13:01 Ýazyjynyñ Erem bagy -3 / dowamy | |
ÝAZYJYNYÑ EREM BAGY
Edebiýaty öwreniş
▶ 3: Toýundan ýaradylan oglan Akmyradyň awtobiografik häsiýetli powestleriniň birinjisi «Sliýanyý malçik» diýen powesti. Bu powestde, ummanyň ähli himiki düzüminiň onuň ýekeje damjasynda ýygnanyşy ýaly, Akmyradyň tutuş döredijliginiň esasy aýratynlyklary, onuň dünýäsiniň filosofik, ahlak hem estetiki ölçegleri jemlenipdir. Şonuň üçinem bu powest hakda biraz giňräk gürrüň edilse, maksadalaýyk hem göwnejaý boljak. Ilki bilen, powestiň ady hem-de onuň türkmençe tekstlerde berlişi hakda. Umuman alanyňda, powestiň sözme-söz terjimesi-hä «Toýundan oglan» bolýar. Türkmençede dürli adamlar özleriçe powestiň adyny terjime edipdirler. Ýaňyja adyny agzan ýygyndymyzda Ýagmyr Hudaýguly «Palçyk reňkli oglan» diýip terjime edipdir. Gowşutgeldi Daňatarow bolsa powesti «Toýunsow oglanjyk» diýip terjime edipdir. Akmyradyň «Älem ruhy» diýen kitapçasyna ýazan sözsoňusynda onuň daýysy N.Halow «Toýundan ýasalan oglanjyk» diýip özüçe türkmençä geçiripdir. Biziňçe, oýlanmazdan, her kimiň öz düşünişine görä, türkmençä geçirilen ol terjimeleriň hiç biri göwnejaý däl. Sebäbi şol jümlä o diýen üns, ähmiýet berip durmandyrlar, netijede bolsa eseriň mazmunyna düşünmekde käbir emeli päsgelçilikler döräpdir. Adamyň adynyň onuň özüne, mazmunyna gabat gelmezligi mümkin, bu durmuşda köplenç şeýle-de bolýar, sebäbi at mazmundan gelip çykmaýar, mazmun at dakylandan has köp wagt soň döreýär. Çeper eseriň weli mazmun ýaşaýşy bilen adynyň arasynda berk, içki baglanyşyk bolmaly. Islendik çeper esere düşünmek hem, megerem, ilki bilen hut şol baglanyşygy tapmakdan hem-de dikeltmekden başlaýar. «Palçyk reňkli oglan» diýen wariantynyň originalyň mazmunyna laýyk gelmeýänliginiň sebäbi, ol oglanjygyň reňkine esasy agram berýär. Birinjiden-ä, rus dilindäki sypat aýyrgyjy diňe reňke däl-de, predmetiň, şu kontekstde oglanjygyň ýasalan materialyna, onuň beden barlygyna, ýaşaýyş obrazyna, iň esasy-da onuň hereket edýän dünýäsi bilen arabaglanyşygyna dahylly informasiýany özünde saklaýar. Galyberse-de, glina – palçyk däl ahbetin. Palçyk toýundan başga-da, çäge, sement, gömge, toprak, hatda gips materiallaryndan hem bolup biler. Ine, N.Halowyň «Toýundan ýasalan oglanjyk» diýen terjime warianty. Bu ýerde, megerem, gürrüň «ýasalan» sözünde jemlener. Eger gürrüň janly oglan däl-de, gurjak barada bolanlygynda, şeýle terjime kanagatlandyrman hem duranok. Sebäbi ýasamak funksiýasy jansyz predmete degişli aýratynlyk. Ýöne adamyň jansyz göwresi däl-de, janly göwre hakda aýdanyňda, ýasamak däl-de, ýaratmak has göwnejaý bolýar. Biziň öňden gelýän dünýägaraýşymyza, aňymyzyň durnukly bir zada öwrülen modellerine laýyklykda, ýaratmak – munuň özi formany tapmak däl-de, oňa jan bermek, dem bermek. Ene-ata perzendi ýasaýar, ony ýaradýan weli Allatagala. Her bir diliň intellektual medeniýeti onuň leksiki hem grammatiki taýdan normalaşanlygynda, bir sözüň ýerine başga bir, hatda oňa juda ýakyn sözi-de ulanyp bolmaýanlygynda görünýär. Türkmen dilinde ýaratmak işligi diňe Hudaýyň ady bilen baglanyşyklylykda, diňe şonuň gudraty manysynda gelýär. Soňky döwürde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda medisina, geologiýa, biologiýa boýunça barlaglar geçirilip, onda Gurhanda adamyň toprakdan ýaradylandygy baradaky pikiriň hakykatdygy tekrarlandy, adamyň ewolýusiýa arkaly maýmyndan emele gelendigini öňe sürýän darwinçilik pikir paş edildi, «Toprakda ýaşaýyş bar. Gurhanyň Rahman süresiniň 14-nji aýatynda ynsanyň bişen laý ýaly gury palçykdan ýaradylandygyny mälim edip, bu hakykaty Rum süresiniň 20-nji, Imranyň öýi süresiniň 59-njy we Engam süresiniň 2-nji aýatlarynda gaýtalamak bilen adamyň toprakdan ýasalandygy aýdylýar. Häzirki zamanyň ösen ylmynyň soňky subutnamalaryna görä, adamyň bedeninde topragyň düzümindäki elementleriň bardygyny we bedeniň kömür, kislorod, fosfor, kükürt, azot, kalsiý, magnit, demir, mis, ýod, ftor, kobalt, sink, kremniý, alýumin ýaly maddalardan emele gelendigini bilýäris. Bular bolsa topragy emele getirýän zatlardyr. Akmyrat, ine, şu zatlary göz öňünde tutýar. Şonuň üçinem powestiň ady «Toýundan ýaradylan oglan» bolmaly diýip pikir edýärin. Biz adamyň ýaradylmagy diýen filosofik meselä geldik. Powestiň özi, onuň çeper mazmuny, awtoryň aňynyň işleýiş ugry şol meselä getirýär. Umuman, powestiň çeper mazmunynda iki hili gatlak, iki sany plast bar: birinji mifologik gatlak, ikinji realistik gatlak. Şu iki gatlak sepleşibem özboluşly poetiki tärleri kemala getirýär. Powestiň çeper barlygyna şu hili nukdaýnazardan çemeleşmeseň, onuň gözellik dünýäsine düşünmek mümkin däl. Umuman-a, biziň okyjy aňymyzyň ram eden talaplary bilen «Toýundan ýaradylan oglan» powestine ýüzlenmegiň asla manysy ýok. Biz adatça, proza eserinden moral ýa sap filosofik manyly ideýa garaşýarys, öz beýnimiziň öwrenişen sýužetlerini, konfliktlerini, biziň öz düşünjämizdäki obrazlary gözleýäris. Öz suwara bolan çeper dilimizi, stilistik tärlerimizi tapmaga çalyşýarys. Akmyradyň döredijiliginde bolsa bu zatlaryň hiçisi hem ýok, onuň eserleri özge estetiki dilde, başga gözellik hem çeperçilik kanunlary boýunça ýazylan. Onsoň biziň okyjymyz onuň ýazanlaryny eline alanda, nätanyş dilde nätanyş elipbiýde ýazylan bir zada duşan ýaly kürtdürip duruberýär. Özüne zor salyp, ahyryna çenli okap çykanda-da, iň soňunda howa gysymlan ýaly eline zat ilenok. Ilki bilen, sýužet-kompozisiýa meselesindäki okyjy tamasy çykanok. Bu ýerde ne eser klassyky kompozision prinsiplerde guralýar, ne-de onuň konfliktde, dartgynlylyga esaslanýan, belli bir ýerde düwülip, belli bir ýerde-de çözülýän sýužet liniýasy bar. Oňa derek hersi özbaşyna hekaýa diýen ýaly «düşnüksiz» bölek-büçeklik. Bu eserlerde belli bir formulirowka getirip bolýan tematiki özen hem ýok, ýazyjy pylan hili ideýany öňe sürüpdir diýmäge esas berýän logiki pikir ýöretme ýa pikir çaknyşdyrma ýa-da pikir ýanaşdyrma-da ýok. Galyberse-de, munda her hili ideal, asylly gylyk-häsiýetlerden doly, asylly maksatlardan «et-gan» edinen «göze doly» obrazlar hem ýok. Onsoňam uzyndan uzyn süýji sözlemler, ýakymly dilem ýok. Ýöne bularyň baryna derek çeper eseriň täze strukturasy bar. Ol struktura köp gatlakdan durýar. Şol köpgatlaklylygyň emele gelmeginde täze prozanyň many taýdan konsentrirlenen, tymsal pisint dili uly rol oýnaýar. Bu ýerde şüweleňli akýan dil ýok. Her bir sözlem, jümle özboluşly barlyga eýe, onsoň ondan estetiki lezzet aljak bolsaň, kelläňe agram bermeli, köpräk dümtünmeli bolýar. «Toýundan ýaradylan oglanjygyň» strukturasy şeýle: her bir bölüm özboluşly, gytarnykly sýužetli hekaýa-tymsal bolup durýar. Şol bir wagtda-da olar bir-biri bilen içki taýdan baglanyşykly. Ýöne islendik baglanyşyk üçin zatlary hem dürli taraplary, hadysalary baglanyşdyrýan element gerek bolýar. Şol element hem özen dörediji, düýbi, esasy emele getiriji sebäp bolup çykyş edýär. Oňa daýanç nokady hem diýilýär. «Maňa daýanç nokadyny beriň, men Ýeri çepbe çöwüreýin» diýen ganatly sözleri sowet edebiýatynda örän kän gezekler eşidipdik. Daýanç nokady, özen diňe bir janly ýaşaýşy çepbe çöwürmek üçin däl, eýsem islendik özboluşly hem özbaşyna bir ýaşaýyş formasyny amal etmek üçin has zerurdyr. Akmyradyň gürrüňi edilýän powestiniň estetiki diliniň ýa-da proza diliniň şol özen dörediji elementi – munuň özi «toýundyr». Biz eseriň lingwistik diliniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutamzok. Bu ýerde «toýun» proza sungatynyň diliniň hadysasy hökmünde düşünilýär. Nämüçin ýazyjy hut şuny öz eserine özen dörediji element hökmünde alypdyr? Sebäbi şunuň üsti bilen powestiň barlygynyň iki gatlagy bolan mifologiki gatlak bilen milli realistik gatlagyny bir ýere çatyp, olary bir estetiki bütewilige öwrüp bolýar. Başgaça aýdanyňda, şol bir wagtyň özünde hem dünýä okyjysy, hem türkmen okyjysy üçin düşnükli bir çeper, sungat dilinde durmuş hakda özboluşly sözläp bolýar. Akmyrat öz ýazgy depderlerinde «Meniň edebi pozisiýam» diýen sözbaşy astynda özüniň edebiýatyň dürli meselelerine gatnaşygyny beýan edipdir. Şol ýerde ol edebiýatyň tematiki ugry hem özüniň bu meselä garaýşy barada şeýle ýazýar: «Iskorenit ponýatiýe «tematizma» iz literatury na «raboçuýu tematiku», oçerk o raboçem i tak daleýe. Mne sowerşenno bezrazliçno, kto kem rabotaýet. No mne ýest delo, çto soboý predstawlýaýet çelowek. S kakih por my po professii stali sugit o lýudýah? Ýesli už temy, to wot oni: o žizni i smerti, o duhownosti, o smysle žizni, o sçastýe, lýubwi, stradaniýah, sowesti, boli, boge, o çuwstwe winy, udowletworeniýe ot swoýego truda, i to e, kotoryýe rabotaýut tworçeski. Dlýa ostalnyh – eto wremýa, nepriýatnaýa obýazannost, sredstwo dlýa suşşestwowaniýa. Wdwoýne budet nepriýatno çitat ob etom priukraşennuýu lož». Şu sözlemleriň, şu pikiriň 80-nji ýyllaryň başynda aýdylanlygyny ýada salsaň, Akmyradyň edebi ösüşiň nähili belentliginde bolanlygyna düşünmek kyn däl. Diýmek, ol ölüm hem ömür, ruhuň ýaşaýşy, ömrüň manysy, bagt, söýgi, ruhy güzaplar, ynsap, ejir, Hudaý, günä duýgusy ýaly baky temalardan eser döretmegi özüne parz hem mynasyp bilýär. Umumylaşdyryp aýdanyňda, onuň tutuş dödedijiliginiň temasy-da şolardyr. Adam ömrüniň manysy hakda ýazmak üçin Akmyrat mifologiýanyň dilini saýlap alypdyr. Özüniň çagalyk durmuşynyň üýtgeşik taraplaryny adamyň toýundan ýaradylyşy baradaky mifiň dili bilen beýan etmegiň juda amatlydygyny ýazyjy oňat aňlapdyr. Hakyky edebiýatyň dili simwoliki ýa metaforiki iki gatlaklylyk emele gelende döreýär, çünki bir gatlakly dil entek estetiki hadysa öwrülip bilmeýär. Adamyň çeper eseri kabul ediş ukyby şeýle gurnalýar: diňe iki gatlak, aýlawlylyk, başgaça aýdylanda, dürli tipdäki obrazlylyk adamyň kalbyna lezzet berýär hem onuň beýnisini iýmitlendirýär. Adamyň toýundan ýaradylyşy baradaky mifler Orta hem Ýakyn Gündogarda örän gadym wagtlarda döräpdir. Musulmançylygyň mukaddes kitaby Kuranda şol mif şeýle görnüşde getirilýär. 3-nji süräniň 59-njy aýatynda şeýle setirleri okaýarys: «Elbetde, Isanyň (atasyz dogulmagynyň) mysaly Allanyň alnynda edil Adamyň mysaly ýaly bolup, ony toprakdan ýaradyp, soňra «Bol» diýýär. Bes, ol (janly adam) boldy». Görnüşi ýaly, Isa pygamberiň ýaradylyşy-da toprak bilen baglanyşdyrylýar. 7-nji «Syrat» süresiniň 12-nji aýatynda Hudaý bilen Iblisiň özara gürrüňinde-de Adamyň ýaradylyşynyň syry berlipdir: «(Alla) diýdi: «Saňa buýran wagtymda, sežde etmäge näme saňa päsgel berdi?» Ol: «Men ondan (Adamdan) ýagşyrakdyryn. Meni otdan, ony bolsa palçykdan ýaratdyň» diýdi». Gwatemalaly dünýä belli ýazyjy Migel Anhel Asturiasyň döredijiligi bilen yzygiderli gyzyklanýaryn, sünki onuň eserlerinde Akmyradyň ruhuna ýakynlyk duýýaryn. (Men bu ýazyjynyň döredijiliginde Amerika göçüp giden Oguz han neslimiziň ruhuny duýýaryn). Asturias eserlerine indeýleriň mifologiýasyny özen edip alýar. Ýazyjy «Mekgejöwen adamlary» romanynda Allatagalanyň adamy üç gezek ýaratmaga synanyşygy – birinji gezek toýundan, ikinji gezek agaçdan, üçünji gezek mekgejöwenden ýaradandygy hakdaky mifi Gaspar Ilomyň obrazynyň üsti bilen beýan edýär. Şeýle mifler has gadymy döwürlerde-de bar eken. Ýer ýüzünde iň gadymy siwilizasiýa hasaplanýan sumer-akkad siwilizasiýasyndan galan rowaýatlarda adamlaryň jübüt-jübütden toýun statuýajyklar görnüşinde ýaradylandygy baradaky maglumatlar bar. Ýöne toýun figuralar entek işiň diňe ýarysy, olar jansyz. Onsoň Allatagala özüniň demi bilen olara jan beripdir, şol köne miflerden görnüşi ýaly, Hudaý jany adamlaryň göbeginden salanmyşyn. Gadymy ýewreý dilinde «adam» sözüniň «toprak» ýa-da «gyzyl toprak» diýen manyny aňladandygyny alymlar ýazýarlar. Bu pikiri ýazyjy, Akmyradyň ruhdaşy A. Gowberg tekrarlamagy gowy görerdi. Ondan has soňraky siwilizasiýa degişli bolan latyn dilindäki adam – poto sözi-de «piti» – toprak sözündenmişin. Şeýlelikde, Akmyrat Şir toýunly mifi öz eserine estetiki düşek edip almak bilen birnäçe çeperçilik maksatlary öz öňünde goýýar: birinjiden, ol hemmelere düşnükli boljak estetiki dili saýlap alýar, ikinjiden, eseriň çeperçilik ulgamyny, daýanç nokadyny – eseri ýöntemlikden halas etjek özeni edinýär. Üçünjiden bolsa, şol esasda powestiň filosofiýasy kemala gelýär. Şonuň üçinem «toýun» öz üstünde eseriň ähli iýerarhiki many gatlagyny gurnaýan birlige öwrülýär. Onsoň powestiň söz düşeginde şol sözüň nähili röwüşlere girýändigini, nähili kontekstlerde ýaşaýandygyny yzarlap bilseň, eseriň şeýle okanyňda göze görünmeýän ikinji gatlagy – filosofik hem çeperçilik umumylaşdyryjy manylar gatlagy açylyp gidýär. Munuň özi powestiň içki manysyny açmagyň özboluşly açarydyr – kodudyr. Tas awtobiografik häsiýetli, ýekeje adamyň durmuşynyň – çagalygynyň beýany bolan sahypalar, umuman, adamzadyň ýaşaýşyny filosofik teswirleýji faktora öwrülýär. Hawa, toýun Akmyradyň türkmen durmuşynyň aýratynlyklary babatda eden çeperçilik açyşydyr. Amyderýa, Lebap topragynyň geografik faktory, fiziki ýaşaýşyň faktory türkmen ruhy ýaşaýşynyň belli bir döwürdäki ruhy faktorlaryny çeperçilik taýdan açyp görkezmegiň serişdesine öwrülýär. «Toýunyň» özene geçmegi bilen powestiň dili – sözlemler many taýdan konsentrirlenen simwoliki plasta öwrülýär. Proza sungat hökmünde many agramlylygy, şahyranalygy, adamyň estetiki duýgusyna birbada täsir edişi, emosionallygy boýunça poeziýa ýakynlaşýar. Ine, powestiň içki barlygynyň kody bolan «açarly» ýerlerinden mysal: «Enem meniň göbegimi kesdi. Men göbek ganymyň daman ýerini gördüm. Ol ýüzi garynja yzlary bilen «keşdelenen» yzgarly çägä, boýranyň gyrasyna, gamşa döküldi. Ganym topraga siňdi, garaja tegmil galdy. Bu meniň göbek ganymyň daman ýeri, meniň üçin mukaddes ýer. Men ýer ýüzüne gelip, oňa ilki bilen ganymy dökdüm». «Enem meniň göbegimi pugta daňyp, gazanyň garasyny çaldy. Göbegimiň kesilen bölegi bilen ýatan haltajygymy legene salyp, öýden uzagrakda, ýere gömdüler…» «Men özümiň göbegimdir «öýümiň» itiň öňüne oklanaýmandygyny ýagşylyga ýordum». «Ýerde toprakdan başga suwam bar eken». «Gamyş tokaýlygyny ikä bölüp geçýän torç bolan ýoda bilen biri-birimiziň söbügimize basyp, derýanyň güwwüldisiniň eşidilýän tarapyna ýöräp barýarys». «Darajyk köçeler, beýik-beýik haýatlar, kiçijik ýaplar, ýeleksypat derekler, çogdam-çogdam bolup oturan gargy gamyşlar, çaň basan tutlar…» «Biziň howlymyz birneme çolardy. Ýogsam, biziň özümiziň gohumyzam bir howla ýeterçe bardy. Biziň howlymyz köçäniň gyrasynda. Şonuň üçinem işigimiz hemişe tozan. Ejem syryp-süpürip, suwlap ýadaýar. Barybir, howlymyza, içerimize tozan ýagyp dur». «Jigilerim bir elleri bilen toýun iýýärler, beýleki elleri bilen suwa gamyş zyňýardylar». Mysal getirilen böleklerde türkmen tebigatynyň hem durmuşynyň ekzotikasynyň çäklerinde galýan pursatlar hem bar, şol bir wagtda-da türkmen ruhunyň özboluşlylygyny görkezip, powestiň many oňurgasyny düzýän, şeýdibem, simwolika derejesine ýetýän pursatlaram bar. Obasyndan gaty daşda – Leningradda ýaşaýan Akmyrat öz çagalygynyň türkmen reallygynyň «dilini» – toýuny oňat tapypdyr, ony dünýä mifiki aňynyň dili bilen sepleşdirmäniň hötdesinden gelip bilipdir. Mifologiýanyň diliniň bolsa bir artykmaçlygy bar – ol real dünýäni beýan edende, ýazyjynyň zehininiň güýçlüligine baglylykda gatlak-gatlak bolup gidip otyr. Mifologiýa bilen deňeşdireniňde, aňyň beýleki formalarynyň gatlaklanmak ukyby, ýagny has köp manyny özüne siňdirmek ukyby çäklidir. Powestde awtoryň «toýun» bilen baglanyşykly çeperçilik «oýunlary» az däl. Powestiň içki semantikasynda «glina», «glinýanyý», «pylnyýe tuty», «pylnaýa doroga», «glinobitnyýe doma», «zemlýanoý pol» ýaly semantiki hatar ýaşaýar. Munuň özi eseriň içki many özenini düzýär. Powestiň diliniň terjimesi hakda ýene kelam agyz. Eseriň iň soňky hekaýasy bolan «Otkroweniýe» bölümini terjimeçi «Açyş» diýip terjime edipdir. Emma otkroweniýe däl-de, otkrytiýe açyş bolýar. Şonuň üçinem bu bölüm «ylham» diýlip atlandyrylmaly eken. Sebäbi otkroweniýe – birden hakykatyň açylmagydyr. Ýöne meniň aýtjak bolýan esasy zadym bu däl, ýogsa beýleki bölümleriň atlandyrylyşy hakda-da häzirkisinden uzagrak gürrüň etse bolardy. «Ylham» bölüminde «Tak prodolžalos dolgo, poka ýa ne zabolel» diýen sözlem bar. Originalyň şol sözlemini terjimede «Tä näsaglaýançam şu ahwal dowam etdi» diýen görnüşde okaýarys. «Terjimäniň şeýle görnüşi terjimeçiniň awtoryň pikir uşlybynyň nirä barýandygyna, tekstiň ýüzünde däl, onuň astynda nämeleri nygtaýandygyna düşünmändigini görkezýär. Gahrymana ylham inýär. Eseriň diliniň şahyranalygy, romantiki mazmunynyň konsentrasiýasy ýetjek derejesine ýetýär. Şonuň üçinem fiziki däl-de, dünýä akyl ýetiriş ýollarynda kalbyň güzabyna uçran oglanjygyň ruhy ahwalatyny başgaça bermeli. Biziň edebiýatymyzda, onda-da poeziýamyzda şol ahwalatlary beýan edýän durnukly dil modelleri öň emele gelen ahbetin. Melesem, klassyky edebiýatdan: Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagynda Ne beladyr, kimse çeker bu derdi. Häzirki türkmen poeziýasyndan: Gülüň ysgap, yşk derdine uçradym. Iki mysalda-da erotiki yşk hakynda gürrüň gidenok. Gürrüň dünýäň gözelliginiň, ruhuň gözelliginiň maýyly bolup, yşka uçramak hakda barýar. Gözelligiň, manynyň pidasy bolmak bolsa «näsaglamak» däl-de, «derde uçramak» bolýar. Şol sebäpden şol sözlemiň terjimesi iň bolmanda «derde uçraýançam, şu ahwalat dowam etdi» – görnüşde bolmaly. Beý diýip üýtgetmek bolsa kanuny suratda powestiň ähli beýleki ýerleriniňem degişlilikde başgaça terjime edilmegine getirerdi. Ýöne powestiň semantiki merkezi bolan ýigrimi ikinji hekaýata – «Toýundan ýaradylan oglanjyk» bölümine geleliň. «Men salkyn, alagaraňky tama girdim. Pagsa jaýlaryň içi tomus salkyn, gyşyna-da ýyly bolýar. Kiçijik äpişgeden gün şöhlesi düşýär. Men tumboçkany açyp, kakamyň geýimlerini aldym. Men birinji gezek kakamyň geýimleriniň ysyny duýdum. Men haýran galdym, meniň geýimlerimiňem şuňa meňzeş ysy bardy. Toýnuň ysy eýwana çykdy… Maňa öz geýimlerimdenem kakamyň geýimlerindäki ýaly ysyň gelmegi ýaramady. Men alada galdym. Ejeme aýtdym. Ejem: «Eýsem näme?» diýdi. – Ine, bir wagt uly adam bolarsyň, seniňem ogluň bolar, ondanam şunuň ýaly ys geler». «Toýundan ýaradylan oglan, kirşen siňen agaçlar, kirşenli ýollar, toýun adamlar, toýundan nesiller, toýundan däp-dessurlar — maýyşgaklykdan, çeýelikden nam-nyşan ýok. Toýundan pikirler – formasyny üýtgedip bolmaýar, diňe döwüp bolýar. Türkmen ruhunyň toýun asyry. Powestiň bir örän artykmaç tarapy – ol islendik hakyky çeper eser ýaly okyjynyň aňynda sansyz, şol aňyň mümkinçiliklerine görä, örän köp assosiasiýalary döredýär. «Toýun» bilen baglanyşyklylykda ýazyjynyň pikirleniş stili, surat çekiş stili mende iki sany degişli assosiasiýa döredýär: Birinjiden, diňe Baky däl, eseriň ähli gahrymanlary toýundan edilen ýaly görnüşde aňymda janlandy, birhili toýundan figuralar ýaly, birhili skulpturanyň özboluşly bir ugry, stili ýaly-da. Dogrudanam, eseriň içki çeperçilik atmosferasy, dünýäsi biziň aňymyzyň öwrenişen, gahrymanlaryň psihologiýasyny içginden-içgin açýan, dinamiki sungat bolan klassyky prozanyňky däl. Gaýtam, ol žiwopis ýa skulptura ýaly anyk bir sungata çalym edýär. Gahrymanlaryň daşky sypaty edil skulptura eserlerindäki ýaly reňksiz, şonuň üçinem ünsüň olaryň sypat, reňk, dil aýratynlyklaryna däl-de, belli-belli pursatda olaryň duýgularynyň birden ýüze çykyp gitmeginde jemlenýär. Asyl, olar adaty prozadaky epik gahrymanlaram däl, ýöne personažlar. Ikinjiden, powestiň süňňi mende piktografik* ýazgylar bilen meňzeşlik assosiasiýasyny döretdi. Bir element birgiden sýužeti aňladyp bilýär. Ses hem harp hakynda-ha gürrüň hem etmeli däl, söz, sözlem ýok, diňe aýry-aýry awtonom elementler bar. Powestiň dilinde-de biri-birine ýelmeşip barmaýan, birhili awtonom gysga sözlemler üzlem-saplamlyk täsirini döredýär. Bir adyň astyna alnan powest iş ýüzünde ýigrimi bäş sany aýry-aýry hekaýadan durýar. Süňňi toýundan bolan türkmen durmuşynyň piktografik ýazgysy onuň toýun sahypalaryny tutýar. Näme üçin ýigrimi bäş? Ýigrimi bäş ýaş durnukly söz düzümi, ol ýetişenligi, kämilligi alamatlandyrýar. Powestiň gahrymany Baky kämilleşýär. Adamyň toýundan ýaradylanlygyny türkmen bu günki gün dünýä mifologiýasyny okap bilmeli däl. Ol mif biziň milli aňymyzyň jümmüşinde ýaşap ýör. Diňe bir milli durmuşyň, tebigatyň ekzotikasyny däl, eýsem onuň ruhy dünýägaraýşynyň, aň barlygynyň özboluşlylygyny görkezýäni üçinem Akmyrat toýunly rowaýaty öz powestine özen edip alypdyr. *Piktografiýa – toýun gaplaryň ýüzünde suratlar bilen, dürli-dürli şekiller bilen ýazylan hatyň görnüşi. «Enem meniň nireden peýda boldum diýen soragyma, Allatagala seni toýundan ýasap, jan beripdir-de, gurasyn diýip ýabyň boýunda goýupdyr. Ejeň bilen kakaňam alyp gaýdypdyrlar diýip jogap berdi». Powestiň ady ine, şu sözlemden döreýär. Wagt taýyndan alanyňda, şu sözlemiň özi eseriň başlanýan ýeri bolmaly. Şonuň üçinem bizem onuň çeper – filosofik analizini-de şondan başladyk. Ýöne eserde iki sany wagt bar – gürrüňini edýänimiz toýun bilen baglanyşykly mifiki wagt, beýlekisi bolsa durmuşy wagt. Şoňa laýyklykda iki hili – mifiki hem real giňişlik-de bar. Şeýle bolansoň gahrymanlar hem degişlilikde birnäçe kategoriýa bölünýärler: real wagtdyr giňişligiň çäginde ýaşaýanlar hem-de mifiki wagtyň çäginde ýaşaýanlar. Birinji topar gahrymanlara powestiň ähli personažlary diýen ýaly girýär. Ikinji topara bolsa Işankul däli, jynlar degişli. Emma gahrymanyň üçünji bir tipi – mifiki, real wagtyň içinde ýaşaýany hem, asyl öz aňy wagtyň çäklerinden daşarda ýaşaýany hem bar. Ol – powestiň baş gahrymany Bakydyr. Iki wagtyň gabat gelmegi-de powestiň kompozision gutarnyklylygynyň içki logiki sebäbi bolup durýar: «Men özümde bir zadyň kemala gelýändigini duýýardym. Basym meniň ömrümi, durmuşymy özgertjek bir zat bolup geçmelidi. Ol meniň ruhumy görülmedik bir dünýä alyp gitjek güýç bolmalydy. Durmuş meni mundan beýläk özüniň küýze ýasaýan çarhynda pyrlap, bir zatlar ýasar-da, soňam bişirmek üçin tamdyryna ugradar». Çagalyk tamamlandy, çagalygyň mifleri-de gutardy. Öňde – oglanlygyň mifiki döwri ýatyr. Bakynyň çagalykdan oglanlygyna geçmeginiň sebäbi – onuň derde uçrap, şol dertdenem aýňalmagy. Derdiň sebäbi bolsa – oglanjygyň ölüm hakyndaky oýlanmalary, ýok, dogrusy, ölümi öz çaga mifologik aňyna lýyklykda, mistiki reallyk, birhili substansiýa hökmünde duýup, syzyp başlamagy. Ölümiň reallygyna düşüp bilmek – adamzadyň fiziologik hem ruhy ösüşinde – munuň özi haýwanlykdan saýlanmakdyr. Gurhanda Adam ata bilen How enäniň jennetiň gadagan edilen bugdaýyny iýenlerinden soň, şobada özleriniň ýalaňaçdygyna gözi düşendigi barada aýdylýar. Ýagny, adam öz-özüne akyl ýetirip ugraýar, ol mifiki wagtyň çäginden çykyp, real wagta geçýär hem haçandyr bir pursat bu wagtyň gutarjakdygyna, ýagny öz başynyň ölümdigine akyl ýetirýär. Bakynyň kalbyna inen ylham şu hili mifiki näwagtlykdan fiziki wagtyň çäklerine geçilmegi bilen baglanyşyklydyr. «Ölüm gizlenýändir öýdýärdim. Ölümiň hyýaly men uka gidemsoň krowatyň aşagyndan çykageden, meni alyp gitmekdi. Meniň ol ýerde hiç kimiň ýokdugyna akylym çatmaýardy, ýöne tä çyrany ýakyp hiç zadyň ýokdugyna gözümi ýetirýänçäm, gözüme uky gelmezdi. Hiç kimiň ýokdugyny görübem men ölüm hakda oýlanýardym. Bu eýýäm gorky däldi. Bu ýagty hem arassalaýjy agyrydy. Men özümiň öljegime gynanamokdym, hemmeleri goýup, soň olara näme bolandygyny bilip bilmejekdigime gynanýardym. Ejem, kakam, jigilerim mensiz nähili ýaşarlar?». Adamyň ruhy-psihologik ösüşi şeýle eken: ilki ölüm duýgusy döreýär, soň ol duýgy ölüm düşünjesine ösüp geçýär. Ölüm düşünjesini edinen adam, wagtyň çäginden aňryk boýnuny uzadyp görmek isleýär. Dert açylansoň, täze zaman başlaýar. Içinde biologiki jany bolan toýuna indi ruhy jan girdi… * * * Üç sany terjimehal powest bitewi bir zada öwrülip, «Syrnama» romany bolmaly eken. Aleksandr Gowberg: «Baka bagyşlanan powestleri Akmyrat uly romanyň bölekleri hasaplaýardy. Şol romany «Syrnama» diýip atlandyrjakdy. Onda diňe oýlanyp tapylan iň soňky bap bolmalydy». Kakajan Aşyr: «… Men Moskwa ugrajak bolanymda Akmyrat Muhammet Söýünhanow bilen «Älem ruhy» atly çeper film döretjek bolup ýörendigini, «Syrnama» atly roman ýazýandygyny gürrüň beripdi». Gündogar edebiýatynda nama ýazmak däbi, dürli nama žanrlary bolupdyr. Şol namalaryň bir formasy bolan «Şanama» hem onuň awtory hakynda Akmyradyň gaty täsin, original, batyrgaý pikiri bar eken. Men onuň pikirini özünden eşitmedim. Ýazgylary bilen tanşyp, göz ýetirdim. Ine, onuň «Ýazyjylara garşy pikirlerinden» bir abzas: «Lew Tolstoý – ograniçennyý. Awtor «Şah-name» gorazdo wyşe stoit, çem awtor «Woýny i mira». Al, saňa gerek bolsa! Başga bir originalsyrajak bolýan biri aýdanlygynda, men bu pikire gulagam gabartmazdym. Ýöne Akmyradyň änigine-şänegine ýetmän, göze ilmäniň hatyrasyna, hiç zat aýtmajagyny men gaty oňat bilýärin. Eger tutuş roman awtoryň özi tarapyndan «nama» diýlip atlandyrylan bolsa, näme üçin onuň bölekleri, iň bolmanda, türkmençe terjimesinde şol söz bilen kesgitlenilmeli däl?! Meselem: «Glinýanyý malçik» – «Toýunnama», «Sad newedeniýa» – «Behiştnama», «Mariam i Baky» – «Yşknama». Bolanokmy? Juda bolmanda, rusça atlarynyň terjimesiniň aşagynda, powestleriň ikinji ady ýa-da olaryň žanr aýratynlygyny kesgitleýji bir ölçeg hökmünde görkezseň-ä bolardy. * * * Akmyrat Şire şahsyýet hökmünde, ýazyjy hökmünde wagtyň çäginden çykmak, öz psihiki birligini ikä bölüp, öz-özüne gapdaldan, öňden ýa yzdan syn etmek ukyby berlipdir. Munuň özi Akmyradyň çeperçilik aňynyň esasy, özem artykmaç aýratynlygynyň biridir. Dünýä edebiýatynda meniň okan ýazyjylarymyň içinde şeýle ukyba eýe bolanlardan iň öňe saýlanýany G.G.Markes. Degişli çeper şertlilige «mifologik realizm» ýa-da «magiki realizm» diýýärler, meniňçe, soňky kesgitleme şol täsin estetiki hadysany has oňat özüne siňdiripdir. Munda okyjy hem-ä akylyň, hem tebigatyň kanunlary boýunça asla anyk däl hadysalary görýär, şol bir wagtda-da ýazyjynyň çeper dünýäni döretmek ukybynyň nähilidir birhili hökmürowan täsiri astynda şol wakalary ynanmaga mejbur bolýar. Ýazyjynyň çeper talanty logiki güýje, jadyly güýje eýe bolýar. Okyjy pahyr mynasyp däl ýigidine göwün beren gyzy ýada salýar: gyz hem-ä oglanyň mynasyp däldigini görýär, gördügiçe-de, ýüregi ony şol oglana tarap itekleýär. Şeýle halatda durmuşda türkmençilikde «dogalanypdyr» diýilýär. Türkmençiligiň termini bilen aýdanyňda, «doga» realizminiň käbir pursatlary Akmyradyň eserlerinde-de köp duş gelýär. «Gündeliklerinde-de» käbir şeýle täsinlikler bar: «Mne dwadsat şest. Etot wozrast mne byl uže izwesten». «Toýundan ýaradylan oglan» powestinde «dogaly» sahypalary okap, ýazyjynyň talantynyň köpgyraňlylygyna oňat akyl ýetirýärsiň: «Ejem göwrelidi. Iki gün bäri azap baryny görýär. Sebäpkäri men. Meniň basymrak ýagty jahany göresim gelýär. Men onsuzam onuň ak teniniň, ýuka setin köýneginiň aňyrsyndan bar zady görüp ýatyryn. Biziň ýüreklerimiz gürsüldeýärdi, hamana ikimiziň ýüregimiz badaşýan ýaly, des-deň urýarlar. Ýüregim hamana, ondan aýrylsam, azap görjegimi, janyma jaý tapmajagymy, gonara ýurt tapman, ser-sepil boljagymy bilýän ýaly urunýar». «Gije hasam gorkunç, gözedürtme garaňky. Tuduň aşagynda daranyp oturan şaýly gelniň ýa wagşy haýwanlaryň gözleriniň ýylpyldysy bolaýmasa, başga yşyk ýok». Entek dogulmadyk çaganyň aňynyň ýokdugyny, gözleriniň daşky dünýäni görmeýändigini, onda islemek-islemezlik ýaly instinktiw duýgynyň entek döremänligini gaty oňat bilýäris. Şoňa garamazdan, ýokarky setirleri okap, hiç kim seňrigini ýygranok, «bu nähili beýle bolýar-aý?» diýen pikir hiç kimiň kellesinde peýda bolanok. Sebäbi ýazyjy estetiki kanunlaryň çäginde çypdyrýar. Durmuşdakydan tapawutlylykda ýazyjynyň sözleriniň owadanlygy – estetiki manyda owadanlygy olaryň çypdyrmadygynyň üstüni basyrýar. Sebäbi ol zyýansyz, has dogrusy, peýdaly çypdyrma. Sungat üçin bolýan zadyň hökmanlygyndan bolaýjak zadyň mümkinçiligi has ileridir, ezizdir. Sungatda şertlilik hakykylyk bilen deň hukukly zatdyr. Diňe hemmä belli «dogryny» aýdyp, ýagny çeperçilik manysynda çypdyrman, edebiýata, adamyň estetiki dünýäsine täzelik getiren ýazyjy-şahyr ýokdur. Aňymda berk orun alan şeýle pikir bar: edebiýatda öz sözüňi aýtmak – munuň özi özüňden öňkülerden tapawutlylykda has özboluşly, täzeçe, has owadan çypdyrmakdyr. Akmyradyň kakasy Şir aga çaý içip otyrka şeýle bir nakyl aýtdy. Ol nakyly, belki, Şir aganyň özi döredendir, belki-de, Hojambaz töwerekde öňden aýdylyp gelinýän pähimdir, bilmedim. Ýöne, men-ä ony ilkinji gezek eşitdim. «Ýalan çynyň berçinidir». Akmyrat bu pähime onçakly üns bermedi, sebäp ol bu pähimi öň eşidenligi üçindir. Eser ýazanda onuň şu pähimden ugur alandygyna güwä geçip biljek. Meniň bu nakyl bilen biçak gyzyklanmamy gören Şir aga sözüniň üstüni ýetirdi: – Sap altyny hiç bir zada peýdalanyp bilmersiň. Ondan bir zat ýasajak bolsaň, ol döwüler-pytrar durar. Goşmalyja garyndysyny goşaňsoň welin, ol seniň hyzmatyňdadyr. Gulakhalka ýasan, diş goýdur, näme etseň bolar durar. Çyn – altyndyr, ýalan – onuň garyndysy. Eger şol garyndy bolmasa, altyn altyn däldir. Kitabyň hem gerekli «garyndysy» – ýalany bolmasa, ol hakyky kitap däldir. – Hakyky ýazyjy-ha siz ekeniňiz, Şir aga – diýip, Nobatguly galkyndy. – Käte Akmyrat üýtgeşik bir pikir aýdýar welin, şol pikirem, ýalňyşmasam, siziňki bolmaly. – Men, Nobatguly, ýegenim Nyýazmyradyňam, Akmyradyňam ýazan zatlaryny okaýan. Ikisine-de aýdýan sözüm bir: durmuşdaky bolup ýören zatlary okamak üçin men elime kitap alman. Kim maňa çypdyrmasyny ynandyryp bilse, ana men şol ýazyja hormat goýjak, kitaplaryny okajak. Sizem kitaplaryňyzy maňa okatjak bolsaňyz, ýalan sözüňize meni ynandyryň diýýän. Men dogry aýdypdyryn gerek? – Bize ýalan sözlemäň, Muhammet pygamberiň iň ýigrenýän adamy ýalançy kişiler eken diýýäň-ä – diýip, Akmyradyň inisi Çary gürrüňe goşuldy. Şir aga sözünde tutulana meňzänok. – Ýalan sözlemäň diýip, ony men size aýdýan, ýene aýdaryn. Akmyrada-da aýdaryn. Durmuşda ýalan sözlemeli däl. Durmuş bilen kitap aýry zat, aýry dünýä. O dünýä bu dünýäden ep-esli gyzykly. Ana, şonuň üçinem, men kitap okaýan, Kitap dünýäsiniň ýalanyna ynanýan, ondan maňa zyýan däl-de, peýda bar. Birmahalky Hojambaz topragynda bolan wakany ýatlamak bilen, meniň nygtamak isleýän zadym şu: ýazyjylar eser döretmekçi bolanlarynda Şir aganyň: – Ýalan çynyň berçinidir diýen pähiminden ugur alsalar, diňe utuş gazanarlar diýip, berk ynanýaryn. Özümiň-ä döredijilik kredom şu pähim. Hudaýdan dilegim: Döredijilikde ýalan bilen iş salyşsak hem, durmuşda iş salyşmaly bolmasyn! * * * Akmyradyň dünýä inmezden öňki ahwalatyny, dünýä inişini beýan etmesi – estetiki nukdaýnazaryň önümi. Sap ylmy, psihologiki, empiriki tarapdan nazar salanyňda bolsa, ýazyjy «rola» girýär. Ýazyjy dünýä injek pursatyny beýan edende-de, rola girýär. Ol enesiniň göwresinde ýatan çagyndaky fiziologiki hadysany oýarmaga çalyşýar. Akmyradyň powestinde çeper çypdyrmanyň iň özboluşly, jüpüne düşen, ekzotiki görnüşi – powestdäki jynlaryň obrazlarydyr. Şeýle alanyňda, jynlar çeper eseriň gahrymanlary hökmünde hiç bir milli edebiýat üçinem, dünýä edebiýaty üçinem täzelik däl. Sebäbi Gündogaryň musulman halklarynyň folklorynda jyn näçe diýseň bar. Soňky döwürde-hä olar Günbatar edebiýatyna-da aralaşyp, gudurap, geň-enaýy hereketler edip ugrady. Meniň aýtjak bolýan zadym: Akmyrat bu «göwresiz» gahrymanlary türkmen psihologiýasyna, türkmen durmuşyna laýyklykda gaty oňat suratlandyryp bilipdir. Ylaýta-da powestiň «Gülli tam» bölümi çeperçilik nukdaýnazardan gaty şowly çykyp, ýazyjynyň bu obrazlaryň özboluşly tarapyny açandygyna şaýatlyk edýär. Jynlar edebiýatdan owal dini mifologiýada hereket edipdirler. «Jyn» yslamdan öňki arap taýpalarynda çöllerde, sähralarda, tokaýlarda ýaşaýan mahluklar saýylypdyr. Alymlaryň ýazmagyna görä, olar tüssesiz otdan ýaradylanmyşyn hem-de olaryň howadan ýa otdan bedeni bolarmyşyn… Ine, şu ýerde-de «Gülli tam» bölümi bilen baglanyşykly täsin bir fakty ýatlaýyn. Powestde ýazylyşyna görä, şol gülli tamda obanyň durmuşynda ilkinji gezek demir peç goýulýar. Demir peç bilen otagyň içinde tüssesiz ot ýakyp bolýar! Men Akmyrat şol epizody jynlar barada her hili ensiklopedik maglumatlary okap ýazandyr diýen pikirden müň menzil alysda. Gaýtam-a, megerem, ol tamly gürrüň hut anyk durmuşdan alnan awtobiografik waka bolmaly. Onda… onda bu taýda geň bir kanunalaýyklyk bar: adamlaryň durmuşy durşuna kanunalaýyklykdyr. Olaryň hereketleri, pikirleri, sözleri durşuna kanunalaýyklyk. Ýöne olaryň düşünjeli, göz öňüne tutup edýän kanunalaýyklyklary bar, şol bir wagtda-da olaryň özleri bilmezden, aňasty kanunlara eýerip edýän, şoňa garamazdan hakyt berk logikaly, täsin kanunalaýyklyklary bar. Bularyň hersiniň tebigaty başgaça. Zigmund Freýd ikinji kanunalaýyklyklaryň tebigatyny öwrenip, psihoanaliz diýen ylmy, has dogrusy, dünýägaraýşy döretdi. Ine, peçli «Gülli tamda» uklan adamlaryň aňynda gadymy ata-babalaryň jynly hakydasynyň oýanan, iň bolmanda, gozganan bolmagy mümkin… Ýöne Akmyrat jynlary mifologik personaž hökmünde däl-de, edebi-çeper personaž hökmünde suratlandyrýar. Mifologiýa bilen edebiýatyň arasynda bu meselede düýpli tapawut bar. Mifi döredýänem, diňleýänem ony doly reallyk hökmünde kabul edýär. Edebiýatda weli mifologik element bary-ýogy çeperçilik tär, «oýundyr». Şunuň bilen awtor öz gahrymanlaryndan tapawutlanýar. Jynlar awtoryň öz aňynda, ýagny onuň suratlandyrýan durmuşynda däl-de, şol durmuşdaky gahrymanlaryň aňynda ýaşaýarlar. Diýmek, bu ýerde mifologiýa çeper eseriň realizmine zeper ýetirenok-da, tersine, onuň realizmini güýçlendirýär, ýagny gahrymanlaryň içki dünýäsini bütin çylşyrymlylygynda görkezmäniň hötdesinden gelip bilen ýazyjy çeperçilik babatda uly utuş gazanypdyr. «Jynlar myhmanlary tä daň atýança horladylar, iň soňky demlerinde taşlap gitdiler. Kakam ir bilen gülli tamyň gapysyny açsa, myhmanlar gusuşyp-gaýtaryşyp, göz-gülban bolup ýatandyr». Eger awtor diňe öz aňyny, ýa diňe gahrymanlaryň aňyny suratlandyryp oňanlygynda, beýle estetiki täsir bolmazdy. Ol täsir iki aňyň aratapawudyndan, olaryň deňeşdirilip görülmesinden emele gelýär. Okyjy gahrymanlara-ha «wah, bi jynyň däl, aragyň işi» diýýär, awtora bolsa, «wah, olaryň aňynda jynlar ýaşaýar, özbaşyna aň hem edil fiziki giňişlik ýaly, reallyk ahyryn» diýýär. Şeýlelikde, jynlar – psihofiziki reallyk hökmünde adamlaryň ekiztaýy, olaryň antipody, olaryň şahsyýetleriniň kölegelenmegidir. Akmyrat Şiriň ýazyjy hökmünde dünýäni görşüniň «toýun», «jyn» tärlerinden başga ýene bir predmet – gamyş bar. Amyderýa boýlarynda, Lebapda – Gündogar Türkmenistanda fiziki-geografik reallygyň bir predmeti bolan gamyş Akmyrat üçin öz ruhy dünýäsini açmagyň täri bolup hyzmat edipdir. Akmyradyň «Ömrüň bir parçasy» atly goşgular ýygyndysy hakynda özbaşyna gürrüň etmek niýetim bar. Ýöne söz açan temam bilen baglanyşyklylykda onuň «Jynlar» diýen goşgusyndan şu setirleri getiresim gelýär: Sidýaşşiý w kresle ko mne spinoý, Wisýaşşiýe lohmotýa – eto ýa? Onpowernulsýa. Dwe morşiny pod glazami, Dwe morşiny nad glazami, bumažnyýe glaza – eto ýa? Wmesto ruk – palki, wmesto palsew – kamyşi, Perepletennyýe w sinowku – eto ýa? Toýundan adam. Gamyşdan adam. Dünýäni türkmençe görüş. Akmyratça görüş. * * * Ýokarda men powestiň semantiki süňňündäki bir gatlak – milli realiýalar gatlagy hakynda ýaňzydypdym, meniň ýene şol gürrüňe dolanasym, gürrüňi has aýdyňlaşdyrasym gelýär. Realiýalar – bir halkyň taryhyna, medeniýetine, rozygärine degişli predmetler, düşünjeler hem hadysalardyr. Olar başga bir halkyň durmuşynda gabat gelmeýär. Halkyň taryhy, medeniýeti hem gündelik durmuşy bolsa onuň ýaşaýan geografik sredasy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. «Toýundan ýaradylan oglan» powestiniň aýratynlyklaryna men biziň edebiýat jemgyýetçiligimiz, edebiýat ylmymyz üçin adaty bolan nukdaýnazardan hem garap bilerdim: temasy, gahrymanlaryň özboluşlylygy, diliniň çeperçiligi we şuňa meňzeşler we şu zeýilliler. Ýöne beýle lenji çykan gürrüň okyja näme berip biler. Akmyradyň ýagty ýadygärliginiň öňündäki parzymy bitirmäge näme goşant bolup biler?! Hiç hili! O zeýilli gürrüňler şeýle bir könelipdir, birem däl, indi bäş-alty aýlaw köneldimikä diýýärin. Hatda şolaryň könelendigi hakyndaky pikiriň özi hem şonçarak könelen bolsa gerek. Şonda-da üýtgeşik ylmy-tankydy manera, ýörelgeler, stil döräberenok, täzelik geliberenok. Biziň edebi-tankydy durmuşymyz köne bilen täzäniň aralygyndaky geçelge, «Ejem bilen kakam hemişekileri ýaly, ýene-de iki otagly tam gurmanyň kül-külüne düşdüler. Ýowara gelenler: «Bu halka çäre bolmaz, işi kesek bilendir. Könesini ýykar, täzesini gurar. Ata-baba gumuň içindedir, alageden, bişen kerpiçden müdimilik guraýmaz» diýip degişerdiler». Şonuň üçinem men okyjynyň gözüne görnüp duran zatlar hakynda däl-de, eseriň içki, beýleki taraplaryny gurnaýjy gatlagyna ünsi çekmäge çalyşýaryn. Şonda «göze görünýän» diýilýän zatlaryňam başgaça, hatda garaşylmadyk many hem röwüş almagy tebigydyr. Ýöne eger herhal, gahrymanlar hakda söz açmaly bolsa, onda Bakynyň özünden soň birinji ähmiýetli adam Işankul tentekdir. Akmyradyň döredijiliginiň beýleki žanrlary gündelik, ýazgy, hekaýalar bilen içgin gyzyklanyp, men şu gahrymanyň öz süňňünde ýazyjynyň ähmiýetli ideýalaryny göterýändigine göz ýetirdim. Ilki bilen, göräýmäge, ähmiýetsiz, ýöne örän düýpli, özboluşly bir mikroçeper açyş hakynda: «Işankuluň uzyn çopan taýagy bardy. Ol taýagy boýnunyň ýüzünde keseligine goýup, ellerinem taýagyň üstüne atyp, öz-özi bilen gürleşip, samyr-sumur edip, töwereklerde aýlanar ýörerdi. Eýe ýaly bolup birde harabalykda entäp ýörendir, bir görseň, jeňňellikde gezip ýörendir». Isanyň türkmençeleşdirilişi. Hem Isa, hem çopan taýagyny egnine atyp ýören türkmen çopany. Işankuluň sözleri täsindir. Olar Akmyradyň bütin döredijiliginde dyngysyz öňe sürlen ahlak hem filosofiki ideýalaryň mysalydyr. Akmyradyň kalbyndaky ynanç hem şübhäniň göreşi, adamyň ruhy ösüşinde olaryň ikisiniň hem juda gerekligi, olaryň dialektiki gatnaşygy şu ýerde juda aýdyňlyk bilen görünýär. Bir tarapdan: «Hakyky hem dogry gürrüňi diňe öz-özüň bilen edip bolar. Hudaý bilen gürrüň etdigiň-dä şol. Hudaýa dogryňy aýtmaly». Işankuluň bolup ýörşi, sözleri maňa başga biriniň goşgusyny ýada salýar: Köňül aýdar: halkdan galyp, Gezsem daglar, daşlar bile. Ýazygymny ýada salyp, Ýüzüm ýuwsam ýaşlar bile. Beýleki tarapdan: «Hudaýyň ýok bolmagam mümkin… Indi maňa dünýä gorkunç, sowuk. Olaryňky hezil. Olar köplük, öz-özlerine, biri-birine meňzeş. Olar özlerini goraýan garaňkylykda hem nadanlykda ýüzüp ýörler. Olaryň gämisi rahat, oňaýly. Ýöne olar gämileriniň ýalňyz hem sowuk okeandan ýüzüp barýandygyny duýanoklar». Durgunlyk ýyllary ýazyjylaryň, dramaturglaryň döredijiliginde bir gizlinje tilsimat emele geldi. Ýazyjy, dramaturg durmuşyň nogsanlygyny aňly-düşünjeli gahrymanlarynyň üsti bilen-ä ýepbekläp bilenok, ol nogsanlyk hakda ýazmasa-da ynjalyk tapanok. Ana, şeýle ýagdaýda ýazyjylar, dramaturglar däli-telbeleriň obrazlaryny döredip, aýtmak islän sözlerini hem şolara diýdirdiler. Däli aýtsa – ondan hasabat soralanokdy. Ine, şu yşjagazdan hem peýdalanylýardy. Meniň pikirimçe, durgunlyk ýyllarynda döredilen dälileriň sözlerinde döwrüň iň batyrgaý pikirleri jemlenendir. Durgunlyk ýyllarynda iň batyrgaý pikirleri däliler aýtdy. Akmyrat Şir şu mümkinçilikden peýdalanypdyr. Nobatguly Rejebowyň pýesalarynda-da, drama eserlerinde-de däliler kän. Eserlerden dälileriň obrazyny aýyrmak – döwrüň ýiti nogsanlyklary hakdaky ýiti tankydy aýyrmak bolardy. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |