13:22 Ýeñilmedikler -11: Ruhy batyr Jüneýit hanyñ ýanynda | |
RUHY BATYR JÜNEÝIT HANYN ÝANYNDA
Taryhy proza
Ahaldan gelen wekilleri Jüneýit hanyň hut özi kabul etdi. Hezzetledi. Hormatlady. Soň toparyň ekabyry hökmünde Ruhy batyr bilen aýratyn gürrüňdeşlik geçirdi. ─ Men seniň örän merdana hem edermen adamdygyň barada örän köp eşitdim. Şeýle meşhurlyk gazanan adam bilen ýüzbe-ýüz oturandygyma men şat. Asyl, görüp otyryn welin, ikimiz deň-duşragam ekenik. Maňa ýeke bir jahyl ýigitler däl, özüň ýaly tejribeli adamlaram gerek. Ruhy batyr: ─ Howwa, bary-ýogy iki ýaş tapawudymyz bar ekeni – diýende onuň Türküstany Orsyýetden azat etmek üçin aýaga galandygyny tüýs ýürekden gutlady. Edýän hereketlerini makullady. Häzir hemme ýerde siziň gürrüňiňiz edilýär. Halk size umyt baglaýar. Olar size ellerinden gelen kömegi etjekler. Men häzir gepleşik üçin geldim. Egerde wagtyny aýtsaňyz men Ahaldan ýüzlerçe atly-ýaragly adam getirip biljek. Ýöne, soň göreşi tutuş ýurt boýunça ýaýbaňlandyrjakdygyňyza, Hywadan başlap, tä Hazar deňzine çenli bolan aralygy gelmişeklerden arassalajakdygyňyza biz ynanmaly. ─ Siz maňa ynanyp bilersiňiz. Çünki, biziň başlan bu hereketimizi türklerem, almanlaram, Eýrandyr-Owaganystanam, iňlislerem goldaýarlar. Olar bize ýarag kömeginiem etjekler. Onsoňam bize ýeke bir Hywada ýaşaýan türkmenler däl, özbeklerem, garagalpaklaram günüň gününe gelip goşulyp durlar. Gazakdyr-gyrgyzlaryňam iki gözi bärde, mahlasy, biziň tutumymyz uly. Ruhy batyr özüni biynjalyk edýän soragy bermän durup bilmedi. ─ Bu diýýänleriňiz gowy zat, Gurbanmämmet serdar, ýöne, ýaňky agzan döwletleriňiz orslary kowýançak kömek edägetdänim, soňundanam olaryň ornuna özleri ornaşaýmazlar-da hern-ä? Jüneýit han makullaýjylyk bilen baş atdy. Çalaja ýylgyrdy. ─ Men bu barada hem pikir etdim. Ýöne, beýle bolar öýdemok. Egerde, şeýle boljak bolsa, onda göreşi gaýtadan, olaryň öz garşysyna gönükdireris. – Jüneýit han Ruhy batyryň ýüzüne soragly garady. – Ýogsa-da siziň getirjek ýigitleriňiziň ýaraglary barmy? ─ Baram bar, ýogam bar. Bar bolanlaram köne. Şo-ol, gala urşundan galan ýaraglar. Ýöne, olar ony wagtly-wagtynda ýaglap, syryp-süpürip, gurat sakladylar, wagtly-wagtynda türgenleşik geçdiler, özlerinem ýaraglarynam poslatmadylar. ─ Patyşa hökümedi siziň ýeňlenleriň ýaraglaryňyzy eliňizden almadymy? ─ Patyşa hökümedi öz eli bilen eltip berenleriň, özüne boýun bolanlaryň ýaraglaryny aldy. Biz bolsak boýun bolmadyklar. Ýeňilmedikler. Atlaryny ýaraglaryny tabşyrmadyklar. Şu günki güne garaşyp gezenler. ─ Bolýa, Guşly batyr. Men seniň alyp geljek ýigitleriňem ok-ýarag bilen üpjün ederin. ─ Biz onda öz ýigitlerimizi getiribermelimi? ─ Getiriberiň – Jüneýit han sözüni tamamlan ýalam etdi-de, birdenkä Ruhy batyryň ýüzüne üşerildi. – Ýogsa-da, sen öz kepderiňem alyp geldiňmi? ─ Ýok. Alyp gelmedim. ─ Näme üçin. ─ Ol guş meniň at üstünde berýän ak ganatly permanym. Söweşiň tamamlanandygy baradaky buýrugym. Şonuň üçinem men ony diňe goşuna doly erk edýän mahalym ulanýan. Häzir bolsa men siziň nökeriňiz. Men bu ýerde diňe siziň buýrugyňyz boýunça hereket ederin. Jüneýit han Ruhy batyryň ýüzüne uzak wagtlaap, synlaýjy nazar bilen seretdi. Yzyndanam birgeňsi ýylgyrdy. ─ Bolýa, batyr. Sen örän gowy geplediň. Jaýba-jaý sözlediň. Biz seniň bilen köp işler bitirip bileris. Men saňa garaşýan. Şondan soň aý ýarym geçip-geçmänkä Ruhy batyr Ahalyň men diýen ýigitlerinden ybarat bäş ýüz elli atlyny yzyna tirkäp geldi. Şolaryň iki ýüze golaýy Garagumda irden bäri oturan gumlulardandy. Döwtalap ýigitleriň ýene-de tapyljakdygyny, sähleçe yşarat boldugy tutuş Ahalyň, onuň yzysüre Marynyň hem gozganaýmagynyň ahmaldygyny Ruhy batyr aýtdy. ─ Göreşiň gerimi giňäp, şo tarapa süýşübersek hazarýaka türkmenlerem bize goşular – diýdi. Jüneýit han Ruhy batyry öz getiren ýigitlerine umumy ýolbaşçy edip belledi. Şondan soň, Ruhy batyr ýigitlerini ýüzlüklere bölüp, hersine ýüzbaşy belledi. Ýüzbaşylara bolsa öz ýüzlüklerini onluklara bölüp, onbaşylary bellemekligi tabşyrdy. Söz berişi ýaly, Jüneýit han olaryň hemmesini ok-ýarag bilen üpjün etdi. Basym söweş boljakdygynam aýtdy. Şondan soň gumly ýigitler söweşe çenli boş ýatmazlyk üçin türgenleşik işleri bilen meşgullanyp başladylar. Jüneýit hanyň nökerleri bilen tanyşdylar, dostlaşdylar. Agşamlaryna ot başyna üýşüp derdi-hal aýdyşdylar. Gumlular olara Gökdepe söweşi barada gürrüň berdiler. Olar bolsa, öz gezeklerinde gumlulara Gökdepe söweşinden öň, Hywa topragynda bolup geçen Gazawat urşundan söz açdylar. Käte bolsa olaryň barysy bilelikde Umydyň daşyna üýşüp hakyda diňlediler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |