11:14 Ýaşaýardym | |
ÝAŞAÝARDYM
Goşgular
Ýaşaýardym söýýänligňe buýsanyp, Bagtlydygmy duýýardym her pursatda, Söýgi sözlerini bilýärdim aýdyp, Gat-gat bolup ýatmaýardy gursakda. Duýmaýardym ýyllaň geçip durşuny, Gussa baryn bilmeýärdim durmuşda, "Ýüregim özgede" diýeniň bäri, Gelýän günler gaýgy-gamly görnüşde. Gelenok sütemli aýlaň ahyry, Mendäki ýürek-de daş dan däl etden, Çekip-çydap bilermikän ýarylman, Bir hemaýat bolmasa bir gudratdan. Öz zadymdyň-durşuň bilen meňkidiň, Örmesek-de bir düşekden her günde, Tirkeşmäge çekinmezdiň hiç kimden, Ýalňyz goýduň gitdiň ýekeje demde. Dünýäni dolduryp duran ýalydyň, Dokuzym-da dokuz gezek düzüwdi, Rysgym giden ýaly boldy elimden, Ýüregimem ýaşaýyşdan bezigdi. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||
| |||