11:11 Ýalana duýulýan mätäçlik | |
ÝALANA DUÝULÝAN MÄTÄÇLIK
Publisistika
Şu meselelerimiz bilen hökman ýüzleşmeli bolarys: Soñky günlerde giden ýerimde özümi şu jümläni gaýtalamda tapýaryn: - Ýok, o çyn däl, ýalan eken! Gör, nämeler diýlenok: "- Serhet postlary açylanmyş, ýüz müñlerçe siriýaly getiriljekmiş! - AFAD-a edilýän kömekler Maliýe gözegçilik edarasynyñ (Sayıştay) garamagynda dälmiş! - Tebigy betbagtlykda hossarlaryny ýitiren çagalar tarykatlara beriljekmiş! - Ymam ýer yranmasyndan ölmän galanlary metjitden kowanmyş, metjidiñ gapysyny gulplanmyş! - Dini işler ministri "matematika dininizde haram" diýenmiş! - Ispan goşun bölümleri Iskenderunda patrulçylyk edýärmiş! - Amerikan kompaniýasynyñ açan alty müñ metrlik nebit guýusy ýer yranmasyna sebäp bolanmyş! - Ýetirilen zyýanyñ hasabyny ymamlar bilen mugallymlar ýöredýärmiş! - Hytaýly halas ediji emeli añly robot arkaly musulman edilenmiş!" Pylanmyş, pysmydanmyş... nämeler diýlenok.. Gynansak-da, ýer yranmasynyñ getiren bibatlygyny düzetmegiñ ýerine, ýalan-ýaşryklara gümra bolup wagtymyzy geçirýäris. Häkimiýete ýer yranmasy boýunça dogry tankydy bellikleri etmegiñ ýerine boş netije çykarmagyñ nämä geregi bar? Bilýän, aglabasynyñ niýeti ýagşy raýatlarymyz bulary bilgeşleýin edenok, emma anygyna ýetmezden ýalan-ýaşryga ynanýar, soñ olaram güpbe ynanan ýalan maglumatlaryny sosial mediýada paýlaşýar. Bu bolsa: Häkimiýetiñ peýdasyna bolýar: jemgyýetçilik ýer yranmasynyñ sebäpleri, öñüni alyş işleri, edilýän kömekler hakda pikir alyşmaz ýaly ýagdaýa gelýär! Eýsem, ýalan-ýaşrygyñ şular ýaly çalt ýaýrap, çalt ynanylmagynyñ sebäpleri bolmaly dälmi näme? Bu sowal sosial psigologiýanyñ ugruna girýär! * * * Sowalyñ jogabyny sosial psihologiýadaky atributiw teoriýa (yükleme teorisi/atıf kuramı) laýyklykda bermäge synanşaýyn: Adam başgalaryñ özüni nähili alyp barýandygyna ýa-da bolup geçýän wakalara öñ bolup geçen zatlara seredip baha berýär... Adamlar ýer yranmasynyñ döreýiş sebäplerini häkimiýetiñ has öñden eden işleriniñ üstüne ýükleme pikirinde bolýar... Şol sebäpli iş başyndaky häkimiýete garşy gidýänleriñ köpüsi häkimiýet hakdaky ýalan-ýaşryk toslamalara umuman alanda gepsiz-gürrüñsiz ynanýar, şeýle ýalan toslamalaryñ mediýada ýaýradylmagyna höwesek bolýar... Çünki adamlar özleri bilen pikirdeş we meñzeş hereket edýän adamlar bilen umumylyk gözleýär... Meselem: - Ýer yranmasyndan soñ Hataýda daşary ýurtlulara mülk satylýarmyş! Hatda oppozisioner partiýalaryñ biriniñ ýolbaşçysy bu barada beýanat hem berdi. Çünki, häzirki häkimiýetiñ öñki bolşuna seredip (hususylaşdyrmalar ýa-da daşary ýurtlylara ýer-jaý satmagy ýaly) ýalana ynandyrmak añsat boldy. Ýogsam bolmasa, sähel üşügiñ bolup magadyna ýetesi gelen, 1980-nji ýyldan bäei Hataýda daşary ýurtlylara mülk satmagyñ gadagandygyny bilerdi! Hawa, akyl-paýhasyñ ýoguna ýanan bir taraplaýynlylyk anygyna ýetilmeýändigi üçin ýalana ynanmak meýlini güýçlendirýär. Diñe oppozision gatlak däl, häkimiýetiñ tarapdarlary-da oppozisiýa hakdaky toslamalara, esassyz gep-gürrüñlere çalt ynanýar! Şular ýaly tutaryksyz psihologiki ýagdaý gün geçdigiçe jemgyýetçilik durmuşynda uly problema öwrülip barýar... * * * Atributiw teoriýasyna laýyklykda adam üstünligiñ jogapkärçiligini üstüne alma, şowsuzlygyñ jogapkärçiligini ret etme meýlinde bolýar... Adamlaryñ öz bolşuny we başgalaryñ bolşuny nähili kabul edýändiklerini soñky ýer yranmasynda gördük: ýekesiniñ jogapkärçiligi boýnuna alýany ýok, ýekesiniñ öz islegi bilen işden gidýäni ýok... Aperin, häkimiýet günäkär däl. Aperin, ýerli dolandyryş edaralary günäkär däl. Aperin, oppozisiýa günäkär däl. Ýeke döwlet edarasy günäkärem däl, jogapkärem... Birmeñzeş başga akyl ýöretme ýalanyna ýapyşýarlar, emelsizlik edýän diñe "otüki"! Günäkär bolsa özünden başga hemmesi! Şonuñ üçin käbirleri özünden başgasyny diñläsem gelenok. Ýalan hakykatyny bilesi gelenok. Tama edýän zadyna gabat gelmeýän hakykaty gözlänogam, islänogam. Ol hemişe özünkiñ dogry bolmagyny isleýär... Çünki ol ýalanyñ syýasy peýdasynyñ ugrunda gezýär! Şu sebäpli aýyplanýana, tankyt edilýäne söz sözleme hukugyny bermäge-de takat edemzok. Haýp. Ýalan-ýaşryklar arkaly uly jemgyýetçilik çagşamasyny başdan geçirýäris. AKP hemmeleri özüne meñzetdi. Dezinformasiýa ýörgünli boldy... Gynansak-da... Ýurdumyzda ýalanyñ dosty, hakykatyñ duşmany köp... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |