22:25 Ýeñene gyz, ýeñlene ölüm | |
ÝEŇENE GYZ, ÝEŇLENE ÖLÜM
Edebi makalalar
Halklaryň idealy, islegi onuň däplerinde nähilidir bir görnüşde öz beýanyny tapýar. Meniň pikirimçe, döwrüň alamatlaryny nazarda tutup, içgin öwrenilen halatynda olaryň ýüze çykan mahalyny kesgitlemäge-de mümkinçilik bar. J.Frezeriň “Altyn şaha” kitabynda patyşa gyzyna öýlenmäge, şonuň üsti bilen tagta eýe bolmaga erkekleriň arasyndaky bäsdeşlikde şahsy edermenligiň, şahsy mertebäniň kesgitleýji rol oýnandygy aýdylýar. Ilkidurmuş jemgyýetinde bäsdeşleriň fiziki güýjüne, olaryň daşky görmegine üns berlipdir. Liwiýalylarda ýyndamlykda saýlanan adama patyşalyk mülküni baýrak goýupdyrlar. Gadymy prusslarda dworýanlyk derejesine talaş edýänler at çapyşygyna gatnaşýan ekenler, kim korolyň köşgüne öň ýetse, şoňa-da dworýanlyk berlipdir. Greklerde Olimpiýa oýunla- rynyň meşhur bolan döwründe sport ýaryşlarynda ýeňiş gazananlarynyň hormaty belent tutulypdyr. Rowaýatlara görä, Olimpiýa oýny ilkinji geçiren Endimiondyr. Ol öz ogullarynyň arasynda ylgamak bo- ýunça ýaryşlar geçirýär, ýeňijiniň baýragyna patyşalygy goýýar. Soňra aýdylyşyna görä, onuň jaýlanan ýerinden ylgaw ýodalary başla-nypdyr. Olimpiadada ylgamak boýunça ýaryşa patyşanyň tagtynyň baýrak goýulandygy miflere girizilipdir. Gelinlik üçin ýigitleriň arasynda geçirlen bäsdeşlikler dünýä halklaryna ýaýran-da bolsa, bäsdeşligiň görnüşi her halka juda häsi- ýetli bolan aýratynlyklaryň hasabyna parhlanypdyr. Ýokarda, grekleriň arasynda ýeňil atletikanyň, onuň esasy görnüşi bolan ylgamagyň meşhurlyk gazanandygyny belledil. Bu ýöne ýere däl, Grekler üçin adamyň beden saglygy, owadanlygy gözellik kultuna öwrülipdir, ony sport türgenleşiginde gazanyp bolýandygyna berk ynanypdyrlar. Bu ynanç hem Olimpiýa oýunlarynyň döremegine getirýär. Olimpiýa oýunlaryna girýän bäsdeşlikleriň arasynda marafon ylgawy esasy orunda durýar. Onuň uzynlygy 42 km 195 metrdir. Biziň eýýamymyzdan 490 ýyl ozal Marafon diýen obanyň ýanynda grekler bilen pars goşunynyň çaknyşygy bolýar, grekler ýeňiş gazanýarlar. Ýeňiş habaryny Afina ýetirmek üçin gaýdan ýigit bir ýerde-de säginmän ylgap gelşine buşlugyny aýdan dessine ýykylýar, galmaýar. Onuň geçen aralygyny marafon ylgawynyň ölçegi hökmünde alýarlar. Bu ýerde-de hiç hili tötänlik ýok, onuň esasynda greklere has bolan ideal bar. Türki halklaryna mahsus ideal-batyrlyk. “Görogly” eposyndaky Harmandälini ýatlaň. Han gyzynyň özüni alyp barşy, bir seredäýmä- ge, başyna goýberilene meňzeýär. Emma idealyna ýetmekdäki tutanýerlilik onuň etmişlerini aklaýar. Ol ölümden çekinmeýän batyr ýigidi küýseýär. Ýigidiň ölümden gorkmaýandygy entek meseläniň çözgüdini aňladanok, munuň üstesine-de onuň ýeňmegi gerek. Näme üçin Harmandäli olary özi bilen başa-baş söweşe goýberýär? Bäsdeşligi ýigitleriň arasynda-da geçirip bilerdi ahyry! Kim ýeňse şol ýigide barjak diýse bolanokmy? Bolýar emma diýenok. Munuň düýp sebabini “Egmeli topby” atly miniatýurada aýdylanlardan gözlemelii diýjek. Söweş ýaragyny şaýlanyp ata çykan türkmen amazonkalarynyň gaýduwsyz häsiýeti asyrlaryň dowamyna ýetipdir. Eger greklerde gözelligiň hatyrasyna giň ýaýran bedenterbiýe maşklary patyşa gyzyna ýetmegiň bäsdeşliginde synag üçin alnan bolsa, onda çarwa oguzlar nätdilerkä? Geliň, “Gorkut ata” eposyn- daky “Gaňly goja ogly Hantöreli” diýen boýa ýüzleneliň. “Tarabuzan hanynyň görkli uly gyzy bardy. Ol gyz sagyna-soluna iki goşa ýaý çekerdi, atan oky ýere düşmezdi. Şol gyzyň üç sany haýwany bardy. Gyzyň kaksy: “Kim şol haýwanlary ýeňse, gyzymyzy şoňa berjek” diýip wada edipdir. Eger synanyp, ýeňip bilmese, onuň başyny keserdi Şol gyzyň üstünde otuz iki beg oglunyň başy kesilipdi. Ol haýwanlaryň biri arslandy, biri gara bugady, biri gara bugrady. Bularyň her biri bir aždarhady. Şol otuz iki ýigidiň hemmesi arslan bilen bugranyň garasyny görmän, gara buganyň boýnuzyndan heläk bolupdyrlar”. Saýlap alnan synag çarwa oguzlaryň durmuşyna, edim-gylymyna laýyk gelýär. Her halk gahrymançylygy öz durmuş şertlerine görä kesgitleýär. Hantöreli çaksyz gahrymanlyk, batyrlyk görkezip, aždarha ýaly diýilýän üç haýwany-da öldürýär, köşkden garap, özüne aşyk bolup oturan han gyzyna eýe bolýar. Emma, han tagtyna, mülke dawa edenok, öz ýurduna gaýtmak bilen bolýar. Çarwa ýigit üçin öz ýaýlasyndan eziz ýer boljakmy diý! Onsoňam gyzyň baýlygyna hantama bolmak hakyky batyrlaryň edähedi bolmandyr. Hanyň gyzam batyr ýigide wepalylygyň nusgasyny görkezip, lebzinden dänen atasynyň ýoldan goşunyna garşy söweşe girýär, amazonkalara mynasyp çakganlyk bilen, ýaraga erk edýär, edermenlikde Hantöreliden pes oturmaýar. Şeýdip, öz idealyny goraýar, batyrlygyň sarpasyny garyndaşlykdanam ýokary goýýar. Mundan soň, “Ýüz tylla” atly türkmen halk ertekisini okanlaryň geň galmaklary-da ähtimaldyr. Bu ýerde Saraý atly eýer ussasynyň ýeke ogly Mämmet başyna düşen birgiden ahwalatdan soň keseki ýurdy dolandyrýan patyşa gyzyny almaga bäsdeşlige gatnaşýar. Patyşa gyzy ýaňy-ýakynda: “Meni küştde kim utsa, şoňa äre barjak” diýip, halk arasynda jar çekdiripdir. Küşt nire, çarwa ilden gelen eýerçiniň ogly nire diýersiňiz. Eger halk öz gahrymanyny küşt basdeşligine gatnaşdyrýan bolsa, bu ýerde nähilidir bir tötänlik bolup bilmez, munuň aňyrsynda özüne ýetik delil bolaýmalydyr. Ertekide beýan edilişine görä, Mämmet kakasynyň güzeran dolandyrmak üçin beren ýüz tyllasyny küştçi ussada berip, ondan onuň tärlerini öwrenýär. Küşt öwrenmänem ýaşap bilerdi, beýle hähili zerurlyk bolduka? Küşt oýnunyň asly watany Hindistan diýilse-de, bu oýun örän irki zamanlardan bäri Orta Aziýa halklarynyň, şol sanda türkmenleriň arasynda-da meşhurlyk gazanyp gelýär. Taryhçylar küşt oýnamakda, onuň teoriýasyny düzmekde Gündogarda ägirt diýip tanalýan As-Suly diýen adamyň türkmen bolandygyny aýdýarlar. Ertekiden mysal getirilen küşt oýnunyň simwolik manysy bar. Ol akyl-paýhasyň zerurlygyndan, şahsyýetiň intellekt taýdan ösmeginiň zerurlygyna düşünmekden gelip çykýar diýse bolar. Her halk öz durmuş şertlerinden ugur alýan ýoda bilen gitse-de, ýoda ahyr pelle uly ýola birigýär. Uly ýol dünýä halklaryna häsiýetli bolan birlikdir. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |