08:54 Ýalana garşy azatlyk gözlegi | |
ÝALANA GARŞY AZATLYK GÖZLEGI
Publisistika
Sizi aldamaklaryna idin bermäñ: Döwrümiz ylmyñ döwri däl, döwrümiz sanly ulgam döwri däl, döwrümiz aragatnaşyk döwri däl... Renessans döwründen ýa-da Akyl-paýhas döwründen biziñ günlerimizde Ýalan-ýaşryklar döwrüne geldik! Ýagny: Döwrümiz akmaklaryñ, ýalançylaryñ, aldawçylaryñ, ikiýüzlilerim döwri! Başly-barat samahyllylaryñ, çişirilen owadan ýalanlaryñ gürrüñini edemok. Güýjüni berkitmek üçin zerurlyk duýýan alternatiw realizmi döretmek maksady bilen hasaplanan oýlanyşykly meýilnamalaýyn-maksatnamalaýyn döredilen aldawlaryñ gürrüñini edýärin... Aýratynam döwlet howpsuzlyk edaralarynyñ gorky döredip amala aşyrýan san-sajaksyz syýasy ýalanlar howply problema öwrüldi. Ýeke subutnama gözlemezden gös-göni günäkär hasaplanyp, dünýäde millionlarça adam öldürildi... Megerem bu gorkunç döwrüñ "Saddam Hüseýin bakteriologiki ýarag öndürýär" diýen gara propoganda bilen başlandygyny aýdyp bileris. Yzy-da hiç üzülmedi: adalatsyzlyk dünýäni ýesir aldy, alybam dur... Häzir ýalan-ýaşryklar has añsat, ynanylmaga has ýakyn ýagdaýa geldi we döwlet ruhuna has köp ýerleşdi. Şeýdibem: Dawa-jenjellerden, üznüksiz uruşlardan, bikanun sanly ulgam gözegçiliginden-yzarlamalardan, telefon diñlemelerden ýaña jübiñi dörme-öý dökme ýaly ýygy-ýygydan bolup duran oñlanmasyz ýagdaýlary bolaýmaly adaty zatlar ýaly görýäris! Aslynda muña mejbur edildik. Ýalançy sistema garşy gidip, hasam garawsyz ýagdaýa düşdük! Ine: * * * Çetin Dogan paşanyñ başyna gelenler şularyñ netijesidir. "Balýoz" pyrryldagy, 28-nji fewral pyrryldagy... Ýedi ýyl bärem türmede. Ölüm jezasy ýatyrylmadyk dagy bolanlygynda, dar agajyndan sallaýmaklaram daşda däldi, "28-nji fewral" boýunça derñew işinden ömürlik tussag edildi! Çetin Dogan hakykat gözlenip tussag edilendir öýdýärsiñizmi? Müñ gezek ýok. Şu gazetde telim gezek "28-nji fewral" ýazgylaryny ýazdym. Her gezeginde "28-nji fewraly" ideologik taýdan analiz etmek bilen derñew işi seljermesiniñ aýry tutulmalydygyny nygtadym. Syýasatyñ gan dawasyna öwrülip, sudlaryñ muña bulaşdyrylyşy birinji gezek däl. Düýnem güýçli, artykmaç ýeñillikli we özlerini hemme zadyñ eýesi hasaplaýanlaryñ ezýet berme oýunlary, ölüm jezasyny berme tomaşalary, üsti kimiñ edendigi belli däl jenaýatlar ýaly ne wagşyýalyklary edendigini başdan geçirdik. Emma şuny-da gördük: uzak wagtyñ dowamynda güýçlilerem güýçsizler ýaly garawsyz hala gelýän eken. Heýhat! AKP öz tankyt eden zadyna meñzedi duruberdi. "Duşman jeza hukugy" AKP-niñ eline "ýaraga" öwrüldi. 85 ýaşly otstawkadaky ofiser syrkawdygyna, agyr operasiýany başdan geçirendigine garamazdan hötjetlik bilen nämüçin türmede saklanýar? Munuñ öç almakdan başga hiç hili düşündirişi ýok. AKP-niñ bu ýowuz çemeleşmesine geñ galmaýaryn. Meni asyl geñ galdyran zat başga: * * * Geñ galan zadym - jemgyýetiñ gorkynyñ döreden ýalanyna şolar ýaly ynanmagy. Ýa-da "ynanmak" diýmäýin, ynanan ýaly edip, sessizligini, garşylyksyzlygyny dowam etdirmegi... Hawa, hiç kim ussatlyk bilen örülen ýalana garşy front açaýyn diýenok. Şonuñ üçinem: Ýurdumyzda şindizem "her goýun öz aýagyndan asylýar"... Ýurdumyzda häzirem "maña degmedik ýylan müñ ýaşasyn" garaýşy höküm sürýär... Ýalan-ýaşryklar döwri Türkiýede diýseñ çalt öñe gitdi, gidibem barýar. Jemgyýetçilik trawmasy gün geçdigisaýy ulalýar. Hakykatyñ ýitgisi azatlygyñ ýitgisi bilen netijelenmegi dowam etdirýär. Döwlet howpsuzlygy gorky serişdesine - "kriminal" ýagdaýa öwrülen awtoritar häkimiýetler gatlaklary toparlanşyksyz ýeke özüni goýma strategiýasyny üstünlik bilen amala aşyrýar. Agressiýasyz protest tradisiýasy-da ýok edilmäge synanyşylýar... Ýagny: Mesele diñe 85 ýaşly serkerdäni türmede kösemegiñ has añyrsynda: Çetin Dogan türmede däl, biz dört diwaryñ arasynda galdyk! Azatlygymyzy goramak isleýän bolsak, onda hakykatyñ yzyndan gitmäge borçludyrys. Iñ esasysy-da, biziñ ýalan germawlaryny böwüsmegimizdir.... Çünki azatlyga çykmagyñ ýoly adamkärçiligi elden gidermezlikden geçýär... Şuña hiç şübhäñiz bolmasyn: Elbetde, tümlük döwürler geçer gider. Ýagşylyk ýamanlykdan, hakykat ýalandan hökman üstün çykar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.03.2024. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |