10:48 Ýene bir gezek dünýäniñ soñy | |
ÝENE BIR GEZEK DÜNÝÄNIÑ SOÑY
Publisistika
Dünýäniñ soñy umydymyzy, aklymyzy we işimizi ýitiren wagtymyzdyr. Yzda galanlaryñ bolsa bize dahylly ýeri ýok ýa-da şeýle bolmagy gerek. Geñsi pikirler we täsin fantaziýalar hernäçe mümkin däl hem-de intuitiw akyla uzak bolsalar-da, aýratynam heläkçilik wagtlarynda özlerine ýol, goldawçy we olary propogandirlejek mediýa tapýar. Synaýjy uly uruşlar, ýok ediji gytçylyklar, weýran ediji tebigy heläkçilere, epidemiýa we pandemiýalar... Şu agyr aýlarda gözýetimimizi gara bulutlar gaplap alan, ruhlarymyza gaýgy-gam we aljyraññylyk owuntyklaryny sepelän bir topar erbetlik biz adamlardan üstün çykdy. Gürrüñi gidýän erbetlikler täze görnüşli koronawirus ýa-da Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ (uly üstünlik görkezip!) atlandyryşy ýaly Kovid-19 wirus ýokanjy bilen başlady. Gorkunjyna öz-özünden gaçanlaryñ, çüñke gysylyp galan aljyraññylaryñ, ýeñilen sürgünleriñ, ýeñiş gazan söweşijileriñ arasynda wirus dünýäni çepbe çöwürdi. Ony yzarlap, hekaýatyñ hakykylygyndan doly şübhelenenler bolsa özünde mantykly hiç zat görenoklar. Meñ gözüme-hä, bular ýaly atmosferalarda howsala satyjylaryñ köpelendigi we täsin görnüşde käbirleriniñ adamlaryñ gursagyna gaýgy-alada üflemekden we keýplerini gaçyrmakdan lezzet alýandyklary görünýär. "The Sun" iñlis gazeti şu günlerde alymlaryñ Günüñ gyş ukusyna gitjegini aýdýandyklaryny çap etdi. Alymlaryñ pikiriçe bu ýagdaý Günüñ petiklenmegine we energiýanyñ minimum derejä düşmegine getirer. "The Sun" gazeti munuñ howanyñ sowamagyna we ýer titremeleriniñ bolmagyna sebäp boljakdygyny aýdýar. Bu ýagdaýa "Grand Solar Minimum" (GSM) diýilýär we soñky gezek 1790-1830-njy ýyllarda bolup geçipdir. Şol döwürde dünýäde mini buzluk döwri bolup geçipdir, hasyllar ýok bolandygy üçin gytçylyklar bolupdyr we güýçli wulkan atylmalary bolup geçipdir. Gazet ondan öñem modern eýýamda dünýäniñ soñy üçin berilen seneler boýunça täsin maglumat çap edipdi. Bulardan biri-de radiogepleşikleri alyp baryjy we ýazyjy Garold Kempingiñ 1992-nji ýylda çap edilen "1994" atly kitabydy. Kemping kitabynda Isa pygamberiñ (a.s.) 1994-nji ýylyñ sentýabrynda ýer ýüzüne injekdigini öñe sürüpdi. Emma modern döwürde dünýäniñ soñy üçin berilen iñ belli sene ikinji müñýyllygyñ başlangyjy bolan 2000-nji ýyl bilen baglanyşykly teoriýady. Muña görä täze müñ ýylyñ başlamagyndan birnäçe sekuntlar geçen badyna kompýuter ulgamlary togtamalydy, bütin dünýäniñ sistemasy çökmelidi, uruşlar we haoslar bolup geçmelidi. 2012-nji ýylyñ dekabr aýynda mediýa bu gezek maýýa kalendaryna görä dünýäniñ soñunyñ gelendigi baradaky habarlar bilen çaýkanýardy. Häzir bular ýaly habarlaryñ ýa-ha modern "palçylaryñ" ýa-da metbugatda öz ýerini alan Facebook, Twitter, WhatsApp toparlarynda paýlaşylýan täsin habarlaryñ üsti bilen ýaýraýandygyny görýäris. Yslam taryhynda-da wagtal-wagtal dünýäniñ ahyrynyñ ýakynlaşandygy hakdaky hususy çaklamalaryny ýa-da Mätiniñ çykyşy bilen baglanyşykly edebiýaty gaýtalaýan birnäçe topar bolup geçipdir. Şaýylar we batiniýe toparlary hernäçe bularyñ başyny çekýänem bolsa, sünnileriñ arasynda hem bular ýaly pikirleri öñe sürýänler az bolmandyr. Ýeri gelende aýtsak, hijri 10-njy asyrda täze hijri müñýyllygynyñ başlangyjyna ýakyn döwürde aradan çykan meşhur müsürli fakyh Jelaleddin Suýuti "Ymmatyñ müñ ýyllyk ýolunyñ açylyşy" ("El-Keşf-ü An Müjawezeti Hâzihi-l Ümmeti El-Elfe") atly ajaýyp traktat ýazypdy. Bu traktatda Suýuti täze müñýyllygyñ gelmegi bilen dünýäniñ soñunyñ gelendigi düşünjesini inkär edipdi. Jemläp aýdanda, dünýäniñ soñy umydymyzy, aklymyzy we işimizi ýitiren wagtymyzdyr. Yzda galanlaryñ bolsa bize dahylly ýeri ýok ýa-da şeýle bolmagy gerek. Mişari ZEÝDI. Saud Arabystanly žurnalist. 19.05.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |