07:21 Üýtgeşik kesel / satiriki hekaýa | |
ÜÝTGEŞIK KESEL
Satiriki hekaýalar
Gurluşykda işläp ýörenine esli ýyl bolanam bolsa Gurban Geldiýewiç bu edara başlyk bolup ýañy geçipdi. Başlyk bolsañ dogrudan hem, aladañ köp bolýan eken, ähli zada özüñ jogap bermeli, garaz, sensiz şo edarada çöp başy gymyldamaly däl. Hawwa, hut şeýle! Ine, ol häzirem özüniñ gyssagly işlerini bir gapdala goýup şäherden şahyryñ gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp otyr. "Şahyr halky synçy bolarmyşyn. Diýmek, kabineti ýene bir gezek syryp süpürmeli, ony tertibe salmaly. Ho-ol añyrda duran içi gülli güldany ine, şu ýerik geçirmeli, ol duran ýeri, birhili, bolanok, gelşiksiz" diýip Gurban Geldiýewiç içini gepletdi. Hawa, şu gün şahyr Şyhly Sapaýewiçiñ kollektiw bilen duşuşygy boljak. Ol öz goşgulary bilen gurluşykçylaryñ öñünde çykyş etjek. Gurban Geldiýewiç Şyhly şahyr bilen geçen ýyl Gara deñziñ gyrasynda kurortda tanşypdy. Ol Gurban Geldiýewiçiñ başlyk bolanyny eşidip, hut ýañy-ýakynda bu ýerik gelibem gidipdi, dostuny täze wezipe bilen gutlapdy. Şonda şahyr gurluşykçylar hakynda özüniñ poema ýazmakçydygyny, soñra ondan teatrlaryñ biri üçin spektakl döretjekdigini magtanyp aýdypdy. Hut şuş-şu günki duşuşyk hem Şyhly şahyryñ haýyşy boýunça geçirilýärdi. Göz dikip şahyryñ ýoluna seredip oturan Gurban birhili howsala bilen ýerinden turdy, sagadyna seretdi. Duşuşygyñ başlanmagyna az wagt galypdyr. Gelip ýetişerdä hernä? Ol ýöne meni bütin kollektiwiñ öñünde ýüñsakgal edäýmezdä? Aý, ýok, geler-le, soñam bu duşuşygy onuñ özi haýyş etdi ahyryn. Penjiräniñ öñüne gelip saklanan "Žiguli" Gurban Geldiýewiçiñ ähli aladalaryny edil ýagdan gyl soguran ýaly edip aýyrdy. Ol ýeñillik bilen dem aldy-da, myhmanyny garşylamak üçin daş çykdy. - Ajaýyp ýolbaşçy, dostum Gurban Geldiýewiçe ýalkymly salam! - diýip, Şyhly şahyr elini uzatdy. Gurban Geldiýewiç şahyr bilen gadyrly salamlaşdy, ony yzyna tirkäp, kabinetine bardy. Myhmanyñ gelerine mähetdel ýaly sekretar gyz gülli çäýnegi göterip çaý getirdi. Gözi gyza kaklyşan şahyr göterildi. Dälirän ýaly tarsa ýerinden turdy-da, elini kelemenledip, çala başy çatylan setirleri kelpeñlik bilen okady. Ak gar ýaly alkymy, Jaýa düşýär ýalkymy, Göýä üzüm salkymy, Owadan sen, owadan. Ol hilbir iş bitiren ýaly gomaljyrady, elini çarpyp göwniýetijilik bilen töweregine seretdi. Çykgynsyz ýagdaýa düşen gyz uýaljyrap çykmak bilen boldy. Şahyryñ suwjuklygyna, onuñ üfleseñ gaýyp gitjek setirlerine Gurban Geldiýewiçiñ gahary geldi, ýeñse damary kirş ýaly dartyldy. Ýöne ol syr bildirmedi, ýylgyran boldy. Şyhly Sapaýewiçi ugruna sürmeli. Onsoñam ol öwgüli sözleri erbet görmeýänliginden Gurban Geldiýewiçiñ azda-kände habary bardy. Şonuñ üçin hem onuñ goltugyna köpräk garpyz gysdyrmak gerek. - Görýäñmi, hakyky ýanyp duran talant-da! Diýjek zady diline gelip barýar. Bütin ömrümize oýlansagam ýañky ýaly akgynly dana setirleri özümiz-ä tapyp biljek däl. Berekella, şahyr! Bu sözler Şyhly Sapaýewiçiñ gulagyna hoş ýakdy. Ol birhili dogumlanan ýaly boldy, alkymyny çişirip güberildi. - Men-ä makul bilseñiz häzir duşuşykda size söz beremde ýaş şahyr zat diýip durjak däldirin, görýän welin, siz bir wagt kämillige ýetişipsiñiz, has dogrusy ussat bolupsyñyz... - Poeziýa düşünýän adamyñ gürrüñi başga-da - diýip, Şyhly Sapaýewiç dostunyñ sözüni böldi. Ol hasam çişdi. - Ynha, bahym özümiñ ilkinji kitabymy gadyrdan dostuma, poeziýanyñ ölemen aşygyna sowgadam getirerin. Gurban Geldiýewiç garşysynda duran şahyryñ birhili ýel berlen meşik ýaly çişip barşyna geñ galdy. Be, allajanlarym, bu nämäniñ alamatykan? Özüniñ-ä piñine-de däl. Öz ýagdaýyna öz beletdir-dä, zat bolasy ýok-la. Gurban Geldiýewiç sözlerden sözlerin gowusyny saýlap, ýene-de şahyry taryplamaga durdy. - Her asyryñ öz görnükli şahyry bolarmyşyn diýýärler welin, XX asyryñ poeziýa pälwany özüñiz bolsañyz gerek. Bu ugurda siz heniz ýörelmedik ýol açdyñyz. Biziñ poeziýamyzyñ bagtyna dünýä inipsiñiz. Ömrüñiz uzak bolsun! Tüweleme, zehiniñiz daş ýarýar... Şahyr edil onuñ gözüniñ alnynda dersine sygman gitdigiçe çişip barýardy. Ol birden böwenjik ýaly parkyldap ýarylaýmasyn diýip Gurban Geldiýewiç howatyrlandy. Onýança işik açyldy. - Başlyk, klub-a adamlardan ýaña urlup-dykylan ýaly, garaşyp otyrlar - diýip, kimdir biri gapydan boýnuny uzatdy. Özleriniñ häzir barýandyklaryny aýdyp, Gurban Geldiýewiç çalasynlyk bilen ýerinden turdy. Uly howsala bilen şahyryñ görejine seretdi, onuñ häzir haly teñdi. Şyhly Sapaýewiçi gop berip galdyrmaly boldy. O-ho-how, görseñizläñ bu bolýan zatlary. Şyhly şahyr gapa syganok, yzyndan itekläp gördi, bolmady. Näme etmeli? Mähelle şahyra garaşýar. "Adamlary şu ýerik ýygnaýsagam boljak welin, ýer azlyk etjek. Eý, toba, näme etsemkäm?! Ýa birki sany ussa çagyryp gapynu gopardaýsammykam? Ýok, hökman doktor çagyrmaly, birden bir bolmasy iş bolaýmasyn. Wah, şahyry bu derejä ýetiren nämekän? Ol näme üçin edil ýel berlen top ýaly çişdikän? Men muña çaýdan başga hiç hili hödür-keremem-ä etmedim. Walla, gaýşarylyp özüniñ azaryna-da däl, gaty arkaýyn." Gurban Geldiýewiçiñ gorkusyna ýüzi ak esgä döndi. Aljyrady, sandyraýan barmaklary bilen telefonyń pyrlampajyny aýlady. Uzyn-uzyn signal berip gelen "Tiz kömek" maşyny edaranyñ agzynda saklandy. Kürsäp kabinete giren ak ýektaýly wraç gelip şahyry synlady, ony-muny soraşdyrdy, damarynyñ urşuny barlap gördi, üýtgeşiklik tapmady. Ol başyny ýaýkap, bälçiklik etdi. - Umuman şahyrlaryñ keselini biz wraçlardan däl-de, tankytçylardan soramaly, her ugruñ öz doktory bolýar. Tankytçy sesini eşiden şahyr ziñkildäp tisgindi, gözüni elek-çelek edip töweregine seretdi. Az salymdan ýarylan pökgi dek pyssardy. Gurban Geldiýewiçiñ ýüregi ýerine gelen ýaly boldy, ýylgyryp wraç gelniñ ýüzüne seretdi, minnetdarlyk bildirdi. - Bilmändiris, şahyryñ üýtgeşik keseli bar eken - diýip, ol gidip barşyna pyşyrdady. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |