19:39 Wolter kelle | |
WOLTER KELLE
Publisistika
Iñlis taryhçysy Sesil Wudhem-Smit ol hakda şeýle ýazdy: "Aklynyñ güýçlüdigi, häsiýetiniñ wyždanlydygy, wezipesine jany-teni berilendigi görnüp dur. Ýöne erbet biperwaýlygy bardy. Başga pikirlerden täsirlenmezlik üçin köre-kör ynanja eýerýärdi..." Onuñ gürrüñini edýän adamy ser Çarlz Trewelýan (1807-1886). Hindistan kolonial hökümetinde, Kalkuttada işländen soñ Angliýa dolandy we Gazna ministriniñ orunbasary bolup işledi. Wezipä bellenende Irlandiýada kartoşka keseli sebäpli 1845-1852-nji ýyllarda erbet gytçylyk bardy. Trewelýan azyk önümleri we pul ýaly meseller boýunça hökümetiñ haýyr-sahawat işlerine jogapkärdi. Emma: Trewelýan kapitalizme fanat derejesinde baglanypdy. “Laissez faire” (degmäñ, etsinler) prinsipine din ýaly ynanýardy. Adamlary halas etmek üçinem bolsa erkin bazara goşulmagy dogry hasaplanokdy! Döwletiñ muña goşulmagyna garşy çykdy). (Osmanly döwletiniñ haýyr-sahawat üçin ugradan bugdaý ýükli gämilerine-de päsgelçilik döretdiler). Netijede Irladiýada bir million adam öldi, iki million adam göçmäge mejbur boldy... Trewelýan eden işi üçin ökünmeýändigini aýtdy. Şolar ýaly açlyk döwründe-de Irlandiýanyñ gallasyny gämilere ýükläp Angliýa äkidendikleri barada bir gezegem dil ýarmady. Her näme-de bolsa, bu kapitalistik eksplutasion düzgüni erkin bazara laýykdy... * * * JHP-niñ 3-nji dekabrdaky ýygnanşygyna tomaşa edenimde şol bir sözi gaýtaladym durdum: -“Meniñ oglum bina okaýar, aýlanyp-dolanyp ýene şony okaýar.” Osmanlyda arap dili sapagynyñ düýbi “emsile-binady”. “Emsile” çekimi "bina" işlik çekimini “bina” işliginiñ düzümini öz içine alardy. Medresä gatnap başlan çagalara bu sapagy özleşdirmek örän kyn düşýärdi. Şol sebäpli ene-atalar medreselerde çagalarynyñ şol bir zady gaýtalaýandygyny añlatmak üçin şu sözi aýdardylar! Görýäs welin, käbirleri üçin şol gaýtalama hiç üýtgemejege meñzeýär: - Meniñ akademigim neoliberalizm okaýar, aýlanyp-dolanyp şol öñki sözlerini gaýtalaýar! Ýokary okuw jaýlary girdeji-çykdajynynyñ merkezi erkin bazaryna düşürildi, informasiýa aşa metalaşdyryldy, hakykaty ýalandan aýyl-saýyl etmek kynlaşdy... Deñsizlikleriñ üstünde gurlan wagşy liberalizmiñ öz-özünden usullyk bilen münberden düşmejegine ýene bir gezek göz ýetirdik! Taha Akýol Mehmet Ojaktan ýaly soñ konserwatiw liberal bolanlaryñ JHP-niñ bu manifest arkaly döwletçilik okuny döwendigini ýazdy! Trewelýanyñ kellesi-de hut şunuñ ýaly: halk öz najatyna özi garasyn, ýöne biz bir ýandan özümize gerek zady ýurdumyza alyp gideliñ! Döwlet bazara goşulmagyna garşy çykýan "Wall Street" ýaly global ketdeler özleri kyn ýagdaýa düşende döwleti kömege çagyrmaga ýaýdananok. Krizisiñ sebäpkärleri döwletiñ diñe özleri üçin bolmagyny isleýär. Bu kamflýažyñ ady - döwlet garşydaşlygy! Serediñ: Döwlet kimiñ üçin bolmaly: karar siziñki! Owadan sözlere, reñkli şygarlara aldanmañ, işiñ özeni bu saýlawyñ kodlarynda gizlengi ýatyr… * * * Häzirem populistik çykyşlar ýoñmy? Häzirem werziş bolnan klişelermi? Häzirem neoliberalizmiñ düzgünleri bilen "altyn asyra" dolanyp barma ertekisimi? Kapitalizmiñ her krizise düşen gezeginde "bolçulyk döwleti", "dünýä sistemasy" ýaly owadan sözler arkaly eksplutasion düzgünini dowam etdirýändigine şindizem düşünilenokmy? Bu sistemanyñ öz-özüniñ adamhor ýalmawuzydygyna häzirem añ edilenokmy? Dünýädäki alamatlaryñ parhynda dälmisiñiz? Gresiýada "Siriza", Ispaniýada "Podemos" "iýildi", Italiýa mysalynda bolşy ýaly Ýewropada faşistler gaýtadan häkimiýete gelýär. Trewelýan ýaly rasional, häsiýetli, wyždanly bolup bilersiñiz, emma Irlandiýada bolşy ýaly perwaýsyz kör bazar ynanjynyñ näçä düşjeginiñ netijesini ara alyp, mazaly jedelleşmek gerek! 3-nji dekabrdaky manifest bir ýandan gulçulyga garşy çykyp, bir ýandanam gul söwdasyny edýän Wolteri ýatladýar!.. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 06.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |