23:13 Ýazgydym ýazdym | |
ÝAZGYDYM ÝAZDYM
Goşgular
Men senden el üzmek islämok asla, Sebäbi, duşmadym saňa tötänleý. Para hem-de peşgeş bilen almadym, Şol söýgimden gelip şu gün öter deý. Bilýärmiň, ejemiň garnynda wagtym, Taýynlandym seni gözläp tapmaga. Ynan, özge ykbal ykbalymda däl, Gözüm barmaz özge göze bakmaga. Sen hakdaky hýalarym yzçy deý, Goýmaz güne, harlar, dalar, at salar. Ähli kynçylykdan galkyp çykaryn, Çökmen suwda meşik kimin, bassalar. Gözleriň göreji göreçden geçer, Geçsin, deşsin... Umuman ölümden edemok heder. Emma, şol gözleriň bakmasa maňa, Näletli adam deý uzak ýaşadar. Men şoň üçin asla yza gaýtmaryn, Pikriňi, pikrimem etmerin yrýa. Ynan, geljekdäki ähli gowluklar. Kiçijek gorkunçly ädimden durýar. Ynanaý! Şatlyk, söýgi, bagtyň... özi gelmedi. Tapjak bolup şöwür çekdim, ýer gazdym. Allam maňlaýyma ýazmady seni, Bilseň, men ony hut özüm ýazdym. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |