22:33 "Ýaşyl çep" adynyñ gelip çykyşy | |
"ÝAŞYL ÇEP" ADYNYÑ GELIP ÇYKYŞY
Publisistika
Ýatyrylma howpy bolan Halklaryñ demokratiýasy partiýasy (HDP) "ätiýaçda saklaýan "Ýaşyl Çep" (Yeşil Sol Parti) partiýasynyñ düzümine saýlawlara girmäge taýýarlanýar. Nämüçin "Ýaşyl"? Nämüçin "Çep"? HDP saýlawçylarynyñ aglabasynyñ bu iki syýasy düşünje bilen käbir gyzyklanmaýandygy mälim hakykat. Şoñ üçin "yz çalmaly" bolýarys. Biz bu seljermämiziñ dowamynda diñe legal däl, legal bolmadyk PKK-PYD toparlanşygy we ABŞ gatnaşyklary boýunça-da aýdyñlaşdyryp biljek käbir maglumatlara ünsüñizi çekeris. Ilki şu adamy tanamagymyz gerek: Mýurreý Bukçin (1921-2006)… Nýu-Ýorkuñ Bronks raýonynda Russiýadan göçüp gelen jöhit maşgalasynda doguldy. Enesi Zeitel çepçidi, ilkinji sosialistik düşünjeleri şondan aldy. Kommunistik ýaşlar guramasyna we Sosialistik Işçiler partiýasyna goşuldy. Profsoýuzlarda işledi. Stalinizmden daşlaşdy, troskiçi herekete goşuldy. Şu ýerde belläp geçmeli bir zat bar: Şol wagt ABŞ-da ýüze çykan troskiçi çepçilere "Nýu-Ýork progressiwleri" diýildi. Hemmesi-de jöhitdi. Hem Troskiniñ Ikinji jahan urşuna gatnaşmagy pikir edýän ABŞ-nyñ prezidenti Ruzwelti goldamakdan ýüz öwürmegi, hem uruşdan soñ Ysraýylyñ gurulmagy bu topary çykalganyñ sosializmde däl-de, Ysraýyly gorap biljek ýeke-täk güýjüñ amerikan liberallygydygy hakdaky pikire itekledi. MRU (CIA) tarapyndan maliýeleşdirilen "Congress for Cultural Freedom" bu topar bilen birlikde "Sowuk uruş" ýyllarynda "azatlykçy sosializm" gurmagy maksat edindi! Wagtyñ geçmegi bilen şeýle bir saga gyşardylar welin, neoliberalizmiñ öñbaşçysy prezident R.Reýgany-da goldap duran boldular. Özlerine-de täze at aldylar: “Neo-kon” / Täze konserwatiwler... Indi bolsa Mýurreý Bukçinli gürrüñe dolanyp geleliñ: * * * Býukçin Nýu-Ýorkda nemes migranty troskiçi Ýozef Weberiñ üsti bilen synpy göreş düşünjesine garşy çykýan "Demokratik hereket" toparyna goşuldy. Onuñ nyşanasynda SSSR bardy! Kommunistik manifesti tersine öwrüp, "Dünýä öli ruh gaýmalaýar" diýip, K.Marksdanam daşlaşdy. Gegele ýakynlaşdy... Býukçin hereketiñ metbugat organynda çykyş etmäge başlady. Ekologiýa temasyna kõp üns berdi. Ilkinji kitabyny çap etdirdi: “Sintetiki daşky gurşawymyz” ("Our Synthetic Environment"). Soñam anarhizme ýönelen Býukçin Nýu-Ýorkuñ Anarhistler federasiýasyny gurdy. Şol döwür... Şular ýaly zatlar bolup geçýärkä, ABŞ-da antikommunistik makkartiçilik “gyzyl howpa” garşy uruş yglan etdi. Emma Býukçin bilen bir hatarda "Nýu-Ýork progressiwlerine" barmagynam batyrmady! Tersine, Býukçiniñ mekdeplerde mugallymçylyk etmegine-de sesini çykarmady... Býukçin "Gytçylykdan soñky anarhizm" (1971), "Azatlygyñ ekologiýasy" (1982), "Şähersiz şäherleşme" (1987) ýaly kitaplary ýazmagyny dowam etdirdi... 1988-nji ýyl. Býukçin (ABŞ-nyñ Ýaşyllar partiýasynyñ düýbüni tutujy Howie Hawkins ýaly) sosial ekologiýa we azatlykçy munisipalitetçilik prinsiplerine goldanýan Çepçi Ýaşyl toruny gurdy... * * * Sowet Soýuzy dargandan soñ PKK adyny, baýdagyny, toparlanma gurluşyny, sosialistik ideologiýasyny düýpgöter üýtgetdi. Marksy, Lenini terk eden A.Öjalan Mýurreý Bukçiniñ kitaplarynyñ täsirine düşdi. PKK (we PYD) programmasyna "sosial ekologiýa", "azatlykçy munisipalitetçilik", "köp medeniýetlilik", "ekologik kommunalar", "kantonlar", "demokratik konfederalizm" düşünjeleri girdi... Öjalan Imraly türmesinden Bukçine hat ýazdy. Özüni onuñ "okuwçysy" hasaplady. Býukçin 2006-njy ýylda aradan çykanda PKK ony "XX asyryñ iñ beýik sosiology" hökmünde hormatlady, onuñ teoriýasyny durmuşa geçirmäge söz berdi! "Nýu-Ýork/Neo-kon progressiwlerinden" täsirlenen diñe Öjalan däldi! Soñky ýyllarda kim "ulus döwletiñ soñy geldi" diýýän bolsa, olam şol ýoluñ ýolagçysydyr! Özem bular agyp-dönüp duran çepçi liberallardyr... PKK/PYD ýaly çepçi liberallaryñ ABŞ-Ysraýyl bilen hyzmatdaşlygynyñ ideologik köküni şu ýerlerden gözleseñiz gowy bor... Indi düşündiñizmi "zapasdaky partiýanyñ" adynyñ nämüçin "Ýaşyl çep" partiýasydygyny? Nämüçin "Ýaşyl"? Nämüçin "Çep"? Bularyñ hemmesi maska. Olaryñ maskasyny sypyryp, hakykaty görkezmek anti-imperialistik azatlykçy çepçileriñ jana-jan borjudyr... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |