12:57 Ýarym asyr bäri zäher ýuwdup gelýäris!.. | |
ÝARYM ASYR BÄRI ZÄHER ÝUWDUP GELÝÄRIS!..
Publisistika
1970-nji ýyl... TRT döwlet teleýaýlymynyñ ilkinji işgärleriniñ biri bolanymda, halkyñ saglygyna howp salýan meseläniñ gyssagly çözülmegine garaşylýan meseleleriñ başynda gelýändigini gördüm. Hakykaty öwrenen badyma muny habarlarda bermäge başladym. Aradan on ýyl geçip 1980-nji ýyla gelenimizde, mesele henizem çözülmän eken, hatda has wehim derejelere gelipdi! Emma men muny habarlarda bermekden el çekmedim. Çünki jemgyýetçiligiñ aýaga galyp, degişli ýolbaşçylaryñ herekere geçer diýip umyt edýärdim!.. Ýene on ýyl geçdi we 1990-njy ýyla gelenimizde, garşymyza geñsi, emma hakykat diýip biljegimiz bir epizod çykdy. Ynanar ýaly däl, ýigrimi ýyl owalky wehim ýagdaý birjigem üýtgemändi!.. Ýyllar ýyllar kowalady, 2000-nji ýyla, ýagny milleniuma gadam basypdyk. Şunça wagtyñ içinde näçe hökümet agdarlyşygy bolup geçdi, häkimiýetler çalyşdy, emma jemgyýetiñ saglygyna howp salýan mesele barha artyp, dowam edýärdi!.. Hernäçe gynansak-da, garaşylan netije amala aşypdy, ýurtda düwnük (rak) örç alyp ýaýrapdy!.. Ýene bir on ýyly geçirip, 2010-njy ýyla gelenimizde, garaşsyz hünärmenleriñ geçiren barlaglary bu ugurda hiç zadyñ üýtgemändigini görkezdi. Düwnük wakalaryndaky howsala düşüriji artyşlardyr kejeñeklik bilen bu barada berýän habarlarymam dowam edýärdi!.. Ahyrsoñy 2020-nji ýyla-da gadam basdyk. Geçen gün "Ýaşyl parahatçylyk" (Greenpeace) tebigaty goraýyş guramasynyñ azyk boýunça hünärmen Bülent Şyka taýýarladan "Supramyzdaky howp: Pestisit" maglumatnamasy mälim edildi. Muña görä bäş uly marketden we bir bazardan satyn alynan otuz sany pomidor, gök bolgar we hyýar seljerildi. Togsan mysalda 620 sany dürli-dürli pestisit galyndysy öwrenildi. Analizler halkara sertifikatly laboratoriýada geçirildi. Mysallaryñ 15,6%-inde ulanmak gadagan pestisit galyndysynyñ bardygy anyklandy. Awgust aýynda seljerilen mysallaryñ altysynda pestisit bardygy anyklansa, gök önümleriñ ýetişýän möwsüminden soñky (oktýabr-noýabr) aýlarda bu görkeziji 2-3 esse ýokarlanýandygy belli boldy. Togsan önümiñ ýarsyndan gowragynda (52%) gormonal sistemada täsir edýän bir ýa-da birden köp sanly pestisit galyndysynyñ bardygy ýüze çykdy. Şeýle-de togsan sany gök önümiñ ýarsyna golaýynda (42%) tebigatda biologiki utgaşma sebäp bolýan, toksiki täsiri uzak wagtlap dowam edýän pestisit galyndysynyñ bolýandygy belli boldy. Noýabr aýynda diñe bir gök bolgarda tegelek on dört sany dürli-dürli pestisit galyndysynyñ bardygy ýüze çykdy. (Bir pestisidiñ ýeke özüniñ saklaýan toksiki täsiri beýlekileri bilen bir ýere üýşende “kokteýl” diýilýän has ýaramaz täsiri döredip bilýär.) Elli ýyl owalyna we elli ýyl soñrasyna ser salar bolsak: şol wagtam saçagymyzda zäher bardy, şindem bar! Şol ýyllarda-da gadagan edilen, bazarlardan, söwda nokatlaryndan toplanmaly we ulanmaly däl himiki maddalary çagalarymyza iýdirýärdik we häzirem iýdirýäris! Şol ýyllarda-sa degişli ýolbaşçylaryñ gyssagly herekete geçmeleri, gözegçiligi we temmi çärelerini artdyryp, önüm öndürijileriñ gulagyndan çekip durmalarynyñ gerekdigini aýdýardyk, häzirem aýdýarys! Şol ýyllarda-da "Zäherli himiki maddalary ulanman, ýyladyşhanalarda (parnikler, teplisalar) ýetişdirilýän emeli gök önümlere garaşly bolman, saçaklarymyzda arassa we saglyga ýaramly azyk önümleri bolar ýaly etmeli" diýýärdik, häzirem diýýäris!.. Hemişe aýdyp geldik, emma, şol ýyllardan şugünki güne çenli ýeke garyşlyk ýol geçmändigimizi görýäris!.. Geplände adama gep ýetirmeýän we halkymyzy suprasynda zäher ýuwutmakdan jogapkär kişilere seslenýäris: Gaýrat ediñ, azajyk galdy, ýakynda hemmeleri uçdantutma düwnük keseline ýolukdyrýañyz!.. Ugur DÜNDAR. 22.01.2020 ý, "SÖZCÜ" gazeti. Terjime eden: GUWANÇ MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |