15:04 Ýalkymly ýazyjy | |
ÝALKYMLY ÝAZYJY
Publisistika
Soñky döwür bir temanyñ üstünde işleýärin: Ýakyn syýasy taryhy türk edebiýatyndan okamak. Meniñ bu sözüm köplere geñ eşidilip hem biler: heý-de, taryhy romanlardan öwrenip bolarmy? Tomas Piketti "Kapital we idelogiýa" kitabynyñ sözbaşysysynda çeper edebiýatdan nähili peýdalanyşyny aýdypdy. Diñe Piketti-de däl, Angliýanyñ we Fransiýanyñ syýasy-ykdysady taryhyna Dikkensiñ ýa-da Balzagyñ romanlaryny okamazdan düşünip bolarmy? Dünýäniñ saýlama okuw jaýlaryndan Dýuk uniwersitetinde "Şekspir we maliýe bazarlary" sapagy bar! Romanlarymyzyñ ýakyn taryhymyzyñ ykdysady-syýasy durmuşy barada näme ýazandyklary bilen gyzyklandym. Meselem: "- Atatürk döwri tankyt edilmezdi" aýyplamasynyñ ýalñyşdygyny romanlar arkaly görkezmek mümkin: - Reşat Nury Güntekiniñ 1924-nji ýylda çap edilen "Gizlin el" (“Gizli El”) romanynda urdumşalygy we tanyşparazlygy batyrgaýlyk bilen ýazdy. 30-njy ýyllary gürrüñ berýän "Anadoly bellikleri" (“Anadolu Notları”) eserinde we "Iñ soñky gaçybatalga" (“Son Sığınak”) romanynda respublikan režimiñ şowsuzlyklarynyñ üstünde durup geçdi... - Ýakup Kadri Karaosmanogly 1932-nji ýylda ýazan "Keseki" ("Yaban") romanynda diñe intelligensiýa gönükdiren tankydy belliklerini däl, türk daýhanynyñ ýeñişden binesip galyşyny beýan etdi. "Ankara" eserinde diýdimzor polis režimini gazaply ýazgardy... - Memduh Şewket Esendalyñ 1934-nji ýylda ýazan "Aýaşly we kärendeçileri" (“Ayaşlı ve Kiracıları”) romanynda paýtagtdan epizodlar berip, býurokratiýa garşy agyr tankydy bellikleri etdi... Hawa, bu temanyñ üstünde entek işlemekçi. Belki, bu barada bir gün ýazarynam. Ýene bir mysala degip geçeýin: * * * Başymyza inen ykdysady krizisiñ halka ýetiren täsiri beýleki çöküşliklere garanda bu gezek diýseñ agyr boldy. Munuñ bir sebäbi, zähmetkeşleriñ saçagyna we gaýrylara kömekçi güýç bolup duran oba bilen aragatnaşygynyñ doly kesmegi bolup bilermi? Ýerliler bilen baglanyşygyny düýbünden üzen "işçi-daýhan" indi doly proletariat synpyna öwrüldimi? Bu öwrülişigiñ romanyny haçan okap bileriskä? Taryhymyzda işçileriñ ilkinji staçkasyny (iş taşlaýyşyny) 1872-nji ýylda Kasympaşa gämi ussahanasynyñ işçileri geçirdi. Ilkinji staçkadan 55 ýyl soñ Mahmut Ýesari "Çulluk" romanynda temmäki önümçiliginde işleýän işçileriñ agyr zähmet şertlerini, ýetde-gütdeliklerini ýazdy. (Özem bu romany ýazmak üçin bir hepde temmäki kärhanasynda işledi!) Reşat Enis 1938-nji ýylda çap etdiren "Afrodita kadilosyndaky aýal" (“Afrodit Buhurdanında Bir Kadın”) romanynda magdan işçileriniñ eksplutatirlenişini suratlandyrdy. Dokument ýaly şeýle taryhy maglumatlary Kemal Tahyryñ ýa-da Attila Ilhanyñ romanlaryndanam tapyp bilersiñiz... Daýhanlaryñ iş şertleri hakda ("Bereketli ýerler hakda" / “Bereketli Topraklar Üzerinde” we beýlekiler) iñ gowy eserleri ýazan Orhan Kemal bolsa gerek... Uzatmaýyn, näme diýjek bolýanymy ýazyjy Stefan Sweýg gowy aýdyp geçipdir: "Bir maglumatyñ orginal elýazmaly, köne arhiwler tarapyndan tassyklanan bolmagy şol maglumatyñ ynamlydygyny we hakykata laýykdygyny añlatmaýar. Şol bir wagtyñ özünde bir we birmeñzeş wakanyñ döwrüñ synçylary tarapyndan nähili geñ galdyryjy tapawutlylykda Mariýa Stýuart wakasyndan başga ýerde anyklanyp bilinmez..." Romanlaryñ deñsiz-taýsyz gollanmadygyny gözden salmañ. * * * Käbir romanlaryñ durmuşymda aýratyn orny bar: Sahabynda harby ýagdaýdaky hökümet tarapyndan gözlenen "68-nji ýyl neslinden" rewolýusioner portretleriñ bolan Füruzanyñ "Kyrk ýediler" romany ýaly! 1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabryndaky harby döwlet agdarlyşygynyñ bolup geçen döwründe ýere gömlen sahaby ýyrtyk kitapdy... Füruzanyñ 1971-nji ýylyñ 12-nji martynda bolup geçen harby döwlet agdarlyşygyny suratlandyrýan bu romanyny "howply" hasaplap başga bir agdarlyşygyñ bolan günlerinde howla gömüp goýupdyk. Birnäçe ýyl geçenden soñ howlymdaky kitaplary "mazarlaryndan" çykardym. Şindizem şahsy kitaphanamyñ tekjesini bezäp dur... Geçen ýekşenbe güni Füruzanyñ aradan çykandygyny eşitdim. Ýadygärlik üçin gol çekip beren kitaplary elýeterimden uzakdaky şahsy kitaphanamda bar. Bu ýazyjy hakda ýazylan "Füruzan hakda bir kyssa" (“Füruzan diye bir öykü”) kitaby bolsa ýanymdady, gaýtadan okamaga başladym... Hernäçe "12-nji mart romançylarynyñ" arasynda görkezilýänem bolsa, meniñ pikirimçe Füruzan eneli-gyz gatnaşyklarynyñ psihologiki çuñlugyny iñ gowy suratlandyrýan özboluşly edebiýatçylaryñ biri. Ýazyjynyñ parlak at-owazasy hemişe añymyzda ýalkym saçar durar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |