10:41 Werter täsiri | |
WERTER TÄSIRI
Publisistika
Newil Sewal (1920-1958) öz döwrüniñ atly-owazaly kino we teatr aktrisasydy. (Belli şahyr Atilla Ilhan Newil Sewala aşyk bolup "Tirýekli gözleriñe" diýip goşgam ýazypdy.) Aktrisa öz janyna kast etdi welin, häkimiýetiñ gazeti "Ulus" habary şeýleräk berdi: "Aktrisa ýere ýykylanda elindäki aş pyçagy seresapsyzlyk bilen ýüreginiñ üstünden sünjüldi. (01.05.1950 ý.) Häzirki wagtyñ "öz janyña kast etme epidemiýasyndan" habaryñyz bardyr. Şäherlerimizde yzly-yzly diýen ýaly öz janyna kast etme wakalary ýüze çykyp dur. Häkimiýetiñ öz janyna kast etme baradaky habarlara çäklendirme girizjekdigi barada hyşy-wyşylar bar... Döwletiñ mälim eden resmi maglumatlaryna salgylansak, 2002-2019-njy ýyllar aralygynda 53 müñ 984 adam öz janyna kast edipdir. Maşgala oňşuksyzlyklary, eklenç gaýgysy, söwdadaky şowsuzlyklar ýaly sebäpler wakalaryň agramly bölegini düzýär. Şeýle-de janyna kast etme wakasynyň doly hasaba alynmaýandygyny-da bellemän geçmek bolmaz... 2020-nji ýylda 99 müň 588 hususy dükan, 40 müň 735 şereket ýapyldy. Işsizleriň sany 10,7 milliona ýetdi. Ýagny... ykdysady çökgünligiň öz janyna kast etme waaklaryna sebäp bolýandygy aýdyň hakykat. Günde ortaça sekiz adama ýetýän öz janyna kast etme ölümleri pandemiýa döwründe näçeräk bolduka? Häkimiýeti goldaýan habar beriş serişdeleri öz janyna kast etme wakalaryndan ýa-ha dil ýaranok, ýa-da “seresapsyzlyk bilen boldy” diýip bassyr-bussyr edip oňýar! Bular täze däl... Düýnem habar beriş serişdeleri “başy aýlanyp balkondan ýykylan”, “aýagy taýyp deňize düşen”, “sapançasy göçüp kellesinden urlan adam” diýen ýaly absurd tutaryklar bilen senzura sebäpli öz janyna kast etme wakalarynyň üstüni örtdi... Näme diýjek bolýandygymy düşündireýin: ■ YSLAMA GARAMAZDAN Soltan Abdylhamyt II öz janyna kast etme wakalary baradaky habarlaryň berilmgine garşy çykypdyr. Mysal üçin, “Biçäreleriň batgasy Marmara” (“Biçarelerin Batağı Marmara”) ady bilen öz janyna kast etme habaryny beren “İkdam” gazetinden berk hasap soraldy. Gazetiň eýesi Jewdet ependi habaryň gije getirilendigini, sensura boýunça ýörite gözegçiniň gözegçiliginden geçendigini we özüniň hut şol habaryň gazetde çykanyndan habarynyň ýokdugyny aýtdy! Osmanlyda öz janyna kast etme wakasynyň tutarygyny “aklyndan azaşma, dälireme” (“cinnet”) ýa-da “kesel, dert” (“illet”) diýip düşündirilerdi. Maksat - öz janyna kast eden bendäniň muny edende aklynyň ýerinde däldigini görkezmekdi! Çünki, jümmüşinde yslam bolan durmuş formasy öz janyna kast etme diýen zady ýazgarýardy... Yslam ynanjynda beýtmek, Hudaýa garşy gitmekden başga zat däldi – adamyň jany-nebsi oňa amanat berlen zat, özüniňki däl. Hezreti Muhammet (s.a.w) şeýle diýipdir: “Kim özüni beýik ýerden aşak zyňyp öldürse, ol dowzahda ebedilik aşak zyňlar. Kim zäherli jisim içip özüni öldürse, onuň elinde ebedilik zäher bolar we dowzahda dowamly şony içip durmaly bolar. Kim metal jisim bilen özüni öldürse, elindäki demir dowzahda ebedilik onuň garnyna sünjülip durmaly bolar...” Hut şonuň üçinem Soltan Abdyleziziň öz janyna kast edip ölenine käbir dindar gatlaklar ynanmak islänok, “öldürildi” diýýärler. Hut şonuň üçinem Soltan Abdyleziziň ogly Ýusup Izzetdin ependiniň öz janyna kast edip ölenine käbir dindar gatlaklar ynanmak islänok, “öldürildi” diýýärler! Ýeri... Yslam dininde şeýle gazaply ýazgarylýandygyna garamazdan biziň günlerimizde nämüçin öz janyna kast etme wakalary artýar? Ykdysady çökgünligiň-umytsyzlygyň muňa edýän täsiri uly. A metbugatyň? ■ ZYNJYRLAMA TÄSIR Gýotäniñ 1774-nji ýylda iki hepdede ýazan “Ýaş Werteriň hasratlary” (“Cтрадания юного Вертера”) romany Ýewropada “Werter täsiri” diýilýän biri-birine baglanyşykly zynjyrlama öz janyna kast etmelere sebäp boldy... Eser Gýotä uly şan-şöhrat getirenem bolsa, öz janyňa kast etmäni mazamlaýandygy üçin agyr tankyda uçrady. Gýote we onuň gahrymany Werter “ýaramaz hristianlykda” aýyplandy. Leýpsig, Kopengagen, Milan ýaly şäherlerde eser gadagan edildi. (Katoliklerde öz janyna kast edenler katolik gonamçylygyna jaýlanmazdy we jynazasyna ruhany gatnaşmazdy. Angliýada bir wagtlar öz janyna kast edenler endamyndan çiş ötürilip gatnawly ýollara gömülýän eken!) Osmanlynyň adatdan daşary akyldary Beşir Fuatyň 1887-nji ýylda öz janyna kast etmesinde “Werter täsiri” barmydy? Bu jana kast etmäniňem Osmanlyda “Beşir Fuat täsirini” döredendigini aýdýanlar bar... Sözümi jemlär bolsam: Türkiýede ýeter-ýetmezçilik, garyplyk zerarly (“fakr u zaruret”) öz janyna kast etmeler artýar. Ýeri... Şular ýaly habarlary bermek jemgyýetde “Werter täsirine” sebäp bolýarmy? Hawa, meň pikirimçe gynansak-da bolýar! “Star TV” teleýaýlymynyň müdiri bolup işlänimde öz janyna kasty etme habarlaryny kän bermezdim. Çünki bular ýaly habarlary berdigimizçe Bosfor köprüsinden aşak özüni atýanlar köpelýärdi... Häkimiýete garşy dürli tankydy bellikleri edip bolar, emma muny adam ömrüniň-öz janyna kast etmeleriň üstünden etmek – nähili esasly-da bolsa, meň pikirimçe dogry däl... Ýöne: edil Newil Sewalyň öz janyna kast edende edişleri ýaly, hakykaty ýoýup dürli ýalan-ýaşryklary toslamagam gowy zat däl. Žurnalistler sosial jogapkärçiligi maksadalaýyk ýerine ýetirip, öz janyna kast etmeler baradaky habarlara seresaply çemeleşmelidir... Soner ÝALÇYN. “SÖZCÜ” gazeti, 06.05.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||