13:42 "Ýazgyt" çekişmesi | |
"ÝAZGYT" ÇEKIŞMESI
Publisistika
Ýer yranmasy boýunça nämeleri aýdýarys, nämeleri ýazýarys, nämeleriñ jedelini edýäris? Eýýäm elli müñe golaý raýatymyzyñ pida bolan ýer yranmasy añ-düşünjämize nähili "täzelikleri" getirerkä? Ýa-da getirip bilermi? Şeýle sowaly näme üçin berýänimi düşündirjek bolaýyn: 1755-nji ýylyñ 1-nji noýabry. Şenbe, sagat 09:40. Lissabonda 7.7 balla ýeten ýer yranmasynda 12 müñden 50 müñe çenli aralykda adam pidalarynyñ bolandygy çak edilýär. Şol gün hristian şehitleriñ we keramatlylaryñ ýatlanýan (All Saints / Собор всех святых) baýramynyñ günüdi. Türkiyedäki soñky ýer yranmasynda ýene Dini işler ministrliginiñ işgärleriniñ we dini adamlaryñ beýanatlaryny eşidýäris. Zol-zol "ýazgyt" sözüni eşidýäris. Eýse Lissabon ýer yranmasyndaky çekişmeler nämäniñ üstünde bolduka? Gürrüñsiz, bu tebigy betbagtlygyñ portugal imperiýasynyñ gowşamagy ýaly syýasy netijeleri boldy. Gürrüñsiz, bu tebigy betbagtlygyñ ilkinji gezek ylmy taýdan öwrenilmegi zamanabap seýsmologiýanyñ, inženerligiñ döremegine täsiri boldy. Taryhyñ ilkinji "modern" ýer yranmasy bolup geçipdi... Ýer yranmasy ýewropaly Renessans döwrüniñ filosoflaryñam üns merkezine düşdi, gapma-garşylykly çekişmeler bolup geçdi. * * * Lissabon ýer yranmasynyñ Keramatlylar güni ýaly aýratyn günde uly weýrançylyga sebäp bolmagy din-ynanç gurşawly jedelleri döretdi: - Barça zady bilýän we barça zada güýji ýetýän Hudaý dünýädäki horluklara, erbetlige nämüçin ýol berýär? Nemes filosofy G.Leýbnis 1710-njy ýylda Hudaýyñkyny dogry çykarmak manysyny añladýan “teodise” adalgasyny oýlap tapdy. Hudaýyñ erbetlige näme üçin ýol berýändigine jogap gözledi. Hristian ruhanylary we käbir filosoflar ýer yranmasyna hudawy suduñ signaly hökmünde baha berdi: "Lissabon eden günäleri üçin jezalandyryldy!". Katolikler we protestantlar "siz sebäpli boldy!" diýip, biri-birleri bilen harçañlaşmaga durdy. Uzak ýyllar dowam eden şeýle ruhany, sebäp, netije gatnaşygy Ýewropada çekişmeler döretdi: Ýer yranmasy babatda başgaça garaýşa eýe Renessans filosoflarynyñ başyny Wolter (1694-1778) çekýärdi. Rim Katolik buthanasyny tankyt topuna tutup, din-döwlet gatnaşyklarynyñ biri-birinden bölünip aýrulmagyny we din azatlygyny öñe süren Wolter "Lissabon betbagtlygy hakda" şygryny ýazdy. Şeýle-de "Kandid" romanynda leýbnisçi hudaýparaz hoşniýetlilge - teodise düşünjesine berk tankydy bellikleri etdi. Žan-Žak Russo (1712-1778) hem Lissabon ýer yranmasynyñ weýrançylygyndan täsirlenen filosoflarynyñ biridi. Ýöne ol Wolteriñ şygyryny halamady, çünki bu şygry oñlaýan dini ynanjyna dil uzatmak hasaplady. "Şowsuzlyklarymyzyñ köpüsi öz bolşumyzyñ gönüden-göni netijesidir" pikirini öñe sürdi. "Bu jaýlary kim gurdy?" Ýöne "Jemgyýet sözleşmesi" eserinde "adamlatyñ azat dogulýandyklary, ýöne her äden ädiminde aýagyna zynjyr urulýandygy" hakdaky pikirini öñe sürmekdenem gaýra durmady. Russo-Wolter çekişmesiniñ hiç yzy üzülmedi... * * * Lissabon ýer yranmasynyñ ýiti täsirini ýetiren ýene bir filosofy-da Immanuel Kant (1724 -1804) boldy. Ýer yranmasy sebäpli ruhunda düýpli öwrülişikleri geçiren ýaş akyldar habarlar broşýuralarynda geçýän ähli maglumatlary toplady we ýer yranmalarynyñ sebäplerine degişli teoriýany işläp düzdi. Kantyñ gyzgyn gazlardan doly ullakan gowaklardaky opurylmalary öz içine alýan teoriýasy ýalñyşam bolsa, ýer yranmalaryny tebigatdaj daşary adalgalardan zyýat tebigy adalgalar bilen düşündirmäge gönükdirilen ilkinji sistematiki synanşyklaryñ biridi. Kantyñ ýer yranmasy hakdaky ilkinji kitaby Germaniýanyñ ylmy geografiýasynyñ başlangyjyny düzdi we seýsmologiýanyñ başy hasaplady. Atlary uzaldyp oturmaýyn... Lissabon ýer yranmasyndan soñ jedeli edilip başlanan meseleler ýokary añ-düşünje döwrüniñ başyny başlady. Tradision "ýazgyt", "takdyr" ýa-da "jeza" pikiriniñ daşyna birinji gezek Lissabon ýer yranmasyndan soñ çykyldy. Renessansçylar akyl-paýhasa ünsi çekdi... Ýer yranmasy häkimiýetleriñ gönüden-göni jogapkärçiligindäki meseleleriñem jedeliniñ edilmegine sebäp boldy. Lissabon ýer yranmasynda döwletiñ jogapkärçiligi öz boynuna almagy modern taryhda ilkinji kwalifikasiýany göterdi. A bizde? Aradan 268 ýyl geçdi. Ýigrimi ýyllyk häkimiýet jogapkärçiligi öz daşyndakylardan gözleýär! Çekişmeleriñ temasy-da "sen diýdiñ, men diýdim" sene-menesinden geçenok. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |