23:38 Wesýet | |
WESÝET
Goşgular
Ölen günüm meni jaýlañ, Garyp mazara goýuñ-da; Ortarasynda giñ ýaýlañ - Ukrainanyñ goýnundan Uç-gyraksyz giñ meýdanlar, Uçudy, belendi-pesi Görnüp dursun, eşidilsin Dnepriñ güwleýän sesi. Göreýin derýanyñ deñze Akydyşyn duşman ganynn Ana, diñe şondan soñra Gabrymda ynjalar janym. Ruhum uçar, doga eder Baryp Hakyñ huzurynda... Ýüzüm gara, dilim gysga Bolsa-da Onuñ ýanynda. Meni jaýlap, derrew galkyñ, Zynjyrlary üzüñ, gyryñ, Duşmanlaryñ gany bilen Erkinlik bagyn suwaryñ. Bolup bir uly maşgala Dynyñ gulçulyk derdinden Meni-de unutmañ, ýatlañ Ruhuma doga ediñ-de. Taras ŞEWÇENKO. * * * Ölüm jaýlaň mähriban Ukrainanyň ilinde, Gazyň gabrymy meniň Sähraýy giň çölünde. Daşgyn derýa abanýan Depede ýatar ýaly, Gapdalymdan çyrpynyp, Dnepr öter ýaly. Ukrainadan duşmanlyk Haram ganyny sürüp, Äkiden soň, mazardan - Silkinjiräp, men turup, Göge galkyp alkyşlaryn Taňrym - janym pidany, Emma täji onýança Tanamýaryn hudany. Meni jaýlap galkyň-da, Sözüň zynjyr, terk ediň! Ganymlaň ganyn seçip, Azatlygy berkidiň! Meni-de ýatlaň onsoň Azat bolan ol ilde, Ýatlap duruň, unutmaň, Gadyrdan şirin dilde. 1845 ý. Terjime edenler: Ç.Aşyrow. B.Soltannyýazow. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||