14:51 Ýañramasana! / satiriki hekaýa | |
ÝAÑRAMASANA!
Satiriki hekaýalar
Ol 1915-nji ýylda dünýä indi. Ony öýde aglatmadylar. Çaga aglaberjek boldugy ejesi barmagyny çommaldyp: - Häýt bedasyl, gap sesiñi! - diýip haýbat atýardy. Gülmek hem gadagandy, aglamagam gadagandy, kakasy: - Ýuwaş boluñ! - diýip buýurýardy. Öýlerine myhman gelende-de: - Ýuwaşja otur, galmagal etme - diýip, ony geplemez ýaly edýärdiler. Ejesi öýde ýeke galanda oña: - Wah, geplemesene, ýüregime-bagryma düşdüñ. Bir salym bir ynjalykly oturaýyn-la - diýýärdi. Tä ýedi ýaşaýança şu hili gürrüñ dowam etdi. Mekdebe gitdi. Sapak wagty bir söz aýtdygy: - Gepleme diýilýär saña! - diýip, mugallym gygyrýardy. Klas tagtasyna çagyryp: - Soralýan zada jogap ber. Kän ýañrama - diýip, öñünden duýdurýardylar. Şeýdip on iki ýaşady. Orta mekdebe gitdi. Çala agzyny açdygy: - O senden soralanok - diýdiler. Direktor oña: "Söz kümüş, dymmagam - altyn" nakylyny ýatlatdy. Türk dili mugallymy: - Iki sapar diñläp, bir gezegem jogap ber. Adamyñ iki gulagy, birem agzy bardyr - diýdi. - Ýuwaş! - Gap sesiñi! - Ýañrap oturmasana? Tä on bäş ýaşaýança şu hili dowm etdi. ◆ ◆ ◆ Liseýe gatnap başlady. Bu ýerde-de onuñ ilki eşiden gürrüñi: - Ýañrandan dyman gowy! - diýen gürrüñ boldy. - Kän gepleme? - Dymyp otur! - Bes ediñ gürrüñiñizi! On dokuz ýaşaýança şeýle boldy. ◆ ◆ ◆ Uniwersitete girdi. Öýde oña: - Uly adamlar gepleýärkä, kiçiler diñlemelidir - diýip, pent berdiler. Ejesi: - Söz ~ ulyñky, suw ~ kiçiñki! - diýip öwretdi. Professor bir sapar: - Diliñi dişläp gezgin! - diýdi. Şeýdip ýigrimi üç ýaşady. Goşun gullugyna gitdi. Bölümiñ komandiri: - Gepleme, eşşek ogly! - diýip buýruk berdi. Seržant: - Bes et samahyllyñy! - diýdi. Kapitan: - Tükediñ gürrüñiñizi - diýdi. ◆ ◆ ◆ Polisiýa çagyrdylar. Polisiýa gullukçysy gahar bilen: - Kim senden zat soraýar! - diýdi. Komissar bolsa: - Diliñi damagyña goýbererin - diýdi. ◆ ◆ ◆ Işe girdi. Ýanyndaky ýoldaşlary barmaklaryny dodaklaryna ýetirip: - Ýuwaş-ş! - diýdiler. - Jan dogan, diliñi saklaweri! Bir belañ üstünden barýañ. Sem bol! Başlyklar hem: - Gören ýere burnuñy sokup ýörme! - diýdiler. - O seniñ işiñ däl! - Seniñ ne işiñ? - Ugruñajyk gez, bolmasa-da... ◆ ◆ ◆ Öýlendi. Aýaly: - Başyña döneýin, sen gatyşma - diýdi. Çagalary dünýä indi, ulaldylar. - Kaka, bu zatlara seniñ akylyñ çatmaz. Goşulma-da, arkaýyn oturyber! - diýdiler. ◆ ◆ ◆ Bi adam ~ belli bir derejede men, belli bir derejede ~ siz, belli bir derejede-de biziñ hemmämiz. Öñ zamanlarda aýallar ärleriniñ dilini lal açdyrmak üçin nahara garamandalak atar ekenler. Bize-de, görýän welin, şony beren bolmalylar, hany, serediñ, diliñiz ýerindemi? Dilimizi ýuwdan bolmaly biz. Agzymyz bar-da, dilimiz ýok. ◆ ◆ ◆ Indi şol ~ hem maña meñzeş, hem size meñzeş adam söz azatlygynyñ berilmegini talap edýär. Onuñ gepläsi, aýdasy gelýär. Emma oña: - Gepleme! - diýýärler. Meniñ bolsa oña: - Aýt! Içiñi dök! Bol, aýdyber! - diýesim gelýär. - Ýöne näme aýtjak? Nädip aýtjak? Hany, seniñ diliñ hany ahyryn?.. Terjime eden: Kemal YKLYMOW. Eziz NESIN, türk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |