17:30 Ýatyrka agzyndan ýylan giren adamy emiriñ ýenjişi hakynda hekaýat | |
ÝATYRKA AGZYNDAN ÝYLAN GIREN ADAMY EMIRIÑ ÝENJIŞI HAKYNDA HEKAÝAT
Goşgular
Atly barýan emir günleñ birinde Seretse, bir kişi bagyñ düýbünde Hor çekip ýatyrmyş, agzam açykmyş, Bir ýylan o bendäñ kastyna çykmyş. Ol kiçiräk ýylan çalasyn sowlup, Gidipdir ýatanyñ agzyna girip. Ýetişmänsoñ ol ýylany tutmagy, Isläpdir ýylany halas etmegi. Baryp oñ ýanyna eli gamçyly, Kebzesine ykjam çawlapdyr weli, Ýatan kişi syçrap ýerinden turup, Üstüne abanan emiri görüp, Ýazzyny beripdir yzyn garaman, Emirem gaçanyñ yzyndan galman, Söbügni sydyrdyp, kowup barýarmyş, Ýençmegi ýüregne düwüp barýarmyş. Gaçýan bir baglyga özün atypdyr, Emirem yzyndan kowup ýetipdir. "Gutularyn öýdüp, hyýal etme-de, Çüýrük miweleri iý sen çöple-de!" Diýip, dazzarylypdyr gamçysyn bulap, Gaçan biçäre-de, sojap, hykylap. Çüýräp giden almalaryñ ençesin Zordan ýuwudypdyr çykarman sesin. Añyrsy almansoñ, çäre agtaran, Ögäp-ögäp, bar iýenni gaýtaran. Soñ çöküne düşüp atlyñ öñünde, Ýüzlenipdir: "Näme kastyñ bar mende? Maña munuñ ýaly ejir berenden, Öldür-de dyn, haýyş edýärin senden. Ýetime-de beýle sütem edýän ýok, Ýesire-de beýle sütem edýän ýok. Beýdilenok hatda dinden çykanam, Zulum-sütemiñi bes edäý senem!" Emir gulak asman onuñ zaryna, Başlandyr ýene-de sütem-zoruna. Çykan ýaly öldürmegiñ kastyna, Alypdyr bendäni gamçyñ astyna. Bende sypmañ çäresini agtaryp, Iýen zatlaryny tiz-tiz gaýtaryp, Käte ögäp, käte çygylyp, düwnüp Ýörşüne, ýylanam çykypdyr suwlup. Bu geñsi ýagdaýa gözi düşende, Bar ejirni unudypdyr o bende. Şatlygyndan ýaña ýaşlap gözlerin, Ýagdyryp başlapdyr alkyş sözlerin: "Dertden gutarmagyñ üýtgeşik tärin Tapdyñ sen. Kim borsuñ, eý, halasgärim? Meñ halymy gören gözüñe gurban, Nurana keşbiñe - ýüzüñe gurban. Ýamanlyk okunyp, gamçyñdan gaçdym, Näjaý sözlem üçin günämi geçgin. Eşek hötjetligni eder-de, gaçar, Hojaýynam onuñ yzyna düşer. Niýeti - ýagşylyk etmek bolsa-da, Bela sataşmanka tutmak bolsa-da, Eşek ony añmaz, bu hemmä belli, Meniñem ýagdaýym şo hili boldy. Aýdan bolsañ urmagyñ baş sebäbin, Erkiñe bada-bat bolardym tabyn. Bermezdim hiç hili samsyk sowaly, Gaçmazdym jyrralyp häzirkim ýaly. Urgulañ dert däl-de, dermandygyny, Halas bolmaklyga permandygyny Başda bilmändirin, hut häzir añdym Hem seni özüme halasgär sandym..." Emir diýdi: " Aýtman hakykaty men, Daramaly boldum saña gaty men. Men-ä görenimi aýdaýan bolsam, Niçik bordy senem gorkyñdan ölseñ?" elbetde, dananyñ çalan şarpygy, Samsyk kişiñ öwgüsinden has gowy. Dana adamlaryñ zäheri meger, Samsyklañ hödürlän balyna deger. | |
|
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||