09:50 Ýene taýagy men iýeýin | |
ÝENE TAÝAGY MEN IÝEÝIN
Publisistika
Çagalar gyrlyp ýatyrka bu ýazgyny ýazmak juda agyr. Emma diñe şu sebäp bilenem çekişmek gerek. Ýogsa akýan ganyñ yzy kesilmez. Görýänsiñiz: Agressiýa, hak-hukuk gözlegi ýa-da mesele çözmegiñ ýoly bolmakdan ötri çykalgasyzlygyñ gapysyny kakýar. Ady "Hamas"... Ýa-da ady: "YŞYD", "El Kaide", "Eş Şebab", "Boko Haram", "Ebu Seýýaf", "Hizb-ut Tahrir", "el-Jemaat'ül-Islamiýýe", "Ensar eş-Şeria", "Yslamy jihat" bileleşigi, "Selefi wagyz we uruş topary"-Magryp "El Kaidesi", "El Nusra", "Ittihad el- Mahakim'ül Islamiýýe" we ş.m... Dünýäniñ çar künjünde agressiýany ýörelge edinen "dini görnüşli" toparlar bar. Ýollary belli: "Ylalaşyk ýok, ýaraşyk ýok, gepleşik ýok!" Düýp maksady adamlara hakykaty görkezmek, gowusyndan gowusyna ýetirmek we ýaşatmak bolan yslam bu toparlar tarapyndan öz ideologiýalaryny berkitmek, öz maksatlaryna ýetmek üçin ulanylýar! Özlerini ahyrky maksada barýan ýeke-täk dogry ýol hasaplaýan bu "dini görnüşli toparlaryñ" dillerinde ýeke jümle bar: Haksyzlyga uçradyk. Muny dep etmegiñ bir ýoly bar - radikallaşmak! Dünýäniñ çar künjünde bigünä adamlary öldürmek... Meseläniñ gözbaşy ýa-da jogapkäri hasaplaýan toparlary, jemgyýetleri, döwletlerini duşman hasaplap oñanoklar, bigünä adamlaram agressiýanyñ esasy nyşanasynda! Bulary adamzadyñ başyna MI6-nyñ, MRU-nyñ, MOSSAD-yñ bela edendigi nädip görlenok? * * * Serediñ: Terror bir hereket formasy bolsa, terrorizm - strategik syýasatlaryñ jemidir. Meselem, köpçülikleýin transport serişdeleriniñ berýän mümkinçiliklerinden peýdalanýan terrorizm döreden gorkusy we howsalasy bilen belli bir derejede jemgyýetj tarap tutmaga çagyrýar: "Meniñ tarapymdamyñ, ýa däl?" "Meniñ tarapynda däl bolsañ, duşmanymsyñ!" "Duşmanym bolsañam nyşanamdasyñ!" Terrorizm edýän dramatiki çagyryşlary bilen adamlaryñ tarapsyz bolmak hukugyny gadagan edýär. Adamlaryñ añ we duýgy taýdan arassalygyny ýok edip, agressiýa şertlerine çekýär... Ahyrynda hem jemgyýetiñ agressiýa ýoly bilen syýasylaşmagyna, toparlara bölünmegine ýol açýar. Bulam ýurtdaky añ we duýgy taýdan bölünip özara çaknyşýan taraplary ýüze çykarýar... "Hamas"-Ysraýyl urşunda bolup geçýänler şular ýaly dälmi? Palestina döwletiniñ özüniñem goldamaýan "Hamas" topary boýunça ýurdumyzda zol diýen ýaly söz bilen ynandyrmalar arkaly goldaw bar... Serediñ: Terrorizm boýunça hünärmen, iñlis syýasaty öwrenijisi professor Paul Wilkinsonyñ pikiriçe terrorizmiñ häsiýetleýin aýratynlyklary şulardan ybarat: - Terrorizm çakdanaşa gorky sferasyny döretmek üçin öñünden taýýarlanýar... - Gönüden-göni saýlanyp-seçilip alynan gurbanlardan has beter giñ köpçülige gönükdirilýär... - Raýatlar biken birlikde çem gelen ýa-da simwoliki obýektlere gönükdirilen hüjümleri öz içine alýar... Ilkinji nobatda hökümetleriñ, jemgyýetletiñ syýasy ugurlaryna täsir etjek bolýar... Gojaman Türkiýe Respublikasy döwletiniñ agressiýany taktiki ýörelgesine öwren toparyñ yzyna düşmegini göz öñüne getirio bolmaýar... * * * Şuny-da goşsam gowy bolar: Häzir syýasy terrorizm aýratynam "yslamy terror" adynyñ astynda toplanjak bolunmagy täsin kabul etme (восприятие) hereketidir... Günbataryñ parahatçylyk dini yslamy terrorizm bilen baglanyşdyryp, gyraklatmak isleýändigi ýaşyryn syr däl. Agressiýa we terrorçylyk diñe musulmanlara mahsus faktor ýaly görkezilýär. Gürrüñsiz, bu ýalan. Beýleki bir ýandan hristian terrorçy Brenton Tarrantyñ 2017-nji ýylda Täze Zelandiýada "Al Nur" metjidinde jumga namazyny okap oturan musulmanlary gyryşy görmezlige salynýar. Edil şumat Ysraýylyñ edýänlerini aklajak boluşlary ýaly... Biz Günbataryñ edişi ýaly etmeli däldiris. Temeni ilki özümize batmaly. Ýagny, yslamyñ syýasy gural hökmünde ulanyp agressiýany amala aşyrýan ähli toparlardan arany açmaly. Munuñ ilkinji ädimi hökmünde yslamyñ terror bilen bir hasaplanmagyna garşy çykmaly. Dini taglymatlara duwlanyp terrorçylyk aktlaryny gurnaýanlary mukaddesleşdirseñiz, beýgeltseñiz, ertir toñkataryñ ujunyñ size tarap öwrülmejegine kepil geçip bilmersiñiz! Dini motiwlu radikal toparlar bilen aramyza çäk goýulmagy palestin dawasynyñ we halkynyñ bähbidinedir. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |