Bir tanşym gürrüñ beripdi:
Ýakynda howa menzilinde uçara garaşyp durka ýüzleri maskaly iki sany gyýyk gözli ýolagçy gelipdir.
Salonda oturanlar koronawirus ýolugaýmasyn diýen gorkuda töwerekden çaltlyk bilen daşlaşanlarunda, tanşym töwekgelçilik edip olar bilen gürrüñdeş bolupdyr.
Gyýyk gözli ýolagçylar hakykatdanam hytaýly eken!
Emma olaryñ Hytaýdan çykyp gaýdanlaryna birnäçe ýyl bolanmyş!..
★★★
Ýadyñyza salyñ:
Guş dümewi ýaýran wagtynda-da diñe towuk etini däl, ganatly haýwanlary iýmekden gorkunçlaryna sarp edijiler towuk eti satylýan ýerleriñ golaýyndanam geçmediler.
Köpçülikleýin towuk öldürmeler gorkunç netijeleri döretdi, guş eti önümçiligi çökgünlige uçrady.
Guşçulyk fermalaryndan çörek iýýän 200 müñe golaý maldarçylyk hojalygy perişan hala geldi.
Hemmesinden beteri guş iýmini taýýarlap gün görýän ýoksul hojalyklaryñ çagalary bu iñ arzan bahaly et proteinine mätäçlik çekmäge başladylar.
★★★
Her näme-de bolsa belli alymlarymyz integrasion fermalarda berk gözegçilik astynda saklanan towuklarda wirus bolup bilmejegine kepil geçensoñlar, orta girip, halk köpçüligine çekinmezden guş etini iýip biljekdiklerini mälim edipdik.
Şeýdip howsala dep edildi, petige dirän guş eti we ýumurtga söwdasy birden ýokarlanyp gitdi.
Bu sosial jogapkärçilik meýilnamasyny meýletin ýagdaýda öz üstümize almagymyzyñ ýeke-täk bir sebäbi bardy:
Iki ýüz müñe golaý maşgalanyñ aç galmagynyñ öñüni almak we ýoksul çagalarymyzyñ protein sarp etmelerini üpjün etmek.
Daýanjymyz bolsa alymlaryñ pikirleri we halkymyzyñ bize bolan ynamydy…
★★★
Häzir dünýä koronawirus howpy astynda.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy duýdurýar.
Howp uly. Wirusyñ çykan ýeri holan Hytaý başlyklaýyn ähli ýurtlaryñ haýdan-haý öñüni alyş çärelerini geçirmeleri zerur.
★★★
"Şu döwürde biz näme etmeli?" diýen soragyñ jogabyna geler bolsak…
Alym bir dostum şulary aýdypdy:
“Günbatar metbugatyndan gözbaş alýan, soñundan seljerilende añyrsynda birgiden hasabynyñ bardygy ýüze çykan sansasional habarlara däl-de, ynamdar alymlarymyzyñ beýannamalaryna we maslahatlaryna gulak gerip, olaryñ ündeýän şahsy gorag çärelerini kemçiliksiz berjaý etmelidiris.
Ýöne bulary ýerine ýetirenimizde gorkynyñ we was-wasynyñ bedenimizi ýesir almagyna asla ýol bermeli däldiris.
Çünki köpüñiziñ bilşi ýaly, gorky we was-wasylyk immunitet goragymyzyñ ganym duşmanlarydyr.
Gorka we was-wasa düşendigi üçin immunitet goragyny pese düşürenler koronawirusfsn gaçjak bolup, başga bir howply wirusa, meselem, doñuz dümewine ýolugyp bilerler!..”
Ugur DÜNDAR.
02.02.2020 ý, "Sözcü" gazeti.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.