01:30 XXI asyryñ bosagasynda edebiýat hakdaky oýlanmalar | |
XXI ASYRYŇ BOSAGASYNDA
Edebiýaty öwreniş
EDEBIÝAT HAKDAKY OÝLANMALAR Biz sowet döwri içinde sosialistik realizm metodynda işledik, emma bilip ýa bilmän realizm hem tankydy realizm metodlaryna aralaşan saparlarymyzam az däl. Romantizme aralaşan wagtlarymyzam bar. Emma, taryha seretseň, realizm metodynda döredilenden real däl wakalar esasynda döredilen eserler uzak ýaşaýar, abraýy uly. Adamlar şu durmuşda ýaşap ýör, olar şol durmuşdan ýadap ýör, şolara öz ýaşaýan durmuşlaryny ýazyp, okatdyrjak bolmak traktor sürüp ýadap gelen mehanizatora dynç almakçy bolanda ýene mehanizasiýa hakynda gürrüň beren ýaly bolmaýarmy?! Beýle bolsa, realizmden ara üzmäge çen bolmadymy? Şu meselede biziň täze edebiýatymyzyň perspektiwasy nähili bolmaly? Haýsy ugur bilen gitmeli? Edebi tär hökmünde ideologiýa tarapyndan boýnuna realizm metody dakylmadyk edebiýatçylar näme işleýärler. Şu meselelere geçmezden öňürti, häzirki döwürde öz edebiýatymyzyň duran ýerini kesgitlemäge synanyşaýyn. Realizm hakyndaky mesele uly jedelleri döredýär. Dünýäniň iň ösen edebiýatly ýurtlarynda-da realizmiň tarapdarlary-da, garşydaşlary-da ýeterlik tapylýar. Şonuň üçinem muny çürt-kesik ykrar ýa inkär edäýmek gaty bir aňsadam bolmasa gerek. Bu meselede bir zady aýdyňlaşdyrmaly: «realizm» sözüne nähili many berilýär? Meniň özüm degişli düşünjäniň iki hili manyda ulanylýandygyna ünsi çekesim gelýär: «realizm» dogruçyllyk manysynda, hakykaty suratlandyrmagyň «ahlak prinsipi hökmünde» hem-de «realizm» metod manysynda, hakykaty suratlandyrmagyň çeper, döredijilik, eger isleseň, professional prinsipi hökmünde ulanylýar. Birinji manyda degişli düşünje diňe bir edebiýata, hatda sungata-da däl, akyl-paýhas işiniň islendik özge formasyna mahsus ählumumy gymmatlyk bolmaly. Islendik metod boýunça döredýän ýazyjy, islendik sferany beýan etmegi maksat edinen ýazyjy öz predmetini dogruçyl, realistik suratlandyrmaga çalyşmaly. Goý, ol adamyň aňasty impulslary bilen iş salyşýan sýurrealizm bolsun ýa haýsydyr bir tehniki gözellikleri suratlandyrýan futurizm bolsun, ol dogruçyllyk bilen beýan etmeli. Dogruçyllyk şu ýerde talantlylyga barabardyr. Şeýlelikde, munuň özi, «realizme» ahlak manyly kategoriýa hökmünde düşünilişidir. Tehniki-professional termin bolan «realizm» suratlandyrmagyň, özüne ýa durmuşa gatnaşygyň onlarça usullarynyň içinde biridir. Onuň dünýä edebiýatynda öz döreýiş wagty, sebäpleri, gülläp, ýetjek derejesine ýeten, gadyry gaçan döwürleri bar. Munuň özi tebigy-taryhy prosesdir. Iş usuly hökmünde onuň durmuş dogruçyllygyna dahyly bolmanam biler. Biziň kemçiligimiz – ýokarky iki «realizmi» gatyşdyrýanlygymyzda bolsa gerek. Bu bulaşyklyga «sosialistik realizm» diýilýän şübheli zat hasam köp ýardam etdi. «Sosialistik realizm metody diýýärler», hakyky döredijilikde, edebiýatda bolsa beýle metod asla bolmandy, ol estetiki däl, syýasy kategoriýadyr. Ol ýalan sözlemegiň, mejbury edebi galplygyň bir görnüşidir. Galplyk bilen hakyky sungatyň näme dahyly bar? Hatda sowet döwrüniňem iň talantly eserleri sosialistik realizm diýilýän talabyň, buýrugyň on menzil golaýyndan gelenok. Sosialistik realizm körzehinligiň ýüze çykyş formasydyr. Ol durmuşy bolşy ýaly däl-de, bolmalysy ýaly, durmuşy sowet resmi ideologiýasynyň görmek isleýşi ýaly suratlandyrdy. Käte durmuşda duşýaryn: ýalan zat üçin hakykatyň adyndan ant içýärler. Sosialistik realizm metody hem «Alla kessin» diýip ant içip, ýalan sözleýän adamy ýadyma salýar. Sosrealizm metody durmuşy hakyky däl-de, ýasama, ýalan beýan edýän metod. Bu metod öz adyna düýpden ters gelýän metod. Bu metodda kompartiýanyň talaby boýunça eser döretmeli. Gabahatçylyklary ýazmaly däl. Ateist bolup, Hudaý ýok diýip ýazmaly. Bir döwüm çöregiň bolmasa-da, bolçulykda bagtyýar ýaşaýarys diýip ýazmaly. Haçan-da dörediji şahsyýetiň ylham azatlygy äsgerilmedik halatynda, bu ýerde hakyky edebiýat hakynda gürrüňem bolup bilmez. Ýazyjynyň döredijilik erki absolýut azat bolmalydyr. «Sosialistik realizm metodynda ýazdym» diýmek, sözüň ahlak manysynda «galp sözledim» diýmekdir. Men gaty kesgitli gürleýän weli, eýsem meseläni çylşyrymlaşdyrýan başga bir aspekt bar: eger, sowet ideologiýasynyň özi okyjynyň aňyny, estetiki ukybyny sosialistik realizm «metody» bilen ýazylan eserlerden ýokary geçmeýän derejä, şonuň bilen, ýagny sosrealizm bilen estetiki hajatlaryny doly kanagatlandyrýan derejä ýetiren bolsa näme? Eýsem ýazyjy okyjy üçin ýazýar ahyryn! Okyjy «Aýsoltandan», «Nebitdagdan» özüne gerek zatlary tapyp, doly kanagatlanma duýgusyny başdan geçirýän bolsa, munuň özi dogruçyllyk dälmidir? Meniň pikirimçe, çylşyrymlylyk hakykatyň goşalanýandygyny däl-de, dürli taraplarynyň açylýandygyny aňladýar. Hususanam, şeýle okyjynyň awtor bilen estetiki betbagtlykda ykbaldaşdygyny aýdyp bolar. Betbagtlyk – ölümdir, sözüň fiziki manysynda galan zatlaryň betbagtlyga dahyly ýokdur. Ýöne bakylyk – iň bolmanda, edebi eser manysynda wagt tükeniksizligi ýa-da wagtyň çäginden çykmak däl-de, wagt taýdan uzaklykdyr. Men wagtyň çäginden aňyrky manydaky bakylygy göz öňüne getirip bilmeýärin, çünki meniň ony göz öňüne getirmeli gözümem wagta degişli zatdyr. Aslynda «wagtyň çägi» diýilýän zadyň özi «sosialistik realizm» diýen düşünje ýaly bimanylyk bolaýmasa? Çäklilik, wagta hem gi-ňişlige däl-de, biziň aňymyza hem aňymyzyň döreden önümlerine mahsus sypatdyr. Şeýlelikde, islendik çeper eseriň gymmaty onuň asla ölmeýänliginde däl-de, mümkingadar uzak ýaşaýanlygyndadyr. Şuňa-da biz «bakylyk» diýýäris. Çeper eseriň bakylygy onuň haýsy metod esasynda döredilenligi bilen kesgitlenýärmikä? Bakylyk gözellik potensiýalarynyň möçberi bilen kesgitlenýär. Gözellik potensiýalary bolsa, geň galmaly, hut real däl edebi formulalarda ummasyzdyr. Çünki kim näme diýse diýsin, çeper eser – özüňi açmagyň formasydyr. «Özüňi açmak» diýmek bolsa, fantaziýaňy ýokary derejede erkine goýberip, ýalaňaç hakykaty gowy dona büremek diýmekdir. Hakykaty suratlandyrmak – «ýazyjynyň wezipesi» diýen düzgün maňa juda, juda birtaraply görünýär. Hakykaty ylym hem žurnalistika beýan edýär, gerek ýerinde suratlandyrybam bilýär. Hakykata, jemgyýetçilik durmuşyna anyklyk hem gutarnyklylyk mahsusdyr (hut şonuň üçinem moral, has dogrusy, sosial moral manyda ähli döwürleriň haýry-şeri meňzeş diýilýär), bular bolsa ylmyň işidir. Ýöne meniň subýektiw barlygym diňe obýektiw dünýä bilen çaknyşygynda öz bardygyny bildirip biler. Emma, bu ýerde dünýä subýekti däl-de, soňky öňkini ýuwutmalydyr, ol öňkiniň formasyna geçmelidir. Çünki, okyjynyň maksady özüne belli däl-de, näbelli, del hakykatlary gözlemek hem tapmakdyr. Çeper metod hem indiwiduallygyň, gaýtalanmazlygyň, delligiň ýüze çykyş formasydyr. Sosialistik realizm bolsa olara däl-de, resmi umumylyga, gaýtalanmalara agram bereni üçin, ölüme sezewar boldy. Metod, ilki bilen, bir ýazyjynyň döredijilik prosesinde kemala gelýär. Metodyň başynda durmak üçin nähili beýik talantyň gerekdigi öz-özündenem düşnüklidir. Soňra ol birnäçe ýazyjy tarapyndan alnyp göterilýär. Soňabaka bolsa asla zehinliligi bilen gözüňi dokundyrmaýan ýazyjylar hem özlerinde üýtgeşik forma ukyplarynyň ýokdugy zerarly şol metoda ýüz urýarlar. Şeýdibem, ilkibaşky terlik, açyş hem indiwiduallyk bimany hem bitäsir ähliumumy endige öwrülýär. Bu – islendik metodyň başdan geçirýän ykbaly, ömri. Onsoň inkär etmäni inkär etme filosofiki kanun esasynda onuň ýerine başga biri gelýär. Edebiýatyň ösüş kanuny – metodlaryň arasyndaky dialektiki göreş kanunydyr. Ol göreş hemişe realistik hem realistik däl (kämahal bolsa antirealistik) akymlaryň arasynda bolup geçýär. Rus klassyky prozasynyň realizmi A.Çehowyň döredijiliginde iň ýokary derejesine ýetdi. Emma, dünýä edebiýatynda has meşhur rus ýazyjysy F.Dostoýewskidir. Näme üçin? Sebäbi, umuman, realist hasaplanýandygyna garamazdan, Dostoýewskiniň döredijiliginde XX asyr realistik däl dünýä prozasynyň ähli elementleri diýen ýaly bar. Düýş, aňasty impulslar, fantastika, wagtyň hem giňişligiň çöwre ýüzi – bularyň bary beýik ýazyjynyň dünýäni duýuşynyň hem görşüniň aýratynlygyny düzýär. Şonuň üçinem onuň käbir döwürdeşleri hakynda: «Olaryň realizmi bilen sähelçe hakykata-da ýetip bilmersiň, biz bolsak öz realizmimiz bilen hatda faktlary-da öňden gördük» diýip ýazmasy düşnüklidir. Diýmek, ýazyjynyň pikiriçe, durmuşy öz formasynda görkezmekdäki dogruçyllyk, ony fantastiki formada suratlandyrmakdaky ýalançylyk asla bir zat däl ekeni. Durmuşyň öz formasy hökmündäki realizm birmahal öz çeperçilik mümkinçiliklerini sarp edip tüketdi. Muny baryp F.Dostoýewskiý ýaly geniler şol döwürde aňlan ekeni. Realistik metod dünýä öz täze sözüni aýtmaga gelen beýik ýazyjylar üçin darlyk edip başlady. Şonuň üçinem XX asyr görlüp-eşidilmedik möçberdäki täze formalaryň hem metodlaryň asyry boldy. Sowet edebiýatçylary olaryň ýüze çykmagyny buržuaz jemgyýetiniň sosial-ruhy krizisleri bilen düşündirjek boldular. Bu, elbetde, birtaraplaýyn pikir. Munuň şeýledigini, iň bolmanda, krizise düşdi, ölümi ýakynlady diýlen edebi-ruhy prosesleriň tebigy suratda dowam edip, iň gujurly çeperçilikli diýlen sowet edebiýatynyň birden-birä pytrap gidendigi-de görkezýän bolsa gerek. Realizm bireýýäm sungatdan senede öwrüldi. Durmuşdan yza galmak islemeýän Folkner, Hemingueý ýaly «realistleriň« döredijiligi-de realizmiň klassyky shemasyna hiç bir babatda gabat gelenok. Realizm durmuşa öýkünmekdi. Şeýle öýkünjeňligiň iň gödek formasy daşky dünýäni ýöne kopirleýän naturalizmdir. Hakyky manydaky çeper eseriň – sungatyň gymmaty bolsa onuň ýalaňaç hakykata gatnaşygynda däl-de, hut öz organiki dünýäsindedi. Çeper eser realizmiň «bolup biläýjek zatlar», «öz formasy» diýilýän talaplaryndan el üzüp başlan, öz mümkinçiliklerini giňeldip hem köpeldip ugran ýerinde döreýär. Ol durmuşy dik başaşaklygyna suratlandyryp başlaýar. Bu bolsa eýýäm özge manyly, özge täsirli çeper dünýäni kemala getirýär. Çeper eserde bolup geçýän wakalar formasy boýunça reallykdan näçe daşda bolsa, ideýasy boýunça şonça-da dogruçyl bolýarlar. Şonuň üçinem meniň iň oňat görýän, hemişe gaýtalaýan sözlerim: ýazyjylyk – munuň özi çypdyrmadyr, ýagny çäksiz fantaziýadyr. Näçe batyrgaý, baý, özboluşly çypdyrsaň – fantaziýaň bolsa, şonça-da beýik eser döreýär. Ýazan zadyň durmuşa näçe meňzeş bolsa, şonça-da onda derek ýokdur. Çünki real durmuş – munuň özi bary-ýogy çig materialdyr, çypdyrmak – fantaziýa üçin mümkinçilikdir, oňa bahana boljak zatdyr. Diňe hakyky talant ol materialy ýagşyja eýläp, fantaziýasynyň içinden geçirip, sungat eserini döredip bilýär. Realistleriň mugallymy M.Gorkiý «bir prosent talanta 99 prosent zähmet» diýer eken. Men «bir prosent reallyga 99 prosent çypdyrma – fantaziýa» diýerdim. Fantaziýa garyp, hyýalbentlik edip bilmeýän adamyň pikirleniş ukyby näçe güýçli bolaýanda-da, ondan oňat ýazyjy çykmaýar. Realist ýazyjylaryň şahsyýetinde fantaziýanyň hem pikiriň (rasionalizmiň) mynasybeti realist dälleriňkiden güýçli tapawutlanýan bolara çemeli. Öňkülerde çeper fantaziýa pikiriň hasabyna, soňkularda bolsa pikir fantaziýanyň hasabyna örňeýär. Hatda realistleriň içinde-de iň şowly çeper açyşlar reallykdan, tipiklikden has uzak aralykda edilýär. Reallygyň öz formasynda ýazylan eser hem tipiki däl, seýrek, umumy garaýyşlara ters gelýän sýužeti bilen täsirli bolýar. Ç.Aýtmatowyň «Jemilesini» ýatlamak ýeterlikmikä diýýärin. Şu powestiň töweregindäki goh-galmagaly, okyjylar köpçüligi-niň närazy iňirdilerini awtoryň öz gahrymanyna makullaýjylykly garaýşy döredendir öýtdüler. «Jemilede» islendik hakyky sungat eserinde bolşy ýaly, awtoryň gahrymana garaýşyny aňlamak, onda-da mesaňa göz öňüne getirmek, formulirlemek asla mümkin däl ahyryn. Öz konserwatiw ruhy dünýäsi üçin asla tipiki däl sýužeti aýan etmegiň bir özi-de okyjylar köpçüligini gahar-gazaba galdyrmaga ýeterlik bolup çykypdyr. Emma, özüniň emosional täsiri, durmuşy – adamy suratlandyryş ukyby boýunça nähili ajaýyp eser ýüze çykypdyr! Men hut şu manyda-da eser durmuşdan näçe daşda bolsa, awtoryň çypdyrmasy – fantaziýasy hernäçe çeper bolsa, şonça-da hakyky sungat döreýär diýip aýdýaryn. «Sungat» diýmek arap dilinden terjime edilende «döretmek» diýmekdir, suratlandyrmak, beýan etmek, görkezmek däl, (bularyň baryny düýp manysy boýunça öýkünmäge syrykdyryp bolýar) döretmek – ýokdan bar etmekdir. Elbetde, meniň tekrarlaýan mysalymy körzehin ýazy-jylaryň originalsyrap hakykaty ýoýmagy bilen gatyşdyrmaly däl. Beýdip durmuşy ýoýmak – ol barada öz içiňden-kalbyňdan çykaryp, aýdara üýtgeşik zadyň ýokdugyny aňladýar. Ine, Ç.Aýtmatowyň «Jemile», «Ene toprak» powestlerine öýkünip, näçe türkmen powesti döredildi. «Olar türkmen psihologiýasyny, durmuş esaslaryny gödek ýoýýar» diýen ýarlykdan özge zat gazanmadylar. Näme üçin? Eýsem-de bolsa, olar gödeklikde Ç.Aýtmatowyň öňüne geçmediler ahyryn, olar şol gödekligem özleri tapman, şondan öwrendiler-ä! Onsoň ony tapan-a – dünýä belli ýazyjy, bu pahyrlaram ýekirilen neresseler bolmalymy? Göräýmäge, şo bir sýužet hokgasynyň edil beýle deňsizlik, adalatsyzlyk getirmegini näme bilen düşündirmeli? Çünki birinji halatda – zehin durmuşda ýok zady döredýär, öz beýik çeper logikasy bilen şol zadyň ýaşamaga haklydygyny subut edýär, ikinji halatda bolsa – gury öýkünjeňlik, gaýtalama bar. Ol «çorbanyň çorbasy» – realizmiň realizmi. Şonuň üçinem adama bolsun, durmuşyň özüne bolsun – öýkünjeňlik ahyrky netijede ürküzen gurbagaňa degmeýän zatdyr. Şahyryň sözleri bilen aýdanyňda, öýkünjeňlik – sungatyň duşmanydyr. «Realizmlerden ara üzmäge çen bolmadymy?» diýen sowal türkmen edebiýatyna belet adamda, dogrudanam, kinaýa döredip biler. Sebäbi realizmden arany üzmegiň gürrüňini eder ýaly, biz haçandyr bir mahal hakyky sungat manysyndaky realistik prozany döretdikmikäk?! Diýmek, onda biziň okyjylarymyz heniz realizmdenem berçigmändir-dä? Eýsem-de bolsa, haýsydyr bir usuly, formany maksimal hetde ulanyp, onuň mümkinçilikleri gutaransoň, özge birine geçilmeýärmi näme? Hana, Ýewropada birmahal modernizm möwç urdy, çünki realizm XX asyr Ýewropa ruhuny beýan ederden köne hem struktura taýdan başgaça gurnalan metod bolup çykdy. Eýsem bizem şu göreldäniň yzyna düşübersek, ýene şol öňki eýerjeňligimiz, öýkünjeňligimiz bolmazmy? Elbetde, men bu sowallary gyzykdyrmak üçin, biziň ýerleşýän taryhy pursadymyzy kiçijik aspektleri bilen bütin köptaraply çylşyrymlylygynda göz öňüne getirmek üçin orta atýaryn. Hawa, biz ile öýkünip däl, çeper ösüşdäki taryhy pursadyň talap edýäni üçin, sosrealizmden arany açmaly borus. Ýokarky jümledäki «taryhy»... pursat», ilki bilen, biziň öz milli edebiýatymyzyň taryhyna degişli. Türkmen kyssasy-da, lirikasy-da XX asyrdan öň sap realizm diýen zady bilenok. Wagt tükeniksizligi manydaky bakylyga giren eserler reallykdyr toslamanyň XX asyr edebiýatymyzdakydan düýpli tapawutlanýan proporsiýasyndan döräpdir. Şol närealistik döredijilige ukyply edebi hakydany oýarmak gerek. Bu bir. Ikinjiden, biziň häzirki milli durmuşymyzyň özi barha görlüp-eşidilmedik, öňki garaýyşlaryň nukdaýnazaryndan real däl, fantastiki formalara eýe bolup barýar. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary ruhuň täze-täze ipostaslara eýe bolmagyna getirýär. Ruh bolsa realizmiň ideologiki hossary bolan materializmiň hasap edişi ýaly, asla-da kölege däldir. Hatda ateistik nukdaýnazardan seredeniňde-de, ruh dünýäde ýeke-täk döredijidir, materiýa bolsa dilsiz-agyzsyz, jansyz massadyr. N.Rejebowyň bir goşgusynda öýlenjek ýigide ýüzlenip: «Saňa ýadygärlik açmak garaşýar» diýşi ýaly, türkmen ruhuna kapitalizm dünýäsiniň, bazar dünýäsiniň özboluşly ýadygärliklerini açmak garaşýar: bazar – dünýä, dünýä – bazar hökmünde. Magtymguludan soň bu temanyň türkmen edebiýaty üçin manysy bolmandy. Beýik şahyr dünýäni bazar hökmünde açypdy. Biziň döwürdeş ýazyjylarymyza, şahyrlarymyza bolsa bazary dünýä hökmünde açmak garaşýar. Ol dünýäniň öz kanunlary bar. Ruh ol kanunlaryň içinde özüni zynjyra baglanan göwre kimin duýjakmy? Ýa-da ol kanunlar ruhy synpy böleklere böljekmi? Meniň bilşimçe, türkmen milli ruhy hemişe, ömürlik synpy böleklere bölünmesizligi bilen özgelerden tapawutlanypdyr. Biziň garamaýaklarymyzam han ýaly, hanlarymyzam garamaýak ýaly ýönekeý bolupdyr. Täze gatnaşyklar şu meselede güýçleriň ýerleşiş tertibine nähili täsir etjek? Meniň pikirimçe, biz millet hökmünde öňküdenem jebisleşeris. Bu işde edebiýat hemişe öz položitel roluny oýnap gelipdi. Munuň özi birgiden realistik däl formalara ideýa esas bolup hyzmat edipdi. Göroglynyň görden çykmagy ýaly hakyt fantastiki hadysanyň arasynda milli lider, ruhy hem syýasy öňbaşçy şahsyýetiň durmuşy zerurlygy ýatýardy. Ruhuň fantastiki, mifiki agyp-dönmeleriniň täze seriýalary başlanar diýip pikir edýärin. Şunda biz öz edebi durmuşymyzy, täze edebi açyşlarymyzy dünýädäki realistik däl edebiýatyň gazananlaryny öz ýanymyzdan hasaba almak bilen amal etmelidiris. Munuň üçin bolsa edebi ösüşiň öz-özüne akyl ýetiriş formasy bolan güýçli edebiýat ylmy zerurdyr. Talantly ýazyjylar edebiýatçynyňam funksiýasyny gerdenine alyp bilerler, bu olaryň öz ösüşi üçin uly itergi bolar. Ýöne, umumy milli edebiýatyň derejesinde beýdip gaty uzaga gidip bilmesek gerek. Edebiýat bilen aýakdaş gidip bilýän edebiýat ylmy gerek, estetiki güýçlere ýardam edip bilýän intellektual güýçler gerek. Realizmlerden ara üzülende, gaty uly estetiki alternatiwa, emosional-çeperçilikli güýç-kuwwat gerek bolar. Meniň pikirimçe, prozamyz närealistik çeperçilikli pikirlenmäniň elementlerini ilkinji nobatda türkmen poeziýasyndan hem täze türkmen dramasyndan alyp biler diýip pikir edýärin. Gelip çykyşy boýunça poeziýa degişli bolan assosiatiw pikirlenme prozanyň realizmden närealizme geçmeginde uly bir etapdyr. Assosiasiýa – aslynda – ýagny logiki pikirlenmede biri-birine düýpgöter ýat düşünjeleriň edebi pikirlenmede utgaşmagydyr. Has ösen hem giň planda alanyňda, munuň özi reallyk bilen fantaziýanyň özboluşly utgaşygydyr. Assosiasiýa – yşarat. G.Markesiň «Ýüz ýyl ýalňyzlykda» romanynda wagt-giňişlik ölçegleriniň çepbe çöwrülmegi täsin assosiasiýalar arkaly amala aşýar. Ýöne, türkmen poeziýasy prozanyň estetiki höregi hökmünde diýlen mesele gozgalanda, gepi diňe assosiasiýa bilen jemlemek bolmaz. Geljekki närealistik prozanyň döremegi üçin poeziýamyzdaky simwol, allegoriki, sýurrealistik, ekspressionistik mümkinçilikler ýeterlikdir. Ýöne ondan pelsepäni aýyrmaly, çünki pelsepe närealistik prozanyň ganym duşmanydyr. Diňe çeper obrazlylygam däl, poeziýamyzyň diliniň gysgalygy, many gysbylygy, az sözlüligi degişli meselede uly badalga bolup biler. 70-80-nji ýyllarda şahyrlarymyz ajaýyp poetiki dili döretdiler. Şol diliň esasy atributlarynyň biri az sözlülikdir. Ajaýyp şahyrymyz G.Ezizow ýöne ýere şeýle ýazmandy: Sungat diýmek näme? Bilýärmisiňiz? Bu sowala şeýle jogap bermeli: Biz herimiz özümiziň zergärmiz, Mydam özümizi ýonup ýörmeli. Şeýdip türkmen poeziýasynda gysbylygyň, gysgalygyň, anyklygyň kulty döredi. Täze närealistik prozanyň kemala gelmegi üçin gysbylygyň simwol, assosiasiýa, allegoriýa bilen nikasy zerurmyka diýýärin. Ýöne poeziýa hem proza – biri-birinden gaty tapawutly çeper hadysalar ahyryn?! Men şeýle pikir edýärin: proza, ýagny bizde häzirki bar bolan realistik proza daşky reallygyň dilidir, poeziýa bolsa içki reallygyň dilidir. Ikinji dil hemişe öz formalary boýunça närealistik hadysalary aňlatmaga çalyşýar. Ony metaforadan boşadyp, simwoldyr assosiasiýanyň diline öwürsek, munuň özi proza üçin gaty amatly usul bolar. Meniň bilşimçe, J.P.Sartryň, M.Prustyň ýa J.Joýsyň dili hut şu hili çeper dildir. Närealistik däplere geçmek, islesek-islemesek, şertlilik bilen ýüzbe-ýüzlüge getirer. Sebäbi degişli estetiki däpler diňe adam aňynda ýaşaýan şertli dünýäni döretmek bilen baglanyşykly. Şertlilik bolsa örän ynjyk hem kyn mesele. Munuň özi türkmeniň «bir söz az, iki söz köp» diýýän halatlaryndandyr. Reallyk bilen ýasamalygyň aralygyndaky altyn ortalygy tapmak gerek. Dünýäni çeperçilik taýdan özgertmäge ulaşyp, aşa ýasama dünýäni döredäýmekdenem saklanjak bolmaly. Dünýäniň iň närealist ýazyjylarynyň biri G.G.Markes şeýle gürrüň berýär: «Edebiýatda okuw kitaplary tarapyndan tekrarlanýan dar hem tüýs rasionalistik mümkinçiliklerden başga-da kän mümkinçilikleriň bardygyny, garaşylmadyk ýagdaýda özüm üçin açdym. Ýöne basym kelläňe gelen zady oýlap tapybermeli däldigine göz ýetirdim, sebäbi beýtmek ýalan ýazmaga getirip biler, ýalançylyk bolsa edebiýatda durmuşdakydanam howpludyr. Döredijilik tarapyndan berilýän, göräýmäge, azatlygyň içinde öz berk kanunlary hereket edýär. Pikiriň görnetin mejalsyzlygyndan ýüz dönderip bolar, ýöne haosa ýüz urmagam bolmaz. Erkiňi başbitin irrasializme aldyryp bolmaz». Şertlilik meselesinde teatryň, dramanyň tejribesine ýüzlenmek bähbitli bolarmyka diýýärin. Dramadaky şertlilik içre simwolika prozanyň tebigylyk içre simwolikasyny döretmäge ýardam edip biler. Şertlilik şertliligine galanda, proza emele gelmeýär, onuň tebigylyga öwrülmegi zerurdyr. Döredilen zadyň döredilendigi – ýasalandygy-ýasamadygy aňylan wagty sungat gutarýar, çeper täsir puç bolýar. Okyjynyň akyly bu zatlaryň barynyň emelidigini, umuman, aňlap biler, onuň ýüregi bolsa bulary hakykat hökmünde ykrar etmäge mejbur edilmelidir. Edebiýatyň nyşany – ýürek, köňül – dünýäsi. Hut ýokarky akyl-ýürek şaýatlygyny biz dessanlary okanymyzda başdan geçirýäs. «Gorkut atanyň« Däli Domrul bilen baglanyşykly boýy bar. Däli Domrul Ezraýyl bilen söweş edýär. Akylymyz munuň fakt hökmünde mümkin däldigini bilip otyr. Ýürek bolsa adamzadyň özge güýçlere göreş, olardan azat ýaşamak meýliniň obraza geçişini makullap, hakykat hökmünde kabul edýär. Ýürek bilen paýhasyň arasyndaky altyn ortalyk – ine, närealistik edebiýatyň ymtylmaly, ele almaly sferasy. Fantaziýanyň önümi bolan närealistik hakykat durmuş reallygyna ugurdaş hem bolup biler, garşylyklaýyn hem. Ýöne – esasy zat – okyja düşnükli estetiki duýgusy üçin elbererlikli hem elýeterlikli bolmalydyr. Şahyrana rebuslar diňe poeziýada bagyşlarlykly diýip pikir edýärin, çünki şygryň çäkli möçberi az wagtyňy alýar. Aýdaly, romanyň rebusa öwrülmegi okyjynyň intellektini ysgyndan gaçyryp biler. Eseriň şahyrana düşnüksizliginden okyjy estetiki lezzet alýar, intellekti bolsa durmuşyň çylşyrymlylygynyň üstünde kelle döwendäki ýaly tebigy iş prosesine meşgul bolýar. Närealistik eser – munuň özi özboluşly şertleri bolan oýundyr, okyjy oýnuň şol şertlerini kabul edýär, olary oňat bilýär. Edil küştçiniň atyň göni däl-de, öwrümli göçüm edýändigini geň görmeýşi ýaly, okyjy-da närealistik wakalaryň şertliligine geň galanok, gaýta, hut şondanam lezzet hem kanagat tapýar. Estetiki lezzet we intellektual kanagatlanma döredýän çeper eserler diňe tehniki serişde derejesinde bolanlygynda, uly sungat döremez. Ýok, olar ýazyjynyň durmuşa gatnaşygynyň, özüňi aýan etmegiň prinsipini aňlatmalydyr. Çeper eser okyjy bilen awtoryň arasyndaky dilleşige görä, şertli oýun bolmaly. Emma awtoryň özi üçin ol dünýäde iň çynlakaý, iň uly zat. Ol – ömrüň manysy. Çeper eser durmuşyň bir ýüze çykmasy bolany üçin, oňa reallygyň oýunlyk hem çynlakaýlyk diýen iki ipostasy-da mahsusdyr. Hawa, ýigriminji asyryň ikinji ýarymynda edebiýatda agyrlyk merkezi daşky reallykdan içkä geçdi: indi ýazyjynyň wezipesi öýkünjeňlik bilen daşky dünýäni suratlandyrmak däl-de, öz içki çeper dünýäsini sungatynyň üsti bilen açmakdyr. Ol dünýä bolsa awtoryň talantynyň tebigatyna, intellektiniň strukturasyna görä, dürli närealistik formalarda beýanyny tapyp biler. Ol formalar – tükeniksiz gözellik potensiýalarydyr. Bu ýerde tükeniksizligiň derejesi – talantyň beýiklik derejesi, formalaryň originallygy bolsa talantyň originallygy bolup durýar. Çagakak sygyr örklärdik. Mahal-mahal aýratyn otluk ýere ýüzüň düşer, hezil edersiň, sygyr janawerem hezil eder. Gözellik mümkinçiligi – şol otluk ýerdir. Men şol formalaryň öz logikasy närealistik şekillere iterýän bolsa, näme üçin realistik usullar bilen özümi örklemeli?! Göwnüme bolmasa, realizm öli talaplar meselesinde klassisizmdenem geçirdimikä diýýärin. Ne utilitar – maddy-sosial bähbit nukdaýnazaryndan, ne-de özge egoistik estetiki endikleriň nukdaýnazaryndan, gözellik potensiýalaryny çäklendirmek bolmaýar. Şu manyda beýik Dostoýewskiniň hemişe aktual bir pikiri ýerlikli bolsa gerek. Ýazyjy sosialistleriň ideologi Dobrolýubow bilen sungat meselesinde jedelleşip, şeýle ýazýar: «Her hili maksatlar üçin sungaty gysmaly däl, her hili kanunlary onuň boýnuna atmaly däl, onuň başyny garjaşdyrmaly däl, sebäbi şonsuzam onuň ýolunda her hili päsgelçilikler örän köp, adamyň taryhy durmuşy bilen baglanyşykly höwesler hem gyşarmalar köp... Näme etmelidigini hem nämäni gowy görüp, nämäni ýigrenmelidigini sungata öwretmek bolmaýar...» Haçan-da sungata, edebiýata mazmunynyň nämeler bolmalydygyny, formasynyň nähili bolmalydygyny öwredip başlanlarynda, ol ýerde sungat gutarýar. Biz muny sowet döwrüniň edebiýatyndan aýdyň görýäris. Edebiýatyň ösüşi tebigy proses bolmaly. Häzirki döwrüň tebigylygy, närealistik tendensiýalaryň edebiýatda şineläp ugrandygyndan ybarat bolsa gerek. Öz döwründe islendik metod şunuň ýaly taryhy başdan geçiripdi. Dünýä edebiýatynda realizmiň estetiki mümkinçilikleri daralyp ugranda, modernizm akymy ýüze çykdy. «Modern» fransuzça «iň täze» diýmegi aňladýar. Modernizmiň wekilleri hasaplanýan J.Joýsyň, F.Kafkanyň, T.S.Eliotyň, A.Jidiň, M.Prustyň, J.P.Sartryň, A.Kamýunyň, E.Ioneskonyň, S.Bekketiň we beýleki ussatlaryň eserleriniň diline düşünäý-mek aňsat däl. Sebäbi belli bir manyda hakyky sungat elitar bolmalydyr. Sungat hemme kişä düşnükli bolup bilmez, hemme kişini gyzyklandyrybam bilmez diýsem, açyş etdigim bolmaz. Çünki edebiýat, onda-da XX asyryň edebiýaty çuňňur manyly hem çylşyrymly formaly estetiki hadysadyr. Olar näme, özüm-ä dogrusyny aýtsam, Magtymgula-da her kim şahyryň öz isleýşi ýaly düşünýändir diýip biljek däl. Ýöne ýazyjynyň uly arzuwlarynyň biri okyjylaryň özüne diýmek islän zadyna düşünmekleri, özüne düşünilmeginden ýazyjynyň çäksiz lezzet alýandygyny bilýärin. Ýazyja düşünmek üçin onuň öz derejesine ýakynlaşjak bolmaly, okyjylyk düýp manysy hem derejesi boýunça döredijilige genial zähmet bolmaly. Wladimir Iliçiň şeýle bir ganatly, ýörgünli şygary bardy: «Sungat halkyňkydyr» diýip. «Sungat sungat üçindir» diýlen pikire hem garşy çykardylar. Biz ýene şol garşy çykylan pikire gaýdyp gelmeli bolduk. Eger sungat halk üçin bolýan bolsa, onda bu gün roman gerek däl. Eger sungat sungat üçin bolsa, onda roman ýaşamagyny dowam etdirer. Men sungatyň sungat üçindigine ynanýaryn. Sebäbi: «Zer gadyryny – zergär biler» diýip asyrlar bäri oýnamaga aýdylanok. Biziň asyrymyzda realizmiň lokal edebi hadysa öwrülmeginiň daşky sebäpleri-de bar. Biz başda: «Adamlar şu durmuşda ýaşap ýör, olar şol durmuşdan ýadap ýör, şolara öz ýaşan durmuşlaryny ýazyp, okatdyrjak bolmak, traktor sürüp ýadap gelen mehanizatora, dynç almakçy bolanda ýene mehanizasiýa hakda gürrüň beren ýaly bolmaýarmy?!» diýipdik. Beýle etmeklik realizme däl-de, naturalizme oňat gabat gelýär. Çünki naturalizm – «şol durmuşy ýazmak», realizm bolsa – onuň formalaryny realistik toslama bilen gaýtadan işlemekdir (Şunda ol, meniňçe, närealistik toslamadan has garyp hem ýöntem gelýär). Ikinjiden, ýazyjy çeper eseri döredende, okyjyny göz öňüne getiribem biler, getirmänem. Onuň eseriniň hilini, metodyny, formasyny «okyjy näme diýerkä» diýen iňkis däl-de, talantyň estetiki tebigaty kesgitleýär, ýogsa bu-da onuň döredijilik azatlygyny çäklendirmegiň bir görnüşi bolardy. Realizmiň «kiçelmeginiň» sebäbi XX asyrda umumy progresiň ösüşi bilen baglanyşykly. XIX asyrda kino ýok, metbugat çäkli, telewideniýe, radio ýok. Onsoň bularyň funksiýasyny-da öz üstüne alan edebiýat realizme – durmuş hakyndaky dogry hem gönümel informasiýa ýüz tutmaly boldy. Indi bolsa, daşky dünýä hakynda informasiýa berýän ol zatlar bölünip aýrylansoň, edebiýat öňki ähmiýetini saklamakdan ötri, has suwytly formalara – irrasional närealizme ýüzlenmeli boldy. Irrasionalizm – pikir, ideýa bilen duýgynyň özara gatnaşygynda soňkynyň ileriligini ykrar edýän garaýyş. Indi ýazyjyny rasional pikiriň içinden geçirmeli daşky reallyk gyzyklandyranok, sebäbi onuň öz içki reallygy, birinjä barabar reallygy bar. Ol – duýgularyň hem instinktleriň, bimöçber çeper energiýasy bolan subýektiň dünýäsidir. Şahsy tejribesini aýan edýän ýazyjy okyjynyň şärikdeş döredijiligini talap edýär. Edebiýat indi gujagyna sygmajak zady gujaklajak bolup duranok – jemgyýetçilik meselelerini çözmegiň serişdeleri edebiýatda däl-de, başga sferalarda ýatandyr. Diňe haýsydyr bir manyda edebiýat jemgyýetçilik durmuşynyň tejribelerini aýan edip biler. Emma özüniň döreýşi boýunça edebiýat erkin döredijilik aktydyr. Närealistik toslama has baý fantaziýasy bilen tapawutlanýar. Şu mynasybetli XX asyryň edebiýatynda adamyň içki dünýäsi subýektiw, daşky dünýä babatda ikinji ähmiýeti aňladýan reallyk däl-de, emosiýalaryň çeşmesi hökmünde, belki, ondanam ähmiýetli dünýä diýlip suratlandyryldy. «Bir goşguda ylmy kitaplardakydan has köp real informasiýa bar» diýlen söze ynanylýan döwürlerden oba göçdi. Olaryň hersiniň öz ýeri bar. Biri beýlekisiniň ýerini tutup bilmez, biri beýlekisine gurban däldir. Realistik eseriň dili-de özüniň bimöçber könelendigini göz edýär. Närealistik prinsipleriň nukdaýnazaryndan, realistik dil – bimanylyk, many aňladybilmezlikdir. Çünki dil häzir hiç bir zady aňlatmaýan köne düşünjeleriň beýany ahbetin. Şol sebäpden ol köne düşünjelere näçe ýakyn bolsa, şonça-da öz kuwwatyny hem täsirini çalt ýitirýär. Närealistik prozanyň diliniň kemala gelmegi täzeçe pikirlenmäni talap edýär. Näreal wakalary beýan etmek asla-da real wakalary beýan eden ýaly däl. Sebäbi ikinji halatda öýkünmek, «göçürmek» ýeterlik bolsa, birinjide hut döretmek wezipesi goýulýar. Onsoň näreal wakalaryň ynandyryjylygynda esasy roly eseriň dili oýnamaly. Ol wakalaryň sepini, sýužetiň emeliligini bildirmez derejede tebigy bolmaly. Esasy närealistik akymlaryň biri – sýurrealizmiň esasy teoretiki düz-günleriniň biri – kelläňe gelen zady akyl eleginden geçirmezden göni kagyza ýazmakdyr. Sebäbi akyl eleginden geçensoň, onuň ilkibaşky terligi, gyzgyny ýitýär, ol rasionallaşýar – howaýylaşýar hasaplanýar. Ilkibaşky terlik – çaga päkliginiň hem tebigylygynyň ýüze çykmasy-da hasaplanýar. Şu hili düzgüne her kim birhili garap, oňa özüçe many berip biler. Bir zat weli belli – munuň özi möwriti öten, irizen realizme özboluşly reaksiýadyr. Şol reaksiýanyň aňyrsynda çeper sözüň mümkinçiliklerini her hili ýollar bilen giňeltmek hem köpeltmek islegi ýatýar. Ol söz howaýylykdan saplanyp, tebigylyga – fiziologiki duýgularyň beýanyna öwrülýär. Umuman, realizmden arany üzen närealistik edebiýatyň esasy ganymlarynyň biri – logiki pikirlenmedir. Goja paýhasyň juwanlygyň tebigy joşgunyndan, terliginden mahrum bolşy ýaly, logiki pikir fiziologiki duýgynyň janlylygyndan, köpdürli formalylygyndan mahrumdyr. Rasionalizm diňe paýhasyň tejribesi, şonuň logikasy bilen baglanyşykly, şoňa boýun egýän hakykatlary ykrar edýär. Öz kanunlaryna gabat gelmeýän duýgy derejesindäki zatlary bolsa ol yrymçyllyk, nadanlyk, ten duýgularynyň ýesirligi hökmünde ýok etmek isleýär. Emma olaryňam birkemsiz reallyk hök-münde ýaşamaga hukugynyň bardygyny inkär etmäge hiç hili esas ýok. Türkmen ruhunda dürli öwlüýäler, pirler bilen baglanyşykly halk ynançlary degişli hadysanyň aýdyň mysalydyr. Keramatly işanlaryň näsagy aýaga galdyrmak üçin jynlar bilen edýän söweşleri baradaky gürrüňler täsindir. Munuň özi adam instinktleriniň ýaşaýşy barada ajaýyp çypdyrmadyr – fantaziýadyr, ony diňe oňat edebi forma salmak gerek. Närealistik sungatda şeýle obrazlar reallygyň logiki pikirlenmä sygmadyk içki alyslygyny beýan etmäge puryja berýär. Şeýle närealistik pursatlar realistik eserlerde-de ulanylyp bilner. Emma ol ýerde munuň özi bary-ýogy serişde hökmünde alynýar. Närealistik sungat bolsa olary ýaşaýşyň düýp manysy, zatlaryň mifiki mazmunynyň – has çuňňur mazmunyň aýan bolmagy hökmünde suratlandyrmalydyr. Närealistik tilsimat biziň klassyky poeziýamyzda köp. Ylaýta-da, Magtymgulynyň poeziýasy şeýle çeperçilik dünýäleri özünde köp jemleýär. Bu ýerde mif hem bar, düýş hem bar, dünýä hökmündäki düýş, düýş hökmündäki dünýä hem bar. Beýleki tarapdan bolsa, dünýäniň özi hiç ynanyp bolmajak mif, rowaýat hökmünde suratlandyrylýar. Goý, biziň ýazyjylarymyz hem şol däpleri prozanyň diline geçirmäni başarsynlar. Şonda edebiýatymyzda närealistik pikirlenme sungaty hakyky suratda ösüp başlar. Hawa, türkmen prozasydyr poeziýasyny tereziniň her gapdalynda goýanyňda, dogrudanam, has aňyrdan gelýän, diýmek, her näme-de bolsa estetiki tejribesi has köp žanr hökmünde poeziýanyň ýagdaýy elhalrak görünýär – proza bilen deňeşdirilendäki halatynda. Ýöne edil şu günki, şu pursatdaky poetiki prosesem, düýnki günüňki bilen deňeşdireniňde, göwnüňi hem gözüňi dokundyryp baranok: onuň ideýa çepiksiligi hem çeperçilik mejalsyzlygy bada-bat göze ilýär. Prozada bolsa ýagdaý başgaça. Bu ugurda öňden uly baýlyk-tejribe bolmansoň, bu günki mazmun hem forma gahatçylygy hasam kejebäňi daraldýar. Prozaçylar edil aldyrany bar ýaly haltura dagyny döredýärler. Şeýle ilgezikligiň sebäbini diňe bir zatda görmek, ony belli bir manyda ýormak dogry bolmasa gerek. Şol bir umumy proses öz içinde dürli böleklerden ybarat, her bölegiňem öz sebäpleri bar. Ýazyjylarymyzyň içinde täze gözleglere (iň bolmanda olaryň öz düşünişindäki hem göz öňüne getirişindäki gözleglere) maýyl bolup, batman-batman kagyzlary keşdeleýänlerem, hiç hili estetiki ýa etiki maksatlary ýada salmazdan, urdumşalyk edýänlerem bar. Diýmek, bu ýerde bitewi proses hakynda gürrüň etmek mümkin däl. Ýöne özüm-ä uly göwrümli proza eserleriniň şeýle köpelmegine göwnübir garaýan. Edil durmuş bitewüliginde kä hordanyň, käte ýaramazyň öňe çykyp durşuna garaýşym ýaly. Durmuşyň öz ösüş logikasy, biziň şahsy garaýşymyzy piňine almaýan bitewi tebigy ösüş prosesi bar. Beýik Gegeliň aýdyşy ýaly, «Bolýan zatlaryň bary paýhasa laýykdyr, diňe paýhasa laýyk zatlar bolýandyr». Durmuşa utilitar gatnaşyk, ondan diňe gowy hem özüňe peýdaly zatlary talap etmek paýhasyň däl-de, nebsiň sypaty. Goý, ýazylsyn. Ýazmak alamana gitmek, ýa ogrulyk etmek däl-ä. Durmuş geregini alýar, gerekmejegini zyňar goýbär. Onsoňam öz döwründe götergilenen ýazyjynyň wagt geçensoň bortuň aňyrsyna düşüp, äsgerilmedigiň bolsa bakylyk suwundan dadaýýandygyny hem taryh görkezip gelýär. Şonuň üçinem kimdir biriniň eserleriniň özüňde döredýän täsirine esaslanyp, onuň ýazmaga hakly ýa haksyzdygyny kesgitlemäge kimiň moral hukugy barmyşyn? Bir tymsaly gürrüň bereýin. Pygamberleriň biri, megerem, Musa pygamber bolsa gerek – Hudaýdan sorapdyr diýýärler: «Eý, Biribar, sen ýagşylar bilen bir hatarda ýamanlary-da ýaradypsyň. Soňam dowzahy gurup, olary jezalandyrjak bolup, azara galyp ýörsüň. Ondan diňe ýagşylary ýaradaýanyňda bolmadymy?» «Meniň beýtmegim seniň bugdaý ekip ýetişdirip, soňam çäjiňi alaga-da, harpygyny ýele sowruşyň ýalydyr». Görseň, sap haýryň, oňatlygyň mümkin däldigini, beýle mümkinçiligiň hatda özüne-de başartmaýandygyny Hudaýyň özi tassyklap oturandyr. Onsoňam kimiň harpyk, kimiň çäçdigini diňe ýel – wagt görkezýär. Gepiň gerdişine, ýene bir zady agzap geçeýin: durmuşyň köpmanylylygyna, köp öwüşginliligine biziň gatnaşygymyz juda ýöntem-ä däldir-dä?! Biz herki zada iki kriteriý boýunça: ýa «bu – gowy» ýa-da «bu – erbet» diýip baha berýäris. Munuň özi birtaraplylyk, ýüzleýlilik dälmidir? Şu iki sanjak baha bilen işleýän beýni göýdük galmabilse ýagşydyr?! Bizde adamlaryň belli bir zada (biri-birine, howa ýagdaýyna, kitaba, nahara we ş.m.) baha kesişine üns berdiňizmi? Bada-bat «gowulyga» ýa «erbetlige» syrygar. Bu meni hopukdyrýar! Biziň pikirlenişimize giňişlik, ýene bir gezek giňişlik gerek diýip mydama öz ýanymdan tekrarlaýaryn. Giňişlik köpdürlülige, köpöwüşginlilige, nýuanslara elterdi. Bizem «gowy, erbet» diýen kesgitlemäniň çäginden çykyp, reallygyň beýle dar formuladan has giň ekendigine göz ýetirerdik. Belki, giňişlige çykmak üçin şu garşylyklardan – ýasamalykdan, bikemallykdan, halturadan... we gaýry nogsanlardan geçmek hem ösüş prosesindäki tebigylykdyr?! Belki?.. Ýöne N. Saryhanowy nazara alanyňda, bu proses beýle uzak bolmalam däl ýaly... «Gowy, erbet» diýen psihologiki formulanyň kök uranlygyny özüm-ä bizde poeziýanyň ösüp, prozanyň göz-görtele çiglikde galany bilen düşündirerdim. Sebäbi poeziýa çuňluk, proza bolsa – giňişlikdir. «Gowy» emotiw çuňňurlygy aňladyp biler, ýöne daşky reallyk babatdaky informatiw giňligiň, nýuanslaryň ýoklugy ruhumyzyň ejiz tarapydyr. Şonuň üçinem kämil proza, onda-da roman – başga bir toprakdan alnyp oturdylan güller ýaly däl-de, hut öz iň ukyply, giň ukyply beýnilerimizde edil tenekar toprakda ösümlikleriň boý alşy ýaly, tebigylyk bilen kemala gelen roman biziň milli ruhumyz, psihologiýamyz, hatda beýnilerimiziň fiziologiki ukyby üçin lukman resepti ýaly faktiki zerurlykdyr. Her döwrüň öz gahrymany bar. Serwantes döwründe, rysarlyk döwründe eserleriň gahrymanlary wepasyzlar bilen duele çykardylar, harazyň çarhy bilen söweşerdiler; ondan soňky döwürde – Gýugonyň, Dýumanyň, Stendalyň döwründe gahrymanlar hökümet bilen gidişýärdi; Puşkiniň, Lermontowyň, Turgenowyň, Dostoýewskiniň döwründe nämä güýmenjegini bilmän ýören sowatly, ýöne ýekeöýli nigilist gahrymanlar bir oňa, bir muňa baş goşýardylar; Şolohowyň, Kerbabaýewiň, H.Derýaýewiň, B.Seýtäkowyň döwründe gahrymanlar özlerine nan, don berip ýören «nadan» «samsyk» hoja-ýynlary – baýlar bilen garpyşýardylar, ol görgülileri basmaça öwrüp gyrýardylar; otuzynjy ýyllarda A.Alamyşowyň, A.Durdyýewiň we beýleki ýazyjylaryň gahrymanlary okamak isledi, ýöne olaryň nadan, köne pikirli ata-eneleri olara garşy çykdylar, şonuň üçin hem täze gahrymanlar öz ata-enelerine: «öldürseňizem okajak!» diýip gaýduwsyzlyk görkezdiler. Sowadyny çykan, faşistleri gyran gahrymanlar ellinji, altmyşynjy ýyllarda täze durmuş ugrundaky göreşe galkyndylar. G.Gurbansähedowyň, A. Atajanowyň gahrymanlary köne pikirli kolhoz ýolbaşçylaryna, brigadirlerine, edara ýolbaşçylaryna garşy göreşmeli boldular; durgunlyk ýyllarynyň gahrymanlary söweşjeňligini gowşatdy, iňirdäp oturan, akyl beresi gelip duran, jemgyýetden, ýaşaýyşdan närazy, öz eline ygtyýar berilse, ähli zady gülala-güllük etjege meňzeýän ham-hyýally gahrymanlar ýaz kömelegi deýin köpeldi. Eýsem Garaşsyzlyk döwrüniň eserleriniň gahrymanlary nähili bolmaly? Döredijilik işgärleriniň ýeten kämillik derejesi halkyň ruhy derejesini kesgitleýär. Birmahal Belinskiý Russiýada gowy adamlar kän, ýöne gowy adamlar, görelde, nusga alar ýaly adamlar eserlerimizde barmy diýen sowaly goýupdy. Şu sowaly bu gün türkmen edebiýaty babatda hem goýmak mümkin. Türkmen halkynda gowy, tutanýerli, belent adamkärçilikli, gaýduwsyz, batyr, jomart adamlar kän. Şeýle gowy adamlar biziň şu günki türkmen prozamyzda barmy? Türkmen halkyna bu günki gün ruhubelent, maksada okgunly gahrymanlar gerek. Özbaşdak döwletiň edebiýatynyň nähili bolmalydygy hakda köp gezekler pikir edip, meniň aňymda şeýle ynam-pikir döredi: Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýaty ruhubelent ideýalary özünde jemlän, halky üstünlige, joşgunly ýaşaýşa ruhlandyrýan edebiýat bolmaly. Ençe asyrdan soň Garaşsyzlyk döwrüniň edbiýaty ýatdan çykmajak röwşen obrazlary, gahrymanlary döreden edebiýat hökmünde tanalmaly, ýatlanmaly. Türkmen edebiýaty – ruhubelent gahrymanlar edebiýaty bolmalydyr. Öz watanynda ikinji sortly halk derejesinde görlen türkmeniň bu gün öz eli, öz ýakasy. Özem gep diňe bir tebigy baýlyklara, maddy nygmatlara eýe bolmakda däl. Ýogsam olaryňam adamyň durmuşynda uly ähmiýeti bar. Türkmen hiç mahalam maddy baýlyga iň ahyrky maksat hökmünde sereden halk däl. Bu günki gün türkmeni – onuň şahyrlaryny-da, ýönekeý adamlaryny-da joşdurýan zat – onuň ruhy azatlyga hem erkinlige çykmagy. Onuň mertebä, namysyny goramak hukugyna, Watanyna eýe bolmak duýgusyna ýetmegi. Şol duýgy-da ony belentlere ýetirýär. Men gazet-žurnallaryň sahypalarynda täze-täze awtorlara köp gabat gelýärin. Goşgulary çap edilen awtorlaryň ählisiniň maksadynyň şahyr bolmak däldigine gaty gowy düşünýärin. Ýürek joşupdyr, şol joşgunam ol goşgy setirlerine geçiripdir. Täze-täze awtorly goşgulary okanymda, täze aýdymçylaryň aýdymlaryny diňlänimde, men bu ýürek talwaslaryny türkmen halkynyň bitewi ýürek joşguny diýip düşünýärin. Adamlaryň ýüzlerin-den, hyjuwlaryndan halkyň umumy ruhy ahwalatyny duýmak kyn däl. Ýürek gülende adamyň ýüzi nurlanýar. Döwrüň ýagdaýyny, sähel üşügiň bolsa, adamlaryň ýüz-keşplerinden okap bolýar. Uruş döwri, uruşdan soňky döwür. Altmyşynjy, ýetmişinji ýyllar. Olaryň hersiniň öz aýratynlygy bar. Ýazyjy haýsy döwrüň wakasyny beýan edýän bolsa, ol ilkinji nobatda şol döwrüň adamlarynyň ruhy ahwalatyny bermegi başarmaly. Ine, biziň prozaçylarymyzyň esasy kemçilikleriniň biri. Ýazyjynyň uruş ýyllary hakda ýazan eserinden şu günüň ysy gelse, hernäçe «durmuş agyrdy» diýse diýibersin, peýdasy ýok. Ol eseriň ynandyryjylygy pes bolup çykýar. Uruş ýyllary hakda örän köp eser ýazyldy. Galyň-galyň romanlar. Emma men olardan uruş ýyllarynyň howasyny, adamlarynyň ruhy ahwalatyny duýamok. Eýsem uruş ýyllary döwrüniň adamlarynda nähili aýratynlyk bardy. Uruş ýyllary adamlar häzirki döwürdäki ýaly arkaýyn gürleşmeýän ekenler, uruş ýyllary adamlar biri-biri bilen tas paşyrdaşyp diýen ýaly gürleşipdirler. Töwerekde del adam ýokdur, barybir, adamlar uklap ýatan çaganyň oýanaýmagyndan heder edýän dek, pyşyrdaşyp gürleşipdirler. Uruşdan soňky ýyllarda hem kimdir biri gatyrak gürlese ýa gülse, ähli kişi şoňa tiňkesini dikip geňirgenipdir. Hut Staliniň özem gaty gürlemändir, pessaýdan ýuwaşlyk bilen gürläpdir. Uruş hakdaky kinofilmlere seredenimde, kitaplary okanymda şol pyşyrdy ahwalatyny duýjak, görjek bolýaryn. Ýöne, haýp, ýekeje awtor hem şu ahwalaty peýdalanmandyr. Altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarda radioda «Aýna» operasyndan dokmaçy gyzlaryň: Eý, daragym, batlan, Eý, ýüregim, şatlan... – diýip aýdýan aýdymyny eşitdirýärdiler. Ýa-da Rehmet Seýidowyň «Awçy, atma jereni» atly goşgusyny çeper okaýyş bilen her bir dabarada okardylar. Özem joşgun bilen okardylar: Awçy, atma jereni. Onda uly arzuw bar... «Aýna» operasyndaky aýdymdan hem-de Rehmet Seýidowyň «Awçy, atma jereni» goşgusyndan talwaslanýan ýürek urgusy bilen halyçy gyz-gelinleriň daraklarynyň urgusy deň gopup, kalbyňy heýjana getirýär. Kimem bolsaň işläberesiň, aýdyma goşulyp hiňleniberesiň gelýär. «Awçy, atma jereni» şygrynda, gör, näçe romantika bar, Garagum giňişligi seni alyslara höweslendirýär. Bu aýdymda, bu goşguda altmyşynjy ýyllaryň ruhy ahwalaty jemlenen. Ol ýyllar adamlar örän hyjuwlydy, maksada okgunlydy. Çünki olar kommunizmiň bosagasynda durdylar. Kommunizmiň ýakyndalygy adamlary has hyjuwlandyrýardy, joşdurýardy. Men altmyşynjy, ýetmişinji ýyllar hakda ençeme poeziýa hem proza eserlerini okadym. Ýöne okan eserlerimden daragyň batly sesem gelenok, ynsanperwerlikli hoşamaýlyk hem duýamok. Her döwür özüniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar, ýatda galýar. Segseninji ýyllarda adamlardaky daragyň sesi bilen bäsleşip duran ýürekleriň joşgunly urmasy, entuziazm, romantika aýryldy. Boş ideýa gulluk edendiklerine halk düşünip ugrady. Adamlarda nägilelik artdy. Ol nägilelik olaryň häsiýetlerine-de geçip ugrady. Döredýän eserlerimizde-de nägile adamlaryň obrazy artmak bilen boldy. Nägilelik Durdy Gylyçda ellinji ýyllarda bolan eken. Ýöne ony gizläp saklapdyrlar. Ýurtda umumy nägilelik döräp ugrandan soň Durdy Gylyjyň nägileligi hem ýüze çykdy. Durdy Gylyç ellinji ýyllaryň başynda agyr kesele uçrap, altmyş dört ýaşda durmuşyň gurluşyndan zeýrenip, dokuz çagasynyň ýetim galjagyna gynanyp «Daş galdy» diýen goşgusyny ýazypdyr. Ozal men söýerdim bolşewik ýolun, Indi men nädeýin dünýäniň malyn? Göwnüm görsem diýýär türkmen kanalyn, Şol zatlary görmek maňa daş galdy. Indi bildim bolşewigiň kimdigin, Gadyrbilmez, aladasyz paňdygyn, Beren wadalarnyň gury ýaňdygyn, Eden tamalarmyň bary puç boldy. Durdy Gylyç ýurduň ýolbaşçylaryndan gaty uly tamada eken. Başy ýassyga ýetende, halyndan habar almaga Stalin geler öýdüpdir. Ol Staliniň gelenini-gelmänini zol-zol sorapdyr. Oňa Staliniň entek gelmändigini aýdypdyrlar. Durdy Gylyç öz-özüne teselli beripdir: «Staliniň, elbetde, iş-aladasy kändir. Şonuň üçinem gelip bilýän däldir. Ýöne ol hiç bolmanda Budýonyny-ha iberer» öýdüpdir. Onsoň, ýanyndakylardan Budýonnynyň gelenini-gelmändigini sorap ugrapdyr. Oňa Budýonnynyň hem gelmändigini aýdypdyrlar. Şahyr onsoň ýurduň ýagdaýyny sorapdyr. Uruş ýok, ýurt parahatlyk welin, şonda-da ýurt serkerdeleri onuň halyny soramaga gelenoklar. Şahyr juda geň galypdyr. Moskwadan tamasy çykmansoň, Aşgabada umyt baglap ugrapdyr. Görgüli: «Aşgabatdan kim geldi?» diýip sorap başlapdyr. Onuň halyndan habar almaga kolhoz ýolbaşçylaram gelmänden soň, ençe ýyllap ýalan ideologiýa ynanyp ýaşandygyna jany ýanyp, Durdy Gylyç «Daş galdy» goşgusyny ýazypdyr. Leniniň guran gurluşynyň ýalandygyna şahyr batyl bolsa-da, ellinji ýyllarda akyl ýetiripdir. Segseninji ýyllarda adamlarda geldi-geçerlik hä-siýeti döräp ugrady. Sebäbi «Küýze getirenem, küýze döwenem birdi». Adamlaryň kalbyndan ynam aýrylypdy. Adamlardaky Hudaý öldürilipdi. Ynanç ýaşaýşa hyruç berýär. Ynam – agzybirlik sütüni. Ynam ertirki güne höwesi oýarýar. Adamlarda halallyk ýitdi. Garaşsyzlyk bize halkyň şeýle içki ahlak keselleri bilen bile berildi. Şu ýerde daşary ýurtda bolan bir wakany ýatlamak isleýärin. Uly haly fabrigini tutuş ot alanmyş. Muny eşiden bir täjir öz iş dolandyryjysyna buýrupdyr. «Haly fabriginde biziň iki wagon halymyz bolmaly. Git-de şolary alyp gaýt». Iş dolandyryjy janygypdyr: «Hojaýyn, siz eşitmediňizmi, ol fabrik ambarlary bilen bilelikde ot alypdyr ahyryn». Täjir başdaky sözüni gaýtalapdyr: «Haly fabrikde biziň iki wagon halymyz bolmaly. Git-de, şolary alyp gel». Iş dolandyryjy gara köýük bolup galan fabrige baryp görse, bir çetde, özleriniň iki wagony abatja durmuş. Iş dolandyryjy geňirgenmesini hojaýynyna aýdypdyr. «Bütin fabrik ot aldy. Siz nireden bildiňiz biziň halylarymyzyň ot almadygyny?». Täjir ynamly gürläpdir: «Biziň halylarymyz nämä üçin ot alsyn? Ol halylar biziň halal zadymyz ahyryn. Ol halylar üçin biz hüşür-zekatynam berdik» diýipdir. Biziň Garaşsyzlyk döwrümiziň eserleri hem çyn ýürekden çykan eserler bolup, halkymyzyň agzybirlik, ruhubelentlik, jebislik ýolunda baky çelgi bolsun! Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |