çökýär-de ýüregini tutup, «has-has» edip oturar we lift her gezek alaşakyrdy turzup gapdalyndan geçende içindäkä zordan bir söz aýtmaga ýa bolýan jaýynyň açarynyň nirededigini soramaga ýetişýär. Içindäki bolsa onuň jogabyny indiki gezek geçende ýa-da soňky gezekleriň birinde bermeli bolýar. Içindäkileriň käbirler-ä asla hiç kim bilen gepleşenogam-da, tä, ussa gelip lifti duruzýança we işigini açyp özlerini çykarýança liftiňem, lift bilen bilelikde çagşap barýan döwletiňem ne atasyny goýýar, ne enesini. Göwresini laýyk getirmek üçin gyşyk gapydan egreýlip, sozulyp-büzülip zordan çykandan soňam onuň «hoňňuldysy» ýatanok. Telim gezek golaýlap, her gezegem ýetibilmän, ýetse-de düşübilmän yzyna gaýdan gatyna tarap tumşugyny taýzardyp, ýegdekläp barşyna basgançaksaýy agzyndan gelenini aýdyp sögünýär. Bolýan jaýynyň gapysyna barandan soňam, açyp içine girenden soňam eňegi dek duranok. Liftiň şol gözgyny ýagdaýyny dargap barýan äpet soýuzyň düşen güni bilen deňeşdirýär. Ony şol güne salandygy üçin Gorbaçýowa, bejermekden geçen gaýtam hasam lagşadyp barýandygy üçin Ýelsine käýinýär. Gapysyny ýapandan soňam, düşegine girenden soňam bir zatlar diýýän bolmagy mümkin, ýöne men ony eşidemok. Ikinji, üçünji gatda dördünji gatda ýaşaýan talyplar- a gaty bir agyr ýükli geläýmeseler, liftden peýdalanjagam bolanoklar, onuň döredýän kynçylyklarynam gaty bir duýup baranoklar. Üstesine-de ýaş oglan-gyzlar. Güýç-kuwwatlary ýerinde. Şeýle-de bolsa olaryňam bäşinji, altynjy gatda ýaşaýanlarynyň welin şonda gaty horlanandyklaryny aýtmak gerek. Biz hakda-ha gürrüňem ýok. Köpümiz kyrkdan geçen adamlar. Üstesine-de bir gün däl, iki gün däl.. Aşgabatdaky jaýym dördünji gatda bolansoň, menem endigime görä, şoňa çenli nägerek eýle emgenmänräk çykýardym-da şondan aňyrsy juda ýokuş degýärdi. Şol günleri ýatlanymda, telim ýyl bäri işläp gelýän liftleriň şeýdip birdenkä lagşap durubermegini menem edil ýatakhanadaky studentler ýaly, SSSR kimin uly döwletiň süňňi bilen sandyrap, kä ýokary galyp, kä aşak inip, ahyram dargap gidiberşine, elleri kartoçka boýunça alnan azykdan doly torbaly, ýedinji gata çenli bolan aralygy göz çeni bilen ölçemek üçin bäbeneklerini dik depelerine dikip, halys ysgyndan gaçan ýadaw gadamlaryny aýlaw-aýlaw bolup gidýän basgançaklara ynamsyzlyk bilen basyşyp, başly-barat ýegdekleşip barýan kursdaşlarymy bolsa dargan soýuzyň aljyraňňy döwletlerine meňzedenimi bilmän galýaryn. Öz ýanymdan örän ýerlikli hasap edýän şu deňeşdirmämden soň meniň şol döwür barada şondan artyk bir zat aýdasymam elip baraýanok. Elbetde, SSSR-iň dargaýşy barada şol döwrem dürli pikirler aýdylýardy, häzirem dowam edip gidip otyr. Ol mundan buýana hem şeýle bolar. Syýasatyň häsiýeti şeýle. Onda hakykaty ýüze çykarmak kyn. Onda-da geçmeli möhleti geçip gutarýança. Mysal üçin kimdir biri SSSR-i M. Gorbaçýow ýykdy diýse, başga biri ony B. Ýelsiniň boýnuna atýar. Şol ikisi dil düwşüp ýykdylar, diýýänlerem bar. Ol ýykylyşykda Amerika ýaly uly döwletiň eliniň bardygynam aradan aýranoklar. Ýöne, biz welin bu barada belli bir zat aýdyp biljek däl. Oňa çakymyzam ýok. Çünki, ol zatlar biziň gözümiziň ýeterinden has ýokarlarda bolup geçdi. Dagy do lulygyna görmek üçin, ondan mazaly daşlaşmaly diýýän adamlaryňky megerem dogry bolsa gerek. Iki ýyllyk Ýokary Edebiýat Kurslarynda okan döwrümiň içinde men Sowet Ýazyjylarynyň delegasiýasynyň hatarynda on günläp, ýagny 1990-njy ýylyň noýabr aýynyň 7-sinden 17-sine çenli Kubada bolup geldim. «Türkmenistan» neşirýatynda bir kitap çykartdym, «Pöwrizäniň säheri» ady bilen Moskwanyň «Sowetskiý pisatel» neşirýatynda çykan ýaş türkmen prozaçylarynyň umumy ýygyndysynda meniňem bir toplum hekaýalarym çap edildi. Şol neşirýatda ors dilinde çykartmak üçin baran badyma bir kitaplyk golýazma tabşyrdym. Oňa milleti tatar bolan, Hankişiewa diýen bir edebiýatçy zenan tarapyndan syn ýazyldy we neşirýatyň planyna goşuldy. Emma, SSSR-iň dargamagy bilen «Sowetsikiý pisatel» neşirýatynyňam ýagdaýy üýtgedi we kurslary gutaryp Aşgabada gelenimden bir ýyl soň golýazmam poçta bilen yzymdan geldi. Ikinji kursuň gyş kanukuly döwründe Sarahsyň suw meselesini gozgap ýazan makalalarymyň esasynda «Türkmenfilm» kinostudiýasynda «Sarahsyň ykbaly» atly dokumental film surata düşürildi. Ol filmde men başdanaýak alypbaryjy hökmünde çykyş etdim. 1986-njy ýyldan bäri SSSR-iň halk artisti, režissýor Baba Annanow bilen «Zöhre-Tahyr» dessanynyň dürli nusgalary esasynda yşgy filmiň edebi ýazgysyny ýazyp ýördük. Ol «Türkmenfilmiň» 1990-njy ýyldaky iş planynda durdy we onuňam önümçilige goýberilen wagty meniň Moskwada okap ýören döwrüme gabat geldi. Ekran warianty bilen bilelikde, Telewideniýe we radio gepleşikleri boýunça SSSR-iň döwlet komitetiniň buýurmasy esasynda filmiň iki seriýadan ybarat telewizion warianty hem surata düşürildi. Baba Annanow filmi doly tamamlap bilmän ýogaldy. Film esli wagtlap konserwasiýada ýatdy we birnäçe ýyldan soň ol onuň oglysurata düşürilýän wagty bile işleşen ýoldaşy Kerim Annanow tarapyndan tamamlanyp ekrana goýberildi. Telewizion warianty Bütinsoýuz telewideniýe boýunça birnäçe gezek görkezildi. «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň «Zaman» hronikal-döredijilik birleşmesinde hem «üýtgedip gurmak» döwründe meniň edebi ýazgym boýunça, dil meselesine bagyşlanan «Tillerim», türkmen halkynyň gelip çykyş taryhy barada gürrüň berýän «Türkmeniň ahwaly», Sarahsly kör bagşy Çörli Alyýew baradaky «Men görýärin», «Oguzfilm» kinostudiýasynda bolsa «Salyr bagşylary» atly dokumental filmler surata düşürildi. Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň iň soňky gurultaýam şol döwre gabat gelipdi. (fewral 1991ý) we men oňa gatnaşmak üçin Moskwadan ýörite gelipdim. Umuman ol döwür gyzyklydy, entegem Moskwanyň täsiri astynda duran türkmen metbugatynda-da, edebiýat, sungat şahalarynda-da bolşuna görä, erkinlik bardy, öňe gidişlik duýulýardy, kynçylyk bilenem bolsa göreşmek bolýardy. Ýöne, gara buludyň golaýlap gelýändigini hem aňmak kyn däldi. Şu ýerde meniň Kuba gidip gelşimiz barada hem iki agyz söz aýdasym gelýär. Üýtgedip gurmak döwrüniň aç-açanlyk syýasatyna gabat gelmedik bolsa, ol gidişlige goşulmak maňa elbetde nesip etmezdi. Şol bir gidýän adamlar giderdiler. Muny Kubaly ýazyjylaryň özlerem belläp geçdiler. Ilkinji duşuşyklarmyzyň birinde: – Araňyzda SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň, Respublikan Ýazyjylar soýuzynyň başlyklarynyň, sekretarlarynyň ýa wezipeli adamlaryň ýoklugynyň özem SSSR-däki özgerişlikler baradaky eşidýänlerimiziň dogrudygyna güwä geçýär. Öňler bu ýere diňe ýazyjylar soýuzlarynda wezipeli orunlary eýeleýän adamlar gelýärdiler. Bu ýerde-de olary diňe wezipeli adamlar garşylaýardylar. Bizdenem diňe wezipeli adamlar gidýärdiler. Netijede, iki ýurduň arasynda «sekretarlar edebiýaty» emele gelipdi. Belki, indiden soň bu iki halk biri-biriniň, heniz ýüze çykman ýatan ýazyjylary bilen tanyş bolarlar, – diýdiler. Kubaly ýazyjylary öňi bilen SSSR-iň saýlap alan täze ýoly, gelejegi ünjä goýýardy. SSSR-iň sosializmden düýpgöter daşlaşmagyndan howatyr edýardiler. Günbatar Ýewropa ýurtlaryndaky birsyhly üýtgäp duran syýasy ýagdaýlar hem olary ynjalyksyzlandyrman duranokdy. Çünki , Kubanyň daşary söwdasynyň segsen prosenti şol ýurtlar we Sowet soýuzy bilen bagly eken. Şeýle hem olar Kubada köp partiýalylygy yglan etmekligiň ýurtda baş-başdaklygy döredäýmeginiň, şol başagaýlykdan Amerikanyň peýdalanaýmagynyň mümkindigini nygtaýardylar. Fidel Kastronyň golaýdaky: «Ýurdy halas etmeli, rewolýusiýany halas etmeli, sosializmi halas etmeli», diýen sözlerini goldaýandyklaryny syzdyrýardylar. Olaryň şygary şeýledi: «Rewolýusiýanyň şanyna islän zadyňy ýaz, rewolýusiýanyň garşysyna – hiç zat!» Şeýle-de bolsa olar özlerini sosialistik realizmiň guly hasap etmeýärdiler. «Biz hemişe-de erkindik, bu günem erkin» diýýärdiler. Kubanyň paýtagty Gawanadan onçakly daş bolmadyk San-Fransiskoda (Paulo munisipiesinde) meşhur amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýiň öý muzeýi ýerleşýär. Beýik ýazyjynyň ullakan mülki bar. Jaýlary ýönekeý, otaglary giň, ýagty. Içinde öý goşlaryndan başga aw enjamlary, ýaraglar, aw eşikleri hem saklanýar. Onuň ölemen awçydygyny sugunyň we beýleki haýwanlaryň diwarlardan asylgy şahlary, kelleleri, ýolbarsdyr-gaplaňlaryň derileri hem subut edýär. Howluda, esasy jaýyndan başga iki-üç mertebeden ybarat kiçiräk jaýjagaz hem bar. Äriniň asuda ýerde oturyp işlemegi üçin ony aýaly Meri gurdurypdyr. Ýöne, ýazyjy barybir ol ýerde däl-de, öýünde oturyp işlemäni gowy görýän ekeni. Howaly jaýjagazyň üstüne çykyp bolsa aýaly bilen Gawanany synlar ekeni. Mülkde giň howuz, üsti saýaly basyrma, birgiden meýdany tutup ýatan tokaýlyk hem bar. Aw güjükleriniň mazary hem şol ýerde. Olaryň bäşisi bir hatara ýatyrlar. Mazar daşlarynyň ýüzünde hersiniň ady ýazylan. Fidel Kastronyň we Kuba rewolýusiýasynyň dosty bolan Ernest Hemingueý bu mülki satyn alypdyr we ýalňyşmaýan bolsam ol ýerde on ýyla golaý ýaşapdyr we işläpdir. Bu mülk meniň ýadyma meşhur ors ýazyjysy L.N. Tolstoýyň «Ýasnaýa Polýanasyny» saldy. Ýeriň ýüzündäki behişde meňzäp duran şeýle owadan hem şypaly ýerde ýaşan, hiç zada mätäç bolmadyk, dünýä meşhur adamyň hut şu ýerde, şu jaýyň şu mülküň içinde öz-özüne kast edip ýogalandygyna hiç ynanasyň gelenok. Emma bu hakykatdanam şeýle. Soňky döwürlerde syrkawçylykdan kän ejir çeken ýazyjy ahyrsoňunda öz aw tüpeňi bilen özüni heläkläpdir. Bu waka 1961-nji ýylyň 2-nji iýunynda, ýerli wagt bilen ýedi sagat otuz minutda bolup geçýär. Süýji ukuda ýatan Meri Hemingueý tüpeň sesine oýanýar we adamsynyň ýatan otagyna tarap okdurylýar... ...Biz belli ýazyjy Aleho Karpentýeriniň öý muzeýine hem baryp gördük. Ol Gawanada ýerleşýär. Oňa ýazjynyň dul aýaly Miliýa Karpentýeri gözegçilik edýär. Ol bize öz adamsy barada gyzykly gürrüňler berdi. Kolumbiýaly ýazyjy, Kubalylaryň dosty, meşhur Gabriel Markes hem bu ýere ýygy-ýygydan gelýän ekeni. Ýöne, biziň saparda bolan döwrümiz ol Kubada ýokdy we onuň bilen duşuuşmak miýesser etmedi. Kubalylar mylaýym, ýuwaş häsiýetli ýumşak, mähirli halk. Tebigatam özleri ýaly hoştap. Çygly. Gyş ýok. Adamlar gyş eşik, ot-ojak diýen ýaly hysyrdylardan halas. Gyş aýlary bu ýerde «ýagmyrly döwür» diýlip atlandyrylýar. Daş-töwerek gök otlardyr-ösümliklere, bagy-bossançylyklara, palma tokaýlyklaryna bürelen. Ýurduň esasy baýlygy hökmünde nikel önümçiligini agzaýarlar. Syýahatçylyk we şeker çiňrigi ýurda gazanç getirýän esasy çeşmeler hasap edilýär. Ylmyň iň ösen pudagy – medisina. Elbetde, SSSR-de bolşy ýaly şol döwür ol ýerde-de azyk gytçylygy, talon, dollaryň Kuba pesosyndan rüstemligi duýulýardy. Köçelerdäki awtomaşynlaryň aglabasy sowet «žigulileri» ýa-da «moskwiçler». Halys şylhasy çykan «Fordlar» we beýleki amerikan maşynlary hem käte bir göze kaklyşyp gidýärler. Kurslarda bolan döwrümizde her dynç güni bizi Moskwanyň aýak ýeterinde bolan gadymy rus şäherlerine hem yzygiderli syýahata alyp gidýärdiler. Wladimir-Suzdal şäheriniň gadymy ýadygärlikleri, kosmonawtikanyň düýbüni tutujy Siolkowskiniň Tuladaky sadaja öý muzeýi. L. N. Tolstoýyň «Ýasnaýa Polýanadaky, agaçlaryň arasynda saralan ýapraklara bürenip ýatan ýönekeýje mazary, ajaýyp şahyr Sergeý Ýeseniniň Rýazandaky horaşaja külbesi, Nistra derýajygynyň boýunda ýerleşen, Nistra şäherindäki gadymy binalar hem gözýetimimizi giňeltmek babatda bize köp zat berdi diýsem ýalňyş bolmaz. Gyzgalaňly geçen kurslar şeýdip tamam boldy. Ýöne, döwrüň galagoply wakalary welin dowam edýärdi. Sowet adamlaryň ykbalyny çepbesine çöwürjek esasy wakalar syýasy öwrülişikler entek öňdedi. Emma biz döwletiň çagşap gitjekginden welin biz entek bihabardyk. Asla, hemmelerem bihabardylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |