09:03 Ýalñyş düşünme | |
ÝALÑYŞ DÜŞÜNME
Medisina
Fridrih Engels Karl Marks bilen bilelikde marksizmiñ düýbüni tutujy, "ilkinji marksistler" hökmünde tanalýar... Frans Mering - Germaniýanyñ görnükli marksist syýasatçysy, taryhçysy we edebi tankytçysydy... Engels 1893-nji ýylyñ 14-nji iýulynda Londondan Berlindäki Meringe hat ýollady. Bu hat marksist adalganyñ döremegine sebäp boldy: “Ýalñyş düşünme" (ложное сознание, yanlış bilinç)... Bu nämäni añladýar? Kapitalist jemgyýetde bolan gurluş we materiallar zähmetkeşleri aldap, ony hakykatda bolýan zada düşünmez ýaly edýär we bu ýagdaý dünýäni agalyk ediji synplaryñ gözi bilen görmegine sebäp bolýar! Işçiler synpynyñ mugallymy, filosof Jorj Politser muny gysgaça şeýle düşündirdi: -“Korola ýapjalyk edýän işçiniñ bir wagtyñ özünde hem dogry, hem ýalñyş düşünmesi bar. Dogrusy - görýän, gözi eglenýän ýoksullygyny ýok edip aýyrmak isleýär. Ýalñyşy - ol bu işi korolyñ oñarjagyna ynanýar. Gepiñ keltesi, bu işçi ýalñyş düşünýändigi üçin, ideologiýasyny ýalñyş saýlandygy üçin, bütin bulara garamazdan ýene-de biziñ synpymyzdan bolsa-da, synpy garşydaşymyza öwrülip biler. Ýalñyş düşünme - öz real şertleriñ babatda ýalñyşmak ýa-da ýalñyşdyrylmakdyr…” Geleliñ düýp meselämize: • DÜÝP MESELE Birinji anyklama: Lukmanlaram iller ýaly agzyndan çörek iýýär. Olaryñ alýan aýlyklaryna täsir edip biljek personal hukuklaryna ýeñillik girizýän üýtgeşmeler mejlisiñ nobatdaky býužet toplanşygyndan soña goýuldy. Şonuñ üçinem Lukmanlar we beýleki saglygy goraýyş işgärleriniñ jemgyýetçilik saglygy we sosial hyzmatlar sindikaty hem-de Türk tebipleri bileleşigi iş taşlaýyşa çagyrdy. Şu gün lukmanlar tutuş günlügine iş taşlaýyş yglan edýärler… Ikinji anyklama: Saglygy goraýyş ministrliginiñ medisina enjamlaryny öndürijilere we üpjün edijilere eýýäm 18 aý bäri bökdençsiz hak tölemeýändigi üçin pudagyna haos bolup geçýär. Berýän zatlaryna döwletden pul alyp bilmeýän medikal⁰ firmalar 6-njy dekabrdan başlap 450 sany döwlet hassahanasyna medisina enjamlaryny bermegi kesdi. Şol sanda ortopediýa, newrologiýa, neýrohirurgiýa operasiýalarynda bökdençlikler çykýar, kemçilikleriñ yzyndan ýeter ýaly däl. Krizisiñ uniwersitet hassahanalarynda, yzysüre hususy hassahanalarda hem ýüze çykjakdygy aýdylýar... Üçünji anyklama: Türk Dermanhanaçylar bileleşigi Türkiýede 645 derman serişdesiniñ üpjün edilişinde düýpli kemçilikleriniñ bardygyny mälim etdi. JHP-niñ käri boýunça dermanhanaçy bolan topar başlygynyñ wekili Özgür Özel tapylmaýan gerdek (tabletka) dermanlwryñ sanynyñ 735-e ýetendigini aýtdy. Netije: Lukmanlar birahat… Medisina enjamlaryny öndürijilerdir üpjün edijiler birahat... Dermanhanaçylar birahat... Şol sanda, gürrüñsiz, ildeşlerimizem birahat... Eýse: saglygy goraýyş pudagyndaky krizisiñ bar sebäbi walýuta kursunyñ ýokarlanmagy - liranyñ hümmetsizleşmegimi? Gürrüñsiz täsiri bar. Emma düýp sebäp nämüçin ýalñyş düşünme sebäpli gözden sypdyrylýar! • DOWAM EDIP BOLMAJAK SISTEMA Ýalñyş düşünme ideologik gözegçilik arkaly emele gelýär. Lukman meseläni aýlygynyñ azlygynda görýär. Dermanhanaçy meseläni satmaga derman tapyp bilmeýänliginde görýär. Raýatlar meseläni dermana zerurlygynyñ ýokdugynda ýa-da bahasynyñ gymmatlygynda görýär. Aglabasynyñ düýp sebäbi neoliberal medisina garaýşynda görmeýändigi täsin gerek? Käbirleri kapitalist (Rokfeller) medisina boýna dakylmanyñ iki asyrlyk prosesini açyp görkezýän "Gara guty" (“Kara Kutu”) kitabymy garalajak bolup ellerinden geleni aýamady. Olañkam düşnükli: Global şereketler we olaryñ ýerli hyzmatdaşlary saglygyñ-medisinanyñ eldegrilmesiz-dil ýetirmesiz bolmagyny isleýär. Sistemany-ideologiýany gözden sypdyrdýarlar. Şeýdibem, meseleler bölek-büçek bolup görünýär, bölek-büçek jedeli edilýär, bölek-büçek baş galdyrylýar! Saglygy goraýyş pudagynyñ işgärlerini "ýalñyş düşünme" arkaly neoliberal medisina-saglygy goraýyş ideologiýasynyñ nökerine öwürdiler. Olaryj kellesinde medisinanyñ ykdysady-syýasy tarapy ýok... Bu eksplutasiýanyñ iñ uly perdesi-nikaby, emma olar bü "bilim" patarrakysyna ynanyp, özleriniñ "korol ýapjasy" edilendiklerini bilenoklar heniz! Jahana “Rokfelleriñ äýnegi” bilen seredýärler… Ýogsam bolmanda: Her boýna dakylýanyñ jedelsiz kabul edilýän wagşy kapitalist saglygy goraýyş sistemasy garaýşyny seljermek gerek. Ýogsam bolmasa, näsag-lukman, sarp ediji-dermanhanaçy, üpjün ediji-döwlet dawasy dowam eder durar, eder durar... Serediñ: Ýurdumyzdaky daşara-importa esaslanýan kapitalist saglygy goraýyş sistemasyny mundan beýläk dowam etdirmek mümkin däl! Häzir bolup geçýän saglygy goraýyş krizisi bolmanda-da bir gün partlaýmalydy. Uzaldyp oturmaýyn, iki fakty agzap geçeýin: – Türkiýäniñ derman importy 5 miliard 64 million dollar… 2015-2020-nji ýyllarda derman important ösüşi 14,3%-e deñ boldy. – Türkiýede 2,6 milliard dollarlyk medisina enjamlary söwdasynyñ 85%-i import… Ýeri, hemmesi import bolan waksinalara döwletiñ gaznasyndan näçe töledik, töleýäris we ýene-de näçe tölemeli bolarys Bü neoliberal kapitalist sistemada lukman, näsag we başgalar eksplutatirlemegiñ guraly bolup hyzmat edýär. Ýalñyş düşünme meseläniniñ çözgüdiniñ öñünde duran iñ uly päsgelçilikdir. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |