16:07 Ýedi wezipeli Tito | |
Taryhyñ akymyny üýtgedenler
Taryhy şahslar
ÝEDI WEZIPELI TITO Tito göze görünmeýän ruh ýalydy. Belki-de şonuñ üçindir, birden köp Titonyñ bardygy hakdaky myş-myşlaryñ dörändigi aýdylýar Žurnalistleriñ biri 1948-nji ýylda Belgraddan gelen hatda marşal Titonyñ şol wagtlar ýedi wezipesiniñ we ýedi çininiñ bardygyny aýdýardy: - Ýugoslawiýanyñ Ýaragly Güýçleriniñ marşaly we komanduýuşisi; - Goşuna, harby-deñiz, harby-howa güýçlerine we polisiýa jogapkär Goranmak ministri; - Ýugoslawiýanyñ Kommunistik partiýasynyñ komitetiniñ başoygy we - Ýokarky ýolbaşçylar geñeşiniñ agzasy; - Merkezi Komitetiñ başlygy; Ýugoslawiýanyñ döwlet işlerini dolandyrýan syýasy ofisiniñ başlygy; - Halk frontynyñ başlygy; - Federal hökümetiñ başlygy. Tito hatlarynyñ aşagyna "J.Broz Toto Ýugoslawiýanyñ marşaly" diýip goluny çekipdir. Şeýle-de oña "ýoldaş marşal" diýip ýüzlenilipdir. Rim imperatory Tite bolan söýgüsi sebäpli partiýa işlerini alyp barýarka "Tito" adyny alandygy aýdylýar. Munuñ bilen birlikde onuñ bu ady Sent Titus atly öñki balkanly ruhanydan alandygy-da aýdylýar. Haýsy bolanda-da, Tito bu adyñ tembrini halan bolmaly. Titonyñ haçan we nirede doglandygyny bilýän ýok. Onuñ kakasynyñ horwatiýaly daýhan, ejesiniñem aslynyñ çehdigi belli. Beýleki bir tarapdan resmi beýannamalar onuñ 1892-nji ýylyñ maý aýynda Zagrebiñ golaýynda dünýä inendigini görkezýär. Ýosip Broz karýerasyna polat zawodynda işçi bolup başlapdyr. 1914-nji ýylda Awstro-Wengriýa goşunyna alynýar, 1915-nji ýylda ruslara ýesir düşýär. 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasy bolýança Russiýada ýesirlikde bolýar. Soñra erkinlige çykyp, kommunistleriñ hatarynda uruşýar. 1923-nji ýyla çenli Ýugoslawiýa dolanyp gelmändir. Polat zawodyndaky işine dowam edipdir we işçileriñ profsoýuzlarynyñ birine başlyk bolupdyr. Soñra tussag astyna alnyp, bäş ýyl azatlykdan mahrum edilipdir. 1929-njy ýylda azatlyga çykypdyr. Tito 1934-nji ýyla çenli gözden ýitipdir, şondan soñ ony gördüm-bildim bolmandyr. Şol döwürde onuñ Wenada, Fransiýada, Ispaniýada bolandygy aýdylýar. 1937-nji ýylda gadagan edilen Ýugoslawiýanyñ Kommunistik partiýasynyñ baş sekretary bolýar. Ikinji jahan uruşynyñ turmagy bilen birlikde nemes basybalyjylaryna garşy watançylyk goragynyñ baştutanlygyny edýär. Nemes faşistleri ony tutup getirene ýüz müñ altyn pul sylagyny belläpdir. Emma Tito göze görünmeýän ruh ýalydy. Belki-de şonuñ üçindir, birden köp Titonyñ bardygy hakdaky myş-myşlaryñ dörändigi aýdylýar. Titonyñ ady Ýugoslawiýanyñ bir bitewiligini üpjün eden adam hökmünde taryha girdi. Emma aradan çykanyna kän wagt geçmänkä bu bitewilik dargady. Ol taryhda "Goşulyşmaýanlar hereketine" ýolbaşçylyk eden ýeke-täk ýewropalydyr. Onuñ ady kapitalistleriñ durmuşyny halaýan kommunist hökmünde-de taryha girdi. Belgradda kommunistik režimi ýöretdi we Waşington bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Şeýle-de Stalinden aýry hereket edýändigini yglan eden ilkinji kommunist lider bolup ýaşady. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Penşenbe 07.05.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |