19:49 Ýadadyk. Etjek bolsañ geplemän et | |
ÝADADYK. ETJEK BOLSAÑ GEPLEMÄN ET
Publisistika
Düýn... Erdogan BMG-niñ Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na gidip barýarka şeýle diýdi: - Zynjyr marketleri-de öz içine almak bilen ähli marketlerdäki gözegçiligi pugtalandyryp, nyrhlaryñ ýokarlanmagynyñ öñüni alarys. Enşalla, Amerikadan gaýdyp gelemsoñ munuñ bilen gönüden-göni özüm gyzyklanmakçy. Şu sözünden üç gün öñ Kyrşehirdäki "Ahy Ewranyñ yzynda" zähmetkeşler duşuşygyndaky dabarada: - Inflýasiýanyñ döredýän ýaşaýşyñ gymmatlygy baradaky bökdençligini bilmän duramzok. Bazarlardaky gymmatlaşygyñ öñüni alarys - diýdi. Şol sözündenem üç gün öñ Kahramanmaraşda: - Enşalla, inflýasiýany iñ gysga wagtda gözegçilik astyna alyp, bazarlardaky nyrhlaryñ ýokarlanmagynyñ öñüni alarys - diýdi. Diñe şu aý däl... Erdogan şu ýylyñ başynda 29-njy ýanwarda şeýle diýdi: - Gök önümleriñ, ir-iýmişleriñ we beýleki azyk önümleriniñ nyrhynyñ uçursyz galýanyny bilýäris. Bu boýunça Söwda ministrligi ýörite iş alyp barýar. Öñümizdäki bir aýda gözegçiligi öñküdenem güýçlendirip dowam ederis. Ýedi aý bäri çöp başy gymyldamady. Nämüçin? • EŞDIBEM ÝADADYK Ýadyñyza salyñ: Nyrhlaryñ çakdanaşa galmagy meselesi 2019-njy ýylyñ 31-nji martyndaky ýerli saýlawlaryñ öñüsyrasy üns merkezine düşüpdi. Oppozisiýa şeýle slogan bilen öñe çykypdy: "Pomidor-sogan, alla ýaryñ Erdogan!" (“Patates soğan güle güle Erdoğan!”) Erdogan 2019-njy ýylyñ 5-nji fewralynda AKP-niñ nobatdaky ýygnanşygynda marketlerdäki bahalaryñ biri-biri bilen deñ däldigine ünsi çekip, üstünde işlenýän ýörite kanun arkaly gök önümleriñ bahalaryny kesgitlejekdiklerini aýtdy: - Öndürijiden alyp, sarp edijä elýeterli baha bilen bereris. Hyýar, pomidor, kartoşka... gerek bolsa biz bularyñ hemmesiniñ bahasyny kesgitläris, munuñ üstünde ýörite işläp ýörüs - diýdi. Iki ýyl öñ diýipdi özem şu sözleri... Gutarmady. Bäş ýyl yza gideliñ: 2016-njy ýylyñ 14-nji noýabry. Erdogan Küllýedäki Milli Ekerançylyk toplanşygynda çykyş etdi: - Gök önümleriñ bahasyny aýdanlarynda, endamym syzlaýar. Uzatmaýyn. Sorag şu: Erdogan zol gepläp, nämüçin hiç zat edenok? Hawa, eýýäm näçe ýyl boldy bu boýunça çykmagyna garaşylýan kanunam (Hal Yasası) çykmady! Allergiýalary bar, geçeliñ respublika döwrüni... "JHP-niñ nökerleri bazar gatnaşyklaryna goşulyp, ýurduñ ösüşine päsgel berdi" diýen ýaly absurd liboş sakyrdylary... Erdogan her pursatda öwüp arşa çykarýan osmanly ykdysady sistemasy barada bir bilýän zady barmyka? Bilýändir öýdemok. Geliñ, gök önüm-miwe nyrhlary meselesine osmanly ykdysady taryhynyñ penjiresinden seredeliñ: • AL, SAÑA NYRH! Osmanlyda önümçilik köpçülikleýin talaba görä däl-de, zerurlyga görä kesgitlenerdi. Bazar doly gözegçilikde saklanardy. Nyrh - bazarda satuwa çykarlan önümleriñ bahasynyñ kesgitlenmegidi. "Zülkadriýe kanunnamasy" ýaz, güýz, gyş pasyllarynyñ ortasynda jemi üç gezek bahalary kesgitleýärdi. Kazynyñ başlyklygyndaky komissiýa bahalary kesgitländen we bellenen nyrhlar kazynyñ iş depderine ýazylandan soñ söwda nokatlaryna paýlanardy. Kazy zähmetkeşleriñ wekili muhtesip (мухтасиб, контролёр - bazara gözegçilik edýän işgär) bilen diñe nyrhlar boýunça gözegçilige däl, önümleriñ hiline we terezi daşlaryna-da esewan ederdi. Patyşalar üçin bazaryñ gözegçiligi möhüm döwlet işlerinden hasaplanardy. Muña ýörite jogapkär edip baş wezir bellenerdi. Kämahal baş weziriñ özi bazara gidip bahalara gözegçilik ederdi. Maksat - köp peýda gazanmak däl, halal gazançdy. Osmanly ykdysady sistemasy bähbide esaslanýan ýekebara model däl-de, jemgyýetçilik durmuşyny öñe tutýan ýaşaýyş formasydy. 1838-nji ýylda Söwda şertnamasy ýaly bozuk kapitalizm osmanly bazaryna zarba urup, bazary agdar-düñder edip taşlanam bolsa, kapitulýasiýalaryñ soñuna çykan respublika režimi "nyrh sistemasyny" dowam etdirdi. Merkezi häkimiýet ygtyýarlygyny ýerli dolandyryş edaralaryna-munisipialetlere berdi. Osmanlydan miras galyp, respublika döwründe-de dowam eden "bazara gözegçilik etme" sistemasy neoliberalizmiñ wekili Turgut Özal tarapyndan ýok edildi. Mundan beýläk bazardaky bahany erkin bazaryñ “göze görünmeýän eli" kesgitlemelidi. Konserwatorlar, çepçi liboşlar Özaly we Çilleri alkyşlady: "kommunizmiñ iñ soñky galasy ýykylýar!" Eýsem Erdogan bu ýoluñ dowam etdirijisi dälmi näme? Bu gan sorujy bazary kim gurdy, kim dowam etdirdi? Durmuş kimiñkini hakly çykardy? Häzir siziñ bar oñarýan zadyñyz öndürijä-satyja haýbat atmak. Içiñizden ýekäñiz JHP-niñ Izmir munisipialetiniñ başlygy merhum Ihsan Alýanak ýaly bolup bilmedi, halky elýeterli arzan bahadan et, gök önüm, miwe, kömür bilen üpjün etmek maksady bilen "Tanzim" söwda dükanyny gurup bilmedi. Gadyrdan! Boş gürläp ýörmäni bes ediñ. Güýjüñiz bar bolsa, ýykyñ, rehim-şepagatsyz neoliberalizmiñ bazaryny... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.09.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |