20:52 Şahyr Waža Pşawela doguldy... | |
• 1861-nji ýylyñ 26-njy iýulynda
Taryhda şu gün
WATANSÖÝER ŞAHYR - Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize bolsa onuň hoşasyny çöplemek galýar – diýip, bir mahal Mämmetweli Kemine aýdyp geçipdir. Bu hakda türkmen halkynyň arasynda iňňän ýörgünli rowaýat bar. Belli gruzin şahyry, doglan gününiň 100 ýyllygy uly dabara bilen bellenilýän Waža Pşawela hakda söz açylanda, ýokardaky türkmedn rowaýatyna çalymdaş bir hakykat göz öňüňe gelýär. Waža Pşawelanyň ilkinji şygyrlaryny okasp gören meşhur gruzin şahyry Ilýa Çawçawadze öz galamdaşlaryna ýüzlenip şeýle diýipdir: “Biziň ýaly garry şahyrlara galamy elden goýmaga, Waža Pşawela ak ýol arzuw etmäge wagt ýetdi”. Bu sözler gruzin edebiýatynyň taryhynda düýpli yz galdyran Waža Pşawelanyň döredijiligine berlen ýokary bahadyr, hut şu sözler arkaly-da onuň döredijiliginiň egsilmez güýjüni nazaryňa getirse bolýar. Geçen asyryň segseninji ýyllarynda iňňän işeňňir çykyş eden, ölmez-ýitmez eserleriň telimsini özünden soňkulara ýadygärlik galdyran Waža Pşawela otuz alty sany epiki poemanyň, dört ýüze golaý şygryň, ýüze ýakyn uşakly-irili hekaýanyň, alty sany pýesanyň, köp sanly oçerkleriň hem edebi makalalaryň awtorydyr. Waža Pşawelanyň eserleriniň özünden hem ullakan kitaphana edinmek boljak. Ýöne esasy mesele munda däl. Esasy mesele şahyry ýazan eserleriniň hil tarapynyň ýokarylygynda, olaryň zamananyň sesi, zamananyň buýrugy bolanlygyndadyr. Waža Pşawelanyň döredijiliginiň dürli taraplylygy, onuň proza eserlerini-de ýazmagy, elbetde, guwançly zat. Ýöne Waža şahyr hökmünde has güýçlüdir. onuň döredijiliginiň gaýtalanmasyz özboluşlylygy onuň şygyrlarynda, poemalarynda iňňän aýdyň görünýär. Şuňa görä. gruzin halky öz oglunyň döreden “Bahtriony”, “Aluda Ketelauri”, “Myhman hem hojaýyn” ýaly poemalaryna kawkaz poeziýasynyň ýokary basgançagy hökmünde kanuny baha berýär. Waža Pşawelanyň tutuş döredijiligi, aýratyn hem poeziýasy üçin häsiýetli zat nämeden ybarat? Elbetde, bu soraga bada-bat jogap bermek aňsat däl. Ýöne bir zady aýratyn nygtap geçmek gerek: Waža Pşawelanyň döredijiliginiň halk bilen, halkyň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen jebis baglanyşygy onuň mertebesini ýokary göterýär. Ýokarda agzap geçen eserlerimiz-de gönüden-göni halk döredijiliginiň jadylaýjy täsiri astynda ýazylypdyr. Halk döredijiligi Waža Pşawela üçin ylham çeşmesidi, ol folklora akylyň-pähimiň dürdänesi hökmünde garaýardy. Waža Pşawelanyň esasy gahrymanlary dagly gruzinlerdir. Şahyr olaryň duyrmuşyny iňňän oňat bilýärdi, käbir adamlaryň arasynda saklanyp galan taýpa-tire duşmançylygyna aýgtytly protest bildirýärdi. Watanyň her bir ýönekeýje, geljegi bar zady-da şahyryň gözne edil gyzyl ýaly bolup görünýärdi. Watan, onuň ykbaly Waža Pşawelany hemişe tolgundyryp geldi. Ol bu mesele barasynda özüniň Dawid Guramişwilä bagyşlap ýazasn goşgusynda hem, “Gigi”, “Gahrymanyň ölümi” atly poemalarynda hem, “Esgerleriň gadymy aýdymy” atly iň oňat şygrynda hem joşgun bilen ýazdy. Watan hakynda aýdylanda, onuň tankytçy I.Wartagawa beren jogabyndan bir bölegi mysal getiresiň gelýär: “Siz niçik görýärsiňiz? Men, näme, öz ýurdumyň geljeginiň iňňän aýdyňdygyny göz öňüne getirip bilmeýärinmi? Şu ýagdaý meniň eserlerimden görünmeýärmikä? Eger men muňa ynanmadyk bolsam, siziň pikiriňizçe, elime galam alarmydym näme?” diýip, Waža Pşawela ýazypdy. Hut şuňa görä beýik şahyryň arzuwlan zamanasynda ýaşaýan gruzin halky öz oglunyň dogan gününiň 100 ýyllygyny uly dabara bilen baýram edýär. bu baýrama beýleki doganlyk halklar bilen bir hatarda türkmen halky-da begenip, iki bolup bilenok. • "Mindiýa” operasy Gruziýa SSR-niň halk artisti Otar Taktakişwili Waža Pşawelanyň epiki poeziýasy esasynda “Mindiýa” operasyny ýazdy. Operanyň librettosyny ýaş dramaturg R.Tabukaşwili ýazyp, operany respublikanyň halk aristi D.Aleksidze sahnada goýdy. “Mindiýa” operasy beýik şahyryň dogan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanýar “Edebiýat we sungat” gazeti, 27.07.1961 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |