15:32 Waksina ýalany | |
WAKSINA ÝALANY
Publisistika
Bir zat ýazýan bolsañ... Kitap ýazýan bolsañ... Tankyda-da döz gelmeli bolarsyñ! "Gizlinlikde saýlananlar" (“Saklı Seçilmişler”) kitabyma käbirlerinden tankydy bellikler gelýär. Gowy zat. Jedelleşeliñ, çekişeliñ. Dürli-dürlilik döredeliñ. Emma... Ýurdumyzda okaman "tankyt etme" keseli wirus ýaly ýaýylýar! "Gizlinlikde saýlananlar" kitabymy tanyşdyrmak üçin sosial mediýada mahabat maksatly ýaýradylan üç-dört jümläniñ üstünden "tankytlar" ýagýar! Bäş ýüz sahypalyk ylmy kitabymy diñe sosial mediýada okan şojagaz tekstiñ üstünden "tankyt edýärler!" Gürrüñi getirip waksina-çaga saglygyna diräp, meni "waksinanyñ duşmany" yglan edýärler! Aýyp. Iñ bolmanda kitaby bir ilki okap görüñ ahyry... Ýerliksiz tankyt diñe bu kitap sebäpli başyma gelmedi. "Akýagyz türkleriñ uly syry. EPENDI" (“Beyaz Türklerin Büyük Sırrı, EFENDİ”) kitabymy ýazdym. Kimdir birileri heñkirmäge başlady: – Sabetaýist duşmançylygyny wagyz edýär! – Anti-semitik! Ýeri, okadyñyzmy özi bir kitaby? Ýok! Adyny tutmak hökman däl: bir şahyryñ goşgusyny kitabyma ýerleşdirdim. Kitap barada agyzlaryna agam gelse diýdiler, gara-da gelse! Ýazan zatlaryma şübhelenip başladym, onsoñ olaryñ birine jañ etdim: "Gadyrdan, sen dogrudanam bu kitaby okadyñmy?" Okaman eken! Bir ýakyn tanşy aýdyp berenmiş! Özem şol jañ eden adamym ýurdumyzda "tankytçy" hökmünde tanalýar! Bir gün iýip-içip otyrdyk... Spiker dost "Ependi" kitabym barada aýdylyp şyrrygy çykan "tankytlary" gaýtalamaga başlady. Kitaby oka gören tanşym çydap bilmän ondan sorady, "kitaby okadyñmy?" Okaman eken! Bugün… Muña meñzeşlerine sosial mediýada-da ganat geldim… ■ “Çepçi” portal Adyny ýazanok… Haýsy derman öndüriji firmanyñ işgäridigini bildirmejek bolýan bolarly! Labyryny atypdyr bir "çepçi" portala, agzyna gelen zady samrap otyr. Gürrüñ waksinalar barada! Ýeri... "Gizlinlikde saýlananlar" kitabymda näme ýazypdym: “Waksina - global derman öndüriji şereketleriñ üstünde köp durýan meselesi! Waksina boýunça yzygiderli hereketleriñ bolmagy, hökümetleriñ nezdinde lobi hereketleriniñ ýöredilmegi we hususanam Afrika ýurtlary bilen yslam geografiýasynda iş geçirmekleriniñ sebäbi nämede? Ynsanperwerlikmi? Pulmy? Ýa-da... Bütin dünýäde waksina meselesi elýetmezligine galýar. Nämeleri orta atýaroar, nämeleri ara alyp maslahatlaşýarlar! Waksina meselesi - tabu (üýtgewsiz kada -t.b.) Waksinalaryñ howpsuzlygyna, täsirliligine ünsi çekmek isleýänler aforoz edilýär (jemgyýetden çetleşdirilýär). Gürrüñsiz, özüñizi tutuşlaýyn "waksinalardan uzak tutuñ" diýip biljek däl. Emma... waksina meselesinde "juda seresaply boluñ" diýmän welin, durup bilemok! Serediñ... ABŞ-da ýañy doglan bir çaga alty ýaşaýança jemi kyrk dokuz doza alýar we on dört gezek waksinasiýa (priwywka) edilýär. Türkiýede-de ýagdaý şondan gowy däl: çagalara jemi on ýedi gezek waksinasiýa edilýär! Hemmesini etdirmek hökmanmyka? Mysal üçin... MMR (gyzamyk, gabagulak, gyzamykjyk) garylan waksina ilkinji gezek 1975-nji ýylda ABŞ-da synag edildi we (Türkiýe bilen bile) ýer ýüzüne ýaýrady. Emma... Ýaponiýa ýaly ýurtlar soñ-soñlar mundan el çekdi! Munuñ irki ýaşda süýjüli diabet keselini möwjedýändigi belli boldy. Inçekeseliñ (tuborklýoz) waksinasy hem hut şol täsiri döredýärdi! Eýse başgalary? Peýdalymy zyýanly? Türkiýede bir ýaşamanka ölen çagalaryñ ölüm tizligi (statistiki maglumatlar hernäçe az görkezse-de) 2013-nji ýylda müñde 10.8-e, 2014-nji ýylda müñde 11.1-e ýokarlandy…” Ýagny… "Gizlinlikde saýlananlar" kitaby waksinasiýa däl-de, derman öndüriji firmalaryñ ýola goýan mejbury waksinasiýa tabusyna garşy çykýar… Geliñ, garşylyklaýyn pikir alşalyñ, hökman jedelleşeliñ, hakykaty hemmämiz birlikde tapalyñ, şeýtseñiz men-ä begenerdim… ■ Kimi goraýarsyñyz Okaman "kesek atýarlar" diýip oturman, gowsy, kitapdan dowam edeýin-le: "Ýurdumyzdaky ähli ölümleriñ otuz göterimine golaýyny çaga ölümleri tutýar. Dünýäde çaga ölümleriniñ tizligi boýunça musulman ýurtlar öñdeligi eýeleýär. Tötänlikmi? Jahyllykmy? Türkiýede Konstitusion sudyñ "razylygy bolmazdan waksinasiýa geçirmeli däldigi" hakynda ýörite karar bar… Waksinalaryñ mazaly seljerilmän, ýeterlik barlaglardan geçirilmän ulanyşa goýberilýändigi hemişe üsti jedelli mesele bolup geldi. Çünki... Dünýäde waksinalar boýunça karar kabul eden hiç bir gurama "waksinalaryñ iki ýylyñ dowamynda döredýän goşmaça täsirleriniñ üstünde iş geçirmändigi" baradaky gürrüñe häzirem kanagatlandyryjy jogap berip bilenok! Şol sebäpli belli-belli ýyllarda ulanylan ("rota wirus" ýa-da "thimerosal" ýaly) waksinalar hakynda nägilelikler artansoñ, ulanyşdan çekildi…” ABŞ-ly meşhur aktýor Robert de Nironyñ çaga waksinalary boýunça habar taýýarlajak žurnalistlere 100 müñ dollar teklip edendigini ýazypdym. "Haý, zaluwat" durawer, beýle diýmänmiş! Ol Endrýu Uekfildiñ 2016-njy ýylda rejissýoryñ eden we waksina pyrryldaklaryny görkezýän “Vaxxed” atly dokumental filmine hemaýat etmedimi näme? Gep diñe Robert de Nironyñ oglundamy? Waksinalar sebäpli çagalaryna şikes ýeten maşgalalar ABŞ-da "Nesilleri halaz etme" toparyny döretdiler. Olar öz aralarynda 200 müñ dollar toplap, waksina bilen otizmiñ arabaglanşygyny öwrenýän seljerme işlerini geçirdiler. Barlagyñ netijeleri kitapda ýazlan, aç, oka! Sosial mediýadan "kesek oklama" oýnuñy bes et! Açyp okañ... ABŞ-nyñ öñki Goranmak ministri Donald Ramsfeldiñ ýolbaşçylyk eden "Gilead Sciences" derman öndüriji şereketi "guş dümewi" howsalasyny ýaýradyp, dünýäde nämeleri etdi? Diñe şu dümewiñ öñüni almak üçin Türkiýe 350 million dollara barabar waksina satyn aldy! Şuny diýmek isleýärin: Kimdir birileri "çepçi" maskasynyñ astynda global waksina oýunlarynyñ üstüni örtmäge çytraşýar! Eko-imperializm olaryñ piñine-de däl. Azyk önümleruniñ syýasy-ykdysady tarapy olaryñ piñine-de däl. Ýalynjañlyk edýärler... Olar bir zady bilenok: Ýerliksiz tankyt aslynda gizlin öwgüden başga zat däl! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 09.03.2018 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |