09:17 Ýalançylyk eýýamy | |
ÝALANÇYLYK EÝÝAMY
Publisistika
Iñlis satira ussady Jonatan Swift şeýle diýipdir: "Ýalan uçar, hakykatam onuñ yzyndan agsaklap geler". Öñler teleýaýlymlarda berilýän syýasy gepleşiklere tomaşa edenimde onça çykyş edýänler "hakykaty bilenok" diýip pikir ederdim. Soñra bir zada düşündim, bular ýaly derejede ýalan sözleme ukyby diñe hakykaty bilip ulanylyp bilner! Şonuñ üçine sözleriniñ arasyna emeli hakykat owuntyklaryny sepeleýärler. Tomaşaçy bolsa bu sözleri kimiñ aýdýandygyna seredýär, öz "mähellesinden" bolsa analize däl-de, olara ynanma meýlinde bolýar. Hawa, ýalan habar biziñ günlerimizde indi tradision ulanylyşyñ daşynda kesgitlenýär, arasynda az-owlak "hakykat ýokundysy" bolýar... Heýhat. Bu diñe mahsus ýagdaý däl, "ýalançylyk eýýamynda" ýaşaýarys: Post-truhh - hakykatyñ ters ýüz döwri... Bu ýokanç wirus "Saddam Hüseýiniñ biologiki ýaragy bar" ýalany bilen globallaşdy. Mediýa läheñleriniñ arada durmagy bilen ýadro ýarag fantaziýasy eýran ýalany bilen dowam etdi durdy... Häzirem Ysraýylyñ ýa-da ABŞ bilen Angliýanyñ soñky döwür bombalamalaryna tutaryklar hemişeki ýalanlaryñ üsti bilen toslanýar. Bombalamalar artdygysaýy ýalanyñ dozasy-da ussatlyk bilen artýar... Adamlar samahyllamalara ynanmaga mejbur edilýär. Meselem: Ýewropa Komissiýasy Ýewrosoýuz bilen baglanyşykly ýalan habarlara garşy durmak üçin “Euromyths” atly saýt açdy. Iñlisleriñ "Daily Mail" gazetiniñ web saýtyna günde millionlar girse-de, "Euromyths"-e girýänleriñ sany hiç müñden geçibermedi... Çünki hakykat ajy bolýar... * * * Ýalan bilen hakykatyñ arasyndaky çekişme (Sokratyñ dawasy ýaly) Gadymy Gresiýadan bäri dowam edip gidip dur. Aslynda bir ýere sygyşdyrmaly däl syýasat bilen ýalan dowamly bile bolup geldi. Emma: Biziñ döwrümizde köpçülikleýin aragatnaşygyñ (we sosial medýanyñ) çaltlyk bilen ýaýramagy, globallaşmagy ýalançylyk eýýamynyñ başyny başlatdy. "Post truth" adalgasy 2016-njy ýylda "ýylyñ adalgasy" saýlandy. Munuñ iki sebäbi boldy: Angliýada geçirilen ÝB-den çykmak üçin geçirilen "Breksit" ses berişligi we ABŞ-daky prezident saýlawlary... Mysal üçin: ABŞ-nyñ prezidentligine kandidat Tramp garşysyna jenaýat edilende akýagyzlaryñ 81%-niñ garaýagyzlaryñ elinden ölýändigini aýdan wagty, hakyky görkezijiler garşysyna jenaýat edilende õlen akýagyzlaryñ 84%-niñ akýagyzlaryñ elinden ölýändigini subut edýärdi! Trampyñ özem ýalan habar bir gezek ýaýrandan soñ onuñ esassyzdygyny görkezmegiñ köp wagt alýandygyny we saýlaw sandyklarynyñ açylyp dynjagyny gowy bilýär! Gürrüñsiz, aldamak saýlaw döwürlerinde iki esse artýar! Elementar faktlary gözden salyp, ýalana "hakykat rolunyñ" berilmeginiñ sebäbi - syýasy üstünlik gazanmak. Çünki jemgyýetçilige täsir etmekde hakykatlaryñ duýgulara we şahsy ynanja ýüzlenmekden täsiri has az bolýar... * * * Ine... Ýene bir saýlaw ýakynlap gelýär. Partiýalar, kandidatlar kampaniýa geçirýär. Ýurdumyzda ýene hakykatyñ ters ýüzi bolan ýalan-ýaşryklar syýasy, ykdysady, medeni ugurlara agram salýandygyny bildirýär. Adamlar sagatlap, günläp ýalanyñ üstünden çekişme guraýar. Hem garşysyndakyny "ýalançylykda" aýyplaýar! Galyberse-de: faktlaýyn hakykat haýsydyr bir toparyñ bähbidine ters düşen badyna hüjüme uçraýar. Hiç kimiñ fakta, maglumata mätäçligi ýok. Diñe öñe sürýän pikirleri, boýna dakjak bolýan garaýyşlary bar! Hakykatyñ arkasynda durmak kynlaşýar... Diñe gorky däl, adamlar bähbidine, keýpine, tamasyna gabat gelýän bolsa, ýalan-ýaşryga öz meýline ynanýar! Barha adatylaşýan toparlaýyn ýalanlar ilki hakykaty, yzyndan adalaty ýok edýär. Eýse näme edip bileris? Hakykaty nähili gözlemeli, nädip arkasynda durmaly? Jorj Oruelliñ "1984" romanynda aýdylýan "Hakykat ministrligini" açmalymy? - "sen näme diýseñ, hakykat şodur!" "Post truth" düzgünini, ritorikasyny ýeñmegiñ ýeke-täk ýoly bar - boýnumyza dakylýanlara şübhelenmek. Her saýlaw ýalan bilen hakykatyñ arasynda geçýär. Göreliñ bakaly, bu gezek kim üstün çykýar? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |