22:53 Wirusyñ pidasy bolarlar! | |
WIRUSYÑ PIDASY BOLARLAR!
Sport we turizm
Koronawirus diýilýän ganym duşman heniz ýeñlişe sezewar edilmedi... Häzirem wagşylygyny edýär, bir günde müñlerçe adama ýokuşýar, pidalarynyñ bir bölegini öldürýär! Muña garamazdan Türkiýäniñ Futbol Federasiýasy öñümizdäki 12-nji iýunda liga duşuşyklarynyñ başlanmagy hakynda karar kabul etdi. Bu karar dogrumy? Iñ ygtyýarly agyz bolan Saglygy goraýyş ministri “Biz hiç hiç hili jogapkärçilik çekemzok” diýip, oky Futbol federasiýasynyñ üstüne atýar. Bir futbolçyda wirusyñ alamatlary tapylsa, onuñ bilen gatnaşykda kim bolsa, ýagny tutuş topar we ýolbaşçylary karantine alynmaly. Bütin bu aýdylýan zatlardan bolsa, gysyşlara çydaman oýunlary başlan Futbol federasiýasy jogapkärçilik çekmelimiş! Megerem, Futbol federasiýasynyñ başlygy Nihat Özdemire “Liganyñ oýunlaryny oýnadyp başla!” diýen görkezme ýokardan geldi. Şonuñ üçin ol muña garşy gidip bilenok. Türkiýäniñ Futbol federasiýasynyñ öñki başlyklaryndan Mustafa Kemal Ulusudan maña bu barada bir hat gelip gowuşdy. 12-nji iýunda futbol duşuşyklarynyñ başlamaly wagtyndan has ir başlaýandygyny geñlän Ulusunyñ haty şeýle: “Hormatly Rahmi Turan! Ligalaryñ başlamagy meselesinde adam saglygyndan has beter futbol klublarynyñ bähbidi ileri tutulýar. Güýçli klublaryñ bu kararyñ kabul edilmeginde uly täsiri bar. Liganyñ başlamaly wagty diýip görkezilen sene juda nädogry. Oýunlar iñ azyndan sentýabr aýy başlamalydyr. Başlaryna bela satyn aljaklaryndan habarlary ýok! Futbol duşuşyklary wagtynda ýaş çäklendirmesi dowam edýän bolsa, altmyş bäş ýaşdan geçen tälimçiler, klub başlyklary, adminstratorlar we gözegçiler oýunlara nädip gitmeli? Ýigrimi ýaşdan aşakdaky höwesjeñler we professional futbolçylar bu gadagançylyk dowam etjek bolsa nädip köçä çykyp oýunlara gidip bilerler? Bularyñ sany sanardan köp we ýörite rugsat bilen çözüp boljak zatlar däl! Birem syýahat gadagançylygy bar. Futbol toparlary myhmançylykda oýnalýan futbol duşuşyklaryna nädip gidip gelmeli? Eşik çalşylýan otaglarda sosial aradaşlyk nähili saklanmaly? Mundan başga-da birinji, ikinji, üçünji ligalar bilen höwesjeñ ligalardaky meýdança, bina we maddy kynçylyklary hem göz öñüne tutsak, futbolçylarymyzyñ göz-görtele wirus sakyrtgasynyñ öñüne oklanýandygyna düşünmek kyn däl. Meýdançada ikitaraplaýyn oýnalýan sport oýunlarynyñ hemmesi-de wirus duzagydyr! Başga-da birnäçe mysal getirip bolar. Häzir Saglygy goraýyş ministrligi, Içeri işler ministrligi, Ýaşlar we sport müdirligi taýagy Futbol federasiýasynyñ başlygynyñ üstüne uzadýar. Ol bolsa diñe gepläp goranaýjak bolýar, haçana çenli goranarka? Oñkam düşnükli, başga näme etsin dagy? "Başlyk" edilip goýlan kürsüsinde oturjak bolsa, bir zatlar diýmeli bolar. Futbola we futbolçylarymyza garaşýan howp çak edilşinden beter uly!” ■ ÝYLGYRALYÑMY?.. Amerika ugradylan kömek we Nasreddin Ependiniñ henegi Amerika uçar barsyny dolduryp lukmançylyk serişdelerini we maska ýolladyk... Amerika ýaly uçursyz baý ýurda bular ýaly kömek etmek her är kişiniñ oñarjak işi däl… Emma öz raýatlarymyza maska tapmaýan halymyza, bu tarhandökerlige näme diýip näme aýdarsyñyz? Bu gün 65 yaşdan ýokary ildeşlerimize sagat 11:00-dan sagat 15:00-a çenli dört sagat daşary çykmaga rugsat edildi... Ýöne olaryñ köpüsiniñ maskasy ýok. Nähili bolar? Köp sanly okyjylarymdan gelip gowşan hatlarda: “Elli gün bäri öý tussagyna döndük. Ýekşenbe güni maska tapmasagam köçä çykarys. Temmi berilýän bolsa beriläýsin!” diýilýär. Öz raýatyna maska paýlaman tüçjar baý Amerika maska ugratmagymyz maña Ependiniñ bir ýomagyny ýatlatdy: Nasreddin Ependiden sorapdyrlar: - Ependi, bu ýyl piträñi kime bersem diýýäñ? Ependi säginmän-etmän: - Obamyzyñ baý agasyna berjek - diýenmiş. - Ýeri, Ependi, beýtseñem bolýarmy? Obada birgiden pakyr-pukara barka, näme üçin piträñi baýa berjek bolýarsyñ? Ependi: - Walla! Men Allanyñ işine goşulyp bilmen. Ol kime berýän bolsa, menem şoña berýärin - diýip, jogap beripdir. ■ GÜNÜÑ SÖZI Hiç bilmezlik - ýalñyş bilmekden has gowudyr! Rahmi TURAN. 10.05.2020, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||