10:21 Ýeñilmedikler -10: Hakguýudakylar bar zatdan habarly | |
HAKGUÝUDAKYLAR BAR ZATDAN HABARLY
Taryhy proza
Ýeňilmedikleriň dabarasy Ahal iliniň ähli ýerine ýaýrady. Olar barada her dürli rowaýatlar ýaýarady. Şonuň il-gün üçin iň ýakymlysy Ruhy batyryň gum içinde ummasyz köp goşun ýygnaüandygy, iň soňunda patyşa goşunlarynyň üstüne çozup, gelmişekleriň ählisini ýurtdan kowup çykarjakdygy, türkmen topragyna erkinlik äberjekdigi baradaky rowaýatdy. Oňa ynanýanam bardy, ynanmaýanam. Ýöne, her niçik hem bolsa ynanýan kändi. Iň bolmanda her kimiň şol habara ynanasy gelýärdi. Şonuň çyn bolup çykmagyny isleýärdi. Bu – halkyň islegidi, arzuňydy. Çünki, at-ýaragyny tabşyranlaryň arasynda-da ýüreginiň töründe bir ýerde ýeňilendigini boýnuna almadyk, haçanam bolsa bir gün öňki erkinligine eýe bolmak umydyny elden bermedik kändi. Asla ähli halkyň ýüreginde şoldy. Şonuň üçinem, täze dörän gumlulara ýerli-ýerden huruşlyk ownuk mal azaldyr, künde şolara goşar ýaly öküz, düýe, aş gatyklar ýaly saglyk sygyr kömeginem etdiler. Enehakydanyň aýdyşy ýaly olaryň öý-işik, maşgala meselelerem gaty bir müşgil bolmady. Tanyş-biliş, garyndaşlyk, halkyň il ogullaryna bolan söýgüsi öz wezipesini berjaý etdi. Gapdalynyň ak öýi, maly-garasy, goş-golamy bilen gyz berenlerem boldy. Bu meselede hususan-da gumda ir döwürden bäri oturan barly adamlar erjellik görkezdiler. Ýarpasyna bakyp bererleri ýaly üstlerine bir bölek, ýarym bölek goýun sürenlerem boldy. Umuman halk özi üçin janlaryny orta goýup, ýagy bilen iň soňky pursata çenli göreşen ýigitleriň gadryny bildi. Özlerini gowy tutýançalar çöl içine ogryn-dogryn azygam daşadylar, iýmişden-geýimdenem hor etmediler. Ýeňilmediklerem öňki gumlular ýaly söwda-satyk gatnaşyklaryny esasan Daşhowuz taraplary bilen ýola goýdular. Şeýlelikde, öý-işik, maşgala bolmaga-da, nesil öndürmäge-de, ekin-ekip hasyl almaga-da mal köpeltmäge-de olaryň hemmesi üçinem doly mümkinçilik döredi. Garyndaşlyk gatnaşyklary ygtybarlyy bolansoň, ýurt içinde bolup geçýän wakalaram, täzeliklerem gum içinde dörän täze obalara birsydyrgyn geldi durdy. Habarlar welin dürli dürlidi. Biri-birinden ýakymsyzdy. Mysal üçin, gyrgynçylyk ýylynyň tomsunda Dykma serdar, Magtymguly han ýaly birtopar türkmen ekabyrlarynyň Peterburga, ak patyşanyň huzuryna salama gidendikleri, Dykma serdaryň on ýaşly ogly Orazy ak patyşa «ogullyk» goýup gaýdandygy, baranlaryň hemmesiniň ors hökümeti tarapyndan dürli derejedäki harby çinler, gymmatbahaly serpaýlar bilen sylaglanandyklary hakyndaky habar gelip gowuşdy. Mämmetoraz şeýtmek bilen ak patyşa özüniň türkmenler babatda, gowy syýasat alyp barjakdygyny subut etmek isleýärmişin. Munuň şeýledigine asyl han-begler eýýäm ynanypdyrlaram. Şolaryň içinde iň yhlaslysam eşidilişine görä Magtymguly hanmyşyn. Ol Tejen uýezdiniň başlygy wezipesine bellenipmişin. Özem Marynyň Orsyýede hiç hili garşylyksyz birikdirilmegi üçin elinde baryny edýärmişin. Şol mesele boýunça Mary hany Güljemal han bilen birsyhly gepleşikler alyp barýarmyşyn. Bu meselede Dykma SERDFARAM Magtymguly handan gaýra durmaýarmyş. Gulbatyr serdaram ýer-suw boýunçamy, nämemi, bir toparyň-a agzasymyşyn. Başga-da köp adam täze baýarlaryň gullugyndamyşyn, hyzmatlaryny edýärmişin. Ýeňilmedikleriň ýüreklerinde dag goýan ýakymsyz habarlaryň ýene biri gum içine Gökdepe galasynyň synan ýylynyň aýaklaryna ýaýrady. Ol habarda türkmenleriň özlerine sala salmazdan, türkmen topragynyň esli böleginiň Eýran hem-de ors hökümedi tarapyndan bölüşilendigi, Etrek derýasyndan ilerisiniň, hususan-da Türkmensähranyň, Gürgeniň Eýrana düşendigi, köp sanly türkmenleriň, şolar bilen birlikde külli türkmeniň söýgüli şahyry, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň mazarlarynyň-da şol ýerde galandygy, asla indi öňki ýaly Ahal, Arkaç, Kesearkaç, Etek diýen ýaly ata-baba türkmeniňkidigini aňladýan ýer-ýurt aňlatmalarynyň ulanylmaýandygy, ors diwanyndaky resmi hatlarda bolsa, külli türkmen topragynyň «Kaspiniň aňyrsyndaky oblast» diýlip atlandyrylýandygy barada aýdylýardy. Şeýle hem ähli kazylyk işlerine ors baýarlarynyň seredýändigi, diwan işleriniň ak patyşanyň kada-kanunlary esasynda alnyp barylýandygy, häki bir göz üçin goýlan ýerli kazylaryň bolsa öz baýarlaryna ýaranmak üçin, halka olaryň özlerindenem has zabun daraýandyklary, sähelçe günä üçinem agyr jezalar berýändikleri, käte olaryň berýän jezalary üçin utanyp orslaryň özleriniň şol jezany ýumşadýandyklary barada ýangynly gürrüňler eşidilýärdi. Şolar ýaly habarlar Ruhy batyra-da, Enehakyda-da, umuman, gum içinde mesgen tutan ýeňilmedikleriň ählisine-de iňňän ýokuş degýärdi. Çünki, bu indi ýurduň ymykly elden gidendigini, mertleriň namart, namartlaryň mert bolandyklaryny, ähli umyt-arzuwlarynyň puja çykandygyny, halkyň indi hiç haçan göreşe galkynmajakdygyny aňladýardy. Şonda olaryň bir ýere, hususanda Ruhy batyryňka üýşüp, gelip ýeten habarlar, bolup geçýän wakalar barada pikir alyşmakdan, maslahatlaşmakdan, mundan bu ýana nämeleriň bolup biljekdigi barada oýlanyşmakdan başga alaçlary bolmaýardy. Üýşmeleňler käte has uly we giň möçbere eýe bolýardy. Oňa ähli guýulardan gelýärdiler. Şonda gürrüňçiligiň soňy hökman Enehakydanyň aýdyp berýän hakydalary bilen tamamlanýardy. ─ Hiç zat täzedenem döränok, ýitibem gidenok. Diňe bir görnüşden başga bir görnüşe geçýär – diýip, şolar ýaly üýşmeleňleriň birinde Enehakyda aýtdy – Onsoňam, adamzat hiç haçan özüniň öňki ýalňyşlyklaryny gelejek üçin sapak edinmeýär. Egerde, edinýän bolsady, onda bu gyrgynçylyklaryň tozgunçylyklaryň, basybalyjylykly ýörüşleriň birem bolmazdy. Sebäbi, basybalyjylaryň döreden giň hem uly döwletleriniň henize çenli synman, dargaman galany ýok. Orsyýediňkem şeýle bolar. Bu gutulgysyz zat. Ýöne, munuň üçin biziň ähli türkmenler bolup bir döwlet döretmelidigimizi hiç haçan unutmazlygymyz gerek. Iru-giç bizi bu baknalykdan alyp çykjak zat ana, şoldur. Şondan soň Enehakyda türkmenler üçin döwlet bolmaklygyň gaty bir ýat zat düldigi, olaryň ir döwür özleriniňem ençeme döwletler gurandyklary köp-köp ýurtlary basyp alyp, uly imperiýalar döredendiklerini ýöne, agzalalyk zerarly şol döwletleriň ählisiniňem ýeke-ýeke synandyklary barada gürrüň berdi. Şonda ol hususan-da, baryp-ha miladynyň bäşinji, ýedinji asyrlarynda dörän, başynda türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlar duran gündogar hem günbatar türk hanlyklary, olaryň mongol, hytaý sebitlerinde, Sibir töwereklerinde eden gahrymançylykly hereketleri soň olaryň öz döwletlerini öz agzalalyklary zerarly syndyryşlary barada rowaýat etdi. Şonuň bir ýerinde ol şol döwrüň iň uly hanlarynyň birini gepledip: «Eý, türki halkym! Hiý, seni daşyňdan gelip dargadan adam boldumy? Ýat biri gelip döwletiňi ýykdymy? Hemmesine seniň öz agzalalygyň sebäp boldy ahyry» diýdi. Bu gürrüň diňleýjilere iňňän güýçli täsir etdi. ─ Şol han dogry aýdypdyr. – diýip, Durdy batyr şonda özüniň sakawlygynam unudan ýaly köstsüz gepledi. – Ähli türkmenler bolup bilelikde göreşen bolsadyk, onda orslar bizi şu gezegem alyp bilmezdiler. Diýmek, ata-babalarymyzyň döwletini ençeme gezek dargadan agzalalyk şu günki günem öz güýjünde doly işleýär. ─ Howwa, işleýär... – Enehakyda Durdy batyra gussaly seretdi. – Ýöne, biz ýeke bir ata-babalarymyzy şo günlere salan agzalalyk barada däl-de, eýsem, olaryň şonça döwletleri gurmagyna ýardam eden agzybirlikleri barada hem oýlanmalydyrys. Olaryň iň gowy taraplaryny sapak edinmelidiris. Şol agzybirlik uzak bolmadyk gelejekde biziňem dadymyza ýetişer. Biz ine, şol umyt bilen ýaşamalydyrys... Enehakydanyň sözüni tamamlaryna mähetdel, şol gezek gumlularyň barysy birden uludan, sowuk-sowuk dem aldylar. Başlaryny ýaýkap «öwhüldeşenlerem» boldy. Olar assa-ýuwaşdan, ýerlerinden turdular, seslerini çykarman, biri-birleri bile ümsüm halda hoşlaşdylar. Şolar ýaly ynjyk gürrüňçilikleriň ýene birem 1884-nji ýylda, Marynyň Orsyýede uruşsyz birigendigi baradaky habaryň gum içine ýaýran pursaty bolup geçdi. Ol habar halkara syýasatynda Orsyýet bilen Angliýanyň arasyndaky onlarça ýyl bäri türkmen topragy üçin barýan bilniksiz göreşiň ahyrsoňunda Orsyýediň peýdasyna çözülendigini, ýeňilmedikler üçin bolsa indi külli türkmen topragynyň tutuşlygyna elden gidendigini aňladýardy. Şonuň üçinem, olar bu gezek öňküdenem has sus halda Hakguýa ýygnandylar. Bolan waka barada biri-birleri bilen sowuklaç pikir alyşdylar. Soňra soragly nazarlaryny Ruhy batyra tarap dikdiler. Onuň bir zat diýerine garaşdylar. ─ Biz bu barada siz gelmeziňizden öňem Enehakyda bilen maslahatlaşdyk. Gelen pikirimizi ol size mendenem has aýdyň görnüşde aýdyp berer – diýip, Ruhy batyr sözi şoňa geçirýändigini aňladýan manyda häliden bäri gabarylyp duran garnyny myhmanlardan gizlemekçi bolýan ýaly bir gapdala burlup, ýanyn oturan gelnine seretdi. Enehakyda oturan ýerinde çalaja gozganjyrady. Çalaragam ardynjyrady. ─ Hernäçe gynansagam, urşuň netijesizdigini gala söweşi görkezdi. Başda uruşmazlygy, ant içmezligi, Kurandan ätlemezligi teklip eden adamlaryň aýdanlary dogry bolup çykdy. Mary ýaşulylarynyňam, Güljemal hanyňam şol zatlary sapak edinip şol ýoly saýlap alandyklaryna men ynanýan. Bu gorkaklyk ýa namartlyk däl-de, göze görnüp gelýän ajalyň agzyndan sypmaklygyň, iki belanyň has bähbitlirägini saýlap almalygyň täri. Ilki ant içip, ýeňilenlerinden soňam duşmana gulluga duran adamlaram başda şu ýoly saýlap alan bolsadylar, onda halkam gyrylmazdy, bular ýaly masgaraçylygam bolmazdy. Şonuň üçinem, biz Mary ilatyny günäkärläp bilmeris. Oňa hakymyzam ýok. Ýöne, barybir olaryň arasynda-da ýürekleriniň töründe şol syýasat bilen ylalaşmaýanlaryň, baknalygyň mejburydygyny jan-tenleri bilen duýýanlaryň, ony boýnuna almaýanlaryň, mahlasy, özüňiz ýaly ýeňilmedikleriň, erkin durmuşyň haçanam bolsa bir gün geljekdigine ynanýanlaryň, onuň gelerine uly umyt bilen garaşýanlaryň kändigine men şübhelenemok. Biziň garaşýan arzyly günümiziň geljekdiginem duýýan. Şonda sizem, olaram, hazarýaka, hywa, buhara türkmenlerem bir ýere birigeris, bir güjje öwrüleris, şeýdibem maksadymyza ýeteris. Esasy zat ana, şol! Ähli türkmen halkynyň kalbynda ýatan arzuw-islegleriniň birligi. Hemmesiniňem şoňa ymtylýanlygy. Baknalyga kaýyl bolman, arzyly günüň gelerine garaşýan adamlaryň köplügi. Enehakydanyň bu sözleri köp wagtdan bäri sus gezip ýören ýigitleriň ýüreklerine az-kem teselli berdi. Göwünlerine giňlik saldy. Geljege bolan umytlaryny artdyrdy. Galkyndyrdy. Hyjuwlandyrdy. Munuň hakykatdanda şeýledigini Ruhy batyr olaryň özi bilenem, biri-birleri, bilenem öňki gezekdäkilerine görä has açyk ýüz bilen hoşlaşandyklaryndanam aňdy. Öz gürrüňleri bilen olary şeýlekin hoş hala salandygy üçin, Enehakydadan hoşal boldy. Marynyň ors raýatlygyny meýletin kabul etmegi netijesinde Ýolöten, Pendi sebitlerinde oturan saryklaryňam, Eýranyň Zurabat diýen ýeri bilen gadymky öz oturymly ýerleri bolan Sarahs, Mary aralygynda ençeme ýyl bäri enäp-tenäp ýören az sanly salyrlaryňam ykbaly çözüldi. Durmuş welin, dowam edip gidip otyr. Her niçik hem bolsa onuň, bagtyýar günlerem bolman duranok. Az sanly şol süýji günler käte ýeňilmedikleriň has uly aladalarynam serlerinden çykaryp goýberýär. Köşeşdirýär. Ruhy batyr bilen Enehakyda babatda hem şeýle boldy. Myhmanlar soňky gezek gelip gidenlerinden bir aý gowrak soň, ýagny, 1884-nji ýylyň bahar aýlarynyň başlarynda, gije ýarymdan agyberende Enehakyda gyssanyp başlady. Hernäçe azar bermejek bolsa-da, ahyry ärini turuzmaly, oňa ýagdaýyny aýtmaly boldy. Entek ukudan doly açylyp ýetişmedik Ruhy batyr birbada gelniniň «gyssanýan» sözüne düşünmedi. Düşünenden soň bolsa: ─ Aý, ýog-a... – diýip, edil çaga ýaly birgeňsi ýylgyrdy. – Çynyňmy? Enehakyda çalaja ýylgyrdy. Dodagyny dişläp aşak bakdy. Ruhy batyr ýerinden turdy. Näme üçin beýdýändigini özi-de bilmezden gapy bilen gelniniň arasynda ençeme gezek gatnady. Ahyram içini tutup buruljyrap oturan gelniniň üstüne abandy. ─ Bu jelegaýlarda kempir-sempir-ä ýokdur welin, men onda goňşy gelinleriň birini alyp geleýin... Enehakyda ärine tarap owsun atdy. Gör indi näçenji gezekdir, ýüzüni ynjyly çytdy. ─ Näzigi çagyraý. Näzik Durdy batyryň gelni. Ol goňşy guýularyň birinde ir döwürden bäri oturan mally-döwletli adam hasaplanýan Hantöreli aganyň gyzy. Durdy batyr ony gowy görýär. Ondan on-oniki ýaş kiçidigine garamazdan gelnem ony juda eý görýär. Ruhy batyr howul-hara geýindi. Bosagadan böküp diýen ýaly daş çykdy. Hataryň ortarasynda, Durdy batyrlara tarap delmuryp durşuna ýüreginiň töründe henize çenli özüne mälim bolmadyk, üýtgeşik bir süýjülik duýdy. Ol duýgy ine-ine dünýä injek çaga bolan atalyk duýgusymy ýa çaga dogurmak, ene bolmak ýaly kyn hem mukaddes pursatyň öňünde duran ýanýoldaşyna bolan duýgudaşlyk duýgusymy, ýa şolaryň ikisemmi, ol ony gyssagara bilip bilmedi. Mahlasy, şol gün uly iliň guwanjy, buýsanjy arka daýanjy bolan Ruhy batyra Enehakyda ogul dogrup berdi. Ol – ene, Ruhy batyr – ata boldy. Olar toý tutdylar. Toý birnäçe günläp dowam etdi. Oňa ýeke bir Garagumyň dürli künjeklerinden, ähli guýularyndan däl, eýsem uzakdaky obalardanam, Gökdepedenem gelenler boldy. Ähli umyt-arzuwlarymyz hasyl bolsun diýip, ýaş ene-ata çagalarynyň adyna Umyt goýdular. «Iki aýakly iki günde» diýleni. Hä diýmän Umytjygyň gözi gara düşdi. Soň oturdy. Emedekledi. Ör turdy. Ýöredi. Dil açdy. Özüniň şadyýan «jedirdisi» bilen ata-enesiniň göwnüni göterdi. Gam-gussasyny egisdi. Ýedi ýaşyndan soň Enehakyda oňa hat-sowat öwredip başlady. On ýaşdan soň öz ata-enesinden öwrenen hakydasyny öwretdi. Gökdepe galasynda bolup geçen pajygaly wakalaram jikme-jik gürrüň berdi. Gumlularyň taryhyny aýdyp bermekligem ýadyndan çykarmady. Şeýdip on sekiz bahar geçdi. Umyt eginleri terezilenip duran, kakasy ýaly uzynak, at ýüzli, ers-mers, ýigit bolup ýetişdi. Ony ilkinji gezek görenlerem Ruhy batyryň ogludygyny soraman tanadylar. Enehakydadan bolsa oňa sary meňizlik, goýun göz, dilewarlyk geçdi. Ol ýeke bir hakyda däl, goňşy-golamlarynyň içindäki, goňşy guýulardaky aýdyjy-sazandalardan aýdym aýtmany, dutar çalmanam öwrendi. Toýlarda göreşem tutdy. Bagşy hökmünde-de, pälwan hökmünde-de ady ile ýaýrady. Ýigrimi ýaşyna ýetende bolsa Ruhy batyr oňa gumlularyň abraýly adamlarynyň biriniň Dünýä atly gyzyny alyp berdi. Üç ýyldan soň Umydyň gyzy boldy. Uly iliň arzuwy hasyl bolsun diýip, adyna Arzuw goýdular. Onuň doglan senesi milady hasaby boýunça 1903-nji ýylyň güýz paslynyň ortaky aýyna gabat geldi. Şu döwrüň içinde çaga, ýeke bir Ruhy batyryň çatmasynda däl, gumlularyň ählisinde-de yzly-yzyna boldy durdy. Şeýdip, ýeňilmedikleriň täze nesli döräp başlady. Gökdepe söweşiniň tamamlananyna ýigrimi ýyldan-da gowrak wagt geçdi. Onuň ýüreklere salan ýarasy welin entegem köşeşenok. Ol birsyhly awap dur. Dogry, Jandurmaz ahunyň ara düşen pursadyndan soň ors baýarlaryndan Guşly batyry aňtap, Garaguma goşun çekip gelen bolmady. Aýrysakal-a işini bitirenden soň uzak eglenmän Orsyýede gitdi, daş gulakdan eşidilşine görä ol şo ýerde, Orsyýediň şäherleriniň birinde ölüpmi ýa öldürilipmi, garaz Hudaýyndan tapypdyr, Gökdepe galasynda gyrlan bigünä adamlaryň ahy tutupdyr, onuň ýerine gelenlerem özlerine garşylyk görkezmän, gum içinde itenek-çomanak öz güzeranlaryny özleri dolap ýören adamlaryň üstüne sürünjegem bolmadylar. Olar esasan, türkmen ülkesinde ak patyşanyň tertip-düzgünlerini ornaşdyrmak bilen boldular. Gumlular welin gitdigiçe köpeldiler. Umyt bilen deň-duş oglanlaryň hemmesi ýigit çykdy, gyzlar ýetişdi, öz gezeklerinde olaram öý-işik düzetdiler. Nesil öndürdiler. Enehakydanyň hakydasy ýeke bir öz çagalaryna däl, eýsem gumlularyň ählisine-de geçdi. Jandurmaz ahunyň aýdyp gidişi ýaly gumlular öz çagalaryny bolşuna görä hat-sowadam öwretdiler. Ol borjy Hakguýuda ilki Enehakydanyň özi, soň Umyt ýerine ýetiren bolsa, beýleki guýularda-da çagalara hat-sowat öwredibiljek adam tapyldy. Erkinlik getirjek arzyly gün welin ýeňilmediklerden barha daşlaşýan ýaly. Ak patyşa ýeke bir türkmen topragynda däl, eýsem külli Türküstanda ymykly kök urdy. Uzatsa islän ýerine ýetýän goluny sähelçe giňden aýladygy, imperiýanyň göm-gök dyrnakly, bogunlary sap-sary gyldan doly uzyn barmaklarynyň ençeme ýyl bäri Garagumyň jümmüşinde mekan tutan ýeňilmedikleriň horaşaja külbeleriniň serpigini sypyryp taşlajakdygy indi köre hasa mälim boldy. Barmaklaryny ýumdygam ol gumlularyň barysyny gysymyna gysar. Şoňa hiç-hili şek-şübhe ýok. Muňa hemmelerden öňürti ýeňilmedikleriň özleri düşündiler. Şonuň üçinem, olar o guýudan bu guýa, bu guýudan o guýa çapalaşyp başladylar. Gün yrman diýen ýaly Hakguýa, Guşly batyryň ýanyna gatnadylar. Maslahat soradylar. Öz pikirlerini aýtdylar. «Şunça wagt çydap gezibem indiden soň baknalygy boýnumyza almaly bolaýarmykak» diýşip howsalaly gürlediler. Ruhy batyr näme diýjegini bilmän köplenç dymdy. Enehakyda bolsa olara birsyhly sabyrlylygy, çydamlylygy ündedi. Birdenem... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |