13:05 Watanyñy taşlap nirä barýarsyñ? | |
WATANYÑY TAŞLAP NIRÄ BARÝARSYÑ?
Publisistika
Kän kösençlikleri gördüñiz: Linç edildiñiz... Ölüm jezasy berildiñiz... Sinagoglaryñyz bombalandy... Jana kast edilşiklerde jan berdiñiz... Gan töhmetlerine duçar bolduñyz... Egin-eşik mejburylygyna tabyn edildiñiz... Alty metrden belent jaý salmagyñyza çenli gadagan edildi... 150 ýyl bäri habar beriş serişdelerinde görmedigiñiz, eşitmedigiñiz galmady... 1934-nji ýylda Trakýada, 1955-nji ýylda Stambulda öýleriñiz, iş ýerleriñiz talandy, sütem gördüñiz... "Barlyk salgydy" bilen aşyñyza awy gatdylar... Gümanlaryñ, şübhelenmeleriñ gurbany bolduñyz... Gizlenip, bukdaklap gezdiñiz... Gören bela-beterleriñizi ýazyp gutaryp bolmaýar! Emma... Ýene-de... Soñky ýyllarda 4 müñ 500 jöhit raýatymyzyñ Türkiýäni taşlap gitmegi janymy ýakdy. 6-7-nji sentýabr wakalaryndan soñam 3 müñ 621 adam ýurtdan gidipdi. Bu göçhä-göçlügiñ düýp sebäbi näme? Emma... Ýene-de... Irginlige düşüp gidenlere seslenesim, ýakalarından tutup silterläsim gelýär: – Nirä gidip barýarsyñ, bu ýerler seniñ watanyñ! Jahylyýetiñ sesiniñ batly çykýanyna seretme, Anadoly seni gorap saklar, arkadaş! Assiriýalylaryñ, babyllylaryñ, persleriñ zulmundan gaçan ata-babalaryñ Anadola sygyndy. Anadolyda... Rim döwründe siz bardyñyz: romaniýotlar! Wizantiýa döwründe siz bardyñyz: garaýymlar (karaimler)! 1376-njy ýylsa Wengeriýadan, 1394-nji ýylda Fransiýadan, 1470-nji ýylda Germaniýadan kowlup Osmanla sygynan sizdiñiz: Aşkenazlar! 1492-nji ýylda Ispaniýadan we Portugaliýadan kowlup Osmanla sygynan sizdiñiz: Sefaradlar! Anadoly iki ýarym müñ ýyllap jöhitlere gujak gerip geldi. Anadoly seniñ watanyñ!.. • Taryhyñy ýatdan çykarma Seret, dost! Gaty uzaklara gitjegem däl... Togrul begiñ, Alp-Arslanyñ, Mälikşanyñ goşunynda jöhit esgerler bardy. Fatih Soltan Mämmediñ jöhitlerden guran "Ewlady Musa Gariban" batalýony gyzgyn söweşlere gatnaşdy. Osmanlynyñ "Garaba" harby bölüminde-de jöhitler bardy. Haýim Fahri Napoleona garşy Osmanlynyñ ýanynda Akka galasynyñ goragyna gatnaşdy. Osmanlyda harby çinli jöhitler bardy. Bahriýe müñbaşysy (deñizçi maýor) Ýasef Gabaý 1892-nji ýyldaky "Ertugrul" deñiz heläkçiliginde jan berdi. Jöhitleriñ hakyky howandary Osmanly döwletidi: Kanuny Soltan Süleýman Rim papasyndan Rimdäki jöhitleriñ azat edilip, Stambula ugradylmagyny ýola goýdy. Ierusalime gitmek gadagançylygyñyzy Soltan Selim ýatyrdy. Yshak paşadan Salamon Eskenazä çenli osmanly köşgünde onlarça lukman işledi. Gabriel Buenawenturadan Awram Farhä çenli nijemeleri diplomatiki tabşyryklary ýerine ýetirdi. Osmanly pul çykarma işini jöhitlere ynandy. Hatda "Hilal-ı Ahmer" ("Gyzyl ýarymaý") guramasynda jöhitler bar. Ilkinji çaphanany guran Dawid we Samuel Nahmiýas doganlardy. Birinji jöhit gazetini Rafael Uziel çykaryp başlady. "Orta oýnundan" jadygöýlüge, medeni durmuşymyzy reñklendirenleriñ arasynda jöhitlerem bardy. Soltan Selim III-e tambur (tamdyra) çalmagy öwreden mugallymy Isak Romanody. Mişon Wentura ýaly ordinarius hukukçylar ýokdy, Haskiel Gabaý, Isak Ferera ýaly sudýalar adalat paýlady. Samuel ependi Içeri işler uprawleniýesiniñ başlygy wezipesine galdy. A.Lumneý Dawidsiñ ýa-da Awram Galantiniñ türk diline goşan goşantlaryny ýatdan çykaryp bolarmy? Ýehezkel Gabaý Magaryf nezaretinde (ministrliginde) işlän birinji işgärdi. Fethi Franko Umumy statistika edarasynyñ başlygydy. Germaniýadan gaçyp Türkiýä gelen alymlaryñ bitiren işlerini kim inkär edip biler? Bular bilenem gutaranok... • Dost-doganlygyñ ýurdy Sen ýalan-ýaşryk maglumatlardan doly bolgusyz teleseriallara kelläñi agyrtma... Osmanly jöhitleri sionizme elmydama hem garşy çykdy. Olar bu topraklara wepaly bolup galdy. Abdylhamyt II sionizmi esaslandyryjy Teodor Herzle Kipr ýaly ýerlere göçüp gelmegi teklip etdi, olardan dördünji diwiziýanyñ garamagynda harby bölüm döredilmegini isledi, oña "Mejidiýe" nyşanyny dakdy. Sefaradlar Osmanla gelişleriniñ 400-nji ýylyny Abdylhamyt II-niñ oñlamagy bilen baýram edip belledi. Osmanly Mejlisinde we Türkiýäniñ Ýokary Halk mejlisinde (TBMM) jöhit deputatlar işläpdi. Biziñ ýakyn taryhymyzda: Ýuda Hekim ýaly şehit düşen... Salamon Baruh ýaly "Istiklal" medalynyñ eýesi... Nesim Danon ýaly Milli azat-edijilik göreşine ýarag, ok-däri kömegini eden... Nesim Nawaro ýaly grek baýdagyny sypyryp aýryp, türk baýdagyny ýokaryk galdyran... Hahambaşy Haýim Nahhm ýaly "mandatçylygy kabul edemzok, türk halky bilen bile Mustapa Kemalyñ ýanyndadyrs!" diýen... Nahman Waron ýaly Mustapa Kemala maglumat getiren... Albert Kadranel ýaly salgytdan düşen pullary gizlinlik bilen Anadoly hökümetine iberen... Kanon maşgalasy ýaly "Kuwaýy-miliýeçileri" (Garaşsyzlyk ugrunda göreşýän watançylar) gizläp saklandygy üçin tohum-tiji bilen ýakylyp öldürilen jöhitler bar, dost!.. 1914-nji ýyldan 1922-nji ýyla çenli diñe Stambulda dört müñ jöhit aýaly ýanýoldaşyndan jyda düşdi. Heý, biz bulary ýatdan çykararysmy... Ishak Algaziniñ Harby-howa güýçleri üçin ýazan gimnini ýatdan çykaryp bormy? Harby-deñiz güýçleri üçin Alper Almelegiñ ýazan, kakasy Ýakup Almelegiñ çalan gimnini undup bolarmy? Haýsysyny ýazaýyn... Albert Karasu ýa-da ogly Bilge Karasu ýaly nijeme edebiýatçylar... Awram Leýon ýaly nijeme gazet eýeleri... J.Habib Gerez ýaly nijeme suratkeşler... Dilber Kamhi ýaly nijeme bezeg-miniatýuraçy ussatlary... Ýeşua Aroýo ýaly nijeme kompozitorlar... Nino Waron ýaly aýdymçy-şahyrlar... Izel Rozental ýaly nijeme karikaturaçylar... Çetin Gabaý ýaly nijeme režissýorlar... Wiktor Kastro ýaly kinostudiýa hojaýynlar... Bernar Nahum ýaly nijeme işewürler.... Albert Kohen ýa-da onuñ ogly Sami Kohen ýaly nijeme žurnalistler... Bu ýurduñ taryhydyr! Jöhitsiz (we gürrüñsiz rumsuz-ermenisiz) kemter bolarys. Ýeriñi-ýurduñy, taryhyñy taşlap nirä gidýärsiñ? Gitme. Biz bu ýerleri dost-doganlygyñ ýurduna öwreris. Sözümiz söz bolsun. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 03.01.2018 ý. | |
|