02:07 Üýtgedip gurmak döwri -6: Kurslardan soñ | |
6. Kurslardan soň
Publisistika
Kurslary gutaryp gelşim ýaly maňa «Edebiýat we Sungat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasarlygy wezipesini hödürlediler. Ol orun köpleriň ýetip bilmeýän arzuwydy, ýöne meni özüne çekmeýärdi. Meniň ornum hudožnik hökmünde-hä ussahanamda, ýazyjy hökmünde-de öýmüzdäki iş stolumyň başyndady. Men muňa gowy düşünýärdim we wezipä ymtylmaýardym. Onsoňam ol wagtlar entek soýuz doly dargamandy, gonorarlar ýatyrylmandy we döredijilik bilen günüňi dolamaga doly mümkinçilik bardy. Galyberse-de, biziň ýaşlykdan alan terbiýämize görä, edarada oturyp sagatly işlenýän iş döredijiligiňem, döredijiniňem gyr duşmany hasap edilýärdi. Şeýle-de bolsa uzaga çeken çekeleşikden soň, iň bolmanda ýarym ýyl işläp bermek şerti bilen hödürlenýän işe razy boldum, ýöne, barybir dört aýdan uzak işläp bilmedim. Çykdym. Şol dört aýyň içinde orunbasaryň oturýan oturgyjynda ýekeje gezegem oturmadym. Gelen-gideniň oturýan ýerinde oturdym. Çünki, ol ýeri inim söýmedi, sulhum almady. SSSR Goranmak ministri Ýazow, SSSR-iň Prezidentiniň orunbasary Ýanaýew, SSSR Ministrler Sowetiniň Başlygy Pawlow dagylar tarapyndan döwlet agdarylşygyna edilen synanşyk hem meniň şol ýerde işläp ýören döwrüme gabat geldi. Şol wagt baş redaktor zähmet rugsadyndady we ol gaýdyp gelýänçä gazetiň çykyşyna men jogap berýärdim. Şonda, pitneçileriň, ýagny, olaryň özlerini atlandyryşlary ýaly SKÇP-çileriň halka ýüzlenmesini gazetde bermelimi ýa bermeli dälmi, diýen sorag ýüze çykdy. Bu meseläni her redaksiýanyň özi çözmeli boldy. Çünki, Türkmenistanyň döwlet aparatyndan bu meselä ýagşu-ýaman hiç hili reaksiýa bildirilmedi. Beýleki Orta Aziýa respublikalarynyň A. Akaýew, N. Nazarbaýew ýaly döwlet ýolbaşçylarynyň barysy demokratiýanyň goragyna aýaga galdylar, halkara guramalaryna, Birleşen Milletler Guramasyna beýannamalar ýolladylar. Gorbaçýowiň haýal etmän öz ornuna getirilmegini pitneçilerden talap etdiler, emma Türkmenistanyň Prezidenti Nyýazowyň welin telim günläp nirededigem belli bolmady, ol ne radioda, ne telewideniýede, ne-de metbugat sahypalarynda, hiç ýerde görünmedi we bolup geçen ýagdaý barada öz pozisiýasyny öz halkyna-da, halkara köpçüligine-de aýan etmedi. Ondan aşakdakylaryň bolsa onsuz bir zat diýmäge ýagdaýlaram ýokdy, asla bolan işden başlaram çykmaýardy. Şonuň üçinem, kimiň görkezmesi bilendigini bilemok, beýannamany öňürt-ä orsça çykýan ýerli gazetler berdiler, şondan soň türkmençe çykýan gazetleriň redaktorlaram «nätsekkäk» diýşip, biri-birleriniň ýanyna girişip-çykyşyp byzmyldaşyp başladylar. Şol mesele biziň öňümizde-de keserdi. Men elbetde, öz syýasy düşünjäm şol beýannamanyň öz gazetimizde berilmeginiň tarapary däldim. Ýöne, men kiçijik adamdym, üstesine-de gazet meni şahsy neşrim däldi, şonuň üçinem ol meseläni çözüp bilmýärdim. Onýança-da Ýazyjylar soýuzyndan jaň edip: «Beriň», diýdiler. Bu buýrukdy. Çünki, gazet Ýazyjylar soýuzynyň organydy. Şonuň üçinem, biz ol buýrugy berjaý edäýmelidik. Emma, gazetiň hepdede bir gezek çykýandygy sebäpli, ýüzlenmäni berip ýetişmänkäk ýagdaý düýpgöter üýtgedi. Ýelsiniň müňlerçe adamly mitingde, tankyň üstünde, parlamentiň öňünde eden batyrgaý çykyşlary öz netijesini berdi. Asylam şol bäş-üç günüň içinde ýagdaýlar sagatsaýyn üýtgedi durdy, wakalaryň gidişi merkezi telewideniýe arkaly yzygiderli suratda halka görkezildi durdy. SKÇP-çileriň Gorbaçýowyň ýanyna ugrandyklaryny, olary tutmak üçin uçargähe ýaragly esgerleriň ugradylandygyny, tutulandyklaryny Ýelsiniň hut özi parlamentiň tribunasyndan habar berdi durdy. Soýuz iň soňky deminde urnup başlady. Gorbaçýowiň taryhy missiýasy tamama ser urdy. Ýurt ägirt uly özgerişliklere tarap gadam goýdy. Soýuzyň dürli künjeklerinde, bölekleýin bolup geçýän wakalary hasap etmeseň, döwlet möçberinde alanyňda ähli ýerde diýen ýaly ganly çaknyşyksyz, ewolýusion häsiýetdäki rewolýusion özgerişlikler ýüz berip başlady. Ak patyşa tarapyndan bakna edilip, bolşewikler tarapyndan formal görnüşde hem bolsa aýratyn döwletlere öwrülen, birnäçe respublikalardan ybarat ägirt uly döwlet – Sowet Sosialistik Respublikalarynyň synmaz Soýuzy dargap gitmekligiň öňisyrasynda yraň atyp ugrady. Şol wakalara agşamara, öýde, telewizorda seredip otyrkam, şondan iki gün öň Ýazyjylar Soýuzyndan: «Ýüzlenmäni beriň», diýip jaň eden sekretar indi: «Bermäň», diýip jaň etdi. Käbir ýazyjy-žurnalistler bolsa redaksiýa bardylar-da, dek düýnüň özünde SKÇP-çileri goldap ýazan makalalaryny yzyna alyp gitdiler we sähelçe kakyş-kukuş bilen, Gorbaçýowyň demokratiýasyna dogrulap ýene-de yzyna getirdiler. Umuman, iňňän çalt hem duýdansyz geçen şol waka köp adamyň ýüzünden perdesini sypyrdy. Kimiň taryhy öwrülşiklere-de öz hususy nukdaýnazaryndan garap bilýändigini, kimiň bolsa peşmek ýaly şemal haýsy tarapdan öwüsse şol tarapa ýegdekläp başlaýandygyny äşgär etdi. Gazetde işlän dört aýymyň içinde men başga-da bir gelşiksiz ýagdaýyň içinden eriş-argaç geçmeli bldum. ...Kurslary tamamlap ýören uçurlarym, Orsyýetiň «Den» gazetinde iki sany türkmen ýazyjysynyň makalasy çykypdy. Makalanyň awtorlary demokratiýa perdelenip öz galamdaşlarynyň biriniň üstünden hapa guýýardylar. Teatr sungaty sapagyndan okadýan Wişnewskaýa atly gartaňrak, buýra saçly, tokgaja zenan mugallym sapak geçip otyrka hut şol makala barada gürrüň gozgady. Şeýle zatlaryň gelşiksizdigini, onuň demokratiýa-da, aç-açanlyga-da hiç hili dahlynyň ýokdugyny, gaýtam awtorlaryň medeni derejeleriniň pesligini görkezýändigini aýtdy. Ol şeý diýenden hemmeler meniň ýüzüme seredişdiler. Elbetde, Wişnewskaýa mamlady. Şol makala çykaly bäri meniň özümem özümi ýoldaşlarymyň öňünde birhili oňaýsyz duýup ýördüm. Şonuň üçinem, men ýene bir gezek gyzardym we mugallym zenanyň pikiri bilen ylalaşýandygymy aýtdym. Ýöne, geň ýeri Aşgabada gelip gazetde işe başlaýşym ýaly şol makala ýene-de meniň maňlaýymdan çykdy. Ýagny, SKÇP-çileriň turzan pitnesiniň öň ýany baş redaktor meni ýanyna çagyrdy-da, özüniň zähmet rugsadyna gidýändigini, ýöne şol makalany terjime etdirip gazetde bermelidigimi aýtdy. Näme üçin Moskwada çykan wagty, ýylysy bilen bermändirler? Näme üçin şo çaka çenli saklapdyrlar? Näme üçin hut men gazete işe baranymdan soň, onda-da baş redaktor zähmet rugsadyna çykyp, meniň ýeke özümiň galýan wagtym bermekçi bolupdyrlar? Üstesine-de näme üçin ony orsçasyndan türkmençä terjime edip bermekçi bolýarlar? Awtorlar ony öňem ilki türkmençe ýazyp soň orsça terjime etdirendirler ahyry? Awtorlarda asyl nusgasy bolmalydyr ahyry. Asyl nusgasy tapylmaýanda-da ony awtorlaryň özeri terjime etseler asyl nusga golaý boljak ahyry! Men şol wagt bu soraglarymyň hiç birine-de jogap tapyp bilmedim.henizem tapyp bilemok. Mahlasy, makalanyň many-mazmunynyň ýöntem bolşy ýaly, çykaryljak bolşam, okyja ýetiriljek bolşam gözgynydy, aňyrsynda müýn görünýärdi, pitnelik duýulýardy, garamatyny kimdir biriniň üstüne atyp, onsoň çykaryljak bolýana meňzeýärdi. Has keşplendirip aýtsak, ýerinden galybilmän ýatan hassanyň ýerli-ýerden tutaklanyp aýak ýoluna äkidiljek bolşuna ogşaýardy. Demokratiýa, aç-açanlyga mahsus batyrgaýlyk, merdi-meýdanalyk ýokdy, il bähbidi aralmaýardy. Meniň pikirimçe, şol makala Moskwanyň «Den» gazetinde-de, şolar ýaly usul blen, kimdir biriniň gözüne çöp atyp çykarylan bolmay. Çünki, makalasyny merkezi gazetde çykarybilen adam şol döwür öz garşydaşyny «öldürdim» hasap edýärdi. Ýaralanlary ilen bolsa olar asla kanagat etmeýärler. Şol işi eden adamlaram özleriniň adamkärçiliksiz, pes hereket edýändiklerine düşünen we günäniň öz boýunlaryndan aýrylyp, başga biriniň boýnuna düşmegi üçin alada eden bolmaly. Ýagny, men Moskwadakam – Moskwada, Aşgabatda gelenimden soňam – Aşgabatda özem meniň zähmet rugsadyna giden baş redaktoryň ornunda oturan wagtym çykan bolsa, diýmek, halk şol makalanyň arkasynda meniň durandygymy güman etmeli. Ýagny, menden görmeli. Her niçik hem bolsa, men şol makalanyň terjime edilmegine-de öz işleýän gazetimiň sahypasynda berilmegine-de garşydygymy baş redaktora çürt-kesik aýtdym. Asyl-ha şular ýaly pes işleriň gyrasynda görünmekligi özüme kiçilik bilýändigimi syzdyrdym. Gazetde şolar ýaly «hapa» zatlaryň çykmagyna garşydygymy men şondan bäş-üç gün soň, Prezidentiň geňeşçisiniň ýanynda-da aýtmaly boldum. Onuň ýanyna meni «tanyşdyrjak» diýip, baş redaktoryň özi alyp gitdi. Ýöne, onuň meni ol ýere tanyşdyrmak üçin däl-de, şol «hapa» makala bolan garaýyşymy, has takygy şoňa garşydygymy şolara bildirmek üçin, türküläp aýtsam» üstümde işlemek» üçin äkidendigine men ol ýere baranymyzdan soň düşündim. Mao-sze-Duna meňzäp duran daýaw, güňleç sesli, maňlaýy giň, ýüzi-gözi sowuk gabakman kişi şonda hamala gazetiň ykbalyny men çözýän ýaly: – Nähiliräk alyp gitsem diýýäň işiňi, - diýip sorapdy. Men o zatlaryň maňa däl-de, baş redaktora baglydygyny, ýöne, eger-de öz diýenim bolsa aç-açanlya bukulyp birek-biregiň üstünden gum sowurýan makalalary bermejekdigimi, il-gün, edebiýat, sungat bähbitli zatlaryberjekdigimi aýtdym. Şonda ol agyr gabaklaryny galdyryp baş redaktoryň ýüzüne soragly seretdi. – Arakyny näme bereňzok? Baş redaktor oturan ýerinde oýkanjyrady-da, üsti ak şepbikden ýaňa gyralap duran dilini endigi boýunça ep-esli çykaryp, derrewem yzyna saldy, gultundy. «Şu göwnänok» diýýän terzde aşaklyk bilen maňa seretdi. Gözlerini gypyrjyklatdy. Ýalandan ýylgyrdy. Geňeşçi düşündi. Bir tarapa ýüzüni sowup oturşyna maňa degişli edip: – Şony bir beriň, soň nätseňiz şeýdiň – diýdi. Şondan soň ol birazajyk böwrüni diňläp oturdy. – Şonuň çykaryna ýaşulynyň özi garaşýa... Depämden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy. Çünki, şolar ýaly hapaçylykdan, biziň mertebämizi soýuz derejesinde pes görkezýän pis makalalardan ýeke bir metbugaty däl, tutuş ýurdy goramaly adamyň hut özi şol zatlaryň başynda duran bolsa, ketegiň aňyrsyndan atylýan kesekleriň barysy şonuň öz eteginden çykýan bolsa, ýazyjylary kesew edinip, ody özi gorsaýan bolsa, içi hapadan doly gazanyň astyna özi ot salýan bolsa, onda suwuň seňrikden agyp, işiň juda çökder hala düşdügidi. Ýurduň içindäki nogsanlyklaryň aradan aýrylman, gaýtam barha beterleşjekdiginiň, bu gidişine gitse onuň halky köp-köp betbagtçylyklaryň üstünden eltjekdiginiň, o ýolda ýagşylaryň harlanyp, ýamanlaryň goldanyljakdygynyň alamatydy. Ýagdaý şeýlekä «Balyk kellesinden porsar», diýlişi ýaly, ýurduňam, halkyňam ertirki gününden howatyrlanmaga esas bardy. Arassa köşgüň içinde oturanam bolsam, şonda men özümi boýdanbaşa nejasada çümen adam hökmünde duýdum. Howa ýetmän demikdim. Daljykdym. Her niçik hem bolsa basym özümi ele aldym we barybir öz nukdaý nazarymdan dänmejekdigimi oturanlara ýene bir gezek duýdurdym. Gerek bolsa şu günüň özünde işden çykmaga taýyndygymy aýtdym. Geňeşçi sesini çykarmady. Dogram etdi. Çünki, uly bir edaranyň başlygynyň öz garamagyndaky kiçi bir işgäriň üstüne gygyryşy, ýaly meniň bilen agzyny deňäp, eňekleşip oturmagyň oňa asla geregem ýok. Özüniň usulllyk bilen aýdan her bir sözüniň atylan ok kimin, degmeli ýerine baryp degjekdigini ol gowy bilýär. Özüni parahat alyp barmagynyň, berýän görkezmelerini maslahat hökmünde, ýuwaşlyk bilen aýtmagynyň sebäbi bolsa diplomatiýanyň iň bir ýönekeýje usuly. Galyberse-de, ol wagt üstlerine Gorbaçýowyň beren demokratiýasy abanyp durdy. Olar ýaly wezipedäki adamlar bolsa syýasata garşy gidip bilmeýärler. Gidäýenlerinde-de iňňän inçelik, seresaplylyk bilen, sepini bildirmän gidýärler. Olaram şol wagt Moskwa «telpek geýiň» diýse telpek geýýärdiler, «şlýapa geýiň» diýse şlýapa geýýärdiler. Ýurt başynda oturan adamdan başlap, etrap häkimlerine, hatda oba guramalaryna çenli ýagdaýlary şeýledi. Syýasatyň haýsy tarapa ugur alany, döwlet gurluşynyň üýtgäni, özbaşdak ýa garaşly bolany olar üçin hiç, o zatlar olary gyzyklandyrmaýar, olar üçin esasy zat – eýeleýän wezipelerinde mümkingadar köpräk oturmak. Şonuň üçinem, hiç bir ýolbaşçy öz ýanyna öz pikirli, milli buýsanjy bolan, aýdanlaryna «munyň däl» diýip biläýjek adamlary çekmeýärdiler. Olara meniň redaktorym ýaly özlerine çyn ýürekden berilen, gözüniň gytagyny aýladygy sesini çykarman oturybilýän adamlar gerek. Ana, hut şonuň üçinem, Prezidentiň geňeşçisi maňa gep düşündirmek üçin janyny ýakmaz. Sebäbi ol ikimiziň aramyzda onuň öz ynamdar adamy dur. Bu ýagdaýda meniň ol ýerde uzak işlemejekdigimi bolsa ol ýagşy bilýär. ...Köşkden çykyp, herimiz trotuaryň bir çeti bilen ýüzümizi sallaşyp barýarkagam men özümiň öňki pikirimden dänmejekdigimi häňürdäbräge-de, baş redaktora ýene bir gezek duýdurdym. – Sen baş redaktor. Iň soňky söz senden. Şol makalany berseňem, bermeseňem hakyň bar. Mende bolsa beýle hukuk ýok. Ýöne, gol çekmen. Şojagaz ygtyýarlylygymdan welin peýdalanyp galaryn. Diýşim ýalam etdim. Makala gol çekmedim. Jogapkär sekretaram çekmedi. Baş redaktoryň öz kellesine geldimi ýa «ýokarkylar» bilen maslahatlaşyp etdimi, şol dawaly makalany şol durşuna, orsça görnüşinde, orsça çykýan gazetleriň birinde berdiler we hamala şol gazetden alnyp terjime edilen hökmünde biziň gazetimizde-de berermen boldular. Bu gün-erte zähmet rugsadyna gitjek bolup ýören baş redaktor ol makalany gazetiň özi ýok wagty çykjak sanlarynyň birine goşdy. Şondan soň men baş redaktordan makala çykýança rugsada gitmezligini, nomere hut özüniň gol çekmegini talap etdim. Ol şeýle hem etdi. Ýöne, rugsadyny resmi suratda süýşürdimi ýa göz üçin eglenen boldumy, ony bilemok, işgärler bölüminden sorabam göremok, ýöne, tä, makala çykýança onuň öňkülerine görä haýal-ýagalragam bolsa işe gatnandygy-ha çyn. Gazetiň şol sanynda onuň golunyň ýokdugam çyn. Indi men ol ýerde uzak eglenmeli däldim. Şonuň üçinem, başlyk rugsatdan gelşi ýaly işden çykdym. Ýöne, şol bir aýyň içinde-de senzorlar bilen birnäçe gezek çaknyşmaly boldy. Senzura işgärleri belli-belli adamlaryň makalalaryny onsuzam çintgäp-çintgäp okaýardylar welin, rugsada gitjek wagty baş redaktoryň: «Men-ä gidýändirin welin, orunbasarymdan häzirräk boluň», diýip, «LIT-e jaň edenini öz gulagym bilen eşitdim. Olar ýaly redaktorlaryň oturan gazetinden senzorlaryň özlerem arkaýyndylar. Çünki, olar sähelçe syýasy äheňi bolan sözlerem sypdyrmaýardylar. Asla senzorlara zat goýmaýardylar. Özbaşdak pikir ýöretmeklik olar ýaly adamlaryň özlerine-de ýatdyr welin, başgalara-da ýol bermezler. Şol döwür şeýle bir şorta söz döredi, ýagny, ýaşlar gazetiniň redaktory metbugat öýüniň gapysynda meniň başlygyma duşupdyr-da: «Senzura ýaman heläk edýä, halys zat geçirip bolanok, basan makalamyzy aýryp durlar, siz nädýäňiz», diýip sorapdyr welin, meň başlygymam hil bir iş bitiren ýaly kiçijik gözjagazlaryny gypyrjykladyp durşuna dodaklany ýalapdyr-da: «Aý, men-ä olara ýetirmän ňzümjik aýyraýýan» diýipdir. Baş redaktor köpden bäri meniňem «Sussupeslikmi ýa çydamlylyk» atly makalamy saklap otyrdy. Makala üýtgedip gurmak döwründe türkmenleriň özlerini näme üçin beýle sus alyp barýandyklary baradady. Redaktoryň zähmet rugsadyna giden wagty menem şol makalany sahypa goşdum. Öýlänaralar «goh» başlandy. «Munuňyzy geçirip biljek däl» diýip, LIT-den jaň geldi. Men ol ýere ilki bölüm müdirleriniň birini, soň jogapkär sekretary iberdim. «Ylalaşar ýaly bolsa ylalaşyň, kem-käs aýrar ýaly ýeri bolsa aýyryň-da, geçer ýaly ediň», diýdim. Emma olaryň ikisem ýarym sagatdan soň: «Bolmady» diýşip, ýüzlerini sallaşyp geldiler. Jogapkär sekretar: «Ýerine näme soksamkam, özem tutuş bir sahypa» diýşip iki ýana elewräp başlady. Men haraý gözläp Prezident sowetinde işleýän bir şahyr dostumyza jaň etdim. Mazaly şol nomerde onuň öz goşgularam gidýärdi. Ol geldi, öz goşgularyny okady, begendi, ýöne, bize kömek edibilmedi. Şondan soň men Prezidentiň geňeşçisine, şo-ol Mao-Sze-Duna meňzeş adama jaň etdim. Ol biziň redaksion kollegiýamyzyň sanawynda durýardy we wezipesem uly bolansoň edeýin diýse kömek edip biljekdi. Ýöne, sowuklaç ätiýaçlylyk ony bu gezegem özüni oda urmakdan saklady. «Aý, men jedelli makala bolsa redkollegiýaň agzasy hökmünde okaşsam, beýleki etsem bolardy, ýöne, litli meseläňize goşulyp bilmen», diýdi. Halys bolmansoň Ýazyjylar soýuzyna jaň edip, soýuzyň birinji sekretary Atamyrat Atabaýewi kömege çagyrdym. Ol geldi. Onuň bilen bile lit-iň jaýyna bardyk. Kellesini tutup, öňündäki gazet «grankalaryna» seredip oturan senzor ýigit bizi görüp ýerinden turdy. «Öwhüldäp» uludan demini aldy. «Geldiňizmi-aý» – diýip, gollaryny ýaýdy. Öňündäki sahypa penjesini patladyp urdy. – Men-ä halys boldum, how, şundan ýaňa...». Şol wagt oňa kimdir biri jaň etdi. Gep salgyndan men jaň edýäniň «Mao-Sze-Dundygyny» aňdym. Megerem ol: «Bolar ýaly bolsa bolduryň» diýen bolsa gerek, senzor ýerinden turup diýen ýaly: «Bor, bor, şeýdäýeris, ine, Atamyradam geldi, özem bar, üç bolup oturarys-da nemedäýeris...» Şondan soň dogrudanam üç bolup oturdyk-da, makalanyň her bir setiriniň, sözüniň üstünde «nemedip» başladyk. Käbir sözleriň düşümini, käbir sözlemleriň «zamanyny» üýtgetdik, takyk salgyly ýerlerini «käbir ýagdaýlarda», «käbir adamlar» diýdik, garaz alyp çykdyk. Makala gitdi. Köpçülige ýaýarady. Halk ony gowy gördi. Köp-köp jaň, hat geldi. Şol makalany heniz-henizlerem ýatlap ýörenler az däl. Howwa, senzuranyň ýowuzlygy demokratiýanyň gysylmagy, makalalaryň matlaplaýyn ulanylmagy, maňa gazeti taşlamaga mejbur etdi. Ýöne, Moskwada okan döwrüm Ýazyjylar Soýuzynyň ýanyndaky ýaşlar sowetini hiç kime tabşyrmandylar we gelenimden soň ony ýene-de dowam etdirmekligimi haýyş etdiler. Meniň ony höwes bilen dowam etdiresim, ýaşlara kömek edesim gelýärdi. Emma uly bolsun, kiçi bolsun, tapawudy ýok, hiç işde-de dogryn işläp bolmaýandygyna men entek Moskwa okuwa gitmezimdenem öň, ýaşlar sowetinde işläp ýören döwürlerim göz ýetiripdim. Şonda, bize, Ýazyjylar soýuzyna kabul etmek üçin, ýaş ýazyjy-şahyrlaryň birnäçesini ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesine hödürlemekligi tabşyrdylar. Düzgün boýunça-da şeýledi. Biz hödürlemeli, prawleniýe tassyklamaly. Emma, prawleniýäniň aglabasy «üýtgedip gurmak» döwrüniň zarbyna döredilen ýaşlar sowetine öz üstlerine alnan «günüleri» hökmünde garaýardylar, onuň her bit hereketini gabanjaňlyk bilen garşylaýardylar, biziň garşymyza, resmi däl ýagdaýda ýaşlaryň başga bir toparlanyşygyny döredýärdiler. Şonuň üçinem, biziň şol gezekki teklip eden sanawymyzy olar gazap bilen, dişlerini gyjaşyp garşy aldylar, hersini bir tarapa pyzyşdyrdylar, sanawy bütinleň üýtgedip goşaslarynyň gelenini goşdular, aýraslary gelenini aýyrdylar. Dogry, Ýaşlar sowetiniň Düzgünnamasyna görä, sanawa käbir üýtgeşikler girizmäge olaryň haklary bardy, ýöne iňňäniň gözi ýaly deşikden düýe geçirjek bolýardylar. Biziň sanawymyz welin, birnäçe ýyl bäri gezek ýetmän ýatan birtopar hossarsyzlardan ybaratdy. Olaryň arasynda Aşyrberdi Kürt ýaly birwagtlardan bäri il içinde meşhurlyk gazanan satiraçy ýaşuly ýazyjam, Şiraly Nurmyrat, Sapargeldi Annsähet Iner ogly ýaly öň «oturyp» gelenlerem bardy. Şolar ýaly bahana tapsalar dagy, prawleniýäniň käbir agzalary dişlerini çarhlaşyp bizi iýäýjek bolýardylar. Çünki, olaryň öňden gelýän edähetlerine görä, soýuza zehini bolsa-bolmasa, gelejekde özlerine nöker, ýaran bolup biläýjek, ýygnaklarda, gurultaýlarda özlerine ses beräýjek, arkalarynda dag ýaly durup, «ýet» diýenlerinde ýetip «bas» diýenlerinde basyp biläýjek oglanlar alynmalydy. Her niçik hem bolsa, biz şol gezek Prawlwniýäniň käbir agzalarynyň, hususan-da ýazyjylar soýuzynyň şol wagtky başlygynyň, TKP MK-niň idelogiýa boýunça sekretarynyň ýaşlar sow etine arka durmaklary netijesinde, öz hödürlän adamlarymyzy agzalyga göterdik. Olaryň sany ýalňyşmaýan bolsam on üç dagy bardy. Şeýle köp mukdardaky kabul edilşik heniz Türkmenistan Ýazyjylar Soýuzynyň taryhynda bolmandy. Gaty gitse iki ýa üç adam, o-da ýylaşadan alynýardy. Bu biziň uly üstünligimizdi. Ýaşlar soýuzynyň hakykatdanda gerekdiginiň alamatydy. Şonuň üçinem, kynam bolsa men ýaşlar sowetiniň işini ýene-de boýnuma almakdan, ýaş ýazyjy-şahyrlara arka durmakdan basyljak däldim. Çünki, özümem düýn-öňňünjigem şolaryň arasyndadym, kömege mätäçdim we mätäje kömek edibilýän adamlaryň iňňän gytdygyna ýagşy düşünýärdim. Ýöne, meni ýene-de nädogry hereket etmäge mejbur etjek boldular. Bu ýagdaýam meniň Moskwadaky Edebiýat kurslaryny tamamlajak bolup ýören döwürlerime, has takygy 1991-nji ýylyň ýaz aýlaryna gabat geldi. Şol ýylyň mart aýynda Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň iň soňky gurultaýy bolup geçipdi. M. S. Gorbaçýowyň «üýtgedip gurmak» döwrüniň aç-açanlygyndan ruhlanan ýazyjylar, hususan-da soýuzyň ýolbaşçy işgärleri şonda ýazyjylaryň döredijilegine-de, özlerine-de mundan buýana täzeçil çemeleşmek, ähli zady üýtgedip gurmak we ähli meselä adalatly çemeleşmek barada uzyndan-uzyn nutuklar sözlediler. Gurultaýyň iki günläp dowam eden işine Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem başdanaýak gatnaşdy. Şonda, şonuň hut öz teklibi boýunça, Ýazyjylar Soýuzynyň öz islegi boýunça işinden aýrylan öňki başlygynyň ornuna ýaşuly ýazyjylaryň biri «Hormatly başlyklyga» saýlandy. Prezident «hormatly başlygyň» kabinetli, eli möhürli, gulluk ulagly hakyky başlyk däl-de, hormat üçin, formal ýagdaýdaky, has türkmençeläp aýtsak, «göz üçin» başlyk bellenýändigini, esasy işi Ýazyjylar soýuzynyň sekretarynyň alyp barjakdygyny dürli mysallar bilen, oturanlara gowy edip düşündirdi. Ýöne, onuň bu aýdanlaryna «hormatly başlyk» ýa-ha düşünmedi, ýa-da düşünmediksiredi we tribuna çykyp, hakyky başlyklyga saýlanan adam hökmünde özüne ses berenlere minnetdarlyk bildirdi, beýle hormata ýetmiş ýaşdan soň uwnup-çydaýmaklygyň aňsat däldigini dile getirip gözüne ýaş aýlady. Ol soň-soňlaram başlyksyrady ýördi. Gazetlerde makala ýazsa aşagyna TSSR ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy, diýip gol çekdi. Ýöne hakykatda welin, ony başlygyň kabinetine-de salmadylar, maşynam bermediler. Kabinetde, soýuzyň sekretary oturdy we tä, doly dargaýança, ýazyjylar soýuzyny şol dolandyrdy. Maşynam şol mündi. Hormatly başlyga bolsa döredijilik işgärlerine baýrak berýän toparyň ýolbaşçysy hökmünde, kä wagt baryp, oturyp gaýdary ýaly, göwni üçin, hökümet edaralarynyň birinden kabinet berdiler. Meni haýykdyran, häzirki gürrüň berek bolýan ikinji bir hadysa-da ine, hut, şol «hormatly» başlyk bilen baglylykda bolup geçdi. Hormatly başlygyň saýlanan gurultaýyna men Moskwadan çagyrylypdym we şol döwür ýazyjylar soýuzynyň entek işläp ýören öňki başlygy maňa ýene-de birnäçe ýaş ýazyjylary agzalyga hödürlemekligimizi haýyş edipdi. Gurultaýda-da bilşiňiz ýaly başlyk çalyşdy. Ertesi günem sekretar meni ýanyna çagyrdy-da, prawleniýäniň maslahatynyň bolandygyny, şonda hormatly başlygyň özüniň entek edebiýat institutynyň terjimeçilik bölüminde okap ýören ogluny hem agzalyga hödürlemek isleýändigini aýtdy. Dogry, student bolsun, işçi ýa daýhan bolsun, tapawudy ýok, mynasyp bolsa, kimem bolsa alsaň bolar, ýöne, başlygyň oglunyň ýüze tutar ýaly ýekeje hekaýasy ýa goşgusam ýokdy, tabşyran dokumentleriniň arasynda bary-ýogy kurs işi üçin türkmençeden orsça terjime edilen üç sany kiçijik hekaýa bardy. Onuňam bir-ä kakasynyňky, birem ejesiniňkidi. Bu düýbünden bolmajak zatdy. Ýöne, sekretarlaryň dördüsem başlyga «munyň däl» diýip bilmejekdiklerini maňa gös-göni aýtdylar. Nämemişin olaryň bir-ä Magtymguly baýragyna hödürlenenmişin-de, birden-kä baýrak berilmäýse dagy şonuň üçin ar alýandyr öýdüllerinden çekinýärmişin, ýene birem ýaşlar baýragyna hödürlenipdir-de, gaňryşyna gaýtsa zyýany ýeter öýdüp gorkýarmyşyn, üçünjisi bu gün-erte doktorlyk dissertasiýasyny goramalymyşynda, opponentlerine «hormatly başlygyň» täsiri ýeter öýdüp ätiýaç edýärmişin, dördünji biri bolsa halk ýazyjysy» diýen adyň berlerine garaşyp ýörmüşin. Ýöne, iň esasy zat welin, başlyga bu gün-erte täze jaý beriljekmişin-de, Ýazyjylar soýuzynyň beren öňki jaýyny elden gidermezlik üçin ogluna agzalyk biledi gerekmişin. Men sekretarlara: «Ahow, düýn-öňňünki gurultaýda ýüzlerçe adam bize özleriniň döredijilik ykballaryny ynandylar, bizem olaryň öňünde adalatly bolmaklyga söz berdik. Bu günem beýtsek, olar bize näme diýerler?» diýdim. «Aý, onda özüň aýdarsyň-da biz-ä aýdybiljek däl», diýdiler. Şeýdibem hormatly başlyk bilen meniň ýeke özümi ýüzbe-ýüz etdiler goýaýdylar. Aşyrberdi Kürt ýaly adamlaryň ýene-de ät galjaklaryny ýatlap özümi okuň öňüne tutanymy bilmän galdym. «Hormatly başlygyň» hut özüniňem gatnaşmagynda geçirilen soňraky ýygnaklaryň birinde şol meseläni gozgadylaram welin: – Başlygyň ogly diýip alaýmasaňyz soýuzyň agzalygyna göter ýaly şol oglanda başga-ha delil ýok – diýdim. Başlygyň repide ýaly tegelek hem ullakan ýüzi ilk-ä çapady ýaly gyzardy, soňam duw-ak boldy. Daýaw göwresi iki ýana yraň atan ýaly boldy-da, birdenem salpardy. Ýagyrnysy ýaý atdy. Gabaklaryny sallap içini hümletdi. Dodaklaryny müňküldetdi, ýöne, sesini çykarmady. Şeýle-de bolsa diňşirgenmek arkaly sekretarlardan goldawa garaşdy. Emma, olaram seslerini çykarmadylar. Men ýene-de: – Roman ýazyp ýören adamlar agzalyga geçip bilmän ýörkäler beýtjek bolmaňyz-a gaty gelşiksiz – diýdim. Bu gezek welin başlyk oturyp bilmedi. Özüni ykjamlamak üçin dikeldi. Içine ýel sordy. Çişdi. Ýel bilen bilelikde çogup ugran ses garjaşyk, ynamsyz çykdy. – Roman ýazýan kän, haýsy birini aljak olaryň. Men muňa öňküdenem beter geň galdym. Eger-de roman ýazýanlar mynasyp däl bolsalar, onda heniz hiç zat ýazmadyklar nädip mynasyp bolýarkalar? Ýa ýazyjylar soýuzyna diňe jaý mätäçligi üçin alynýarmyka? Ony diýseň ýaş ýazyjylaryňam-a barysy jaýsyz.. Barybir meniň soragym öz ýanymda galdy. Hormatly başlygyň diýeni boldy. Her niçik hem bolsa garşy çykarymdan ätiýaç eden bolsalar gerek agzalyga alyşlygy meniň gurultaýdan soň okuwymy tamamlamak üçin yzyma, Moskwa giden mahalym geçiripdirler. Alynşyk meniň Aşgabatda bar mahalym geçirläýende-de, başlygyň ogly barybir geçerdi. Sebäbi, meniň bary-ýogy ýekeje sesim bardy. Sekretarlar, ýaşlar sowetiniň kabul ediş topary, prawleniýe agzalary bolsa başlygyň tarapyndady. Ýöne, barybir meniň şol kabul edilşikde bolmazlygymy kem görmäýen bolsalar gerek. Şeýle-de bolsa, men Moskwadan ymykly gaýdyp gelenimden soň, agzalyga geçibilmän telim ýyl bäri kösenip ýören ýaşlardan özüme arka durmaklaryny ýogsam, ýeke özüme kyn bolýandygyny aýtdym. Prawleniýä, gerek bolsa ondanam ýokarlaryk çykmaklygy maslahat berdim. Emma olaryň birindenem hereket bolmady. «Aý, olaryň ýanyna barmaly bolsa geregem däl» diýşip, gaýtam birhili menden nägile halda «hoňňuldaşdylar» olaryň başlarynda köplere mahsus bolan psihologiýa höküm sürýärdi. Ýagny, kimdir biri maňa kömek etmeli, meni goramaly, ýöne, özüm üçin özüm gymyldamaly däl. Sögüşmelem bolsa özüňe golaý adam bilen sögüşmeli, keseki näme etse-de çydamaly... Men olara golaýdym. Deň-duşlarydym. Günde-günaşa görşüp durdym. Oturyşyp, turşup ýördüm. Şonuň üçinem olar agyzlaryny golaýlaryndaky, gepini çekäýjek adama, dişleriniň ötäýjek adamsyna uraýanlaryny kem görmediler. Gabat gelen ýerlerinde başlygyň ogluny agzalyga alandygym üçin maňa iňirdeşdiler, ýüzlerini sowdular. Ýaşlary bir çene baranlar-a: «Biziň ömrümiz geçip barýa, bizi şundan artyk saklaman, ýaşlaryň entek wagty köp», diýdiler, ýaşlar bolsa: «Şu çaka çenli geçibilmedik bolsalar indem almaň şolary, bizi alyň, biziň bar görjegimiz öňümizde...» diýdiler. Çünki, olaryň hiç haýsynyňam indiki gezekki alnyşyga galasy gelenokdy, hemmesiniň hut şol gezekde geçesi gelýärdi, bu bolsa mümkin däldi, sebäbi, olaryň sany ýüzdenem köpdi. Ine, hut şu zatlar sebäpli men Moskwadan gaýdyp gelenimden soň, ýaşlar sowetine ikinji gezek ýolbaşçylyk etmekden boýun gaçyrdym. Şondan soň ol sowetiň işine ýolbaşçylyk etmekligi hiç kim öz üstüne almady. Ol öz-özünden ýatyp galdy. Üýtgedip gurmak döwrüniň beren demokratiýasynyň ýene bir perzendi şeýdip «aradan çykdy». Şol döwürde Ýazyjylar soýuzy we ýazyjylar bilen baglanyşykly ýüze çykan başga bir hadysa barada hem aýdyp geçmegimiz gerek. Ýagny, başda belläp geçişimiz ýaly, «üýtgedip gurmak» döwrüniň demokratiýasyny her kim özüçe peýdalandy. Hususan-da dördüjiler, şol sanda ýazyjylar hem biri-birleriniň üstünden hapa guýşup başladylar. Ýygnaklarda sögüşenlerine kanagat etmän, welaýatlara, etraplara, tire-taýpalara bölünişip metbugat arkaly uruşmak, öz turuzýan topalaňlaryna kaýyl bolman, biri-biriniň üstüne ýaş, entek güýji-kuwwaty ýerindäki nökerlerini küşgürmek olara ýoň boldy. Gazet sahypalary, söweş meýdanyna öwrüldi. Öwgüli türkmen halkynyň ýüzi-gözi, tutuş keşbi üýtgedi. Tanalmaz ýaly derejede özgerdi. Türkmen ýazyjylarynyň bu agyr derdi ahyrsoňy tutuş soýuza ýaýrady we onuň öňi-soňy kim tarapyndan oýlanyp tapylandygy belli däl, ýöne, Moskwadan, Leningratdan, Kawkazdan we SSSR-iň beýleki respublikalaryndan araçy hökmünde çagyrylan terjimeçileriň we tankytçylaryň Aşgabada gelip iki-üç günüň dowamynda «uruşýan» taraplary diňlemekleri bilen tamamlandy. Emma bu çäre hem hiç hili netije bermedi. Muny «araçylaryň» özlerem aýtdylar. Diňlediler-diňlediler-de: «Her kim öz öýünde özi oňuşmasa ony hiç kim daşardan gelip oňuşdyryp bilmez» diýdiler. Hepdelik çykýan «Edebiýat we Sungat» gazeti özüniň tutuş bir sanyny şol ýygnagyň materiallaryna bagyşlady. Iň soňunda-da meniň türkmen döredijileriniň özara agzalaçylyklaryny, tarapgöýlüklerini ýazgarýan «Orda keseli» atly hekaýamy çap etdi. Myhmanlar gitdiler. Türkmen ýazyjylary ýene-de biri-birleri bilen ýüzbe-ýüz galdylar. «Kesekleşme» welin barybir galmady. Bu ýagdaý ýazyjylary halkyň öňünde abraýdan gaçyrýardy. Gözden düşürýärdi. «Biziň göz dikip, hili bir uly adamlardyr öýdüp ýören ýazyjylarymyz asyl, beýle adamlar ekenler-ow» diýdirýärdi. Şonuň üçinem bir zat etmelidi. Halkyň ynamyndan doly gaçmazlary ýaly ýazyjylary haýsy ýol bilenem bolsa halas etmelidi. Hiç bolmanda agzybirlige bolan çagyryş bilen çykyş etmelidi. Men şeýle hem etdim. Türkmen ýazyjylarynyň adyna açyk hat ýazdym. Şol wagtky «Ýaş kommunist» gazetine hödürledim. Ol hatyň mazmuny mende saklanmandyr, ýöne, gazetiň arhiwinde bolmagy mümkin. Çünki, ol makala bölümdenem, redaktordanam geçdi. Sahypa-da goşuldy. Ýygyldy. Korrekturasam okaldy. Ony agşamaralar meniň özümem okap gaýtdym. Makala şol gije çykmalydy we ir bilen ile ýaýramalydy. Ýöne makalanyň çykmajakdygy, hökmany suratda oňa garşy durjak haýsydyr bir sebäpjagazyň tapyljakdygy baradaky duýgy maňa ynjalyk bermeýärdi. Bu hakykatdan-da şeýle boldy. Makala çykmady. Men redaksiýa baryp onuň sebäbini soradym. Şol ýerde maňa aýdyşlaryna görä, litiň (senzuranyň) işgärleri ol makalany okapdyrlar-da: «Şeýle-şeýle bir zat bar welin siz habarlymysyňyz», diýip Ýazyjylar soýuzyna jaň edipdirler. Olaram ur-tut sekretarlaryň birini redaksiýa iberipdirler. «Bar, okap gör, bize gep geler ýaly zat bolsa aýyrt» diýipdirler. O-da baryp okapdyr we sahypadan aýyrdypdyr. Şol günüň ertesi men irden Ýazyjylar siýuzyna gitdim. Sekretaryň ýanyna bardym. Görsem, makalanyň gazet nusgasy onuň öňünde ýatyr. Özem telefonda litiň başlygy bilen şol makala barada gürleşip oturan ekeni. Ol men baranymdan telefonyň o çetindäkä: «Bor, bor, şeýdäýeris, ine özem geldi» diýdi-de, trubkany goýdy. Maňa ýanyndan ýer görkezdi. «Ine, şu wagtjyk Kakabaý Ataýewiç bilenem gürleşdik. Ol: «Oturyň-da kakyş-kukuş ediň soňam prawleniýede ara alyp maslahatlaşyň» diýdi. Ylaýyk, şu gün öýlän ýygnak bar, senem gel, serederis» diýdi. Men diýlen wagty prawleniýäniň ýygnagyna bardym. Oturanlaryň köpüsi: «Ýok, muny berip bolmaz, bersek uly il ýazyjylar agzala ekeni diýerler», diýdi. Bir ýaşuly zenan şahyra bardy, ol güldi-de: «Aý, ol ada-ha barybir galdyňyz, ýöne bu ýigit sizi iliň öňünde ýuwmarlajak bolýa, hemmesi beýle-de däl ýaly-la, diýdirjek bolýa» diýdi. Şondan soň kimdir biri: «Öňi bilen-ä adyny üýtgetmeli diýdi. Hemmeler maňa tarap üşerilişdiler. Bu meniň razylygymyň soraldygydy. Men razydygymy aýtdym. «Mazmun üýtgemese bolýa», diýdim. Razylaşýanymy bilip olar hasam ekezlendiler. «Bir özüni ak guş edip görkezjek bolýan ýaly...» diýenem tapyldy. Men: «Eger-de şeýle pikir edýän bolsaňyz şol makalanyň yzyna kimiň gol goýasy gelýän bolsa goýaýsyn, ýöne, öň dawa-jenjelde özüni tanadan ýakasy gaýyşlylardan bolmasyn, olara halk ynanmaz, makalanyň hümmeti gaçar» diýdim. Esli wagt aşak bakyşyp, oýkanjyraşyp oturdylar-da: «Aý, o-da birhili bolaýmasa» diýdiler. «Onda prawleniýäniň adyndan beräýiň, isleseňiz hormatly başlygyň adyndan beriň, meniň üçin esasy zat şol makalanyň çykmagy, şol çyksa dawa-jenjeliň galjakdygyna ynanýan», diýip, men ýene-de eglişige gitdim. Onda-da bolmady. Egilşik etdigimsaýy gaýtam, egnimden beter basdylar. Garaz, şol mesele şol gün çözülmedi. Soňam çözýlmedi. Ýatdy. Ýatyryldy. Özem bu gezek senzuraçylar tarapyndan däl-de Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi tarapyndan ýatyryldy. Birek-biregiň abraýyny gaçyrmak üçin ýazylýan masgaraçylykly makalalaryň goldanyp, şol zatlardan il-günem, ýazyjylaryň özlerinem goramak üçin niýetlenen makalanyň bolsa köpçülik bolup aslyşylmagy meni şol wagtam geň galdyrypdy, häzirem haýrana goýup ýör. «Üýtgedip gurmak» döwründen öňem senzura we döwlet ýolbaşçylarynyň hajyk-hujuklaryna imrinýän redaktorlar tarapyndan biz käbir halatlarda şular ýaly garşylyklara gabat gelýärdik, ýöne, «üýtgedip gurmak» döwrüniň beren demokratiýasy şol zatlary aradan aýyrmalydy, emma tersine, gün geldigiçe gadagançylyk güýçlenýärdi. Çünki, onlarça ýyllap gadagançylyk syýasatyna mäjum bolan beýnileriň doňuny çözerden ýaşajyk demokratiýa ejiz gelýärdi. Irden bäri işläp gelýän demir gysaç onam, bizem barha berk gysýardy. Ýagdaýlarymyz barha agyrlaşýardy. *** Şeýlelikde, üýtgedip gurmak döwri baradaky sözlerimizi jemläp aýtsak, şol döwür Gorbaçýow tarapyndan öňüne oklanan demokratiýa eýe bolup bilmedik, garaşsyzlyga-da üýtgedip gurmak döwri syýasy taýdan özüne görä has işjeň hereket eden respublikalaryň arkasyndan ýeten, soňam özüni öz Prezidentiniň öňünde şeýle süwümsiz alyp barmak bilen dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde göz-gülban hala düşen ýeketäk halk-türkmen halkydyr. Has takygy onuň heýjahanelekçileridir. Üýtgedip gurmak döwri içinde täze jemgyýetleriň, partiýalaryň, akymlaryň, halk hereketleriniň döredilmegine rugsat edilmedik ýeketäk döwlet – Türkmenistan döwletidir. Başda beýleki respublikalaryň gaýym göreşlerine birsyhly piçjiň atyşyp, soňam olaryň gan bilen gazanan ýeňişlerini öz peýdalaryna ýüzügatylyk bilen ulanan, dargaýança SSSR-iň eteginden aslyşyp, dargandan soňam referendum geçirip, garaşsyzlygy halkyna beýleki respublikalar ýaly goh-galmagal arkaly däl-de, parahatçylykly ýol bilen alyp berenden boluşan, taýyn aşyň eýesi bolandyklaryna birjigem müýnürgemedik ýolbaşçylar – Türkmenistan döwletiniň şol wagtky ýolbaşçylarydyr. Garaşsyz bolan gününiň ertesi: sen mňa taýýar däl, diýip, üýtgedip gurmak döwrüniň beren demokratiýasyny halkynyň elinden gaňryp alan, özi iş başynda otyrka edaralarda, şäher içinde, obalarda, suratlaryny asdyran, diri gezip ýörkä ýurduň ähli ýerinde özüne ýadygärlik dikdirip, täze gurlan we öňki desgalaryň tas ählisine, okuw jaýlaryna, etraplara öz adyny dakdyran, Stalin, Gitler, Kim-Ir-Sen we şolara meňzeş dünýä belli diktatorlar ýaly halkyny öz öňünde ýigrimi ýyldanam gowrak maýmyn dek oýnadan, olara öz-özüni wasp etdiren, ata-enesiniň adyny, Prezidentlik adynyň yzyna «Beýik», «Türkmenbaşy», «Serdar» diýen epitetleri dakdyran, döwletiň içinde täk özüni tarhan saýyp, garaşsyzlyk bir özüne berilendir öýden we ondan halkyňam hantama bolşuna halys ýürekden haýran galan, ähli saýlawlara ilk-ä alternatiwasyz baran, soňam konstitusiýany bozup, oýnatgy mejlisine özüni nobatdaky saýlawy geçirmezden ýene bir möhlete saýlawsyz saýladan, ondan soň ömürlik Prezident diýip yglan etdiren, suddan biidin islendik adamyny jenaýatkäriň günäsini geçip, islendik jenaýatkär edip bilen, öwülende öýkenini gabardyp Däli Domruldanam beter bat alan, ulygyzdanam beter sülmürän, tankyda gezek gelende tutuş süňňi bilen sandyrap gamyş kimin galdyran, özüniňkiden başganyň pikirine juda çydamsyz garaýan ýeke-täk Prezident – Türkmenistanyň şol wagtky Prezidenti Saparmyrat Nyýazowdyr. Eýsem-de bolsa türkmen halky näme üçin öz öňüne oklanan demokratiýadan binesip galdyka? Ýa Nyýazowyň aýdyşy ýaly ol hakykatdan-da demokratiýa taýýar däldimikä? Türkmen halkynyň demokratiýa asyrlarboýy taýýar bolup gelendigini biz geçmiş ýazuw ýadygärliklerimiz arkalam, uzak bolmadyk geçmişde han-beglerimiziň geçiren teşwüşleri arkalam göz ýetirip bileris. Muňa Gökdepe urşunyň öň ýany türkmenleriň geçiren maslahatyny mysal getirmek bolar. Şol maslahatda orslar bilen uruşmazlygy teklip edenlerem bolupdyr. Oturanlaryň käbirleri olary ýazgarypdyrlar, dönük, orslara satylan saýypdyrlar. Emma, maslahata baştutanlyk edijiler her kimiň öz pikirini aýtmaga hakynyň bardygyny, başgaça geplän adamy dönük hasaplajak bolsaň maslahat geçirmekligiň geregem däl ekendigini düşündiripdirler. Öz pikirlerini aýdan adamlaram sözümiz geçmedi diýip hiç kimden gaty görmändirler we galanyň goralyşyna hemmeler bilen deň-derejede gatnaşypdyrlar, döş gerip söweşipdirler, jan alyp jan beripdirler, wepat bolupdyrlar. Geçmişdäki uly maslahatlara köplenç garamaýak halkyň wekillerem gatnaşdyrylypdyr, olaryň aýdanlaryna pitiwa edilipdir. Ýokarda agzalan Gökdepe maslahatynyň soňy bolsa, Gökdepe galasynyň içindäki umumy halk maslahatyna ýazypdyr. Gadymy oguz döwletinde hem bir adamyň diktaturasy bolmandyr we demokratiýany saklamak üçin hanyň ýanynda ýörite maslahatçy goýlupdyr. Ony resmi suratda Töre diýip atlandyrypdyrlar. Ol kanuny goraýjynyň wezipesini ýerine ýetiripdir. Töre sözüniň manysy – akylly, paýhasly, bilimli, geňeşdar diýen manyny beripdir. Asmandaky Aý kimin Töre öz şuglasyny hemmelere deň saçypdyr. Ol hemme zady adalatly çözüpdir. Onuň üçin ýakynam, ýadam, patyşa-da, ýönekeý daýhanam, häkimem, garamaýagam deň bolupdyr. Häzirki döwrüň dili bilen aýtsak ol konsti tusion sud, ýagny halkyň konstitusiýa tarapyndan kanuny hukuklarynyň goragçysy bolupdyr. Töreden başga hanyň ýanynda syýasy taýdan häkimlik ediji güýç – Gut hem bolupdyr. Onuň alamaty adyllyk bolup, ol hanlara çäklendirilmedik hukuk bermändir. Şeýtmek bilen ol hanlary zalymlykdan gorapdyr. Çünki, halk häkimlere Guty töreçilige eýerer diýen şert bilen beripdir. Oguz döwletiniň kada-kanunlaryna görä, häkimiň iýmitem, geýmitem ýönekeý halkyňky bilen deň bolmaly ekeni. Halkyny hor-homsy ýaşadýan häkim bolsa häkim hasap edilmändir. Töre aýdypdyr: «Eý, Häkim! Halkyň mätäçliklerini sen ilkinji bolup özüň garşylamalysyň we şondan soň özüňe seretmelisiň.» Gut aýdypdyr: «Döwlet edil üç aýakly tagan ýaly üç zada daýanýandyr. Biri adalat, ikinjisi deňlik, üçünjisi rehimdarlyk. Eger-de şol üç şertiň üstünde durup bilmese, häkimem, häkimligem ýykylýandyr». Gadymy oguz döwletiniň döwlet diwan gurluşy munuň bilenem çäklenmändir. Ýagny, Gutuň öz işini ýöredişine gözegçilik edýän mejlis boludyr. Eger-de häkim ýurdy adalatly dolandyryp bilmese, onda ony kanuny suratda aýrypdyrlar. Oguzlaryň arasynda: Han bolmak gowy, ýöne Töre bolmak ondanam gowudyr» diýen gürrüň ýörgünli bolupdyr. Görşümiz ýaly demokratiýa-da, demokratik düşünje-de, türkmen halky üçin ýat zat däl. Bu häsiýet onuň zandynda, milli kimliginiň düýp-teýkarynda ýatyr. Onda ol näme üçin garaşsyzlyk ýyllary öz hak-hukugy ugrunda göreşmedikä? Näme üçin Prezidentden demokratiýany talap etmedikä? Milli kimligi boýunça demokratik düşünjeli, taryhyň sahypalaryndan görnüşine görä namysjaň, atarman, çaparman, söweşjeň ruhly gadymy hasap edilýän gaýratly halk demokratiýa ugrunda göreşmäge derek gaýtam nädip beýle gözgyny ýagdaýa düşdükä? Ýeke bir öňe düşen serdarlaryna, serkerdelerine däl, eýsem çagasyna, ata-enesine, söýgülisine, uýasydyr-aga-inisine bolan söýgüsinem daşyna çykarmaýan, içki duýgularyny içinde pynhan saklamany başarýan halkyň nädip beýle ulysy-kiçisi, oglany-gyzy, garrysy-ýaşy gije-gündiz bir adamyň öňünde böküşip, şanyna gazallar aýdyşy, ýüzüne öwşüp, el öwsüşip, ýer depişip duran masgarabazlara öwrülibildikä? Biziň pikirimizçe, bu ahwalatyň sebäbini birinjiden-ä şol döwür Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň öz halky bilen deň gopmanlygyndan, olaryň watançylyk, ýer-ýurt, ar-namys baradaky duýgy-düşünjeleriniň, halkyň duýgy düşünjeleri bilen deň gelmänliginden, ikinjidenem, Sowet soýuzyndan halka miras ýeten baştutanyň ähli güýç-kuwwayny diňe öz garabaşyny, gyzyl-ala kürsüsini goramaklyga sarp edendiginden, ýurduň içindäki ýüreginde milli buýsanjy bolan gaýratly toparyň goluny, aýagyny baglandygyndan, agzyny bekländiginden, bu ýagdaýa çydaman birnijeleriniň bolsa daşary ýurtlara gidip, galan böleginiň bolsa «Dymmak» ýoluny saýlap alandygyndan gözlemek gerek. «dymmak» syýasaty bolsa ajalyň gaýrat ederine ýa başga biriniň gelip diktatoryň zulmundan halas ederine bil baglaýar. Ana, hut şonuň üçinem, şol döwür Türkmenistanyň syýasy äleminde agyr, petiş howa emele geldi. Dem almak kynlaşdy. Şol oňaýsyz ýagdaý türkmen halkyny dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde abraýdan düşürdi. Dünýäniň syýasy sahnasynda ony öwünjeň, paň, pak, biweç, bigaýrat, sus görkezdi. Ähli halklaryň aňynda onuň geçmişde köp-köp döwletleri guran edermen halk bolandygyna şübhe döretdi. Eýsem-de bolsa ol öz dymmasyny hemişelik dowam etdirermidi ýa ahyr bir gün çydam käsesi dolup göreşiň birneme töwekgelliräk ýoluny saýlap alarmydy? Syýasy işjeňligi öz-özünden artarmydy? Rewolýusion göreşlere baş goşarmydy, galkynarmydy? Öňüne oklanan demokratiýany eglip almaga ýaltanan halk özüni şunça ýyllap gysymynda saklan ýekemen diktatordan ol aradan çykmadyk ýagdaýynda öz hak-hukugyny talap edip bilermiki? Onuň demir düzgüniniň astyndan çykyp bilermidi? Ýekejede garşydaş partiýanyň, jemgyýetçilik hereketleriniň ýok ýurdunda rewolýusion galkynyşlar bolup bilermidi? Sowet mekdebinde we ýokary okuw jaýlarynda bilim alan adamlar bolan biz, elbetde, bu soraga bada-bat: «Ýok», diýip jogap bereris. Çünki, bizi: «Her bir rewolýusiýa haýsydyr bit partiýa tarapyndan taýýarlanylýar, çäreleri işlenip düzülýär we şolar tarapyndan amala aşyrylýär» diýip okadypdylar. Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasyny gurnaýjylar bolan bolşewikler partiýasynyň ýeňişlerini bolsa mysallar hökmünde öwredipdiler. «Kommunistik partiýa biziň ähli ýeňişlerimiziň guramaçysydyr we ruhlandyryjysydyr» diýipdiler. Bizem oňa ynanypdyk. Emma, bu düýbünden başgaçady. Çünki, 1917-nji ýylyň fewralynda Orsyýetde Samorderžawwiýany agdaranlar bolşewikler däl-de, buržuaz-demokratlardy. Iň geň ýeri olaryň amala aşyran rewolýusiýalary hem umuman alanyňda hiç hili guramaçylyksyz, özakymlaýyn ýagdaýda bolup geçipdi. Bu şeýle hem bolmalydy. Çünki, hiç bir rewolýusiýanyň hiç haçan, haýsydyr bir partiýa ýa gurama tarapyndan taýýarlanmaýandygyny we taýýarlap hem bolmaýandygyny syýasy bilermenler tassyklaýarlar. Öz wagty gelende onuň tebigy, özakymlaýyn ewolýusion ýagdaýda, ýöne oňa görä jemgyýet üçinem, halk üçinem yzalyrak ýagdaýda bolup geçýändigini ylmy taýdan subut edýärler. Muny taryhyň özi hem subut edýär. Mysal üçin, Sowet döwüniň syýatyny onuň öz içinde bolup, jikme-jik öwrenen soň daşary ýurda geçen Woslenskiniň öz «Nomenklatura» atly paç ediji işinde ýazyşy ýaly, Beýik fransuz rewolýusiýasyna, XVII asyrda bolup geçen iňlis rewolýusiýalaryna, 1830-njy ýyldaky fransuz rewolýusiýasyna, 1848-nji ýylda Ýewropada bolup geçen rewolýusiýalara, 1918-nji ýylda germaniýada we Awstro-Wengriýada bolup geçen rewolýusiýalara, 1956-njy ýylda Wengriýada bolup geçen rewolýusiýa hem hiç kim ýolbaşçylyk etmändi. 1989-njy ýylda Polşada, Wengriýada, Germaniýa Demokratik respublikasynda, Çehoslowakiýada, Bolgariýada, Ruminiýada bolup rewolýusiýalar hem hiç kim tarapyndan taýýarlanylmandy. Emma rewolýusiýa welin bolupdy. Häkimiýet agdarylypdy. Ýerine täze häkimiýet geçipdi. Jemgyýet düýbünden başga gurluşa tarap ugur alypdy. Sebäbi, ýurt başynda oturan, ewolýusion-demokratik ösüşiň öňüne böwet basan ýeke-täk partiýalaryň totalitar ulgamynyň özünden-özi şol ýurtlary şol ýagdaýa eltipdi. Mütdet döredipdi. Hökmanylyk, zerurlyk ýüze çykypdy. Güýçli gysyşyň netijesinde ençeme wagt bäri iriňläp duran ýara ýarylypdy. SSSR-i hem başda belläp geçişimiz ýaly ýetmiş ýyllap häkimiýete garşy durýan ägirt uly güýç hasap edilip gelnen döredijiler, alymlar ýa intelgensiýanyň beýlelki wekilleri däl-de, häkimiýeti hemişe olardan gabanyp gelen, olary müňläp-müňläp sürgün eden, atan, basan, asan adamlaryň – döwlet ýolbaşçylarynyň, kommunistik partiýanyň liderleriniň hut özleri , onda-da özakymlaýyn, bikanun, konstitusiýa ters gelýän ýagdaýda ýykdylar. Emma taýynlamak ýoly bilen, haýsydyr bir partiýanyň guramaçylyk işleri arkaly welin, ol döwleti ýene ýüz ýyldanam ýykyp bolmazdy. Aslynda SSSR-de hem, SSSR bilen bile ýykylan, sosialistik lagere girýän döwletleriň hiç birinde hem ýeke-täk partiýadan – kommunistik partiýadan başga garşydaş partiýa-da ýokdy, oňa mümkinçiligem bolmandy. Şonuň üçinem, nazaryýet boýunça şol ýurtlarda rewolýusiýanyň bolmagy asla mümkinem däldi. Diýmek, rewolýusiýa öňünden taýýarlanmaýar. Döwletiň agdarylmagy, häkimiýetiň ýykylmagy, ýurtda rewolýusiýanyň bolup geçmegi ýurduň içindäki partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, oppozisionerleriň alyp barýan demokratik hereketleri bilen däl-de, ýurt başyndaky häkimiýetiň demokratik ýörelgelerden daşlaşmagy, söz azatlygynyň çendenaşa gysylmagy, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň has pese düşmegi, çydam käseleriniň dolmagy bilen baglydyr. Şeýlelikde, Türkmenistanda hem demokratik öwrülişikleriň bolup geçäýmegi juda mümkindi. Ony geň galsagam özüde bilmezden Türkmenbaşynyň baştutany Nyýazowyň hut özi taýýarlardy. Mütdet döredýärdi. Halky şoňa itekleýärdi. Bu, elbetde, jemgyýetçilik öwrülişiklerinde garşydaş partiýanyň hiç hili orunlarynyň ýokdugyny, asyl-ha olaryň gereginiň hem ýokdugyny aňlatmaýar. Ol birinjiden-ä ýurtda diktaturanyň emele gelmegine garşy durýan güýç hökmünde hemişe gerek, ikinjidenem, rewolýusion mütdet dörän wagty öňe düşer ýaly haýsydyr bir guramaçylykly güýjüň zerur bolýandgy üçin gerek. Mysal üçin, 1917-nji ýylyň oktýabr aýynda bolup geçen sosisalistik rewolýusiýada bolşewikler partiýasy belli bir derejede, kem-käsleýin hem bolsa guramaçylyk roluny oýnapdylar. Ýerde guma bulaşyp ýatan häkimiýeti egiläge-de galdyraýmak üçin şol wagt hakykatdan-da, haýsydyr bir guramaçylykly professional topar gerkdi. Bolşewikler ine, şony welin başarypdylar. Pursatdan ökdelik bilen peýdalanypdylar. Samoderžawiýany agdaran buržuaz-demokratik rewolýusiýasynda özleriniň ömürboýy arzuwlap gelen ýolbaşçylyk etmek höweslerini kanagatlandyryp bilmedik hem bolsalar, rewolýusion wagtlaýyn hökümeti agdarmakda aýgytlaýjy orny eýeläpdiler. Özüniň «maksimum» programmasyny amala aşyryp bilmedik Lenin, şonda özüniň «minimum» programmasyny amala aşyrmagyň hötdesinden gelipdi. Ýöne, rewolýusiýa halky bagta ýetirip bilmedi. Çünki, islendik rewolýusiýanyň astynda hemişe zorluk, sütem ýatýar. Ol tebigy hadysalaryň, jemgyýetiň ýa-da adam aklynyň hil üýtgeşmeleriniň ewolýusion-demokratik ýollar arkaly däl-de, zorluk bilen amala aşyrylýan döwründe, esasanam häkimiýet başyndaky gatlagyň demokratiýany uçursyz gysýan döwründe, taryhy zerurlyk hökmünde ýüze çykýar. Jemgyýetçilik ösüşinde rewolýusiýanyň orny ewolýusiýanyňkydan aşakdyr. Belki ýol berilmesizdir. Çünki, ol halky diňe betbagtçylyklara, ýüregedüşgünç gyrgynçylyklara, ganly çaknyşyklara alyp barýar. Hakyky rewolýusiýa ewolýusion görnüşde, parahatçylykly ýol bilen, öz-özünden amala aşmalydyr. Tebigatyň işine goşulmak, ony zorlamak bolýan däldir. Şu nukdaý nazardan seredeniňde islendik halkyň, egerde zerur bolan halatynda göreş üçin ewolýusion-demokratik ýollary saýlap almagy gerekdir. Üýtgedip gurmak döwründe Türkmenbaşynyň halky birsyhly şol, rewolýusion mütdede tarap itekläp barmagy bolsa, özi üçinem, ýurt üçinem, halk üçinem, taryh üçinem zyýanly bolardy. Çünki, sabry-karary, takady çäksiz halk bir ýerde ýok, hiç haçan bolmandam. Hatda iň bir agşy haýwanam gaçara ýer goýman burça gysyberseň, syrtyny çöpe diräp üstüňe topulmak bilen bolýar. Adamzat müňýyllyklaryň dowamynda ençeme jemgyýetçilik formasiýalaryny, biologiki üýtgeşmeleri başdan geçirdi. Şolaryň hiç birinem ol «şeýdeýin» diýip etmedi. Ýa öňünden kesgitlemedi. Taýýarlamady. Şolaryň ählisem tebigy suratda, ewolýusion ýagdaýda bolup geçdi. Hiç kim adamy maýmyndan biriniň buýrugy bilen döretmedi. Ilkidurmuş obşinasyndan – gul eýeçiligine, gulçulykdan – feodalizme, ondan kapitalizme we ş.m. geçmekligi hiç bir ykdysady ýa syýasy partiýa öňünden taýýarlamady guramaçylyklaşdyrmady, meýilleşdirmedi. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda häkimiýet we syýasy öwrülişikler hem hut şolar ýaly görnüşde amala aşmalydyr. Ewolýusiýa adamzady hemişe biologiki, ykdysady we medeni ösüşlere tarap alyp gidipdi. Rewolýusiýa bolsa hemişe gan döküpdi, weýrançylyklara eltipdi. Jemgyýeti yza çekipdi. Ösüşleri bökdäpdi. Kä halatlarda bolsa bütinleý togtadypdy. Şeýle hem ol başda özüni demokratiýa ugrunda, diktatura garşy göreşiji edip görkezýän hem bolsa, halka elpe-şelpeligi, erkinligi, söz azatlygyny wada berýän hem bolsa, häkimiýet başyna geçmegi we aralykdaky gapma-garşylyklaryň aýrylmagy bilen onuň rewolýusion missiýasy tamam bolýar. Egerde, şondan soň ol hem bolşewikler ýa Türkmenbaşy ýaly diňe öz garaýyşlaryny, ideýalaryny öňe sürse hiç kim bilen maslahatlaşmasa, hiç kime gilak asmasa onda, ol hem gürrüňsiz diktaturadyr. Bu zatlara indi adamzat düşündi. Jemgyýetçilik öwrülişiklerinde rewolýusiýanyň ornunyň ewolýusiýa garanyňda has pesdigine göz ýetirdi. Muňa döwlet başynda oturanlaryňam akyllary çatman duranok. Üýtgedip gurmak döwrüniň soňunda M. Gorbaçýowyň hut özüniň görkezip giden hereketi muňa mysaldyr. Ol öz beren demokratiýasyny yzyna aljak bolup hiç hili zorluga ýüz urmady. Özi eýerden agjak bolup oturan halatam ýaraga ýapyşmady. Barybir bir gün ýykylmagy gümansyz bolan uly imperiýanyň ewolýusion ýol bilen dagap gitmeginden gorkmadam, raýatlyk urşunyň döremegine, birentek adamlaryň öler ýaly isledigi bolan ganly rewolýusiýanyň tutaşmagyna ýol bermedi. Onuň bu ykbaly biraz soňrak bolsa Gürjüstanyň Prezidenti E.Şewardnadze, Gyrgyzystanyň Prezidenti A.Akaýewiň durmuşlarynda hem gaýtalandy. Olar hem edil Gorbaçýow ýaly, öz beren demokratiýalarynyň pidalary boldular we ýurtda syýasy dartgynlylyk emele gelen wagty, güýç ulanmazdan, häkimiýet el çekýändiklerini yglan etdiler. Halkyň çydamlylygyna, dymmalygyna bil baglap, ony äsgermezlik etmek, üstünden höküm sürmekligiň hatyrasyna sussuny basyp, ruhuny pes halda saklamak welin bolmaz. Ol oňyn netije bermez. Çünki, hernäçe çydamly, dymma bolsa-da islendik halkyň ahyr bir gün çydam käsesi dolar, dil açar, Amerikanyň meşhur on altynjy Prezidenti Linkolnyň aýdyşy ýaly: «Az halky köp wagtlap aldap bolar, köp halky az wagtlap aldap bolar, ýöne köp halky köp wagtlap aldap bolmaz». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |