01:18 Ýazyjynyñ Erem bagy -1: Söze öwrülip ýaşamak | |
ÝAZYJYNYŇ EREM BAGY
Edebiýaty öwreniş
Birinji parça ▶ SÖZE ÖWRÜLIP ÝAŞAMAK Eý, Alla! Jöwher zehin berip, türkmene eçilen üýtgeşik ýazyjy ogluňa – Akmyrat Şire meni az salymlyk imrikdirip, il ony oňly tanamaga, söýmäge ýetişmänkä o dünýäde bir howlukmaç edilmeli iş çykan dek aldyň-da gitdiň. Göýä şol işi Akmyratdan başga edibiljek kişi o dünýäde ýok ýaly. Onuň dünýä deýin tükeniksiz arzuwlary her ädimde, her bir söhbetdeşlikde öňümden çykyp, kalbymy gozgalaňa salýar, ýetilmedik arzuwynyň şu günki kysmaty ýüregimi gyýym-gyýym edýär. Her ädimde öňümden Akmyradyň şol natuwan arzuwlaryny çöpläp, bir ýere ýygnap, bitewileşdirip bolsady, olardan dünýä nemuna boljak, iň çuň, ýiti, röwşen pikirler, iň gözel, imrindiriji duýgular çemeni dörärdi. Çünki Akmyradyň arzuwlary howaýy, adaty däldi, megerem, şonuň üçindir, onuň gözlerini ýumdurmagam kyn düşüpdi. Özi gezip ýörenliginde, bu setirleri ýazmagyň – nähili arzuw-hyýallar bilen ýaşandygyny, onuň nähili gerçek kişi bolandygyny ile düşündirjek bolmagyň zerurlygam bolmazdy. «Yzyňy gaýgy etme» diýip, gözüni ýumduranlaryň biri hökmünde ähtimde durmak üçin, birnäçe ýyldan soň, ýaýdana-ýaýdana elime galam aldym. Her näçe arzuw etse-de, ýeke kitabyny türkmen dilinde görmäge ýetişmedik, ýöne gysga öwründe Garaşsyz döwrümiziň türkmen edebiýatynda şugla çaýmaga ýetişen Akmyrat Şire nähili gudrat berendigini bilmek isleýäne sadaja düşündirmäge maňa gaýrat ber, eý, Alla! Yhlas menden! * * * Bizde «geçer dünýä» diýen düşünje bar. Dünýä geçýärmiş, biz näme? Hamana, dünýä-hä geçjek, biz hem galjak ýaly. Hamana, dünýä wagtlaýyn, adamzat hem baky ýaly. Aslynda, dünýä däl-de, biz geçýäs-ä! Magtymgulynyň sözleri bilen aýdanymda, «geçmejek dünýäde – kerwensaraýda gelen ýük ýazdyryp, geçip barýar» ahbetin! Bu aslygadym kerwensaraýdan men-men diýen ärler, men-men diýen ýarlar, men-men diýen şahyrlar ýük ýazdyryp, geçip gidipdir. Özi geçýän halyna, adamogly bu sarsman oturan bakylyga «geçer dünýä» diýen bolýar. Bizde «köpi gören» diýen düşünje bar. Dünýäni gören bilen deňeşdireniňde, bendesine bu sözi rowa hem göreňok. Şahyr aýtmyşlaýyn, dünýä türkmen deýin giň, ol depesinde «köpi gören» bendesini göterip, onuň ähli eden-etdiligine, jebir-sütemine, uruş-galmagalyna çekip-çydap ýör. Ýamanam bolsa, ýagşam bolsa, perzent özüniňki ene ýeriň. Perzendi çalşyp bolmaýar. Ol hem näçe hokga çykarsa-da, çydamaly bolýar. Ene ýeriň ýaralarynyň köpdügini biz bilýäris ahyryn. Şorlan ýerler diýen bolýas, ol şorlan däl, ol ýerler ene ýeriň kepän gözýaşlarynyň yzlary ahyryn, ol ýerler ene ýeriň synasynyň ýaralary ahyryn. Haktagalanyň ýedi günde dünýäni ýaradyşyna oturyp-oturyp haýranlar galýaryn. Bir göräýmäge o diýen gyzykly, lezzeti duýulmaýan, sadagasy boldugym, bu albaýly dünýäniň gyzyklylygyndan, lezzetinden eger-eger doýar-ganar ýaly däl. Şahyrlar dünýäni ýöne ýerden wasp etmändirler. Paradoks: edilen wasp bilen deňeşdireniňde, geçirimli dünýäniň üstüne atylan töhmetler, näletler has agdyklyk edýär. Ýalançy, gözün süzüp duran loly, wepasyz… – iň gowusy, sanamazlyk. Magtymguly durmuşda jany ýanyp, bigünä dünýäni näletläp içini sowadýar. Dünýä-de onuň içini sowatmasy üçin döräýen ýaly, dur ap-arkaýyn çekip-çydap. Seýdiniň ýangyny Magtymgulynyňkydan hem gazaply: Kim bar diýse bu dünýäniň wepasy, Nadandyr, akmakdyr, dälidir däli. Diňe «nadandyr» diýen sözüň özem ýeterlik ahyryn. Ýok, Seýdiniň ýangyny bir söz bilen egsilenok. Ol nadan sözüni az görüp, «akmakdyr» diýýär. Soňundanam «dälidir-däli» diýýär. Bu juda bir jany ýananyň sözleri. «Düýäniň ulusy köprüde taýak iýer» diýilýär. Dünýäniň günem düýäniň gününden enaýy däl. Gürrüňi uludan – dünýäden başlamagymyň ýetiksi sebäbi bar. Dokuzyň düzüwkä, ýaşkaň, dünýä gözüňe gözün süzüp duran loly bolup däl-de, ýylyja gujakly ýar bolup görünýär eken. Oňa sögesiň, ony näletläsiň gelmez eken. Asyl töweregiňde hersi bir dünýä gaýry dur diýdirýän gözel ýarlar barka, dünýä ýadyňa düşmese nätjek! Dünýä bize sygsa-da, biz dünýä sygman ýaşadyk. Bu dünýä bakylykdyr öýtdük, özümizem bu dünýä baky gelen ýalydyk. Dünýä-de özüni ýatlatjak bolup kösenip ýörmezdi. Öňki düzüw dokuzyň gädilip ugransoň, birmahalky senden alysda bolan dünýä alkymyňa gelip, özi hakda seni ýygy-ýygy oýlandyrjak eken. Elli ýaşyň alkymyna gelip, bir zada açyk göz ýetirdim: ýakyn hossarlaryňdan, ýegre dostlaryňdan birnäçesini ýitireniňden soň, olaryň orny hoňkaryp, boş galmaýan eken. Olaryň boş goýup giden ýerlerini dünýe bilen ölüm duýgulary doldurýar eken. Öň hossarlaryň, ýegre dostlaryň hakda köp pikir edýän bolsaň, soň dünýe bilen ölüm duýgulary diýdimzorluk bilen özleri hakda oýlanmaga mejbur edýär eken. Ýaşlykdaky ýyly gujakly ýara meňzän dünýä ýaşyň geçişdigi saýy wepasyz, mähirsiz kempire öwrüliberýär. Özüniň ýakynlaşýandygyny her ädimiňde duýdurýar. Onsoň Seýdi kimin ärleriň dünýä bilen gidişmeleri düşnükli bolýar duruberýär. * * * Soňky günler, näme üçindir, ömür hakda, ölüm hakda köp oýlanýaryn. Bu oýlanmalaryň boşdugyna düşünýärin. Ýöne aňyňda köwsarlaýan biweç pikirler käte sarç bedew deýin, hiç baş bermez eken. Niçezar ölüm hakda, dünýe hakda oýlanmazlyga çalyşýaryn. Başaramok. Gurbannazar Ezizowyň aşaky setirleri ýadyma düşýär. Güýzüm! Çigrek gijeleň Şemal suwlap geçende, Birden ýadyma düşýär Neresse dosty-ýarlaň. Gör, olaň näçesi ýok Az salymyň içinde?!.. Bu setirleriň güýji üýtgeşik täsirliliginde däl, owaldan tanyş täsirleri ýadyňa salýanlygynda. Çigrek, garaňky gijeler, güýçli şemal – adamy melanholik duýgulara gark edýän, onuň ýüregine ölüm duýgusyny hem merhumlary ýada salýan zatlar. Gije – ölümiň mekany, garaňkyda ölümiň düşnüksizligi hem gorkunçlygy, başdan sowulmazlygy bar. Şemal – dünýäniň, adamyň başyna ölüm getiriji wagtyň çapary, wagt tükeniksiz däl, onuň tükenýän ýeri – adamyň ölüminiň mütdeti. Ölüm – adamzat bile bitewülikden, birlikden, baglanyşyklyklardan aýrylyp, üzülip, ýalňyzlyk panyýetine geçmek eken. Türkmen dilinde, ölen adamyň ady tutulanda, gapdalyna «neresse», «görgüli» ýaly epitetler goşulýar. Olaryň bary-da ýalňyzlygy, alaçsyzlygy, erksizligi aňladýar, üstesine, ol kesgitlemeleriň diňe bir semantiki däl, eýsem türkmen ruhunyň özboluşlylyklaryny aňladýan estetiki manysy-da bar. Birhili garjaşyk halda, birhili ýesirlikdäki, birhili gapdaldaky adam, hatda – adam hem däl, adam garasy, sudury göz öňüne gelýär, onsoň ýaman ýüregiň awap gidýär… Men muny ölüm duýgusy diýip atlandyrardym. Adamzat özüniň ruhy ýaşaýşynyň taryhynda ölüm duýgusy babatda köp tejribe toplapdyr. Ýürek edip, ölüm duýgusy bilen öwrenişmäge, ony heserlenmeleriň öýjügine öwürmäge, öwrenmäge çalşypdyr. Şeýdip, ölüm düşünjesi kemala gelipdir. Mifiki düşünje hökmündäki, mistiki düşünje hökmündäki ölüm. Garaňky hem sowuk Älem giňişliginiň birje nokady bolan Zeminde ýaşaýyş, dirilik bolup dörän Adamzat instinktiw suratda ölüme garşy hereket edip ugrapdyr. Şol hereketiň esasy görnüşinde sözüň filosofiki manysyndaky medeniýet, sungat, şol sanda söz sungaty bolsa gerek. Şonuň üçinem söz sungaty ýöne bir göwün açmak, dert egismek serişdesi däldir, ol ahyrky netijede ölümiň ýesirliginden boşap, tebigy ölümden soňam bu çyrpynyp ýatan ruhuň ýaşaýşynyň hemişelik bir barlygyna öwrülmäge synanyşykdyr. Gurbannazar Ezizowyň şygrynyň ýokarky setirlerini getirmek bilen men mähriban dostum Akmyrat Şirowyň hemişe ýadyma düşüp durandygyny aýdyp, dostluk hakda, Akmyradyň ýadymda galdyran täsirleri hakda has durmuşy terzde gürrüň etmekçidim, ýöne galam menden rüstem geldi. Köňlüm «Akmyrat hakda gowy-gowy başdan geçirmelerini ýatla» diýýär. Şol niýet bilen hem men bu ýazgymy dünýe hem ölüm hakdaky pelsepeden başlap, Akmyradyň dünýe hem ölüm hakdaky gürrüňlerini, birnäçe wakany ýatlamakçydym. Ýöne men galama diýenimi etdirip bilmedim. Iň bärkisi, başdaky hörpümi hem saklap bilmän, Akmyradyň hylwaty dünýäsine düşdüm. Akmyrat hakda düýpli makala ýazmakçy bolamsoň, men ýazyjynyň ähli eserlerini, ýazgylaryny birki gezek okap çykdym. Okan zatlarym hem meni özleri hakda oýlandyrýar, özleri hakda gürledýär. Has açyk aýtsam, Akmyratdan onuň eserleri rüstem çykdy. Eger men Akmyradyň eserlerini okaman, ýatlama ýazmaga girişen bolsam, onda maňa eserleriň beýle hökmürowanlygy bolmazdy. Men Akmyradyň eserlerini okanymda dörän pikirler hökmürowanlygyndan çykyp bilmän hem ýazgymy dowam etdirip otyryn. Men kejirlik etmäýin. Kalbymyň bir ýerlerindäki Akmyradyň edebi dünýäsine girmek isleginiň yzyna düşeýin. Belki, başdaky hörpdäki gürrüňim başga bir ýazgy bolar, ýöne Akmyrat hakdaky bu ýazgylarymyň jylawynyň maňa teý baş bermeýşiniň sebäbine düşünmek üçin oýlanýaryn. Näme üçin gürrüň maňa baş bermän, öz-özünden filosofik ulgama sapyp gitdi? Bu näme üçin beýle bolýar?! Munuň sebäbi, megerem, Akmyradyň döredijiliginiň hem şahsyýetiniň biziň milli sungatymyzyň, hatda tutuş ruhumyzyňam ýeňil-ýelpaý gürrüň edip sowulaýardan juda düýpli hadysasylygyndandyr, düýpli hadysa bolsa hemişe-de filosofiki nazarýete, pelsepeli bahalara itekleýär. Dogrudanam, Akmyradyň eserleriniň esasynda sungatyň düýp manysy, onuň durmuşa, ölüme hem dirilige gatnaşygy barada düýpli pelsepeleri ýöretmek mümkin. Beýle gürrüňe diňe edebi däpleriň resmi hökmürowanlygyny syndyryp, edebi ýaşaýşa täzelik getirip bilen, şeýdibem, edebiýatyň söz sungaty hökmündäki içki kanunlaryny, onuň tüýüni täzeläp bilen ýazyjynyň eserleri esas berip biler. Akmyrat şeýle ýazyjydy. Ol biziň edebiýatymyz üçin täsin, üýtgeşik hadysady. Şol üýtgeşikligiň daşyndan göze dürtülip duran daşky, ýöne formal däl-de, juda manyly bir ýüze çykmasyny görkezeýin: Akmyrat XX asyr türkmen prozasynda türkmen edebiýatynyň däl-de, onuň daşyndaky dünýäniň has öňdebaryjy, ösen edebiýatlarynyň estetiki ýörelgeleri esasynda eser döreden ýeke-täk türkmen ýazyjysydyr. Ol möwriti öten hem-de doganda «öli dogan» galp edebi däplere daşyndan zarba urdy. Ýazyjynyň estetikasyna hem filosofiýasyna, özüniň juda jaýdar aýdyşy ýaly, «warsakysyna hem pelsepesine» düşünmek üçin XX asyr dünýä prozasynyň bolmanda «gädiginden bir garap görmäni» başarmak gerek. Bilmedim, özümiňem döredijilik bilen meşgullanýanymdanmy ýa Akmyrat bilen duz-emek bolup, dünýäniň ululy-kiçili meseleleriniň galabasy hakda dünýäni unudyp söhbet edenligimdenmi – meniň üçin esasy, has dogrusy, birinji nobatdaky zat ýazyjynyň öz durmuşy, ömri. Onuň durmuşy bilen baglanyşykly her bir zat, ownujak detal gymmatly. Boýnuma alaýyn, tirkeşip ýörkäk, «ýene üç-dört ýyldan Akmyrat bilen baglanyşykly wakalary ýatlap, gijäňi ukusyz geçirip, kitap ýazmaly bolarsyň» diýseler, kes-kelläm ynanmazdym. Ynanyp bolýan zat bar, ynanyp bolmaýan zat bar. Akmyradyň ähli kişini «beh» diýdirip, bu dünýäden gitmesi hiç ynanyp bolmajak zat. Men şu ýerde, hormatly okyjy, bir zady aýdaýyn! Akmyrat bütin ömrüni «beh» diýdirip ýaşady. Onuň ýazan zatlaryny okanyňda-da «beh» diýeniňi duýman galýarsyň. Onuň gürrüňini diňläbem «beh» diýmeli pursatyň gaty kän bolýardy. Onuň özüni alyp barşy hem adaty adamyňka meňzemeýärdi. Geňdi. Onuň adaty bolmadyk edim-gylymyna, hereketlerine «beh-beh» diýip, gör, näçe gezekler haýran galypdym. Diňe men däl, onuň bolşuna köpler geň galýardy. Akmyrat, garaşman durkak, ýogalybam «beh» diýdirip gitdi. Men şol betbagtçylygyň bolan güni oňa duşupdym. Ol gaty aljyraňňydy. Akmyrat niçezar «göwün açaly» diýse-de, howlukmaç işimiň bardygy sebäpli gaýdypdym. Indi onuň ýanyndan gaýdandygym, halas edip bilmändigim üçin özüm örtenýärin. Söz owadanlamak üçin ýa-da özümi sentimental görkezmek üçin däl-de, men bu zatlary Akmyradyň ölümine halysalla ynanyp bilmeýändigim, oňa hiç hili delalatymyň degmändigi üçin tekrarlaýaryn. «Akmyrady ýakyndan tanan ähli kişem meniň pikirime goşular» diýen ynanjym bar: onuň ölümi hiç ynanar ýaly däl ahyryn! Ol Aşgabada ýaňy gelip, uly-uly işlere ýaňy girişipdi ahyryn! Onuň uly-uly arzuwlarynyň, baly goýalyşan ömrüniň bilinden şeýle rehimsizlik bilen omuraýmak bolarmy! Adamyň rehimsizligi barada taryhda gaty kän faktlar bar. Ýöne bir zady nygtaýyn! Dünýäniň rehimsizligi adamyň rehimsizliginiň ýanynda witjik eken. Heý-de, parahat durmuşda türkmeniň şeýle söwer, zehinli ogluny alaýmak bolarmy! Gurbannazaryň ölümi. Ahmet Bekmyradyň ölümi. Bapba Gökleňiň ölümi. Bu zatlary ýatlaberseň, Seýdiniň ýangynly setirleriniň näme üçin ýazylandygy düşnükli bolaýýar. Akmyrat bakylykdyr öýtdüm. Onuň köp gürrüňini, bolşuny geň, ähmiýetli görsem hem ýatda saklajak bolmandyryn. XIX asyryň ahyrynda döreden bir şahyryň tas impressionistik setiri ýadyma düşýär: Geýen eşikleriň törden asyldy. Bu genial, sada, çeper detal bardan ýok bolan dostumyň ölümi, häzir ýoklugy sebäpli ýüregimde dömen ajy hasratly duýgyny, aramyzdaky ölüm serhediniň öňünde ikimiziňem alaçsyzlygymyzy prozaiki tärlerde elýetmez derejede oňat beýan edýär. Haçandyr bir mahal ýaşap geçen beýik şahyryň ýa ýazyjynyň ýürek urgusyny, gaýgy-şatlygy onuň goýup giden eserlerinden aňlap bolýar, bu ýalançyda ýaýnan hem ýanan äriň keşbini göz öňüne getirip bolýar. Ýöne, üstesine, eger eserlerini okaýan şol ýazyjyňy sen durmuşda-da gören, ýakyndan gatnaşan, tirkeşen bolsaň, onda setirler içre geçip gelýän hasratyň täsiri bütinleý başgaça bolýan eken, bu ýerde hemme zat, hatda ownuk-uşaklyklara çenli nätanyş okyjynyň gözünden sypaýjak birhili, hatda mistiki mana eýe bolup duruberýän eken. Ýazyjynyň öz eli bilen düzen türkmençe powestler ýygyndysynyň golýazmasyny ele alanymda, golýazmanyň daşyndaky papkada ýazylan öý gem iş adreslerini, telefon nomerlerini görüp, her gezek ýüregim jigläp gidýär. Bu, dogrudanam, her gezek bolýan, özem gaty güýçli ýüze çykýan täsir. Törden asylan eşikler olaryň eýesiniň bakyýa gidendigini gyýtaklaýyn, podtekstleýin alamatlandyrýany üçin, ýüregiňi jigledýär. Papkanyň iç ýüzünde ýazylan adresler ol ýerden hiç mahalam Akmyrady tapyp bilmejegiň sebäpli, ýüregiňi jigledýär. Akmyradyň indi adresi ol ýer däl, onuň adresi – onuň bu dünýäde galdyryp giden hem adamlara goýup giden ajaýyp eserleri, ony bir ýerden tapyp bolýan bolsa, diňe eserlerinden tapyp bolar. Özi gidensoňam, tapyp bolýan adamlar, bu baky, ümmülmez ýaşaýyşda ýitmejek adresli adamlar – nähili bagtly adamlar! Beýle bagt, Akmyradyň öz sözleri bilen aýdanymda, «Her kime ýetdirip duran bagt däl. Hudaýjan gaty gowy gören bendesine şeýle bagty peşgeş berýär. Biz Hudaýyň nazar salan kişileri». Men käte Akmyradyň öýüne barýaryn. Stol, stul, papkalaryna, kagyzlaryna seretseň, hä diýmän Akmyrat gelip, iş stolunyň başyna geçäýjek ýaly bolup dur. Akmyrat gelenok, oňa derek ogly Magtymguly soragly nazary bilen ýanyňa gelýär. Ol eýýäm ers-mers bolupdyr. Kakasy hakda onuň kän-kän zatlary bilesi gelýär. Onuň iş kabinetinde oturyp «Akmyrat eýledi, Akmyrat beýledi» diýip, gürrüň edip bolanok. Damagyň hykga dolaýýar. Onsoň men Magtymguly bilen daşary gezelenje çykýaryn. Maksat: kabinetde soran zatlary hakda gürrüň bermek. Magtymguly kakasy hakda, goý, bilsin, köp bilsin. Kakasyna guwansyn. Oňa meňzemäge çalyşsyn. Ýöne, Magtymgulynyň ömri kakasynyňka meňzemesin, Magtymgulynyň ömri uzak bolsun! Bir mahal Akmyrat bilen gezen ýerlerimde bu gün onuň ogly bilen gezip ýörün. Eý, Hudaý! Süňke öwrülen görkler, söze öwrülen kalplar! Birinjileriň ýüzi geçmişe sary, ikinjileriňki geljege sary. Ölümiň gandally ýesirliginden boşamagyň ýeke-täk mümkinçiligi – söze öwrülmek, söz bolup ýaşamak. «Başlangyçda» söz bolupdyr» (Injil). Ahyrda-da Söz bar! Akmyrat uly oturylyşyklaryň birinde: «Eý, oglanlar, siz bal ýaly sözleri ýöne ýere sowrup otyrsyňyz. Eger ýele sowrulýan pul bolsa gynanmazdym» diýipdi. Onuň bu sözüne hemmämiz gülüşipdik. Ýöne onuň gara çynydy. Leningraddan gelen ýazyjynyň bolşuna köplenç düşünmezdik. Ol hem biziň bolşumyza düşünmezdi. Ol ýazyjynyň söze öwrülip ýaşamalydygy barada jedelleşmegi gowy görerdi. Ýöne dirikäň, söze öwrülmek mümkinçiligi her bir ýazyja berläýenok. Dünýäde ýazyjy kän. Olaryň ählisi bakylyga öwrüläýenok. Haýsydyr bir emel bilen ýazyjy bolanlar däl-de, Hudaý tarapyn ýazyjy bolanlar bakylyga öwrülip bilýärler. Öten ömrüň, wagtyň ötmejek giňişlik bilen çaprazlygyndan kemala gelýän estetiki hakyda ýazyjynyň eserleriniň esasy mazmunyny düzýär. Bu hakda Akmyrat gündeliginde şeýle ýazypdyr: «Mende içi hazynaly ullakan bir sandyk bar – ol meniň geçmişim. Ondan gerekmejek paty-putularymy, gymmatbaha dür dänelerimi, garaz, islän zadyňy tapmak mümkin. Men onuň içini irginsiz dörmek bilen meşgul bolup, gözbagçynyň boş haltajykdan ýumurtga çykaryşy ýaly, öz pikirlerimi tapyp, ýüze çykarýaryn», ýa-da «ýaşalan günlerde galan şatlyklarym hakydamda ýaprak bolup, şelpe kakdylar». Ýazyjynyň çagalykda kalbynda galan täsirler onuň eserlerinde doly bahaly hem doly manyly ýaşaýşa hukuk alýarlar. Magtymguly – binowa, biçäre andalyby, Bir parça gam döwrany bolmuş anyň nesibi. Her mejlisde, söhbetde şat eýläň biz garyby, Eý, ýaranlar, ýat ediň haýr-u dogada bizni! Ýöne şo hili ýaşaýşa öwrülmegi üçin şol täsirleriň eýesiniň Magtymguly ýaly andalyp – bilbil bolup ýaşamagy hem ömür sürmegi gerek. Bilbil bolup ýaşamak – munuň özi dünýäge hem adamlara aşyk bolup ýaşamak, ýaşalan her pursadyň, günüň manysyny tirip, daşky wakalaryň, hadysalaryň içki manysyna hem gözelligine akyl ýetirip ýaşamak. Akmyradyň bütin gysgajyk ömri many hem gözellik gözleglerine bagyş edilen ömürdi. Ýaşalan hem paýhas eleginden, duýgy süzgüçlerinden geçirilen bir parça döwran onuň eserlerinde hemişelik sungatda ýaşajak, ötmejek ömür parçalary bolup galdy. Döwran ötýär, kagyz ýüzündäki ömür parçalary bolsa bakydyr. Öten döwran hem ötmejek ömür. * * * «Är garrar, heňňam garramaz» diýýär türkmen aga. Döwran geçýär, ömür galýar. Akmyradyň awtobiografik gahrymany bolan oglanjygyň, soňra bolsa oglanyň hem ýigidiň adynyň Baky bolmagy asla-da tötänlik däl. Ol ýazyjynyň baş durmuş filosofiýasyny hem-de adamy adam etmegiň serişdesi bolan sungatyň filosofiýasyny özünde jemleýär. Bu hili düýpli gözlegler hem tapyndylar agramly zatlara gaty bir kellesini agyrdyp ýörmeýän türkmen prozasy üçin gaty seýrek hem gymmatly hadysadyr. Şonuň üçinem Akmyradyň eserleri özleri hakda çynlakaý, mümkingadar özleri ýaly agramly hem manyly gürrüň edilerine aňryýany bilen degýän ruhy hadysalardyr. Akmyradyň döredijiligine umumy garaýyşlarymy ýazyp otyrkam, ýene bir möhüm zady aýdasym gelýär. Munuň özi onuň türkmen prozasynyň geljekki çeperçilik ösüşine juda özboluşly garaýşydyr. Akmyradyň pikiriçe, türkmen prozasynyň ösüşi, onuň dünýä edebiýatynyň kiçijigem bolsa, özboluşly bir şahasyna öwrülmegi iki sany faktoryň – milli edebi däpleriň hem-de dünýä prozasynyň iň uly çeperçilik üstünlikleriniň utgaşygyna baglydyr. Bu örän düýpli hem perspektiwaly ideýa Akmyradyň makalalarydyr gündeliklerinde täsirli beýan edilipdir. Iň esasy zadam, şol ideýanyň edebiýatyň praktikasynda gönüden-göni amal edilişini onuň eserlerinde görüp hem duýup bolýar. Biz şu wagta çenli XX asyryň haýsydyr bir türkmen ýazyjysy ýa şahyry dünýä edebiýatyna çykdy diýip agyz dolduryp gürledik. Indi-indi görüp otursak, Akmyradyň pikirleriniň şaýatlyk edişi ýaly, beýle agyz dolduryp gürläre hiç hili esas ýok eken. Moskwanyň «Sowetskiý pisatel» neşirýatynda ýa-da haýsydyr bir daşary ýurt neşirýatynda her edip-hesip edip, kitabyňy çykartdygyň dünýä edebiýatyna çykdygyň däl eken. Dünýä edebiýaty diýilýän zat biziň göz öňüne getirişimizden has uly, biziň öňki estetiki ýörelgejiklerimize sygardan has düýpli zat eken. Biziň edebiýata, sungat diýilýän hadysa umumy garaýyşlarymyz, düşünjelerimiz dünýä edebiýaty diýilýän läheňe goşulmag-a däl, hatda oňa aňly-başly akyl ýetirmäge-de mümkinçilik bermeýän eken. Akmyrat häzirki türkmen prozasynda ilkinji bolup şol gögeleligi ýeňmäge dalaş eden hem-de ilkinji bolup dünýä prozasynyň derejesinde eserleri döretmäge synanyşan ýazyjydyr. Bu gözlegleriň hem synanyşyklaryň özi ony häzirki türkmen prozasynyň awangardynda goýdy. Ol hem özi üçin gözledi, ondan-da beter öz halky, mähriban türkmeni üçin gözledi. Hawa, men Akmyradyň döredijiliginiň birbada düşünäýerden has uly hadysadygyna oňat akyl ýetirýärin we muny oňat duýýaryn. Birbada diňe adaty, durmuşyň öwrenişilen akymynyň çägindäki hadysalara düşünip bolýar. Akmyrada düşünmegiň üç ýoluny – üç parçasyny men siziň dykgatyňyza hödürleýärin, hormatly okyjy! Dowamy bar.. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |