19:14 Wizantiýa imperatorynyñ öñünde uçmaga synanşyp, seljukly soltanyny utandyran türk(men) | |
WIZANTIÝA IMPERATORYNYÑ ÖÑÜNDE UÇMAGA SYNANŞYP, SELJUKLY SOLTANYNY UTANDYRAN TÜRK(MEN)
Geň-taňsy wakalar
Sütündäki türk ganat ýaýyp uçýan ýaly hereket edip öñe bökäýen badyna hemmeler uly gyzyklanma bilen garanjakladylar. Guş deýin sütünden aşaklygyna gaýdan dälibaş türk ýere bir bölek daş düşen ýaly pat edip düşdi we şol duran ýerinde jan berdi. Taryhda täsin uçuş synagy arkaly Hezarfen Ahmet Çelebini bilmeýän we tanamaýan ýok. Ýelli günleriñ birinde Galata diñine çykyp, öz oýlap tapan ganatlary bilen asmanda süzülip, bir yklymdan beýleki yklyma uçan adam. Bu baradaky elimizde bar bolan ähli maglumatlar meşhur syýahatçymyz Ewliýa Çelebä degişli. Ewliýa Çelebi bular ýaly gözsüz batyrlyk bilen bir iş etmäge galkan tanşyna däli-diwana diýilmezligi üçin Hezarfeniñ Aristotel ýaly çuññur paýhasly adamdygyny ýañzytmak üçin oña "Akylly Aristotel" diýýär. Hezarfen sözüniñ manysy-da "müñ ylymly adam" diýmekdir. Şu atdanam çen tutup, knuñ ylym-bilim we tehnika meselelerine höwesek biridigini añlap bolýar. Ewliýa Çelebi Hezarfeniñ başdan geçirmesini şu sözler bilen gür berýär: "Owaly bilen-ä, Okmeýdanynyñ tribunasynda şemalyñ badyndan bürgüt ganatlary bilen 8-9 gezek howada uçup, türgenleşik geçipdi. Soñ Soltan Myrat han Saraýburnynda Sinan paşa köşgünden syn edip durka, Galata diñiniñ dik depesinden ýeliñ badyna uçup, Üsküdarda Doganjylar meýdanyna gonupdy. Soñra Myrat han oña bir käse altyn berip: - Bu adam gorkuly adam. Näme edeýin diýse, edip bilýär. Bular ýaly adamlaryñ bärde bolmagy dogry däl - diýip, Alžire sürgün etdi. Ol şol ýerde hem aradan çykdy." Hezarfen baradaky biziñ bilýän ähli maglumatymyz Ewliýa Çelebiniñ belliklerinden ybarat. Eger bu waka diñe Çelebiniñ "Syýahatnama" eserinde agzalýar diýip, dogry hasaplasak, gödek ýalñyşlyk goýbereris. Munuñ sebäbini Çelebiniñ şol kitabynda mazardan ör turan başsyz ýanyçardan başlap, howada gaýyşýan jadygöýlere çenli san-sajaksyz "geñsi" wakalary gürrüñ berýändigi bilenem düşündirip bolar. Ewliýa Çelebi boýunça iñ dogry pikiri Ahmet Hamdi Tanpynar "Bäş şäher" atly kitabynda şu sözler arkaly beýan edýär: "Men Ewliýa Çelebini tankyt etmek üçin däl-de, oña ynanmak üçin okaýaryn we şoñ üçinem hemişe utýaryn." Ewliýa Çelebiniñ habar berýän wakasyndanam öñ uçmak meselesi türk jemgyýetini özüne çekýän meseleleriñ biridi. Ysmaýyl Göwheri eýýäm X asyrda bu boýunça üns berilmäge mynasyp düýpli barlaglary geçiripdi. Hormatlanýan alymlaryñ biri bolan Göwheri uçmaga bolan höwesi şeýle bir güýçli bolupdyr welin, hatda ol soñabaka munuñ üçin aklyndan azaşypdyr. Ol Nişapurda metjidiñ minarasyna çykyp, halka şeýle ýüzlenipdir: - Bu dünýäde menden başga hiç kimiñ edip bilmejek zadyny etdim. Ahyret üçinem hiç kimiñ edip bilmedik işi ederin. Gynansak-da, bu sözler Göwheriniñ agzyndan çykan iñ soñky sözler bolupdyr. Göwheri ýasan ganatlary bilen asmanyñ ýüzünde uçup bilmändir we halk köpçüliginiñ uly hormat goýýan adamy ýere düşüp ölüpdir. Göwheri-de, Hezarfen-de öñden mälim şahslar we olaryñ kyssasyny bilmeýän ýok diýen ýaly. Emma professor Muharrem Kesik halypamyzyñ birnäçe ýyl öñ "Belleten" žurnaly üçin ýazan "Türkiýe Seljukly soltany Gylyçarslan II-niñ Stambul sapary we türkleriñ taryhdaky ilkinji uçuş synagy" ("Türkiye Selçuklu Sultanı II. Kılıç Arslan'ın İstanbul'u Ziyareti ve Türkler'in Tarihteki İlk Uçuş Denemesi") atly makalasynda barmak basyp sanaýmaly az adamyñ bilýän hekaýaty okyjysyny ýylgyrmaga mejbur edýär. Soltan Gylyç Arslan II uçran ýeñlişleriniñ zyýanyny ýeñletmek we garşysyndaky güýçli syýasy bileleşigi dargatmak maksady bilen Wizantiýanyñ paýtagty Konstantinopolda saparda bolýar. Soltan Gylyç Arslan ýygy-ýygydan ýerlerine çozýan we soñky gezek nikaly aýaly, Arzurumyñ mäligi Izzedin Saltygyñ gyzyny alyp gaçyp, zor bilen inisi Zünnuna äre beren Siwas mäligi Danyşmentli Ýagybasanyñ üstüne gaýtdy. Wizantiýalylar tarapyndan goldanýan Ýagybasan Soltan Gylyç Arslan II-ni ýeñlişe uçratdy. Kyn ýagdaýda galan soltan Ýagybasan bilen urşy bes etmek hakynda ylalaşyga gol çekmäge mejbur boldy. Soltan Gylyç Arslan II Anadolydaky garşydaşlaryna we hususanam Ýagybasana garşy görnetin artykmaçlyk gazanmak üçin wizantiýa imperatorynyñ bitaraplygyny üpjün etmäge mejburdy. Bu sebäp bilen şol wagt onuñ ýanynda bolan wizantiýaly Kristoferi imperator Manueliñ üstüne ýollap, Stambula barmakçydygyny mälim etdi." (Professor Muharrem Kesik "Türkiýe Seljukly soltany Gylyçarslan II-niñ Stambula sapary we türkleriñ taryhdaky ilkinji uçuş synagy"). Müñ adamlyk nökeri bilen Stambula gelen soltan wizantiýa imperatory tarapyndan diýseñ gowy garşylanýar. Türkmen hökümdaryna biri-birinden gymmatly sowgatlar berilýär we ikitaraplaýyn hormat-sylaga esaslanýan gepleşikler arkaly hyzmatdaşlyk güýçlendirilýär. Hemme zat soltanyñ Stambuldan gaýtmaly uçurlary bolup geçýär. Wizantiýalylar türkmen hökümdarynyñ hormatuna Ippodromda at arabasynyñ ýaryşyny gurnaýar. Birdenkä türkmendigi we soltana ýakyndygy bildirip duran biri meýdandaky sütüne dyrmaşyp, gygyrmaga durýar. Biri-biriniñ içinden eriş-argaç bolup geçen çemberler bilen özüne paraşýut ýasanan bu adam uçjakdygyny yglan etmegi köpçüligiñ ünsüni çekýär: "Niketasyñ gürrüñ berşinden çen tutulşy ýaly, stadiondaky beýik gala diwarynyñ üstüne çykan türk örän uzyn, giñ we içine dakylan çemberler bilen çişirilen ak eşik geýipdir. Bu gürrüñden onuñ häzirki paraşýuta meñzeş eşik geýendigini bilse bolýar. Ol öñe tarap egilip şemalyñ uçmaga amatly ugur üçin öwüsmegine garaşyp durka, arenadaky märeke bu oýlap tapyjy türke sabyrsyzlyk bildirip, "Bol, uçsana!", "Bol, ganatyñy aç!" diýip gygyryşýardylar. Käbirleri-de "Bizi haçana çenli garaşdyrjak?", "Haçana deñiç şemala garaşyp durjak?" diýip gygyrýardy." (Prof. Muharrem Kesik, a.a.e) Wizantiýa imperatory haýran galyjylyk bilen oña syn edip durka, myhmany bolan soltanyñ öz tabynlygyndaky bir telbäniñ bu bolşundan ynjalyksyzlanýandygyna gözi düşüpdir. Soltan adamlaryny ugradyp, uçmagy netine düwen türküñ sütünden düşürilmegi haýyş etmegi buýrupdyr, emma gözi uçmakdan başga zady görmänsoñ, ol öz soltanynyñam towakgasyna gulak salmandyr. Soltan Gylyç Arslan II-niñ endişesi öz ornuny az wagtdan soñ bilesigelijilige berýär. Eger birden bu telbe uçaýsa, soltana buýsanmaga uly sebäp dörejekdi. Bir türkmeniñ Rum iliniñ paýtagtynda, üstesine asmanda ganat ýaýyp uçmagy adatdan daşary hadysa boljakdy. Sütündäki türk ganat ýaýyp uçýan ýaly hereket edip öñe bökäýen badyna hemmeler uly gyzyklanma bilen garanjakladylar. Guş deýin sütünden aşaklygyna gaýdan dälibaş türk ýere bir bölek daş düşen ýaly pat edip düşdi we şol duran ýerinde jan berdi. Mundan soñky bolanlar türkmen hökümdary üçin ullakan masgaraçylykdy. Bütin Stambul dynman telbe türkmeniñ bu geñsi hereketini we onuñ gözgyny ölümini dilinden düşürenokdy. Soltan Gylyç Arslan hem-ä bu garadangaýtmaz türkmeniñ ölümi, hem-de wizantiýalylaruñ öñünde geçirilen bu uçuş synanşygynyñ şowsuzlyga uçramagy sebäpli çuññur gynanja batdy. Stambul halky bu şowsuz uçuş synanşygyny agzap, bazarlarda, köpçüligiñ üýşýän ýerlerinde ýañsylaýardylar. Bu ýagdaý imperatoryñ gulagyna ýetende, soltanyñ ynjandygyny duýup, bular ýaly edepsizliklere ýol bermejekdigine kepillik berdi." (Professor Muharrem Kesik, a.a.e.) Gynançly ýeri, ýagdaýdan hem görnüşi ýaly, bu synanşygyñ netijesinde aradan çykan türküñ has öñki synanşyklarynyñ şowly geçendigini, emma bu gezek nämüçindir işleriñ ugruna bolmandygyny görse bolýar. Eýýäm X asyrda uçuş synanşyklarynyñ bolandygy we bu babatda gyýtaklaýyn üstünlikleriñ osmanlylardan has öñ gazanylandygy diýseñ gyzykly faktdyr. Bu waka hakydalarda ýakymsyz ýatlama ýaly bolup galanam bolsa, türkleriñ uçmaga bolan söýgüsine böwet bolup bilmändir. Taryhyñ hemme döwründe diýen ýaly türkler uçmaga hobbi derejesinde höwesek halk bolupdyr. Ýene bir hakykat, şeýle üstünligi gazanmak üçin iñ esasy itergilerden birem dälibaşrak bolmakdyr, ýogsam bolmasa ne Hezarfen uçuşyny amala aşyryp bilerdi, ne-de Nuri Demirag häziriñ uçarmanlyk taryhy üçin şeýlekin möhüm biri bolup bilerdi. Mehmet MAZLUM ÇELIK, celikmehmedmazlum@gmail.com 12.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||